23:24 Gül we şemal / tymsal | |
GÜL WE ŞEMAL
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Şemal ajaýyp güle duşýar we oňa aşyk bolýar. Şemal güle näçe mähir bilen bakdygysaýy, gül oňa özüniň owadan reňkine we ysyna ýugrulan söýgüsi bilen jogap berýärdi. Emma şemala bu az bolup göründi we ol: «Eger-de men güle özümiň ähli güýç-kuwwatymy bersem, ol maňa has-da köp mähir berer» diýip pikir edýär. Şeýle pikir bilen şemal güle tarap güýçli demi bilen üfleýär. Ýöne gül beýle güýjüň öňünde durup bilmän döwülýär. Şemal ony galdyrmaga, jan bermäge çalyşýar, emma başarmaýar. Şemal güle mähir bilen üflese-de, ol şemalyň gözüniň öňünde solup barýardy. Şemal: «Men saňa söýgimiň ähli güýjüni berdim, ýöne sen döwüldiň. Sende maňa bolan söýgi güýji ýok eken, sen meni söýmänsiň!» diýýär. Gül hiç zat jogap bermeýär. Ol solýar. Söýýän adam söýginiň güýç we hyjuw bilen ölçelmän, eýsem, onuň mähir we içgin gatnaşyklar bilen ölçenýändigini bilmelidir. Terjime eden Enejan ÝOLDAŞOWA, TMÝG-niň Kerki etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |