08:58 Gülkä gülmeseñ... | |
GÜLKÄ GÜLMESEÑ...
Degişmeler
- Adam bilen düýäniñ näme tapawudy bar? - Adam tutuş hepdeläp işlemän, içip bilýär, düýe bolsa tersine. * * * Çukça holodilnik satyn alypdyr. Adamlar geñ galyp: - Muny näme etjek? Sen demirgazykda ýaşaýañ-a? - diýip sorapdyrlar. - Ýylynmak üçin alýan. Ol ýerde sowuk daşarda elli gradusa ýetýär, holodilnikde bolsa bary-ýogy ýigrimi gradus. * * * Myhmanlar gitjek bolup, gapynyñ agzynda geýnip durlar. Öý eýesi aýal oguljygyna ýüzlenýär: - Myhmanlar ugrajak wagty näme diýmeli? - Hudaýa şükür, ahyry gitdiler-ow - diýmeli - diýip, oglanjyk hemmelere eşitdirip jogap gaýtarýar. * * * Söweş meýdanynda agyr ýaraly ýatan Abram ýanyna gelen Iwana ýüzlenýär: - Iwan, men indi adam bolman. Beýdip heläk bolup ýatanymdan, gowsy, öldür meni. - Meniñ okum ýok ahyryn. - Menden satyn alaý. * * * - Aýalymyñ doglan gününe arzanjak, ýöne onuñ göwnünden turaýjak näme sowgat etsemkäm? - Golsuz söýgi hatyny ýazaý. * * * Semiz adam öz ýoldaşyna ýüzlenýär: - Saña seredip, ýurtda hakyky açlyk düşendir öýdýäñ. - Saña seredibem, onuñ sebäbine göz ýetirýärsiñ. * * * - Biz Jon bilen hiç wagt puluñ üstünde käýişemzok. Sebäbi onuñ gazanýan sähelçe puly agzyñy alardanyña degenok. * * * - Eger içmäñizi goýsañyz, sizi bölümiñ başlygy wezipesine geçiräýmek pikirim bar. - Azara galmañ. Içen wagtym men özümi baş direktoryñ ornundan pesde göremok. * * * Adam ata bilen How ene uçmahda gezim edip ýör. - Sen meni söýýärmiñ? - diýip, How ens Adam ata ýüzlenýär. - Dagy başga kimi söýeýin? - diýip, Adam ata uludan demini alypdyr. * * * - Irki adamlaryñ telewizorsyz, telefonsyz, kompýutersiz, internetsiz nädip ýaşandyklaryna teý, aklym çatanok. - Akyl çatmaz ýaly ýaly näme bar bu ýerde? Şol zatlar bolmany üçinem, ölüp gidipdirler-dä. * * * Bir gezek haýwanlaryñ şasy Ýolbars öz golastyndaky ýygnap, şeýle diýipdir: - Akyllylaryñ bir tarapa, owadanlaryñam beýleki tarapa saýlanyñ. Hemmeler öz ornuna geçensoñlaram, bir maýmyn öñki ýerinde durmuşyn. Ýolbars ondan: - Sen näme dursuñ? - diýip, sorapdyr. Maýmyn müýnürgemän jogap gaýtarypdyr: - Men näme, ikä bölüneýinmi? # Metbugat materiallaryndan taýýarlandy. @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |