01:12

Gurbanlygyñ kyssasy we Ybraýym pygamber

Halk döredijiligi we rowaýatlar
Категория: Halk döredijiligi we rowaýatlar | Просмотров: 501 | Добавил: Gökböri | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Halk döredijiligi we rowaýatlar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 7
0
1 myhman  
732
Hz. İbrahim’in eşi Sare’nin söylemesiyle, Hz. İbrahim Hacer’i ve Hz. İsmail’i yanına alıp yola çıkar.

hz Ybraýym (a.s) bir pygamber. onda-da üç diniňem (musawylar, hristianlar, musulmanlar) uly pygamber diýip kabul edýän pygamberi.

pygamberler Allanyň ryzasyna gabat gelmeýän zatlary etmezler.

pygamberleriň kyssasyny aýdaňda seresap bolmaly. okaýan (diňleýän) adamlaryň arasynda dini düşünjesi gowşaklaram bolup biler.

onsoň pikir etse: çagasy heniz süýtden aýrylmadyk naçary biriniň gepine gidip (ol aýaly bolsa-da) adam garasyz, suwy beýlekisi bolmadyk çöle taşlap gaýtmak.

eger bu Allaň emri bilen edilmedik bolsa, ölsünler diýip edilen ýaly bolmazmy?

başga bir rowaýatda Ybaraýym pygamber ogly bilen Hajary häzirki Mekkäň töweregine (hatda Zemzem guýusynyň ýanjygyna) goýup gaýdansoň Hajar Oňa "eý Ybraýym, sen bizi bärde taşlap nirä barýaň?" diýip bir-iki sapar soraýa. Ybraýym sesini çykarmaýar. üçünji saparda Hajar: "Bu Allaň buýrugymy?" diýip soraýar. Ybraýym pygamber "hawa" diýýär. "onýaly bolsa Rabbimiz bizi gorar. Ol bizi bärde perişan etmez"

eger gurban etme wakasy Gurhanda aýdylmadyk bolsa, onam "pylanyň pylan zat diýeni üçin äkidip öldürjek bolupdyr" diýerdilermikä diýýäň arasynda.

Zemzem guýusy, Safa Merwe depeleriniň arasynda gatnamak, Käbäň gurulmagy... Hajaryň hijreti bilen bagly.

Eý Rabbimiz. Maşgalamdan bir bölegini Seniň hormatyňa (Seniň) Beýtiň ýanynda, ekinsiz bir jülgede ýerleşdirdim. namazlaryny (Seniň) Beýtiň ýanynda dop-dogry kylsynlar (okasynlar) diýip. Eý Rabbimiz. Sen hem ynsanlaryň müminleriniň kalplaryny olara meýil etdir we olary miweler bilen ryzyklandyr, olaram (Seniň) nygmatlaryňyň gadyryny bilip şükür etsinler. Ybraýym süresi 37-nji aýat.

0
2 eatayew33  
761
@Myhman,

" Pygamberleriň kyssasyny aýdaňda, seresap bolmaly"

"Eý Rabbimiz. Maşgalamdan bir bölegini Seniň hormatyňa (Seniň) Beýtiň ýanynda, ekinsiz bir jülgede ýerleşdirdim. namazlaryny (Seniň) Beýtiň ýanynda dop-dogry kylsynlar (okasynlar) diýip. "

şu jümleleriňi mysal getirip, eýýäm näçinji gezek şeýle mysallar getirýänler bilen ilki jedelleşişim, soň bolsa:"aý, bolýa-da" diýip, başymy ýaýkaşym ýadyma düşdi.

Wagyz etmegä pursatjyk tapdygy, bilýän-bilmeýän zatlaryny mysal getirip gürläp başlaýan mollalara:"Anyk bilmeýän bolsaňyz, indi köpçüligiň içinde Süleýman pygammere, Dawut pygambere "namaz okatdyrmagyňy" goýaýyň diýip, näçe aýtsamam, hiç peýdasy ýok.
Bu ýerde bolsa Ybraýym pygamberiň maşgalasy...

Eger ilkinji namazy Pygamberimiz biziň eramyzyň edinji asyrynda okan bolsa (Jewraýyl perişdäniň kömegi bilen), Ibraýym pygamber biziň eramyzdan öňki on dokuzynjy asyrda doglan. Arada 2600 ýyl bar.

"Olaram bir zat edip ybadat edendirler-ä!" diýip, mollalaryň ýanyndakylar meň bilen dawa (jedel däl) etmäge synanyşýarlar.
Başga dine uýýanlar häzirem ybadat edýärler, ýöne namaz okanoklar. Namaz yslam dinine uýýanlara buýrulan.

Bu — "seresap bolmaly" diýýän düşünjäň üçin.

0
3 myhman  
732
pursatyny tapsa wagyz edýänlerden-ä däl. dogrusy dindar birem däl. ýöne hz Adamdan başlap hemme pygamberiň namaz okanyna ynanýan. olaň namazy yslam dinindäkiden tapawutly bolmagy ahmal.

ynanýanymyň sebäbem Gurhanda aýdylmagy. ýokarky jümle-de Gurhanyň bir aýaty, meň sözüm däl. çeşmesinem görkezdim: Ybraýym süresi 37-nji aýat.

aý bu zatlar ynanç bilen bagly. onsoň, kän kaýtalaýan welin, kim näme ynananda-da meň işim ýok, bolmalam däl diýip pikir edýän.

0
4 eatayew33  
761
Şol aýaty terjime edenleriň 10-sy şol sözi "doga" diýip alsa, 3-si "namaz" diýip alýar. Haýsysy dogry?
Ynanýanyň gowy zat, ýöne pikirem edip görseň, eger "hemme pygamberler namaz okan" bolsa, onda ilkinji namazyň Jewraýyl perişdäň üsti bilen Muhammet pygambere "gowşurylmagyna" näme diýjek?
Onsoňam, ol pygamberler namazlaryny nädip we haýsy dilde okapdyrlar?
Ýa menem:"aý, bolýar-da..." diýip oturybereýinmi?

0
5 myhman  
732
ýok, "bolýa-da" diýip oturmaň. sorag bolsa beribermeli. men terjimäni Elmalyly Hamdy
Ýazyryňka görä aldym. türkleň köpüsi "namaz" diýip terjime edipdir.

onsoň şu wagt internetden orginalyna seretdim. arapçada "namaz" "el-sala(h)t" الصَّلٰوةَ diýilýär. öňündäki "el" artikul. l sesi s sesi bilen assimilassiýalaşyp "es-salat (ýa-da es-salah) diýip okalýa. azanda-da bardyr "haýýalessalah" diýýäni "namaza (geliň) manyda. ýa-da diňe ertir namazynyň azanynda aýdylýan "essalat haýrun minennewm" "namaz ukudan haýyrlydyr" manyda.

indi doly aýatyň arapçasy.

رَبَّنَٓا اِنّ۪ٓي اَسْكَنْتُ مِنْ ذُرِّيَّت۪ي بِوَادٍ غَيْرِ ذ۪ي زَرْعٍ عِنْدَ بَيْتِكَ الْمُحَرَّمِۙ رَبَّنَا لِيُق۪يمُوا الصَّلٰوةَ فَاجْعَلْ اَفْـِٔدَةً مِنَ النَّاسِ تَهْو۪ٓي اِلَيْهِمْ وَارْزُقْهُمْ مِنَ الثَّمَرَاتِ لَعَلَّهُمْ يَشْكُرُونَ

0
6 eatayew33  
761
Arapçany bilemok, ýöne hadyslardan birini okalym bäri şu "ýoýulmak" diýilýän düşünje barada kän pikir edýän

Hadys:
Muhammet pygamber körpe aýaly Aýşa (Aişa Abu Bekr) bilen çaý içip otyrka, geçip barýan iudeýiň biri "Saam aleýkum" diýip geçýär. Aýşanyň gahary gelip, ýaňky iudeýe gygyryp, sögünip başlaýar. Pygamberimiz ony köşeşdirip, şeýle diýýär:
"Hiç haçan gaharlanma we saňa berilen "salama" görä oňardygyňdan iki esse köp jogap ber" diýýär hemem iudeýe şeýle jogap berýär:"We aleýkum".
Indi üç jümläňem manysy barada:

"Salam aleýkum" — size parahatçylyk dileýän;

"Saam aleýkum" — size ölüm dileýän;

"We aleýkum" — size-de şony dileýän.

... Eger-de namaz Muhammet pygamberimizden öňem bar bolan bolsa, onda bu ýene-de onlarça ýa ýüzlerçe-de däl-de, müňlerçe soraglary döredýär...

Eger kimdir biri:"Hemme pygamberleriň ÇOKUNANDYGYNA ynanýan" diýäýse, bunuň bolmanda iki milliard garşylyga sezewar boljagyna menem ynanýan...

0
7 myhman  
732
elipbiýlerini okap bilsemem, araplaň dilini menem bilemok. iki ýeke sözleň manysyny bilýän.

getiren hadysyňyzy öňem eşidipdim.

öňki pygamberleriň namaz okaşlary yslam dinindäkä meňzeş däl bolup biler. käbir meňzeşliklerem bar bolup biler. mysal üçin sežde, ruku, kyýam bolan bolmagy ahmal. ýöne şolaryň tertibi, okaýan dogalary başgadyr belki. bilemok.

tas ýatdan çykýady. gurban baýramyňyz gutly bolsun. kurbanlyklaryňyz kabul bolsun.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]