20:36 Gurhan | |
GURHAN
Goşgular
Bismilla rahman rahim, Şeýdip söze başlan Gurhan. Asmandan iberen Tañrym, Muhammede düşen Gurhan. Bir ýüz on dörtdür süresi, Şerigat kanun barysy, Gurhan gözümiñ garasy, Başymyñ täjidir Gurhan. Mähriban rehimli Alla, Muhammedim sen resulalla, Dogañ ulsy kulhualla, Yhlas süresidir Gurhan. Haýyr bilen şer ýazylan, ýagşy-ýamanlyk, zor ýazylan, Sure, aýat bar ýazylan, Mukaddessiñ eziz Gurhan. Ýalñyz Allanyb birligi, Gurhan-kerimiñ zorlugy, Behind, jennetiñ barlygy, Ýazylypdyr sende Gurhan. Süre, aýat indi aýan, Okap adam, mähri doýan, Ahyret imandan baýan, Din-imanym sensiñ Gurhan. Asman-ýeriñ adyl şasy, Iki älem patyşasy, Her halda gam-teşwişesi, Gamgyn göwnüm açan Gurhan. Gurhany okanlar ýagşy, Muhammediñ ýürek nagşy, Musulmanlaryñ baş egşi, Sežde kylar saña, Gurhan. Aýat okap iş bitirjek, Ahyret iman getirjek, Ýagşyny uçma ýetirjek, Hoş niýetli sensiñ Gurhan. Ýazlan sözler jana lazym, Gurhan-kerim bahar-ýazym, Saña baş egýändir ýüzüm, Ýüzüm kybla, Käbä Gurhan. Bardyr ahyret azaby, Dile Alladan sogaby, mähir-muhabbet sahyby, Mähribanym sensiñ Gurhan. Hydyr, Gurhana bagtyýar, Gurhan-kerim öñe barýar, Din-yslama bolup sen ýar, Musulmany goldan Gurhan. Hydyr GARATAÝEW, mugallym. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |