12:24 Gybat hakynda | |
GYBATKEŞLER WE GYBATKEŞLIGIÑ HOWPY
Jemgyýetçilik tankydy
"Barça günäniñ enesi, Gybat bilen ýalandadyr". Gurbandurdy Zelili Eger adamlar dogry sözi biri-biriniñ ýüzüne aç-açan we gönümel aýdyp bilýän bolsadylar, ýüzüne birhili, gaýybanasyna başga hili bolmadyk bolsadylar, onda ýer ýüzüne dawa-jenjel, pitne-pisat, gaýgy-gynanç diýlen zatdan nam-nyşan bolmazdy. Ähli bela-beterleriñ, hatda ähli haramzadalyklaryñ, ryswalyklaryñ añyrsynda gep-gybatyñ gylçyklaryny tapmak mümkin. Hezreti Magtymguly işan "Gybatkeş" diýen goşgusynda: "Ruzy-magşar şikat eder diliñden, Ryswalygyñ budur seniñ, gybatkeş. Ömrüñ ýele berme, azma ýoluñdan, Agyrtmagyl iliñ-günüñ gybatkeş" - diýende, gybatkeşleriñ ähli ryswalyklaryny we olaryñ bu ryswalyklarynyñ il-güni ynjytmakdan, jemgyýeti bulamakdan başga zada ýaramaýandygyna ünsi çekýär. Ýogsa-da gybat näme? Gybatyñ görnüşlerini nähili kesgitläp bileris? Gybat näme üçin şeýle erbet we näderejede erbet? Geliñ, hemmämiz bilelikde bu soraglara jogap gözläliñ. • GYBATYÑ GÖRNÜŞLERI "Tiliñde olmasyn gybat-ýalanyñ..." Gurbandurdy Zelili Yslam dininiñ gazap bilen gadagan eden zatlarynyñ biri-de gybatdyr. Gybat - bu gybaty edilen adamyñ muny eşden wagtynda onuñ göwnüne ýaramajak bar ýa-da ýok aýbyny arkasyndan gürlemekdir. Mysal üçin: "Serdar diýilýän zypdyrym ýalançy ekeni" diýmek baryp ýatan gybatdyr. Eger kimdir biri başga biri üçin aýdýan bolsa, onuñ bu sözi aýtmakdan maksadynyñ nämedigini seljermeli ýa-da Serdar diýileniñ özüni tanamaly. Gep-gybat adamlary biri-birinden sowadýar, biri-birine ynamy bolmaýar, gep-gybatyñ bar ýerinde agzybirligiñ we jebisligiñ ady-eseri bolmaýar we ynamsyzlyk, hatda duşmançylyk döreýär. Hut şonuñ üçinem gybat ýaramaz görülýän hüý-häsiýetleriñ iñ başynda gelýär. Gybatkeş jemgyýeti bulasa-da bulaýar welin, aslynda ol bu pis pişesinden el çekmän öz dini-imanyny weýran edýär. Hezreti Magtymgulynyñ: "Tiliñni çekmeseñ haram sözüñden, Belli, bibat bolar diniñ, gybatkeş!" - diýen setirleri, onuñ özüne etjek bu zyýanyna göz ýetirmäge azajygam bolsa mümkinçilik berýär. Biz bu setirler bilen dowzahda şeýle-şeýle jezalar bar eken diýip hiç kimiñ inini tisgindirmäge çalyşamzok. Biziñ wezipämize asla bu girmeýär, sebäbi biz din hadymy däl. Din hadymy bolanymyzda-da Allanyñ ýaradan jenneti bilen kimdir birileriniñ agzyny suwartmaga ýa-da kimdir birilerini dowzahyñ ody bilen gorkuzmaga hakymyzam ýok, hukugymyzam... Biz bu mesawy söhbet arkaly aramyza ýaýran şeýle gizlin, şeýle ýürekbulanjy we iñ ýokanç keseldenem çalt ýaýraýan keselden söz açmak isleýäris. Mergi keselindenem erbet bu dertden diñe oña garşy amansyz göreş alyp barmak we düýpden berilen terbiýe esasynda daşda durmak mümkin. Gep-gybatyñ laýly batgasynda özünde bolan ähli ýagşy gylyklarynyñ ýok bolup bolmandygyny alada edýän adam ilki bilen öz gepleýşine we gep-gybatyñ görnüşlerine üns bermelidir. Biz aşakda gybatyñ käbir görnüşleri barada her paragrafymyzyñ başyny klassyk şahyrymyz Gurbandurdy Zeliliniñ goşgularyndan alynan bölekler bilen açdyk we gürrüñimizi dürli ynamdar çeşmelere esaslandyryp, gybatyñ görnüşlerini aýdyñlaşdyrmaga çalyşdyk. Şeýle-de bolsa, bu beýan edilenler arkaly gybatyñ ähli pisliklerini doly açyp görkezendiris diýip bilmeris. Gelejekde, edebi çeşmelerimize we beýleki edebiýatlara salgylanyp gybat baradaky "gybatymyzy" has-da giñelderis. • AÇYK GYBAT "Sözlärler ýalany, çyny bilmezler..." Gurbandurdy Zelili Söýgüli Pygamberimiz (s.a.w) gybata "Biriniñ doganyny biynjalyga düşürjek zat bilen ýatlamagydyr" diýip baha berýär. Şeýle hem Pygamberimiz "Din doganynyñ ýüzüne aýdyp bilmedik zadyñy yzyndan aýtmak gybatdyr" diýipdir. Bir adamyñ gaýybanasynda (ýok ýerinde) ony gynandyrjak gep-gürrüñi etmek hut açyk gybatyñ özüdir. Siziñ köpüñiz, esasanam aýal-gyzlarymyz türk we rus teleýaýlymlarynda medeniýet we sungat işgärleriniñ, tanymal adamlaryñ şahsy durmuşy hakynda berilýän "Magazin" telegepleşiklerine, habarlaryna tomaşa edýänsiñiz. Üns berip görüñ: şol telegepleşikler gybatyñ öýjügidir. Adamlaryñ şahsy durmuşyny, pynhan syrlaryny halka aýan edip birnäçe žurnalistler pul gazanýar. Nälet bolsun şol telegepleşikleri taýýarlaýanlara we biri çyn bolsa ikisi ýalan ol peýdasyz şama-şaýyrdylara tomaşa etmekden lezzet alýanlara! Goñşy-golamyñyz, dost-ýarlaryñyz, hatda öz çagalaryñyz hakynda-da olaryñ ýok ýerinde sözleýiş uslybyñyza ünsli boluñ. Biziñ köpimiz käbir ýerde, gybat beýlede dursun, başgalaryñ gepini edýändigimizden habarymyzam ýok. Egerde siz haýsydyr bir gepi edileniñ ýerinde bolsañyz, onda şolar ýaly öz gepiñ edilse, özüñe ýararmydy? Egerde kimdir biriniñ gepini edip durkañ, şol adam üstüñe gelse gepläp oturan gepiñi başga ýana sowmakçy bolýañmy? Eger bu iki soragymyñ birinjisine "Ýok!", ikinjisine "Hawa!" diýip jogap berýän bolsañ, onda edip duran gepiñ ady GYBATDYR we ol gybatyñ iñ bärkije görnüşidir. • TÖHMET ATYJYLYKLY GYBAT "Dagdan agyr töhmet boýna dakmagyl..." Gurbandurdy Zelili Pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir: "Eger aýdýan zadyñ onda bar bolsa gybat etdigiñ bolar, eger ýok bolsa töhmet günäsini-de üstüñe alarsyñ" Töhmet ýaramaz gylyklaryñ iñ erbedidir. Eger gybat edenimizde alan maglumatymyz hut özümiziñ gözümiz bilen görüp şaýatlyk etmedik zadymyz bolsa, ýagny ony kimdir birinden eşitsek, ol gep dilden-dile geçip çişirilip size gelip ýetendir we dogry bolup çykmak ähtimallygy juda azdyr. Kimdir birinden ýa-da tanyş-bilişden eşden zadymyzy ýene birine aýdan ýagdaýymyzda, aýdan gepimiziñ töhmet atyjylykly gybata öwrülmek ähtimallygy iñ azyndan 80% ýokarlanýar. Çünki adamlaryñ aglaba bölegi eşden zatlarynyñ hakykatdygyny ýa-da däldigini seljerip duranoklar, seljerip durmaga wagtlary-da ýok. Şonuñ üçin eşden zadyny ýene birine aýdýan kişi oña öz fantaziýasyny hem goşup aýdýar, munuñam üstesine gep ýaýradýanyñ ýatkeşligi-de kütek bolýar, gep-gürrüñ dilden-dile geçip başlasa "myş-myş" donuna we kyrk tüýse bürenýär. Bu babatda hüşgärligi elden berseñiz gybatçylaryñ töhmet atma artykmaçlygy 100%-e çykýar. • GIZLIN GYBAT "Niçäniñ tili gybatda..." Gurbandurdy Zelili Mahal-mahal kimdir biri hakynda içimizden pikir etmek we ol pikir eden adamymyz barada nämedir bir zady güman etmek arkaly gybatyñ hapa laýyna bulaşandygymyzy özümizem bilýän däldiris. Gybatyñ näderejede erbet zatdygy barada "Gurhan" aýatlarynyñ birinde şeýle diýilýär: “Eý iman edenler, zandan (gümandan) gaçyñ. Çünki zannyñ köpüsi günädir. Biri-biriñiziñ pynhan taraplaryny agtarmañ". Hemme gümanlar we çaklamalar bolmasa-da, käbir güman etmeler gybata degişli bolmakdan halas bolup bilmeýär. Hezreti Ymam Gazaly muña "kalp gybaty" diýip baha beripdir. "Bir adamyñ başga bir adamyñ aýbyny öz-özüne aýtmagy" hem dogry hasaplamandyr we kalp gybatynyñ "gözi hiç zady görmän, gulagy hiç zady eşitmän bir kişä suýy-zanda (gowy pikirde) bolmakdan" añry geçmeli däldigini aýdypdyr. Beýik Ýaradan özüne garşy eden günälerimiz üçin puşman bolan ýagdaýymyzda bizi bagyşlajakdygyna kepillik beripdir. Emma gybat edip kişiniñ hakyna girene welin, hatda ol şehit bolanam bolsa, bagyşlanmajagyny aýdypdyr. Üns beriñ, Allatagala kişi hakyny öz hakyndanam ýokarda goýupdyr. Haksyz suýy-zandan kişi haky döreýär. Aslynda gybat adamlara garşy edilen jenaýatdyr we ony bagyşlamak ygtyýarlygy diñe gybaty edilen adamyñ öz elindedir. Hut şonuñ üçinem kimdir biriniñ ahlagy, at-abraýy hakynda hiç hili delilsiz betgümançylykda gezip, içimizdäki pislige aklymyzy aldyrsak, onda öwezini dolduryp bilmejek ýükümiziñ aşagyna düşeris. Pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir: “Bir kişi doganyny bir aýyp bilen aýyplasa ol kişi ölmänkä özi şol aýyba bulaşar". Başgalary gynandyrjak zatlaryñ haýsy şertlerden ýüze çykandygyny bilýärismi? Kimleriñ haýsy kynçylykly ýollardan geçip ykbalyñ çarkandakly öwrümlerinde nähili taplanandygyny bilmän, bize aýyply ýaly bolup görünen zatlary gizlin ýagdaýda gybat etmäge hakymyz bir barmy?!. • MYNAPYKSYPAT (IKIÝÜZLI) GYBAT "Gözleriñ nämähremde, tiliñ gybat, töhmetde, Haýpyñ gelmez janyña eý, ýüzi gara bende". Gurbandurdy Zelili Bu gybatyñ iñ masgaraçylykly görnüşidir. Hezreti Ymam Gazaly muny "mynafykana (mynapyksypat) gybat" diýip atlandyrypdyr. Gybat edip duran: "Alla geçirsin welin, olam biziñ ýaly käte ýoluny urduraýýar-da..." ýa-da "Enşalla düzeler, gowulaşar-la..." diýse, bu sözler göräýmäge gybatyny eden adamyna ýagşylyk etmek maksady bilen aýdýan ýaly bolup görünse-de, aslynda ol inçeden-inçe gybaty edileniñ ýalñyşandygyny, nädogry taraplaryny ile paş edýär. Ony diñläp duranyñ: "Gabyr bolsun-la, adyny tutma, bu gybat bolýar-a..." diýýän sözi onuñam ikiýüzliligini orta çykarýar. Çünki ol bu sözi aýdýarka, özüne aýdylan gep-gybatyñ öñüni almak islemeýär-de, gaýtam olam inçeden-inçe ol barada gybat edilmeginden lezzet alýar. • GEP GATNADYJY GYBAT "Tanyr bolsañ duşmanyñy, dostuñy, Ara bular, seniñ bilen öç eder". Gurbandurdy Zelili Adamlaryñ aýdan sözüni onuñ garşydaşlaryna ara bozmak maksady bilen ýetirmegem gybatdyr. Pygamberimiz bular barada şeýle diýýär: "Arabozarlar behişte girmez". "Gurhan" bolsa şeýle diýýär: “Eý ynananlar, eger bir pasyk size bir habar getirse ony seljeriñ. Yogsa bilmedik kowmuñyza sataşarsyñyz-da, edenleriñize puşman bolarsyñyz". Meşhur alym Hasan Basry şeýle diýipdir: “Başgalaryñ sözüni saña getiren, hökmany suratda seniñ sözüñi-de başgalara ýetirer. Çünki gybatkeşiñ edeni hem gybat, hem zulum, hem hyýanat, hem aldawçylyk, hem ara bulamak, hem pitne, hem hiledir..." Elbetde käbir ýerde, başgalaryñ sözüni agzamaga we mysal getirmäge ýol berilen ýerleri-de bar. Mysal üçin "Gadyrdan dostum ýa-da hormatly mugallymym şeýle diýipdi..." ýaly dostluk we maslahat bermek äheñinde başlajak sözüñde başga adamyñ adyny onuñ muny eşdeninde hoşal boljak görnüşinde agzamak bolar. Munuñ tersine "Pylany sen hakda pylan zat diýipdi..." diýip gepiniñ arasyna söz sokup garşysyndakynyñ ýüregini bulan kişi Allatagala tarapyndan öz başyna inderiljek bela-beterleriñ iñ ulusyna garaşybersin... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |