15:44 Gylyç Berdiýew Warrygyñ rolunda | |
GYLYÇ BERDIÝEW WARRYGYŇ ROLUNDA
Teatr we kino sungaty
Warryk... Bu ady eşidende ýylgyrmaýan adamyny tapaýmak aňsat däl. Dogrudan-da, Warryk diýilse daýawlaç, eşikleri sal-sal bolan, güpülemekde we kersen boşatmakda adamyny öňüne geçirmeýän, ýagy çozanynda bolsa ötlesi tutýan “batyr” adamyň sypaty gözüň öňüne gelýär. Bu obrazyň biziň beýnimizde şeýle pugta ornaşmagynda Gylyç Berdiýewiň roly örän uludyr. Dogry, bu ýerde “Keýmirkör” dramasynyň awtorlary Garaja Burunowyň we Bazar Amanowyň hem-de oýny goýan režissýoryň zähmetlerini kemsitmek bolmaz. Elbetde, artistiň bu obrazy howaýy ýerden döretmändigi belli zat. Ýöne onuň aktýorlyk indiwiduallygy bu obraz bilen gaty jebisleşipdir, hatda indi başga bir artistiň bu roly oýýanp biljekdigine-de şübhelenýärsiň. Gylyç Berdiýewi köçede gören adam “Ana Warryk barýar. Bä, edil Warryk diýseň, Warrygaý. Ýörişine daga bir seret” diýip, ýanynda durana ýüzlenýär. Dramaturglar Warrygyň gorkaklygyny, öwünjeňligini “batyrlygyny” açyp görkezmeklikde köp iş edipdirler. Emma ol häsiýetleri tomaşaça ýetirmek, obrazy sypatlandyrmak bütinleýin aktýoryň paýyna düşýär. Gylyç Berdiýew özüniň häsiýeti boýunça komik artist, emma ony tapawutlandyrýan zat onuň örän inçe psiholog bolmagydyr. Gylyç Berdiýew Warrygyň ilki bilen daşky görnüşini täsirli etmek üçin oňa has bolan sypatlary gözleýär. Ol öz obrazyny sal-sal eşikler bilen bezeýär. Soňra ýaltalyga has bolan gylyk-häsiýetler tapýar. Warryk hiç zada gaharlanmaýar. Jogap bermek üçin howlukmaýar, şonuň üçin-de ol gürlände haýal, sallamly gürleýär. Ýörände bolsa iki egnine agram berip, ýöresemmikäm-ýöremesemmikäm diýýän ýaly yraň atýar. Warrygyň bu görnüşi onuň obrazynyň çuňňur bolmagy üçin örän gerekli sypatdyr. Oňa biz ikinji kartinada küşt oýnap oturan wagty duşýarys. Ol küşte bar ünsüni beripdir. Öz daşyna köp bolup geçmeklerine garamazdan, ol garşydaşlaryny utýar. Hemişe özüne göwniýetmezçilik edip ýörenlerden üstün çykýar. Onuň keýpi göterilýär. Muňa ýaşlaryň gahary gelýär. Olar: “hany, Warryk, aýtsana, heý seniň kersen boşatmakdan başga bitiren işiň barmy?” diýip soraýarlar. Warrygy bu sorag aljyratmaýar. Gaýta, ol oturanlara göwni ýetmeýän ýaly: “Päheý, bularyň aýdýanlaryna bir seretsene” diýip gürrüňe başlaýar. Warrygyň şu myçmasyny Gylyç Berdiýew uly ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. Ol öz gahrymanynyň aýdýan zatlaryna çyn ýürekden ynanýar. Aýdylýanlar toslama bir zat bolsalar-da, artist ony çyna berimsiz edip tomaşaça ýetirýär. Ýuwaş-ýuwaşdan Warrygyň kellesi gyzýar,, ol ilki bada dyzyna, soňra bolsa ör turýar. Warrygyň bu monologyny artistiň şeýle ynam bilen geçirmegi, onuň ýalandygyny has-da aýdyň görkezýär. Elbetde, onuň her bir gylyç salanda 50-60-dan maşşardaýmajakdygyna tomaşaçylaryň gözi ýetýär. Duşmanlaryň içinde-de şeýle “batyr” adamlar tapylýar. Olaryň-da Zewerdesi Warrykdan kem gaýdanok. Olaryň ikisi duşuşanda (5-nji kartina) nähili gylyçlaşýandyklary tomaşaçynyň gözüniň öňünden gidýän däl bolsa gerek. Olar duran ýerlerinde, gylyçlaryny töwereklerine salgaýarlar, biri-birinden bihabar ikisi-de goranýarlar. Bu bolup duruşlaryny ilki Zewerdes görýär we Warrygyň gylyjynyň astyndan sypyp gaçýar. Warryk bolsa şol, gylyjyny başyndan aýlap duruşyna bir seretse, Zewerdes ýok. Ol onuň yzyndan topulýar. Olaryň biri-birinden gorkuşlaryny gören adam olaryň “batyrlygyna” telpek goýsa gerek. Beýle “batyrlary” tapmak kyn ahyryn, olar setanda-seýranda duşýarlar. Gylyç Berdiýew Warrygyň gylyk-häsiýetlerini oňat bilse-de, bu roly oýnan wagtynda olary edil çyn diýip hasaplaýar. Şonuň üçin-de onuň edýän hereketlerinde, söz intonasiýasynda, ýekeje-de ýasama zat görmeýärsiň. Aktýor bu obrazy oýnajak bolman, onuň ýaşaýşy bilen ýaşaýar, ol Warrygyň häsiýetlerini açan mahalynda tomaşaçyny güldürsem diýen maksat tutmaýa. Gaýtam tersine, onuň dramatiki motiwleri bu obrazda ulanmagy, oňa azda-kände rehimiňi inderýär. Onuň üstünden näçe gülseň-de, biraz nebsiň agyrýandygyny duýýarsyň. Şonuň üçin-de finalda Warryk Zewerdesi öňüne salyp gelende, biziň begenjimiziň ölçegi bolmaýar. Gylyç Berdiýewiň Warrygy oýnaýşyna syn edeniňde, N.W.Gogolyň: “Artist güldürjek bolmak, gülkünç görünmek hakda näçe az pikir etse, şonça-da gaty gülkünç çykar. Komediýa girizilen adamlar öz işleri bilen näçe çynlakaý meşgul bolsalar, şol çynlakaý meşgullykdan hem gülki gelip çykar. Komediýa girizilýän adamlaryň hemmesi öz işleri bilen durmuşlarynyň möhüm wezipesi ýaly edip hysyrdaşýarlar, gara başlaryna gaý bolýarlar, oňa has yssylyk bilen hem ýapyşýarlar. Olaryň aladalarynyň biderekdigi diňe gapdalda oturan tomaşaça görünýär. Ýöne olaryň welin ýadyna oýun düşenok, üstümizden kim-de bolsa biri gülýändir-ow diýmek bolsa eger-eger kellelerine-de gelmeýär” diýen sözleri ýadyňa düşýär. Warryk, Gylyç Berdiýewiň üsti bilen biziň teatral sungatymyzda iň oňat obrazlaryň biri bolup galdy. A.MÄMILIÝEW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 1959 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |