20:57 Alty Garlyýew Kerimiň rolunda | |
ALTY GARLYÝEW KERIMIŇ ROLUNDA
Teatr we kino sungaty
“Uzakdaky gelinlik” kinofilmi Soýuzymyzyň ekranlaryna goýberilen gününden beýläk uly üstünlige eýe boldy. Film haýsy bir respublikada, haýsy bir raýonda, haýsy bir kinoteatrda görkezilse hem, tomaşaçylar özleriniň Aşgabat kinostudiýasynyň kollektiwiniň eden bu işinden köp hoşaldyklaryny bildirdiler. Aşgabat kinostudiýasynyň önümi bolan bu film diňe respublikamyzyň çäklerinden däl, hatda Soýuzymyzyň çäklerinden hem daşary çykdy. “Uzakdaky gelinlik” halk demokratiýasy ýurtlarynda hem tomaşaçylaryň göwnünden turdy. Filmi gahrymanlarynyň obrazy howaýy ýerden toslanyp tapylan adamlar däl-de, eýsem olar sowet adamlarynyň tipiki häsiýetini özünde jemleýän obralardyr. Senaristler, režissýor hem-de aktýorlar sowet adamlarynyň zähmet romantikasyny wasp edýän, olaryň ýagty we şatlykly durmuşyny görkezýän liriki sazly filmi döredip bilipdirler. Filme sereden wagtynda Beýik Watançylyk urşunda üstün çykan, hiç bir kynçylygyň öňünde baş egmeýän sowet adamlarynyň ajaýy obrazlaryny görýärsiň. “Uzakdaky gelinlik” kinofilmi zähmet frontunda jan aýaman zähmet çekýän, Watanyň üstüne howp abanan wagty özüni ýitirmeýän kolhoz adamlarynyň durmuşyny, olaryň birek-birege bolan söýgüsini çuňňur we dogruçyl görkezýär. Kerimiň roly A.Garlyýewiň kinoda oýnan birinji roly däldir. Mundan öň Garlyýew “Sowet watançylary”, “Serhetçiler”, “Prokuror”, “Dursun”, “Jadyly kristal” kinofilmlerinde oýnapdy. Ady tutulyp geçilen filmler A.Garlyýewe Kerimiň rolunda uly üstünlik gazanmaklyga ýardam etdiler. Şeýle hem “Uzakdaky gelinlik” filminde üstünlik gazanmagy üçin A.Garlyýewe režissýor Ý.Iwanow-Barkow köp kömek berdi. Bularyň ilkinji duşuşygy “Prokuror” filminde bolupdy. Soňra olar “Dursun” hem-de “Uzakdaky gelinlikde” duşuşdylar. Zehinli kinorežissýoryň Garlyýewe eden kömegi aktýoryň döredijiliginde uly orun tutýar. Bu dostlugyň miwesi eýýäm “Dursun” filminde aýdyň görnüpdi. Bu filmde Garlyýew Nurynyň rolunda oýnady. Bu rol Kerimden-de, öňki döredilen obrazlaryň içinde iň şowlusydyr. Aktýor geçen filmlerde gahrymanlaryň edýän daşky hereketleriniň dogyr hem köp manyly bolup çykmagyny gazanyp bilen bolsa, Kerimiň rolunda gahrymanyň başyndan geçirýän wakalaryny, onuň içki duýgusy, tolgunmasy arkaly döretmegi başardy. Kerimiň obrazynda aktýor üçin uly bir material ýok. Ol hiç kim bilen çaknyşmaýar, ýa-da uly ýalňyşlyk goýberip, soiňra öz ýalňyşyny düzetmek üçin göreşmeýär. Daşky görnüşinde seredeniňde Kerimiň obrazynda hiç bir hili konflikt ýok ýaly. Emma Kerimi obrazynda konfliktiň gahrymanyň içki duýgularyna geçirilendigini görmek kyn däldir. Jemal bilen Zahara bolan söýgüniň, söýgi hem-de gabanjaňlygyň arasynda bolup geçýän çaknyşmalar Alty Garlyýew üçin bu obray döretmekligiň esasy özenidir. Bu esasy konflikt filmiň ahyryna çenli dowam edýär we tomaşaçylaryň ünslerini gowşatman saklaýar. Tomaşaçylar Kerim-Garlyýew haýsy duýgy öňünde dyza çökerkä diýip wakany soňuna sabyrsyzlyk bilen seredýärler. Konfliktiň içki duýgular esasynda emele gelmekligi Kerimde daşky hereketleriň örän azdygy bilen düşündirilýär. Ýokarda aýdyp geçişimiz ýaly Garlyýew gahrymanyň içki duýgularyna üns berýär. Ynha çöllük meýdandan dizel-poýezd bat bilen gelýär. Wagonyň kupesi. Kerim söweşjeň dosty bilen öz ýurduna gaýdyp gelýär. Ol wagonyň aýnasyndan kellesini çykaryp, daş ýerlerik uzalyp gidýän çöllüge nebsewürlik bilen seredýär. Onu ýüzünde şatlyk hem-de tolgunma duýgulary höküm sürýär. Öz şatlygyny Zahar bilen paýlaşmak isläp yzyna öwrülende, dostunyň uklap ýatanyny görýär we ýene-de daşaryk seretmekligini dowam etdirýär. Haçan-da dostlar stansiýa gelip düşenlerinde Kerimde bolan tolgunma has-da güýjeýär. Ol tolgunmalary Zaharyň öz ýurduna gaýtmak kararyna gelmesi pozýar. Şeýle-de bolsa heniz düýpgöter yza tesdirilmedik tolgunmalar we şatlyklar Zahary saklamaklyga Kerime kömek edýärler. Kerim bilen Zahary türkmen kolhozçylary uly hormat bilen garşylaýarlar. Obada Kerim Jemala duşýar we ony söýýär. Bu hakda ol hiç kime duýdurmaýar. Onuň kakasy Alty aga bolsa Jemaly Zahara bermekligiň küýüne düşýär. Garlyýewi ýerine ýetirmeginde Kerimiň gylyk-häsiýetleri birden ýüze çykman, kem-kemden ýüze çykýar. Filmiň ilki kadrlarynda Kerim-Garlyýewde öz ýurdunyň tebigatyna, güneşli ülkäniň gahrymanlarynyň zähmetine, türkmen halkynyň myhmanparazlygyna, sowet adamlarynyň dostluk söýgüsine bolan guwanç ilkinji orunda durýar. Ýakyn wagtda Kerimi başga duýgular gurşap alýarlar. Ol Jemaly öz janyndan eziz görýän dostundan gabanýar. Ýaş ýetginjekler tans edýärler. Olary arasynda Kerim hem bar. Ol ýeňilligine, gylyç bilen oýna bilişine guwanyp, Jemal bilen bir çetde seredip dur. Ol Zaharyň gamly oturanyny görüp ýanyna barýar we Gözeliň ony söýýändigini aýdýar. Olar gürleşip otyrkalar arka tarapdan ýetip gelýän Kerimi görmeýärler. Olara ýetip gelýän Kerimi Jemalyň Zahara “Siz örän oňat adam, sizi söýmän bolmaz” diýen sözleri sakga duruzýar. Kerimiň ýylgyryp duran ýüzünde gaş çytylmaklyk, gaharlanmaklyk peýda bolýar. Ol häzir baryp Zahara bir zat diýerli görünýär. Emma olaryň ýanyna barman yzyna öwrülýär. Öz gahrymanynyň gabanjaňlyk hem-de dostluk söýgüsi arasynda nähili horlanýandygyny Garlyýew hiňňillik uçulýan wagtynda has aýdyň görkezýär. Kerim iki gyzň arasynda durup hiňňillik uçýar. Ol kä ol gyza, kä bu gyza degişme sözleri bilen ýüzlenip duran wagty, onuň gözi uzakda bir zada düşýär. Kerimiň gülküsi kesilýär, gaşlary çytylýar, ýüpleriň ikisini-de edil gözüniň öňüne getirip berk gysýar. Şeýle edip ol uzakda bolup duran hadysa seretmejek bolup synanyşýar. Apparat bizi ol hadysa golaýlaşdyrýar. Zahar we Jemal hiňňillikden düşýärler. Jemalyň egninde Zaharyň ýadygärlik beren ýaglygy. Onuň birden başy aýlanýar-da kellesini ýuwaşlyk bilen Zaharyň egninde goýýar. Zahar hem onuň kellesini emaý bilen sypalaýar. Bu görnüş Kerimiň gonjuna gor guýýar, ol hiňňillikden gaharly böküp düşýär-de, haýsydyr bir tarapa ugraýar. Kerimiň gabanjaňlyk duýgusy ýüze çykarly bolan mahalynda Zahar öz ýurduna gitmek kararyna gelýär. Bu bolsa Kerimiň ähli planyny pozýar. Zaharyň otagyndaky epizod filmiň iň şowly çykan epizodlarynyň biridir. Zahar goşlaryny ýygnap otyr, içerik Kerim girýär. Ol: - Sen ahyry gitmek kararyna geldiňmi? – diýip soraýar. - Howa, Kerim! Maňa, agyr ýaraly bolan adamynyň frontdan ewakuirlenişi ýaly, şu ýerden gitmek gerek – diýip, Zahar jogap berýär. Uzak pauza. Zahara seretmän Kerim: “Be, biz seniň bilen aýrylyşaýarysmy?” diýýär. Bu sözlere Garlyýew köp wagtlap dowam eden soldatlyk dostlugy, öz dostuna bolan söýgüsini we mährini hem goşýar. Frazanyň aýdylyş intonasiýasyndan bu sözlere Kerimiň özüniň-de ynanmaýandygyny duýmak bolýar. Ol öz kellesine gelen bu pikiri kowýan ýaly, “men seniň goş ýygnaýşyňa seredip bilmeýärin” diýip, gygyrýar we diwanyň üstüne gyşaryp gahar bilen kitap sahypalaryny agdaryşdyrýar. Bu epizod Kerim üçin kulminasion epizoddyr. Şu ýerde ol Jemala bolan söýgüni ýeňip, öz dostunyň bagtly bolmagyna päsgel bermejek bolup, öz obalaryndan çykyp gidýär. Ahyr köp wagtlap dowam eden göreşden soň dostluk söýgüsi ýeňiji bolup çykýar. Filmiň soňunda hemme düwünler çözülýär we Kerim Jemal bilen, Zahar bolsa Gözel bilen tapyşýarlar. Dört gahrymanyň gol tutuşyp, aýdym aýdyşyp gelýän wagtlary Kerimiň ýüzünde birjik-de gabanjaňlyk alamaty görünmeýär. Kerim ýene-de öňki ilkinji kadrlardaky ýaly öz Watanyna, onuň täsin tebigatyna, gahryman halkyna söýgi bilen seredýär. Şeýle hem ol dostluga wepalylyk synagyny başyndan geçiren Kerim bolýar. Alty Garlyýew Kerimiň duýgusynda bolan göreşi ýönekeý, real hem-de tebigy suratda tomaşaçylara ýetirýär. Ol görnüp duran daşarky hereketleri etmeýär. Daşyndan görseň Kerim Garlyýew gaty arkaýyn, oňa hiç zat bolmadyk ýaly. emma onuň ýüzüne seredeniňde gahrymanyň içinde haýsydyr bir harasadyň gopýandygyny görýärsiň. Garlyýew Kerimiň obrazyny esasan mimikanyň üsti bilen berýär. Onuň ýüzünde içden gopýan duýgular edil aýnada görünişi ýaly görünýär. Muňa Zahar bilen Jemal tans edeninde Kerimiň olara seredişini mysal getirmek bolar. Kerim bir çetde durup tans edýänlere seredýär. Onuň ýüzi çytyk, özi gamgyn. Onuň ýanyna Alty aga gelýär we gözlerini gypyp tans edýänleri Kerime görkezýär. Öň hem haly perişan bolup oturan Kerime kakasynyň beýle edişi has hem agyr degýär. Näçe agyr hem bolsa ol tans gutaranda el çarpan bolýar. Emma onuň el çarpmasynyň hem-de çala ýylgyrmasynyň ýalandygy, çyn ýürekden çykmaýandygy bildirýär. Garlyýew Kerimiň esasy häsiýetlerini, ak ýürekliligini, dostuna wepalylygyny oňat berip bilipdir. Kerim könäniň galyndylaryny yzda taşlan, kommunistik ruhda terbiýelenen sowet ýaşlarynyň biridir. Bu obrazy ussatlyk bilen döredenligi üçin Alty Garlyýew ikinji gezek Stalin baýragynyň laureaty boldy. Kerimiň rolunyň nähili şowly çykandygyna Garlyýewiň adyna Moskwadan, Rigadan, Tbilisiden we beýleki şäherlerden gelen köp sanly hatlar şaýatlyk edýär. Olar türkmen artistiniň oýnaýşyndan köp hoşaldyklaryny bildirýärler. “Gadyrly Kerim! Biziň demokratik Bolgariýamyza gel” – diýip, sofiýaly studentka Alty Garlyýewi öz ýurduna myhmançylyga çagyrýar. Alty Garlyýewiň döredijiliginiň esasy aýratynlyklarynyň biri aktýoryň biziň döwürdeşlerimiziň obrazlaryny döredip bilmekligidir. Garlyýewiň: “Aktýor hemme wagt öz halkynyň isleglerinden yza galmaly däldir, ol her bir etapda halk üçin gerekli obräazlary döretmegi başarmalydyr, eger şony başarmasa onda ol aktýoryň halk öňünde öz borjuny ödäp bilmedigidir” diýen sözleri biziň zamanymyzyň adamlarynyň obrazlaryny döretmeklige üns berýändigini aýdyň düşündirýär. Aşyr MÄMILIÝEW, Moskwanyň A.W.Lunaçarskiý adyndaky Döwlet teatral sungaty institutynyň teatry öwreniş fakultetiniň studenti. “Edebiýat we sungat” gazeti, 16.08.1958 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |