23:42 Süleýman Öwezow aradan çykdy... | |
• Şu gün - 19-njy dekabrda halypa mugallym, folklorçy, şahyr Süleýman Öwezow aradan çykdy. Merhuma iman baýlygyny dileýäris.
Taryhda şu gün
S.Öwezow 1941-nji ýylyñ 4-nji sentýabrynda Krasnowodsk oblastynyň Garrygala raýonynyň (häzirki Balkan welaýatynyñ Magtymguly etraby) Kürüždeý obasynda doguldy. Oba mekdebinde okan S.Öwezow mekdebi tamamlandan soñra Maksim Gorkiý adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniñ türkmen dili we filologiýasy fakultetine okuwa girýär we okuwy tamamlajak ýyly meşhur alym Mäti Kösäýewiñ ylmy ýolbaşçylygynda "Nohur halk döredijiligi" diýen temadan diplom işini üstünlik bilen goraýar. Belli alymlaryñ ünsüni çeken bu özboluşly temany has hem ösdürip, aspiranturada alymlyk işini (kandidatlyk dissertasiýasy) goramagy maslahat berilenem bolsa, şol wagt Mäti Kösäýewiñ sowet režimi tarapyndan ýanalmagy zerarly S.Öwezowa hem meşhur alymyñ "şaýkasy" hökmünde garalyp, bu asylly iş amala aşman galýar. Bu göwrümli iş gutatylman galanam bolsa, obama-oba aýlanyp, ýaşuly adamlar bilen gürrüñdeş bolup toplanan materiallarda Mäti Kösäýewiñ hyzmaty uludyr. Bu ähmiýetli ylmy işi gelejekde okyjylar köpçüligine ýetirmek gerek. Sebäbi, bu monografiýa arkaly taryhymyzy, folklorymyzyñ halk döredijiliginiñ heniz türkmen halkyna mälim bolmadyk nusgalaryndan hem giñişleýin söz açylýar. Mäti Kösäýewiñ özi doly gözastyna alnanam bolsa, ol bu işe ýolbaşçylyk etmegi birnäçe mugallymdan haýyş edendigi we bu ylmy işi üstünlikli tamamlamagy haýyş edip ýörite özüne hat ýazandygyna garamazdan, muña hiç kimiñ het edip bilmändigini Süleýman aga soň-soňlaram ahmyr bilen kän gezek ýatlapdy. S.Öwezow 1971-nji ýylda obasyna dolanandan soñ Garrygala etrabynyñ Duzlydepe obasyndaky 10-njy orta mekdepde işe başlaýar. Hojam Gurbanow, Emirguly Atamyradow, Eke Seýitmyradow ýaly tejribeli halypa mugallymlardan tälim alan S.Öwezow soñra kärini Kürüždeý obasynyñ 4-nji orta mekdebinde dowam etdirýär. Kyrk ýyldan gowrak wagt şol mekdepde zähmet çeken Süleýman mugallymyñ elinden häzire çenli ýüzlerçe, belki-de müñlerçe okuwçy çykdy. S.Öwezowyñ goşgulary dürli ýyllarda häzirki wagta çenli ýurdumyzyñ "Edebiýat we Sungat", "Balkan", "Garagum", "Güneş", "Watan" ýaly gazetlerinde yzygiderli çap edilip gelindi. Süleýman Öwezow 2024-nji ýylyñ 19-njy dekabrynda aradan çykdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||