03:48 Sumbar nagmalary | |
TOÝ GÜNI Aýaklar ýeñleşer, kelleler göçer, Juwan ýürekleriñ birleşen güni. Durmuş täze depder sahabyn açar, Juwan ýüreklerin birleşen güni. Çaga bilen, arzuw bile doglupdy, Ene bagtly, zordan dünýä sygyp dur, Çar tarapdan alkyş sözler ýagyp dur, Juwan ýürekleriñ birleşen güni. Pälwanlar çyzgaşyp durlar baldyryn, Bedewler süýnerler göýä ýyldyrym, Bagşylar diýirler: "Men bilbildirin", Juwan ýürekleriñ birleşen güni. Ýüregi ýürege eýleýip bagyş, Otyr göýä iki sany gumry guş, ...Ine, şeýdip dowam edýär ýaşaýyş, Juwan ýürekleriñ birleşen güni. * * * BAGBAN BOLAÝYN Sen bagda gül, men bolaýyn bilbiliñ, Diýmejegim hakdyr meñ size hergiz. Bilbil baglardaky bar güle aşyk, Men welin, bir sen söýýärin çäksiz. Sen elwan gül, gunçalaryñ solmasyn, Men saýa salaýyn, güneş bolaýyn. Her günde timarlap gözel keşbiñi, Müşki-anbar yslaryñdan doýaýyn. Durmuşyñ, ýaşaýşyñ gülüsiñ güli, Miwesi egsilmez güllän daragtyñ. Hyzmatyñda dursam bagbanyñ bolup, Ezizim, gül açar, gül açar bagtyñ. * * * ILE GEREKLI BOLMAK Waharman gawuny nähili süýji, Şonda-da paçagyn oklaýas mala. Süýji-süýji söze ynanyp käte, Birdenem düşýäris ýaramaz hala. Ganañsoñ bulagyñ şerbet suwundan, Çeşme ýatdan çykýar, yzda taşlanýar. Adamzatda ýagşy zady unutmak, Mümkingadar şu zatlardan başlanýar. Durmuş ýörelgesi zarlyk hem barlyk, Barly bolsañ, dost tapylýar daşyñda. Ile gerekli bol, ýörelgäñ bolsun, Şonda hiç wagt zarlyk bolmaz başyñda. Öte syr saklama iliñ-günüñden, Pis maksadyñ azaşdyrar ýoluñdan. Öz bähbidiñ arap özüñ pis etme, Il söýmese, peýda bolmaz puluñdan. * * * KÄMILLIK Adam kämil bolup dünýä inmeýär, Şahsyýetiñ kämilleşdir añ bilen. Käriñe ökdeläp, kämillik alsañ, Mertebäñ, hatyrañ öser şan bilen. Akly bary akyllylar saýlaýar, Olar kämil, gepi-sözi ýerinde. Küýseg, söýgi, ýigrenç paýhasda bolsa, Bu bitewlik päklik saklar teniñde. Halypadan öwren, kitaplar oka, Kämilligiñ össe, il-günüñ halar. Kämillik imandyr, kämillik sogap, Kämiller nanyny iýýändir halal. * * * ÝAŞYL TUGUMDA Teke, ýomut, gökleñ, ýazyr, aliliñ, Birligin görýärin ýaşyl tugumda. Beýik Pyragynyñ arzuw, hyýalyn, Barlygyn görýärin ýaşyl Tugumda. Seljukdan, Oguzdan galan ýaşyl reñk, Bu gün kalbymyzda ornaşypdyr berk, Garaşsyz döwlete biz edýäris erk, Erkimi görýärin ýaşyl Tugumda. Ýaşyl reñki dagym, düzüm ýaýlagym, Ýaşaýşyñ çeşmesi - uly baýlygym, Desde agajy golumdaky saglygym, Baýlygy görýärin ýaşyl Tugumda. Bu gün men göterýän, soñ götär neslim, Guwansak bu Tuga hiç ýitmez aslym, Bally Sülleýmandyr soralsa ismim, Aslymy görýärin ýaşyl Tugumda. * * * AKBULAK Jülgeleñ için söküp, Akyp gelýär Akbulak. Çar ýana güller ekip, Akyp gelýär Akbulak. Aýdym aýdyp, saz edip, Ýüz dürli owaz edip, Göwünleri ýaz edip, Akyp gelýär Akbulak. Her damjasy dermandyr, Içen teşne ganýandyr, Içmedikler - armanda Akyp gelýär Akbulak. Şerbet suwña teşne men, Çeşme bilen aşna men, Men niçiksi joşmaýyn, Akyp gelýär Akbulak. Süleýman ÖWEZOW. | |
|
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ «Jim» harpy / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Aýşy-eşret çagynda / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Ölmeli bolsam / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Ýene-de Stalin hakynda / Goşgular - 12.10.2024 |
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Saña duşalym bäri / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Şol işandan / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Nyşanmy / Goşgular - 09.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |