17:59 Süleýman Öwezow | |
Süleýman ÖWEZOW
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Süleýman Öwezow, mirasgär şahyr, pedagog S.Öwezow 1941-nji ýylyñ 4-nji sentýabrynda Balkan welaýatynyñ Magtymguly (öñki Garrygala) etrabynyñ Kürüždeý obasynda doguldy. Oba mekdebinde okan S.Öwezow mekdebi tamamlandan soñra Türkmen Döwlet uniwersitetiniñ türkmen dili we filologiýasy fakultetine okuwa girýär we okuwy tamamlajak ýyly meşhur alym Mäti Kösäýewiñ ylmy ýolbaşçylygynda "Nohur halk döredijiligi" diýen temadan diplom işini üstünlik bilen goraýar. Belli alymlaryñ ünsüni çeken bu özboluşly temany has hem ösdürip, aspiranturada alymlyk işini (kandidatlyk dissertasiýasy) goramagy maslahat berilenem bolsa, şol wagt Mäti Kösäýewiñ sowet režimi tarapyndan ýanalmagy zerarly S.Öwezowa hem meşhur alymyñ "şaýkasy" hökmünde garalyp, bu asylly iş amala aşman galýar. Bu göwrümli iş gutatylman galanam bolsa, obama-oba aýlanyp, ýaşuly adamlar bilen gürrüñdeş bolup toplanan materiallarda Mäti Kösäýewiñ hyzmaty uludyr. Bu ähmiýetli ylmy işi gelejekde okyjylar köpçüligine ýetirmek gerek. Sebäbi, bu monografiýa arkaly taryhymyzy, folklorymyzyñ halk döredijiliginiñ heniz türkmen halkyna mälim bolmadyk nusgalaryndan hem giñişleýin söz açylýar. Mäti Kösäýewiñ özi doly gözastyna alnanam bolsa, ol bu işe ýolbaşçylyk etmegi birnäçe mugallymdan haýyş edendigi we bu ylmy işi üstünlikli tamamlamagy haýyş edip ýörite özüne hat ýazandygyna garamazdan, muña hiç kimiñ het edip bilmändigini Süleýman aga häli-häzirlerem ýatlaýar. S.Öwezow 1971-nji ýylda obasyna dolanandan soñ Garrygala etrabynyñ Duzlydepe obasyndaky 10-njy orta mekdepde işe başlaýar. Hojam Gurbanow, Emirguly Atamyradow, Eke Seýitmyradow ýaly tejribeli halypa mugallymlardan tälim alan S.Öwezow soñra kärini Kürüždeý obasynyñ 4-nji orta mekdebinde dowam etdirýär. Kyrk ýyla golaý wagt bäri şol mekdepde mugallym bolup zähmet çekip gelýän Süleýman mugallymyñ elinden häzire çenli ýüzlerçe, belki-de müñlerçe okuwçy çykandyr. S.Öwezowyñ goşgulary dürli ýyllarda häzirki wagta çenli ýurdumyzyñ "Edebiýat we Sungat", "Balkan", "Garagum", "Güneş", "Watan" ýaly gazetlerinde yzygiderli çap edilip gelinýär. Welaýat we etrap derejesinde geçirilýän edebi we pedagogik bäsleşikleriñ ençeme gezek ýeñijisi S.Öwezow teleýaýlymlara berilýän birnäçe edebi-çeper gepleşiklere hem işjeñ gatnaşdy. S.Öwezowyñ şahsy arhiwinde belli şahyr Oguljemal Çaryýewanyñ goşgulary ulanylyp ýazylan, ýöne heniz okyjylara ýetirilmedik özboluşly dessanyñ hem bardygyny onuñ özi aýdýär. Süleýman aganyñ edebi döredijilik mirasy doly öwrenilmäge we toplanylyp okyjylar köpçüligine ýetirilmäge mynasyp. • Hakynda ýazylanlar: 1.Ýelena Dolgowa: "Учитель, краевед, в душе поэт...", ("Нейтральный Туркменистан" gazeti); 2. Aşyr Orazow: "Kesbinden kemal tapan", ("Balkan" gazeti); 3. Amanmyrat Maýew: "Abraý", ("Balkan" gazeti) we başgalar... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |