09:37 Kalbymyñ joşy, dilimiñ senasy | |
KALBYMYÑ JOŞY, DILIMIÑ SENASY
Goşgular
Çal bulutlar gaplady çar tarapy, Dür damjalar ýüzün ýuwdy daglaryñ. Jülgeleriñ tämizlenip howasy, Görki artdy gül-gunçaly baglaryñ. Gaýalaryñ, ýapraklaryñ ýüzünde, Merjen dür däneler atdylar öwşün. Ýagyş diñdi, guşlar nagma kakdylar, Hoşroýlyga besläp göwünler köşgün. Ynsanýete badaşan dek bagyry, Eçilip dur synasyndan genjini. Göwsünden syzylyp çykýan çeşmeden, Datsañ unudýarsyñ gaýgy-ünjini. Daglarym guwanjym, buýsanjym meniñ, Kalbymyñ joşy siz, dilimiñ senasy. Üstüne seýrana çykan çagymda, Gujagyny açýar onki synasy. Süleýman ÖWEZOW. | |
|
√ Туркменский Маугли / Goşgular - 28.07.2024 |
√ Enem / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Goja söýgi / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Uzak gije / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Pyşyrdylar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Söýer ýaly / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |