00:02 Razwedkaçylar iş başynda | |
RAZWEDKAÇYLAR IŞ BAŞYNDA
Taryhy makalalar
Wladimir Putin we Ehud Barak Razwedka gullugy diýlende şu wagta çenli köp adamyñ ýadyna Lourens, Mata Hari we Jeýms Bond ýaly meşhur kino gahrymanlary düşen bolsa gerek. Näme üçin "Şu wagta çenli" diýip nygtaýarys? Sebäbi indi bu mesele bilen baglanyşykly ýagdaý üýtgedi. Ýagny razwedka düşünjesini indi kinolardaky razwedkaçy gahrymanlar däl-de hakyky durmuşdaky şahsyýetler meşhur etmäge başlady. Çünki razwedka dünýäsiniň täze ýyldyzlary häzir halkara we döwlet derejesindäki karardyr kanunlara gol çekýärler. Has dogrulap aýdylanda, käbir ýurtlarda razwedkanyň ýoluny geçen adamlar häkimiýet başyna geçdiler ýa-da döwletiň möhüm edaralaryna jolbaşçylyk edýärler. Mysal üçin Jorj Buş, Ehud Barak, Wladimir Putin, Genri Kissinžer, Klaus Kinkel ýaly razwedka dünýäsiniň belli bir döwürdäki wekilleri öñki kärlerini syýasatda üstünlikli dowam etdirdiler we etdirýärler. "Razwedkaçy üçin iñ uly howp näme?" diýen sowala ilkinji jogap "Syryň paş bolmagy" diýen jogap bolsa gerek. Ýagny öz wezipeleriniň we hakyky keşpleriniň hemmelere aýan bolmagy razwedkaçy üçin iň uly betbagtçylykdyr. Ýaşaýyş dünýäleriniň üýtgeşik gurluşy we dillerine berkligi üçin hemişe sowuk häsiýete eýe bolan razwedkaçylaryň bu aýratynlyklary indi olaryň beýgelmeklerine we meşhurlyk gazanmaklaryna päsgel bermeýär. Gaýtam tersine, soňky döwürlerde bolup geçýän özgerişleriň saýasynda özleriniň bu aýratynlyklary razwedkaçylar üçin ösmäge mümkinçilik we itergi bolup hyzmat edýar. Esasy käri razwedkaçy bolup, döwlet mehanizminde möhüm orun eyeleýän adamlaryň bolmagy hem munuń in gowy mysalydyr. Orsyýetde 2000-nji geçirilen prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanan Wladimir Putiniñ, Germaniýanyň öňki daşary işler ministri Klaus Kinkelin, ABŞ-nyň önki Prezidenti Jorj Buşuñ we beýleki birnäçe meşhur syyasatçylaryň razwedkaçy bolmagy "Dünýä täzeden üýtgedilip gurulyarmy?" diyen sowaly ýüze çykarmak bilen birlikde täze gurluşlaryň artykmaçlyklarynyň we kemçilikleriniň ýurtlaryň jemgyýetçiliginde jedelli meselä öwrülmegine getirdi. • DHK-niñ çekisti döwlet baştutany Orsyýetde 2000-nji ýylyñ mart aýynyň ahyrynda geçirilen Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanan Wladimir Putin öz döwründe DHG-niñ (Döwlet howpsuzlygy gullugy) işgäri we Orsyýet dargandan son bu guramanyň ornuny tutan Federal howpsuzlyk gullugynyň (FHG) başlygy bolup işledi. Saýlawlaryň öň ýanynda Orsyýetde bolup geçen terrorçylykly hereketlerde, partlamalarda çeçenler bilen bir hatarda Putiniň ýolbaşçylygyndaky howpsuzlyk gullugynyň hem paýynyň bardygy her näçe nygtalsa-da DHK-nyň ýolbaşçylaryna öwrenişen ors halky 2000-nji ýyllarda Orsyýeti dolandyrmak wezipesini Putine ynandy. Şeýlelikde, 16 ýyllap gizlin gullukda işlän Putin Orsyýetiñ bastutanlygyna bellenen ilkinji razwedkaçy boldy. DHK-nyň işgäri bolan ilkinji döwlet bastutany 1982-84-nji ýyllarda Sowet Soýuzynyň Kommunistik partiýasynyň (SSKP) Merkezi Komitetinin Baş sekretary bolup işlän Ýuriý Wladimirowiç Andropowdyr. Ýuriý Andropow göni 25 ýyllap. ýagny 1967-82-nji ýyllarda DHK-da dürli wezipelerde işledi. Razwedkaçylaryň döwlet mehanizminde uly rol oýnan beýleki bir ýurdy bolsa sowuk urşun ikinji ganatynyň başynda duran ABŞ-dyr. Mysal üçin 1988-93-nji ýyllar aralygynda ABŞ-nyň Prezidenti bolup işlän Jorj Buş 1976-77-nji ýyllarda Amerikanyń Merkezi razwedka urawleniýesiniñ (MRU) başlygy boldy. 1973-77-nji ýyllarda ABŞ-nyň Daşary işler ministrligine ýolbaşçylyk eden Genri Kissinzer hem asyl käri boýunça razwedkaçydyr. "Gowy syýasatçylar öz karýeralaryna razwedka gullugyndan başlaýar" diýen sözleri bilen köp adamyň ýadynda galan Kissinžer ABŞ-nyň razwedka gullugynyň Ýakyn Gündogar boýunça iñ ökde hünärmenleriniñ biridir. Germaniýanyň daşary işler ministri Klaus Kinkel hem razwedka gullugyndan döwletiň dolandyryş edarasyna çenli beygelen şahsyýetleriň biridir. Uzak wagtlap Günbatar Germaniýanyň gizlin gullugynyň hatarynda işlän Kinkel halkara gatnaşyklarynda öz ýurdunyň abraýyny galdyran diplomat hem hasaplanýar. Ysraýylyň Premyer-ministri Ehud Barak hem harby razwedka dünýäsine ýakyn adam. Ysraýyl goşunynyň esasy nokatlaryna ýolbaşçylyk eden we ýurduň Baş harby ştabynyň başlygy bolup işlän Ehud Barak belli bir döwürde Ysraýylyñ harby razwedkasynyň şefi hem boldy. Ýogsamam näme üçin döwletler razwedkaçylara döwlet mehanizminiñ möhüm wezipelerini ynanyp başladylarka? Adamzadyń geljeginiñ nähili boljakdygy bilen gyzyklanýan hünärmenleriñ köpüsi şu wagta çenli ykdysadyýetiñ birinji plana çykmagy bilen ýurtlaryň häkimiýetleriniň başyna geljek adamlary işewürler toparynyň kesgitlejekdigini aýdýarlar. Ýöne olaryň bu tamalary çykmady we global ykdysadyýetiň strategiki informasiýanyň ähmiyetini artdyrmagy netijesinde maglumat toplaýan edara bolan razwedka gullugynyň abraýy hem mazaly artdy. Bu ugurda iş alyp baryan hünärmenleriň nygtamaklaryna görä, razwedka gulluklarynyň ähmiýetleriniň artyş depgini sowuk uruş tamamlanandan soñ has hem ýokarlanypdyr. Şonuň üçin hem soňky döwürlerde dürli ýurtlarda häkimiýet başyna ya-da döwletiñ möhüm wezipelerine razwedkaçylaryň bellenmegi tebigy zat hasaplanýar. Her näme-de bolsa ýurtlaryň döwlet mehanizminiň möhüm nokatlaryny eýeleýän razwedkaçylaryň sany gün-günden artýar. Olaryň öz ýurtlaryna näderejede peýdaly boljakdygyny wagt görkezer. 02.06.2000 ý. Fikret ERTAN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |