20:35 Orsyýetde ilat problemasy | |
ORSYÝETDE ILAT PROBLEMASY
Publisistika
Orsyýet düýpli ykdysady, syýasy we sosial problemalary bolan ýurt hasaplanýar. Yöne ýurtdaky demografiki problemalar çynlakaýlyk nukdaýnazaryndan ýokardakylardan has ünsi çekiji bolsa gerek. O diýen bir köp gürrüňi edilmese-de, demografiki problemalar ýa-da, başgaça aýdylanda, ilat problemasy Orsyýetiň uzak möhletli milli maksatnamalaryna, planlaryna, arzuw-isleglerine uly täsir etjek, mümkin olaryň amala aşmagyna böwet boljak iñ ýiti problemadyr. Bu hakykat Orsyýetiñ her ýyl mälim edilýän statistiki habarnamalarynda bu mesele bilen gyzyklanýan adamlara derrew özüni aýan edýär. Elbetde, statistikaçylar problemany jedellere ýol açmaz ýaly derejede ýumşadyp görkezýärler. Ýöne her näme-de bolsa Orsyýetiñ Statistika baradaky döwlet komitetiniñ (SDK) 2000-nji ýylyñ başynda çap edilen maglumatlaryndaky sanlar bu problemanyň nä derejede çynlakaýdygyny görkezýär. Berlen maglumatlara görä, 1992-2000-nji ýyllar aralygynda Orsyýetiň ilaty iki prosent, has dogrusy, 2,8 million adam azalypdyr. SDK-nyň beýleki maglumatlarynda bolsa 2000-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Orsyýetiň ilatynyň jemi sanynyň 145,5 million adam bolandygy, 1999-njy ýylda 1215800 adamyñ dünýä inendigi, (Bu san 1998-nji ýylda 1283300 eken), 2140300 (1988-nji ýylda 1988700) adamyn bolsa aradan çykandygy aýdylýar. Galyberse-de öñki ýyllara garanynda ýurda göçüp gelýänleriñ sany azalypdyr, göçüp gidýänleriñ sany bolsa köpelipdir. Ýagny 1999-njy ýylda Orsyýete 379700 adam (1998-nji ýylda 513500) göçüр gelipdir. Ýurtdan göçüp gidenleriñ sany hem 1998-nji ýyl bilen deñeşdireniñde köр. Umumy ilat problemasy nukdaýnazaryndan göçmek faktoryny ýiti mesele hökmünde hasaba almanymyzda-da gürrüňi edilýän maglumatlardan Orsyýetiñ ilat problemasynyň örän çynlakaýdygy öz-özünden aýan bolýar. Bu problemanyň sebäpleri babatda bolsa hünärmenler biri-biri bilen baglanyşykly şu 5-6 sany sebäbi öñe sürýärler: Jana kast etme, alkogolizm, abort, keselleriň köpelmegi, ykdysady krizis, içki uruşlar we ş.m. Bu sebäpleriň haýsynyň öñde, haýsynyň soñda gelýändigini aytmak kyn. Emma her näme-de bolsa abort, alkogolizm we keselleriñ köpelmegi, meniñ pikirimçe, meseläni kesgitleýän iñ möhüm sebäpler bolsa gerek. Mysal üçin, Orsyýetde häzir göwreli aýallaryň üçden ikisi göwresindäki çagasyny aýyrdýar. Alkogolizm bolsa Orsyýetiň ötüşen problemasy, aýratyn hem bu problema SSSR ýykylandan son has-da ýitileşdi. Demografiýa boýunça bir ors hünärmeniniñ ýazmagyna görä, 1996-njy ýylda 35 müñ sany ors raýaty spirtli içgiden zäherlenip, aradan çykypdyr. Orsyýetdäki ýaly bolmasa-da belli bir derejede alkogolizm problemasy bolan Amerikada şol ýyl spirtli içgilerden zäherlenip, heläk bolanlaryň sany bary-ýogy 300 adama ýetipdi. Eger Amerikanyň ilat sanynyň Orsyýetiñkä garanyňda iki essä ýakyn köpdügini göz öňünde tutsak, onda gürrüñi edilýän ýagdaýyň Orsyýetde nähili gözgynydygy ýene-de bir gezek ýüze çykýar. Bu deňeşdirme şol bir wagtda gürrüňi bu ýurtlaryň halklarynyň saglyk ýagdaýlaryna hem syrykdyrýar. Häzir Amerikada we beýleki ösen ýurtlarda halkyń jan-saglygy kanagatlanarly derejede bolsa, Orsyýetde ol SSSR dargandan soň örän erbetleşdi. Muña bolsa örän köp faktor täsir edýär. Olara mysal edip daş-töweregiñ hapalanmagy, saglyk hyzmatlarynyň ýaramazlaşmagy, adamlaryň durmuşa bolan garaýyşlarynyň üýtgemegi bilen olarda ýaramaz endikleriň köpelmegi ýaly biri-biri bilen baglanyşykly sebäpleri görkezmek bolar. Garward uniwersitetiniñ ylmy işgäri Nikolas Eberstadtyň pikirine görä, häzir Orsyýet ilatyň jan-saglygy babatda örän çynlakaý krizisi başdan geçirýär. Özem bu krizis senagatlaşan ýurtlaryň arasynda şu wagta çenli görlüp-eşidilmedik krizis hasaplanýar. Eberstadt bu barada "Senagatlaşan ýurtlaryň hiç blri şu wagta çenli parahatçylykly döwürde Orsyýetiñ häzirki döwürde başdan geçirýän krizisi ýaly uzak wagtlap dowam eden we örän ýowuz krizisi başdan geçirmedi. Bu ýagdaý bolsa syýasy, ykdysady we hatda harby babatdan hem ýaramaz hasaplanýan ýagdaýdyr. Ýagny Orsyýetiñ saglyk problemasy bu ugurlarda, hususan-da ykdysadyýetde şu wagta çenli dowam edip gelýän problemalary has-da artdyrar. Şeyle hem ilatyń saglygynyň ýaramazlaşmagy Orsyýetiñ täzeden "beýik güÿç bolmak arzuwyna, hyjuwyna böwet boljak, olary çäklendirjek bir faktor bolar" diýýär. Men hem Eberstadtyň bu häsiýetlendirmesi bilen şu makalamy tamamlamakçy we ilatyň saglygynyň millet üçin nähili manyny özünde jemleýändiginiň mysalynyň Orsýetiñ şu ýagdaýyndan görünýändigini bu ugra degişli adamlara ýatlatmak isleýärin. Aýtmaga zerurlyk baryny-ýoguny bilemok, ýöne gaýtalap aýdýaryn, Orsýetiň ilat problemasynda öwrenere, sapak edinere zat köp... Fikret ERTAN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||