15:38 Gusinskiniñ imperiýasy | |
GUSINSKINIÑ IMPERIÝASY
Publisistika
Dünýäde meşhurlyk gazanan örän baý we täsirli ors işewüri Wladimir Gusinskiý barada öñ okyjylar eşiden bolsa gerek. Klinton bilen Putiniñ ýokary derejeli duşuşygy barada ýazan makalamda-da Gusinskini ýatlap geçmäge zerurlyk duýupdym we şol makalamda Amerikanyñ we Orsyýetiň prezidentleriniň duşuşyk mahaly Gusinskiniň eýeçiligindäki "Mediýa-Most" kompaniýasyna 2000-nji ýylyñ maý aýynda polisiýa tarapyndan edilen gysysy ara alyp maslahatlaşjakdyklaryny nygtamak bilen birlikde "Gusinskiý Kremldäki ýokary derejeli adamlar tarapyndan halanmaýan işewürleriñ biri hasaplanýar. Bu ygtyýarlylar ony Putine garşy çykýandygy hem-de saýlaw kampaniýasy döwründe we soñ Putini we onuñ alyp baryan syýasatlaryny tankyt edendigi üçin gowy görmeýärler. Gusinskiniñ "Mediýa-Most" kompaniýasyna edilen gysyş hem, käbir adamlaryň pikirine görä, gürrüňi edilýän ýagdaýyň netijesidir" diýip ýazypdym. Mundan iki ýyl gowrak öň, ýagny 1998-nji ýylyň 12-nji iýunynda "Gusinskiniñ imperatorlygy" diyen sözbaşyly makalamda bolsa şeýle diýipdim: "47 yaşly Gusinskiý Orsyýetiň täze baýlarynyň biri. Käri boýunça inžener, ýöne birnäçe ýyllap teatra ýolbaşçylyk hem edipdir. 1999-njy ýylyñ başyna çenli "Most" bankynyň başlygy boldy. 1997-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda öz döreden bu bankynyň ýolbaşçylygyndan çykyp, özüniň "Mediýa-Most" kompaniýasynyň başyna geçdi. Bu kompaniýanyň paýnamalarynyň 70 prosenti onuňky, galan 30 prosenti bolsa "NTV" TW-sini esaslandyryjylar bolan Igor Maslaçenko, Ýewgeniý Kiselew we Oleg Dobredeýew dagylaryňky. Häzirki döwürde Gusinskiý Orsyýetiň iñ meşhur kommersiýa telekanallarynyň biri bolan "NTV"-den başga-da "Segodnýa" atly gündelik gazeti, "Itogi" diýen hepdelik syýasy Žurnaly, "Sem dneý" we "Karawan" ýaly žurnallary hem öz gözegçiliginde saklaýar. Galyberse-de ol Moskwanyň "Eho Moskwy" atly meşhur radiosynda hem sözi geçýän adam hasaplanýar. "NTV" kanalynyň tomaşaçylarynyň sanynyň 100 milliondan geçmegi hem öz gezeginde Gusinskiniñ täsiriniň barha artýandygynyň alamat dyr. "NTV-nin" "NTV-International" atly kanaly hem bar. Bu kanal özüniň gepleşiklerini daşary ýurtlarda görkezýär. Ysraýylyň kabelli TW-siniñ gepleşiklerini hem geçen ýyldan bäri şu kanal berýär. Kanal öz gepleşiklerini Germaniýada we Fransiýada hem görkezmegi göz önünde tutýar. Munuň üçin beriljek rugsada garaşýar. Ýokardaky maglumatlardan-da görnüşi ýaly, "Mediýa-Most" kompaniýasy gün-günden güýçlenýär. Ol şu ýylyñ we geljek ýylyň dowamynda öz hemralaryna hem eýe bolar. Şolardan "Ritm-Most" atly ilkinji hemra şu ýylyň sentyabr aýynda işe başlar. Amerikan banklarynyň beren karz puly bilen Amerikada ýasalýan bu hemradan beýleki TW kanallary hem peýdalanar. TW dünyäsinde täze-täze gözýetimleri açmak ugrunda tagalla baryny edýän Gusinskiý şol bir wagtda gazetleri hem gözden salmaýar. Ol geçen hepdede örän uzaga çeken kyn göreşden son Ysraýylyň ikinji uly gazeti bolan "Maariv"-iñ paýnamalarynyň 25 prosentini almagy başardy. Kosmetika pudagynda dünýän birinji işewüri hasaplanýan Este Lauderiñ mirasdüşeri Ronald Lauder bilen "Maariv" gazeti üçin birnāçe wagtlap göreşmeli bolan Gusinskiý gazetiñ paýnamalaryny bazar bahasyndan satyn alyp, Lauderiñ teklibini puja çykardy. Gusinskiý "Maariv"-iñ paýnamalarynyň 25 prosenti üçin 85 million dollar töledi we Ysraýylyň metbugatynda-da täsirli ýere hemle güýje eye boldy. Gusinskiniñ "Maariv" üçin şeýle uly tagalla etmegi bu mesele bilen ýakyndan tanyş adamlary o diyen bir geňirgendiribem durmady. Çünki Gusinskini tanaýan we onun işlerine ýakyndan syn edyän adamlar onuñ öñden bäri Ysraýylyñ metbugatynda täsirli adama öwrülmek ugrunda tagalla edip gelýändigini bilýärler. Milleti jöhit bolan Wladimir Gusinskiý şol bir wagtda Orsyýeiň jöhitler kongresiniň hem başlygydyr. "Maariv" gazetiniñ paýnamalaryna eýe bolmak babatda gazanan üstünligine baha beren Ysraýylyñ gazetleri özüniñ şu üstünligi bilen Gusinskiniñ Ronald Lauderden şahsy basdeşlikde-de üstün çykandygyny ýazdylar. Olaryň şahsy bäsleşikleriniň esasynda bolsa ikisiniñ hem Bütindünýa jöhitler kongresiniñ başlygy bolmak arzuwlary ýatyr. Häzir Ronald Lauder Amerikanyň jöhitler kongresine ýolbaşçylyk edýär. Gusinskiý bolsa, ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly, Orsyýetdäki jöhitler kongresiniñ başlygy. Bütindünýä jöhitler kongresiniñ başlygy bolsa häzir Edgar Bronfmandyr. Aýtmaklaryna görä, Gusinskiniñem, Lauderiñem arzuwy wagty gelende Bronfmanyň ýerine geçmek". Gusinskiniñ mundan birnäçe gün öñ Moskwanyň iň ýaramaz tussaghanasy bolan we XVIII asyrdan galan "Butyrskiý" tussaghanasynda göz tussaglygynda birnäçe gün saklanandygyndan okyjylar habarlydyr. Şonda Amerikadan başlap Ysraýyly, Ýewropa Geñeşinden başlap ÝHHG-ni, Orsyýetiň liberal toparlaryndan başlap 17 sany ägirt güýçli işewüri öz içine alýan güýçli toparlaryň Gusinskini halas etmek üçin dünýäni aýaga galdyrmaklary-da Gusinskiniñ dünýä möçberinde uly täsiriniň bardygyny görkezýär. Fikret ERTAN, Türkiýeli tatar žurnalisti. 2000-nji ýyl. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |