14:41 Siriýa tapmaçasy | |
SIRIÝA TAPMAÇASY
Publisistika
Siriýa meselesi orta atyldy welin, ähli hünärmenlerimiz işini-güýjüni taşlap, şuña ýöneldiler. Edil häzir Siriýa babatda näçe köp zat aýdylsa, näçe boş gürlense, şonça-da köp ünsi çekýärsiñ we jemgyýetçilikdäki meşhurlygyñam artýar. 2021-nji ýylyñ tomsunda Taliban häkimiýet başyna gaýdyp gelende-de şunuñ ýaly bolupdy we hemmeler şobada Owganystan boýunça bilermenlik satypdy. Meniñ özüm Owganystanda önüp-ösen türkmen bolanymdan soñ, doglan ýurdum barada birgiden ýalan-ýaşryk zatlaryñ aýdylýandygyna şaýat bolupdym. "Professor", "doktor" ýaly ylmy atly akylly-başly adamlara çenli owgan halkyna agza alyp bolmajak hapa-paýyş sözleri aýdypdy. Bu meni elbetde juda gynandyrypdy. Indem Siriýa boýunça-da ýene şol spektakl gaýtalanýar. Heniz HTŞ lideriniñ adynyñ nähili aýdylyşyny bilmeýän professorlarymyz, howpsuzlyk bilermenlerimiz mawy ekranda täsin zatlary samrap başladylar. Iñ akylly-başlyraj alymlarymyzdan professor Ülkü Deniz Arybogan Okan Baýülgeniñ telegepleşig8nde HTŞ barada düşündiriş berende ýanynda oturan taryhçy alym Ilber Ortaýlydan "Jolani diýäýelimi?" diýip soraýar. Hamana Ilber Ortaýly ondan köp bilýän ýaly... Baýülgen nämüçindir "toparyñ başlygynyñ adyny nädip aýtmalydygyny bilmeýän bolsañ, bu barada nädip munça zatlary aýdyp bilýärsiñiz?" diýip soramaýar. Aslynda Okan Baýülgen türk jemgyýetçiliginiñem ýakyndan tanaýşy ýaly açyk sözli, gönümel adam. Emma ol megerem "professor", "doktor" ýaly ylmy atly myhmanlaryny sylap şeýtmeýän bolarly. Garşysynda mankenler ýa aýdymçylar duran bolsa, ýeke sekunt hem ikirjiñlenmezdi. Professor Arybogan "Hamasdyr" "Hizbullahyñ" liderlerini-de Eýranyñ öldürdendigini, hatda Nasrullagyñ oturan ýeriniñ koordinatlaryny Ysraýyla Eýranyñ berendigini öñe sürýär. Dogrusy, şeýle wakalar bolup geçen wagtynda bu barada türk mediýasynda hem köp zatlar ýazyldy. Emma bu aýdylanlaryñ ýekesi-de tassygyny tapmady. Eýsem Eýran nämüçin beýtsin? Ysraýyl "Hamasyñ" we "Hizbullahyñ" goluny-ganatyny döwenden soñ, Eýranyñam agzyny-burnuny gara gan edip taşlamadymy? Eýran özüni jümle-jahana masgara etsin diýip bersinmi Ysraýyla şeýle maglumatlary? Eger Eýran Ysraýyl bilen ýeñ astynda işleşýän bolsa, onda näme sebäpden Ysraýyl Eýrany bir käse suwda bogmaga synanyşýar? Iñ esasysy-da Eýran Ysraýylyñ soñky hüjümleri bilen "Hamasdyr" "Hizbullah" ýaly taşeronlaryny hem-de dünýädäki at-abraýyny ýitirmedimi? Çaýhanalarda, sertaraşhanalarda ýa-da taksä münülende dünýä syýasaty boýunça her dürli çaklamalary edip bilersiñiz. Bu bolup biläýjek zat. Emma "professor", "doktor" ýaly ylmy atly biri, gapdal ýanymyzda bolup geçýän wakalar barada mawy ekranda düşündiriş berende, üstesine hünärmen we bilermen sypaty bilen beýle esassyz agzyna gelen zady aýdyp bilermi? Alym diýeniñ möhüm pikirleri orta atanda sagdyn we ygtybarly çeşmelere salgylanmaly dälmi? "Şeýle kellä şeýle sertaraş" diýýän bolsañyz-a, siziñkem bir tarapdan dogry. Çünki jemgyýetimiz çyn bilen ýalany seljerip bilme ukybyny birmahal ýitirdi. Näçe köp agzyña gelen zady aýdyp bilseñ, şonça-da köp çapak çalyp garşylanýañ we sylanýañ. Çynymy aýdýaryn: edil häzir Türkiýedäki ýokary okuw jaýlarynda goralýan kandidatlyk we doktorlyk dissertasiýalarynyñ 90%-iñ ýeke şaýylyk gymmaty ýok, barsy zir-zibilden ybarat. Ýagny ondan-mundan toplanyp, kopiýalanyp, göçürilip alynýar. Içinde özboluşly maglumatlary we täzeçe metodikalary orta atýan ylmy-barlag işi ýok diýen ýaly. Muny nirden bilýän diýseñizläñ? Soñky birküç ýylda onlarça talyp pikirimi bilmek ýa-da düzetdirmek üçin maña kandidatlyk we doktorlyk dissertasiýalaryny iberdiler. Ullakan lapykeçlige uçrandygymy aýdyp bilerin. Meniñ elbetde ne-hä kandidatlyk, ne-de doktorlyk dissertasiýam bar. Muña garamazdan Germaniýada möhüm edaralaryñ birinde Orta Aziýa boýunça hünärmen we geñeşçi bolup işleýärin. Ynansañyz, işleýän ýerimde Owganystan we Orta Aziýa boýunça şol ýerlerden adandygyma garamazdan, hatda meni-de haýran galdyrýan maglumatnamalary we ylmy işleri görýärin. Türkiýede bolsa ylmy jemgyýetçilik meseläniñ özenine, düýbüne aralaşmak we hakykatdan der döküp, zähmet çekip gözlemegiñ, barlamagyñ, öwrenmegiñ, bilmegiñ ýerine köre-kör, gulakdan eşitme maglumatlar bilen başdansowma gürrüñleri edýär. Ýokary okuw jaýlarymyzyñ bütindünýä sanawynyñ iñ gowy ýüzlügine girip bilmeýändiginiñ sebäbi-de şu. Siriýa barada aýtsak, men türk ylmy jemgyýetçiliginde Siriýa boýunça hakyky manysynda ýeke bilermen bardyr öýdemok. Elbet Siriýa birküç gezek gidip-gelmek bilermenlik hasaplanýan bolsa, onda bilmedim... Siriýada edil häzir tapmaça ýaly ýagdaý bar. Göräýmäge biz üstün çykan ýaly. Howpsuzlyk gullugynyñ başlygy Ibrahim Kalynyñ Şamdaky "Emewi" metjidinde namaz okamagy, HTŞ lideri bilen gol tutuşyp gezmegi we ş.m. Topalañ iki hepde öñ başlanda, türk mediýasy Türkiýäniñ goldaýan Siriýa Milli Goşunynyñ Halaba we Şama süýşýändigini buşlapdy. Emma soñ häkimiýetiñ üstüne gaýdanyñ biziñ goldaýan goşunymyz däl-de, hiç kimiñ garaşmadyk topary HTŞ bolup çykdy. Indem biz Şamda Ibrahim Kalyn we Hakan Fidan bilen pakgaryp ýörkäk, ysraýyl tanklary Şamyñ 20 kilometr ýakynlygyna geldi. Ýöne nämüçindir muña gañrylyp seredýän ýok. Şatlykdan, boş galmagaldan, şowhun-şagalañdan ýaña hiç kim abanyp gelýän howpy görenok. Bir döwür Erdogan "Siriýanyñ territorial bitewiligi biziñ goragymyz astyndadyr" diýýän manyda boş öwnüpdi. Ysraýylyñ tanklary Siriýa girdi welin, indi ondan ses-seda çykanok. Hemmeler HTŞ-ny Siriýanyñ täze dolandyryşy hökmünde kabul etmäge taýýara meñzeýär. Emma ortada bir mesele bar: ABŞ ÝPG-ä şunça çykdajy edensoñ we amerikan serkerdeleri ÝPG lideri bilen günde-günaşa duşuşyp, olary goldaýandygyny mälim edip durka, Waşington hakykatdanam kürtlerden çekermikä? El çekmedik ýagdaýynda ÝPG nädip Siriýadaky täze hökümet bilen aýakdaş gitmeli? Ankaradan çykýan "Öleris welin, ÝPG-ny kabul etmeris" diýen ýaly seslere-de señrik ýygryp garamalydygyny pikir edýärin. Ruhany Branson wakasyny ýadyñyza salyñ, Erdogan "Biz şu wezipede otyrkak, hiç kimse şol terrorçyny elimizden alyp bilmez" diýipdi. Erdogan häzirem wezipesinde otyr, ýöne Bransonyñ salnan gözeneginde ol ýok. Elbetde, bütin bularyñ barsy her gezek aldanjakdygymyzy, oýnaljakdygymyzy añkatmaýar. Men diñe "süýtde agzyñ bişensoñ, suwy üfläp içsek" gowy boljakdygyny aýdýaryn. Hernäme-de bolsa, ata-babalarymyz "iñ soñundan gülen gowy güler" diýipdir. Siriýada daşlar ýerbe-ýer oturandan soñ hakykatdanam gülüp bilermikäk, meni şo gyzyklandyrýar. Esedulla OGUZ, Germaniýada ýaşaýan türkiýeli türkmen žurnalisti. Duşenbe, 16.12.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |