13:57

Eýrana näme bolarka?

Publisistika
Категория: Publisistika | Просмотров: 517 | Добавил: Gökböri | Теги: Esedulla Oguz | Рейтинг: 4.0/5
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 9
0
1 Ependi  
284
Eýrana hiç zadam bolmaz. Şol "howf-howfy" bolar iki aralykda. Ysraýylyň tutýan tutumy gaty uly aňyrdan gaýdýan ýaly. Ýagny, bul-a hiç, (bu hiç bolarmy, ne giden bigünä ynsanlar gitdi..) entek ýene görerler diýjek bolýan, agzybirlik bolmasa. Ysraýyl bu ýerde "jöw-jöwüň" roluny ýerine ýetirýärmi ýada ýewreýligini edýärmi, doly aýdyp biljek däl. Rus-Ukrain urşundan peýdalanýan bolmagam ahmal. Sebäp, dünýäniň göz ýumup synlap oturyşyndan çaklaýar. Bularam öz etjegini edýär. "Dagdan arkasy bolanyň, daşdanam ýüregi bolar" diýlişine barýar. Aňyrsynda dag ýaly Amerika dur, bas, öňe diňe.
Dogrusy, musulmanlar bir millet ýaly bolmaly. Oňa seretseň, Eýran bilen Arabystanam agzala, aslynda her kim özüni oňarsa kaýyl. "Ol eşekde ýüküm ýok, ýykylsa habarym ýok", bulam şoňa barýar. Çingiz hanam Horezmi şu ýagdaýlardan peýdalanyp ýykypdy.

0
2 Moderator  
1471
Eýran bu gezek "howf-howf" etmedi, Binýaminiñ syrtyndan mazalyja dişledi öýdýän. "Demir gupbalary" eleme-deşik boldy, Tel-Awiw zagyrdaýar... Yzy nähili bolar, bilmedik ýöne. Biziñ pikirimizçe maý bermeseler gowy boljak ýaly. Jogap ýeterlikmi, elbetde däl. Ýöne döwlet hökmünde Ysraýyla hüjüm etme batyrlygyny diñe Eýran görkezip bildi. Muny gutlamak gerek. Bärde diñe bir "howf-howf" edýän bar, olam - Erdogan :)

* * *

Azeri gardaş Pezeşkiýan parhlylyk etdi, tamany ödedi. "Araplar biziñ doganymyzdyr" diýdi. Muña jogap edip ABŞ bilen ýakyn harby hyzmatdaşlykdaky Saud Arabystany, Katar, Ýemen hem öz çäklerinden amerikan hüjümlerine ýol bermejekdiklerini we bitarap pozisiýada durjakdyklaryny mälim etdiler. Ýagny, "Ysraýyly urubildigiñçe, urup bilersiñ, eýranly gardaş" diýdiler. Erdoganam Injirlikdäki amerikan bazasyny, Kürejikdäki ballistik raketalara garşy amerikan radar stansiýasyny ýapma gaýratyny görkezip bilse, Binýaminiñ goly-ganaty kesilýär onnoñ...

0
6 Ependi  
284
Wah, şuňa türkler goşulanok, Ärdoganyň ýeke buýrugy ýetik. Olam bular ýaly syýasatdan gaçarak duranny kem görenok. "Hany göreli bakaly, soňy näme bolýarka" diýen ýaly edýärmi. Aslynda, Ärdogan ynsanperwer adam, Siriýadaky bosgunlaryň ne giden millionyny öz ýurduna aldy. Owgan, Päkistan başga-da kän. Iş gözläp barýan raýatlara sesini çykarmady, isle haýsy döwlet-millet bolaýsyn. Edibilen kömegini etdi. Aýtjak bolýanym, Ärdogan mydama bitaraplygyny saklaýar. "Bitarap bolaýşyny" diýjeklerem kändir, sebäbi ol kürtlere geçirimlik edenok. Kürtler olaň ownuk territoriýasyna eýelik çykmakçy bolsa, bulam gaýtargysyny berýär. Sebäp, bu öz ýurduň ahyryn, goramaga hakly. Umumy aýdylanda, türk lideri bular ýaly sanaşma kellesini goşasy gelenok. Wagt görkezer galannam, ýa eýläk ýa beýläk borda. Tumşuk kakmaň yzynda durup bilseň diý, ana şonuň aňyrsy kyn. "Jöw-jöwi" bir gyra depdiň diýeli, aňyrsynda ýatan "hyrlaýana" näme jogap berjek. Muňa hemme-de düşünip otyr, gaty bir, syýasatdan nol bolmadyk kişi bolsa.
Men başga zady aýtjak bolup otyrdym, düşündirjek bolup giitdi öýdýän aňymdan bulam. Şeýtan kakdy dilimden. Borla, zyýany ýok, soňkylarda ýatlasaýarys.Ýöne, näme diýeýin, ýene aýdýan. Dünýe synlap otyr muny, görmezlige salyşlaryna haýran.

0
7 Moderator  
1471
Mekdebi ýañy tamamlan wagtlarymdy.
Bir gezek goñşy hem deñ-duş oglanlaryñ biri mellegine giren sygyrlaryñ biriniñ üstüne solýarka döküp otlanyny gözüm bilen gördüm. Janaweriñ ot-alaw bolup janhowluna ikiýana urunyşy häzirem göz öñümden gidenok. Sygyr aman galdy. Ýöne derisi gara-ört. Janawer kän kösendi...
Sygryñ eýesi onuñ üstünden arz etdi. Ony otlan oglan hem kes-kelläm boýun almady. Muny meñ görendigimi çaklap onuñ ýany bilen gelen obanyñ uçastkowoýy hem menden sygyr janaweri kösän gurrumsagyñ üstünden şaýat hökmünde düşündiriş bermegi haýyş etdi. Ikisi iki ýerden uly boýlaryny kiçeldip haýyş etselerem, men muny görmändigimi, şonuñ üçinem düşündiriş berjek däldigini aýdyp, haýyşy bitirmekden ýüz öwürdim. Uçastkowoý sözüniñ arasynda raýat hökmünde düşündiriş bermäge borçludygymy ýatladyp, zor bilen görkezme almaga synanyşsa, menem oña ýeñ bermän, görmedik-bilmedik zadym üçin zor bilen düşündiriş almaga hakynyñ ýokdugyny aýdýardym. Düşünişip bilmedik. Garaz, olaryñ işi bitmedi. Sygryñ eýesi şonda:
- Wah, jan inim, düşünýän saña-da. "Biriniñ ýüzüne durmak - adam satmak bilen deñ" diýen düşünje bilen şeýdýäñ. Bu, adam satmak däl ahyryn. Goñşyñdyr, deñ-duşuñdyr, ýüz görýänsiñ, bilýän. Dilsiz-agyzsyz mala jebir çekdiren bu wyždansyzyñ häzir temmisini berdireli. Ýogsam, şu gün meñ sygrymy otlan bolsa, ertir señkini otlar, soñ ýene birinkini. Meñ üçinem etme, sygyr janawere nebsiñ agyrsyn...
Goñşularyñ biri wakany gözi bilen görendigini aýdyp düşündiriş berse-de, ýeterlik däldi. Sebäbi düzgün bozujynyñ etmişini boýun almagy we wakany görendigini aýdýan azyndan iki şaýadyñ görkezmesi gerekdi.
Näçe jan etselerem netije bermedi. Bialaç yzyna dolandylar.
Ýöne onuñ aýdýany dogrudy. Sygry otlan oglan soñam dek gezmedi. Ol öñem hakyky ejize ganym diýilýänlerdendi, soñam şo bolşundan üýtgemedi. Esasanam özünden güýji asgyn geljek ýaşkiçilere gün berenokdy. Obanyñ adamlary-da uruş-sögüşden gaça durjak bolup, sähel zadyñ üstünde ýakalaşmajak bolýardy. Ýogsam bolmasa, gaty degnasyna degiberseñ seni ýeriñde oturtjak adamlar kän. Obaçylykda hemme adam biri-birine ýakyndan-daşdan garyndaş-dogan. Sähel zadyñ üstünde urşup-sögüşmek halanmaýar. Zat diýilmeýänini bilibem bolşundan bäşbeter çişýärdi. Dogrusy, özünden gorkulýandyr öýdýärdi.
Birnäçe ýyl geçenden soñ obanyñ toýlarynyñ birinde maña sataşdy duruberdi. Men hem ýaş praktikant. Gep çekjek gümanym ýok. Içgili ýagdaýda zol dyzap dur. "Bar, işiñ bilen bol. Gelme meñ ýanyma" diýseñem, düşünenok. Ahyr bolmady. Bir urguda ýere serreldi gitdi. Şobada elini bölek-büçek ýüp bilen dañyşdyryp, gijäñ ýarynda etrap merkezine äkitdim. Sud onuñ hereketinde köpçülik ýerinde ownuk bozgakçylyk etmegiñ alamatlary bar hasap etdi we jemgyýetçilik borjuny ýerine ýetirýän işgäre bilgeşleýin garşylyk görkezmäge synanyşandygy üçin ýedi gije-gündiz adminstratiw tussaglygyny berdi.
Bu wakadan soñ ondan çekinibräk gezýän ýaş oglanlaram çekinerlik zadyñ ýokdugyna, şular ýaly "degene degip, degmedige kesek atyp" gezýänlere gorkman jogap bermelidigine düşündiler. Netijede ol adam ogluna ýersiz yrsaramasyny goýdy. "Taýak bir dälini ýola getirmiş" diýleni boldy. "Taty urmasañ, dost bolmaz".

* * *

Men bu kiçijik wakany nämüçin ýatladym. Il-günüñ asudalygyny bozýan näkeslere garşy sygryñ eýesiniñ aýdyşy ýaly, görmezlige-bilmezlige salmaly däl, bilelikde göreşmeli. "Ol eşekde ýüküm ýok, ýykylsa habarym" ýa-da "Meni çakmadyk ýylan müñ ýaşasyn" etseñ, onda ol ýylan aýlanyp-dolanyp ahyr bir gün özüñi çakýar.
Ysraýylyñkam şoña meñzeýär.
Arap ýurtlarynyñ öz agzy bir bolsa, başga musulman ýurtlaryñ etjek kömegine hajat-da ýok. Gynansak-da, olaryñ özi it bilen pişik ýaly... Binýamin pursatdan peýdalanýar. Diktator diýip näletlenen Saddam Hüseýindir Muammar Kaddafy ýaly gylyjyndan gan damdyryp duran liderler bolanlygynda Ysraýyl bumat hininden kellesini çykaryp bilmezdi.

* * *

0
8 Moderator  
1471
Erdoganyñam alyp barýan syýasaty düşnükli. Ýersiz ýere halkyny uruşa sokmajak bolýar. Bitaraplygy saklamak iñ dogry syýasat. Atatürküñ "Üstüñe çozulmadyk ýagdaýynda uruş turuzmak jenaýatdyr" diýen sözi bar. Ýagny, biziñ garaşsyz we bitarap ýurdumyzyñ goşulyşmazlyk syýasatyndan we diñe goranyş häsiýetli doktrinasyndan dogry syýasat ýok. Ýurduñ asuda bolsa, dünýäñem asuda bolar.
Şeýle-de bolsa, Erdoganyñ daşary syýasatda ikiýüzli syýasat alyp barşy ony ýañsylamaga esas döredýär. Meselem, häkimiýetiñ habar beriş serişdeleri "Ganhor Ysraýyl!" diýip, gije-gündiz gygyryp dur, köçeleri mitinge çykan köpçüligiñ "Ysraýyla ölüm!" seslerinden iñleýär... Emma ýakynda "Palestina kömek" diýip ugradylýan haryt ýükli gämileriñ aslynda Ysraýyla gidýändigi ýüze çykdy. Şeýle ýagdaýyñ bardygy ýüze çykansoñam, portdan "Palestina kömek" diýip çykýan ýükli gämileriñ 5-3 km kenardan daşlaşansoñ, ýazgynyñ çalşyrylýandygy we Ysraýyl bilen söwdanyñ gyzgalañly dowam edýändigi belli boldy. Bigünä halky bombalaýan ysraýyl istrebitelleriniñ ýag-ýangyjyny, ätiýaçlyk şaýlaryny Erdoganyñ ogly Bilalyñ söwda gämileri daşaýar... Ýa-da Erdoganyñ döşüni sionistleriñ dakan "Gaýduwsyzlygy üçin" medaly bezeýär.
Uruşmagyñ geregi ýok. Uruş iki tarapyñam halklaryna betbagtlyk getirer. Binýaminiñem, Rejep beýiñem çagalarynyñ bitiniñ burny ganamaz. Ýene garybyñ çagasy ölmeli. Uruşsyzam çykalgasy kän. Belki-de, Erdogan boş haýbatlary atyp gury goh-galmagallary turuzyp oturmagyñ ýerine döşündäki şol näletsiñen medaly eliniñ tersi bilen goparyp zyñan bolsa we ABŞ-dyr Günbatar Ýewropanyñ Russiýa Ukrainanyñ üstüne çozanda edişleri ýaly Ysraýyl bilen ähli söwda gatnaşyklaryny ýatyryp, Ysraýyla garşy sanksiýa girizen bolsa, halkynyñ gözünde mundan has abraýly bolardy.
Elbetde, Türkiýe Ysraýyl bilen söwdasyny keseni bilen Binýaminiñ halky aç-hor galasy ýok. Ysraýyly ýarag bilen, bomba bilen üpjün edip oturan amerikan we günbatarly akgalary ülpetlerini aç-ýalañaç goýmaz, iýjek çöreginem berer geýjek geýminem.
Ýöne beýtmek bilen iñ bolmanda sapyñy belli ederdiñ, öz halkyñ we musulman dünýäsiniñ gözünde abraýdan düşmezdiñ.

0
3 Money  
1834
Eýran gowy jogap berdi, eger yzy üzülmese USA-ny ýene gorkuzyp biler. Soňky wagtlar Eýrana boş haýbatly ýaly garadylar. Kim bilýär, belki şunça egilişik etmekçi bolup uruş turmazlygyny isläp ahyrynda paltasy daşa degen bolmagam ahmal. Dogrusy bularyň hereketlerini ertir näme boljagyny prognozlaşdyrmak aňsat däl. Pikirimçe Eýranyň tarapynda Russiýa, Hytaý, DKR hem duran bolsa onda uruş çynyrgasa Eýran sebäpli Ysraýyl häzirki eýelänje ýerlerini elinden gidirmegem ahmal

0
4 Money  
1834
Düýn Gazagystanyň, bu gün bolsa Russiýanyň, Eýranyň, Päkistanyň, Mongoliýanyň, Özbegistanyň, Ermenistanyň prezidentleri we Tatarystan awtonom respublikasynyň prezidenti hemde Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy geldi. Hemmesem Oguzkent oteline ýerleşdirler, belki şol ýerde-de birnäçe gowy zatlar bolup biler.

0
5 pezzek  
1631
Eýran nähili jogap berdi? Geň görmäň täzelikleri okamok

0
9 Babyşgalaly58  
1794
Адамзадын мадды барлыкдан ясалан жандардыгна ынанмаян аздыр. Адам оглы мыдама мадды барлыгын ховесинде. Юрт ёлбашчысы болсун, сада дайхан болсун, бары илкинжи нобатда мадды барлыгынын абаданчылыгы учин херекете башлаяр. Инди мус-мусун мустафасыны айтсам:
- Хазирки ыслам довлетлери дийилйан юртларын аграмлы болеги дини мадды барлыкларыны пугтажа горап сакламагын, оны ызыгидер артдырмагын, оз шахсы бахбитлеринин пейдасына ишлейан гурала овурдилер. Ысламын эсасы меркези болан довлетлерин баштутанларынын дурли ёллар билен йыгнан мадды барлыклары, ягны пуллары дунйэнин ыслама дуйпден дахылсыз юртларын банкларында сакланяр. Ол банкларын аграмлы болегининем башлыгы кимлерлир ойдйэрсиниз? Элбетде, еврейлер. Эртекини ядыныза салын! Довун жаны ниреде? Довун жаны чуйшеде. Чуйше ниреде? Чуйше Бернде, Стокгольмда, Женевада. Ынамлы эллерде.. Абрам дайыларда... О дайылар озлерини Худайын огуллары хасап эдйэрлер. Гынансагам, бутин дунйани, шол санда Америка ялы юртларам эдил гуржак ойнан ялы ойнаманы башарярлар. Инди тас ярым асыр бэри "Не Гундогар, Не-де Гунбатар" дийип дунйэ жемгиетчилигине гошулман гелйэн ярым япык Эйрана Алла яр болаверсин...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]