14:03 Türkiýäniñ sypdyran amatly pursaty | |
TÜRKIÝÄNIÑ SYPDYRAN AMATLY PURSATY
Publisistika
Respublikanyñ döredilen wagtyndan bäri Atatürküñ "Ýurtda parahatçylyk, dünýäde parahatçylyk" şygaryndan gyşarman gelen Türkiýe hiç wagt gözüni başga ýurtlaryñ çägine dikmedi we goñşularynyñ içerki işlerine goşulmakdan daşda durdy. Edil häzir munuñ onçakly dogry syýasat däldigini görýäris. Türkiýe hiç kimiñ territoriýasyna gyýa göz bilen seretmese-de, goñşulary Türkiýeden ençeme esse güýçsüz ýagdaýda-da oña duşmançylyk etmek üçin hiç bir mümkinçiligi sypdyrmadylar. Meselem, Bolgariýanyñ segseninji ýyllar türk etniki azlygyna garşy etmedigi galmady. Ýurt Gündogar blogynda (Warşawa pakty) we sowet howandarlygynda bolandygy üçin Türkiýe mejbury halda bolgar zulmuny sessiz syn edip oñmaly boldy. Yzyndan Ermenistanyñ we Günbatardaky ermeni diasporasynyñ meçew beren ASALA terrorçylygy möwç aldy we ýüzlerçe diplomatymyzy şehit etdi. Şeýle-de Ermenistan Agry (Ararat) dagyny öz ýeri hasaplaýardy. Gündogardaky goñşymyz Eýran onlarça ýyl PKK terroryna hemaýat edip geldi. Birnäçe türk intelligentine garşy amala aşyrylan teraktlarda Tähranyñ eli bardy. Muña garamazdan Türkiýe sowukganlylygy elden bermedi we Eýrana garşy jogap urgusyny bermäge synanyşmady. Günortamyzdaky Siriýa bolsa döredilen gününden bäri Hataýy özüne degişli hasaplap, ýer dawasyny edip geldi. Terrorçybaşy Abdylla Öjalanyñ hemişelik ştaby we mesgeni ol 1999-njy ýylda ele salnyp Türkiýä getirilýänçä Siriýanyñ çägindäki Bekaa jülgesindedi. PKK-niñ ikinji bazasy bolsa Demirgazyk Yrakdaky Kandil oblastydy. Ol ýerdäki kürt toparlary biziñ bilen hyzmatdaşlyk edýän ýaly bolup görünse-de, ýeñ astyndan gandüşer we jandüşer gardaşlary PKK-ny goldap geldiler. Ýakyn Gündogardaky ähli kürt toparlarynyñ ahyrky maksady birdi - olam sebitde ähli kürtleri öz içine alýan özbaşdak Kürdüstan döwletini gurmak. Gresiýa bilen gatnaşyklarymyzyñ ýagdaýyny-ha hemmeler bilýär. Burnumyzyñ aşagyndaky birnäçe adany ýaraglandyran Gresiýa bu edenlerini-de az görýän ýaly araçäk zolaklaryny amerikan bazalaryna öwürdi. Gürjüstandan we Häzirbegjandan başga ähli goñşularymyzyñ dil düwşen ýaly alyp barýan şeýlekin duşmançylygyna Türkiýäniñ sesini çykarman oturmagu dogrumydy? Elbetde dogry däldi. Türkiýe bütin bularyñ barsyna juda dar, çäkli garşylyklary berdi. Ýöne edip biljek has köp düýpli işleri bardy. Şeýle-de soñky otuz ýylda Türkiýäniñ eline altyna barabar amatly mümkinçilikler geçipdi. Meselem bularyñ biri birinji we ikinji Pars aýlagy urşundan soñ Yragyñ dargama prosesine girmegi we merkezi hökümetiñ örän gowşamagydy. Şular ýaly döwürde Türkiýe Yrakda Kerkukdan we Mosuldan ybarat Awtonom Türkmen awtonom oblastynyñ döredilmegini ýola goýup bilerdi. Şeýlelik bilen Türkiýäniñ guk ýanynda PKK bilen arasynda Ankara ýürekden we ruhy taýdan ýakyn aralyk sebit döredilip bilnerdi. Gaýtam tersine, Türkiýe Turgut Özalyñ döwründe ABŞ-nyñam goldawy bilen Demirgazyk Yrakda kürt hökümetiniñ emele gelmegi üçin arrygyny gynady. Demirgazyk Yrakda gurluşyk taslamalaryny alýan türk firmalary ol ýerde birnäçe howa menzilini, mekdepleri, hassahanalary, söwda merkezlerini gurup, kürt döwletiniñ fiziki gurluşyna goşant goşdy. Türk döwletiniñ edaralary-da müñlerçe kürt peşmergesine polisiýa we kommando hökmünde tälim berdi. Iki kürt toparynyñ wekilleri Ankarada ilçi derejesinde garşylandy. Muña derek yrakly türkmenlere öweý gardaş ýaly çemeleşildi. Türkiýe şeýle-de Demirgazyk Yrakdaky kürt hökümetiniñ kürtleri yzygiderli Kerkuga we Mosula ýerleşdirmek bilen bu iki gadymy türkmen şäheriniñ demografiki gurluşyny üýtgetmäge eden synanyşygyna-da sesini çykarmady. 2010-njy ýylyñ başynda Siriýada graždanlyk urşy başlanda, Türkiýe ol ýerde türkmen oblastynyñ döredilmegini ýola goýup bilerdi. Şeýtmek bilen öz araçäginde aralyk sebit döredip bilerdi. Muña derek Türkiýe nämüçindir araplara ýöneldi we olardan düzülen milisiýa otrýadyny gurdy. Ýogsam bolmasa, siriýaly türkmenlerden şeýle ýaragly toparyñ döredilmegi we Siriýa bilen araçäkdäki ähli türkmen oba-şäherleriniñ olaryñ golastyna berilmegi gerekdi. Wagty-sagady gelende we gerekli şertler dörände Yrakdyr Siriýada emele gelen awtonom türkmen oblastlary Türkiýäniñ düzümine goşulyp bilerdi. Şeýle ýagdaýda Türkiýe Ýakyn Gündogardaky garjaşyklykdan utuşly çykardy. Gaýtam Yragyñ we Siriýanyñ serhetlerinde Türkiýäniñ araçäk howpsuzlygy howp astyna girdi. Olam az bolýan ýaly 10 milliondan gowrak bosgunyñ ýüküni götermäge mejbur boldy. Türkiýe soñky ýigrimi ýylda Owganystandan gelen migrant akymlaryndanam dogry görnüşde peýdalanyp bilmedi. Ýogsam bolmasa etmeli zat şudy: puştunlar, täjikler, hazareýler ýaly asly owgan migrantlaryñ Ýewropa gitmegini añsatlaşdyrmak bilen özbeklerdir türkmenler ýaly türki gardaşlarymyzy yzygiderli görnüşde Yragyñ we Siriýanyñ araçäk zolaklarynda guruljak obalara ýerleşdirip bilerdi. Gerilla söweşinde juda tejribeli özbek-türkmen gardaşlarymyz goragçy hökmünde PKK-na garşy netijeli göreşerdiler we Türk Ýaragly Güýçleriniñem araçäkdäki ýüküni ýeñlederdiler. Şol sanda sebitdäki etniki gurluşam türkleriñ peýdasyna üýtgejegi we özgerjegi üçin Ankara ýene bir gezek bu işden utuşly çykardy. Şu ýerde-de Türkiýe öz döwlet bähbitlerine garşy pozisiýada durdy. Geçmişi garañky, eli ganly, hakynatutma näçe owganystanly bar bolsa, olaryñ hemmesine raýatlyk berdi, jaý berdi. Muña derek Türkiýäni özleriniñ ikinji watany saýýan we bu ýurda çäksiz söýgi bilen garaýan garyp türkmen we özbek gardaşlarymyzy gyraklady. Türkiýe Owganystan hakykatlaryndan şeýle bir bihabar welin, özleriniñ añyrsyny türki halk ýaly edip görkezen asly mongol hazareýleri başyna täç etdi. Sebäp hazareýler türkmenlere we özbeklere garanda agzybirdiler, hem-de agzylary bilen aş gatyklaýardylar. Ýogsam bolmasa pars dilinde gürleýän hazareýler Owganystanda Çingiz hantñ döwründen galan asly mongol halkdy. Hazareýleriñ iñ uly aýratynlygy - edil hameleon ýaly baran ýerlerinde islendik şerte görä reñklerini we tüýslerini üýtgedip bilmegi. Olar Eýranda özlerini pars, Türkiýede türk, Germaniýada ariýes hökmünde görkezýärler we şol ýeriñ ýerli halkyna ýakynlaşmaga synanyşýar. Maksat - özlerini kabul etdirmek we maksimum gazanç etmek. Hazareýler Türkiýede şeýle bir aktiw welin, türkler tarapyndan türkmenlerdir özbeklere garanda has gowy görülýär, ynam edilýär, goralýar. Ýogsam bolmasa, dinem, dilem, milletem hazareýleriñ piñlerine däl. Olaryñ gözüne diñe bir zat görünýär - olam köp pul gazanmak. Ýewropa ýurtlaryna giden hazareýleriñ aglabasy yslam geografiýasyndan daşlaşmagyñ-da berýän arkaýynlygy bilen köpçülikleýin ýagdaýda dinlerini üýtgedip hristianlyga geçmäge başladylar. Şeýle hakykatlardan bihabar Türkiýedäki türkçi toparlar bolsa kowumdaş hökmünde hazareýlede aýratyn gyzyklanma bildirýär. Gazaklardyr gyrgyzlar ýaly gyýyk gözli we paşşy burunlg bolandyklary üçin olary Orta Aziýadaky onlarça türki taýpalaryñ biridir öýdýärler. Sözümizi jemläp aýdanda, Türkiýe soñky otuz ýylda Ýakyn Gündogarda, Günorta Aziýada emele gelen garjaşyk we durnuksyz şertlerden iñ gowy görnüşde peýdalanyp bilýärkä, ilkibaşda howpsuzlyk, ykdysadyýet ýaly birnäçe ugurda munuñ külpetini çekmäge mejbur boldy. Indem Türkiýe ýerlerini barha giñeltmegiñ yşkyna düşen Ysraýyl belasy bilen başa-baş galdy. Aslynda bütin bu agzap geçenlerimiz üçin şindizem gijä galynanok. Entegem bolsa bir zatlary etse bolar. Yrakda, Siriýada türkmen oblastlarynyñ döredilmegi üçin mümkinçilik heniz bar. Owganystanly türkmen we özbek bosgunlary günorta-gündogardaky araçäk zolaklara ýerleşdirmek we olardan goragçy hökmünde peýdalanmak gijigene meñzese-de, bir zatlary edip bolardy. Görşüñiz ýaly, goñşularymyz islendik garjaşyklyk ýüze çykan pursatynda öz ýerlerini goramakdanam ejiz bolsa-da, adaty şertlerde bize garşy duşmançylykly syýasat ýöretmekden gaýra durmaýarlar. Ýagdaý şeýle boljak bolsa, biziñ üçin heniz puryja barka Daglyk Garabagda edenimizi Yrakdyr Siriýada hem edip bileris. Kowumdaşlarymyzyñ hak-hukuklaryny goramagyna ýardam etmek bilen özümizi-de gorag astyna aldygymyz bolardy. Beýleki bir ýoly bolsa, ýumurtga gapa urulýança garaşmak. Edil häzirki wagtda edişimiz ýaly. Esedulla OGUZ, Germaniýada ýaşaýan türkmen žurnalisti. Duşenbe, 28.10.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |