19:42 Dünýä Trampa garaşyp durka... | |
DÜNÝÄ TRAMPA GARAŞYP DURKA...
Publisistika
Illýustrasiýa: Klawe Rzeczy / Foreign Policy Bütin dünýäniñ demi tutulan ýaly 5-nji noýabrda ikinji gezek ABŞ-nyñ prezidenti saýlanmagyndan soñ Trampa garaşýar. Hemmeler onuñ susagyñ sapyny eline alyp, dünýäni haýsy ugra bulajagyny alada edýär. Amerikan halky umytly, dünýä bolsa aladaly. Sebäp Donald Tramp ugur-utgasyz adam bolşy ýaly, samsyklaç we kellesine taýak degen ýaly hereket edýän adam. Amerikan halky-da onuñ şu ornaşykly düzgüne we sistema garşy ýumruk salgap bilýän samsyklaç hereketlerini halaýar. Ilki bilen şuny aýdatyn: ABŞ edil häzir dünýädäki ýeke-täk supergüýç bolsa-da, meýdan boş däl, oña "gel bäri" edip biljek ownukly-irili birnäçe ýurt bar. BRICS klubyndakylaryñam barsy ABŞ-nyñ öñbaşçylygyndaky Günbatara egin deñlemek üçin bir ýere üýşen döwletler. Olaryñ maksady ilki bilen dollaryñ agalygyny soñlandyrmak, yzyndanam dünýä syýasatynda täze we alternatiw güýjüñ merkezine öwrülmek. Tramp boýunça iñ köp gyzyklanylan zadam, edil häzir bolup duran iki uruş we çaknyşyk boýunça näme etjekdigi: Bularyñ biri Ukraina, beýlekisi Gaza. Tramp ikisini-de makul görnüşde çözüp ýaraşygy ýola goýup bilse, Nobeliñ Parahatçylyk boýunça baýragyna mynasyp boljak üstünligi gazandygy bolar. Ýok, eger ýüzüne-gözüne çyrşasa, onda üçünji jahan urşunyñ oduny tutaşdyrar. Näme boljagyny öñünizdäki tomsa çenli belli bolar. Iñ erbet ähtimallygy pikir edeliñ we şoña görä nämeleriñ bolup biljekdigini göz öñüne getireliñ: Ilki bilen-ä, "Her şerde bir haýyr bar" diýen sözüñ bardygyny ýatlalyñ. Trampyñ şowsuzlyga uçramagy, belki-de uly we düýpli üýtgeşmeleriñ gapysyndan jyklatmagy mümkin. Aýdaly, Tramp Russiýanyñ garşysynda ÝB-ni ýeke goýdy. Şeýle bolanda ÝB Russiýa bilen ylalaşyga gelip, öz meselesine özi çözgüt tapyp biler. ÝB Russiýa bilen ikitaraplaýyn hormat-sylaga we ynama esaslanýan täze gatnaşygy ýola goýmak bilen ABŞ-ny yklymdan kowup, öz garaşsyzlygyny-da berkidip biler. Şeýlelikde goja yklym dünýäniñ syýasy arenasyna ABŞ-dan özbaşdak täze güýç merkezi bolup çykar. Ýakyn Gündogarda-da Gazadan soñ gezegiñ özlerine geljegine düşünýän Pars aýlagynyñ arap ýurtlary we beýlekiler Ysraýyl howpuna garşy birlikde hereket etmäge mejbur bolarlar ýa-da Eýrandyr Türkiýe ýaly ýurtlara ýakynlaşyp, ýaranlyk gurmaga ymtylarlar. Ýakyn Gündogardaky arap we musulman ýurtlaryñ aralaryndaky ownukly-ieili problemapary bir gyra goýup, jemlenmegi we güýç birikdirmegi ABŞ-nyñ sebitden kowulmagyny we Ysraýylyñ ýeke galmagyny añladýar. Bular birnäçe kişä bolmajak zatlar ýaly görnübem biler. Emma bir zady ýatdan çykarmañ, soñky ýyllarda dünýäde iñ bolmajak zatlar bolup geçýär. Meselem, bäş-üç ýyl öñ Trampyñ garşysyna birgiden aýyplamalaryñ we gozgalan derñew işleriniñ bardygyna garamazdan onuñ ikinji gezek prezident saýlanjagyny kim çak edip bilerdi? Ýa-da 2001-nji ýylyñ 11-nji sentýabr wakalaryndan soñ sumat bolan Talibanyñ ýigrimi ýyldan soñ täzeden häkimiýet başyna geljegini kim pikir-oýuna getirip bilerdi? Ýa bolmasa, ýarag meselesinde hemişe daşaryk garaşly Eýrandye Türkiýe ýaly iki musulman ýurduñ onlarça ýurda ýarag satjakdygyny kim aklyna getiriip bilerdi? Özüñiz bilýäñiz, Türkiýe onlarça ýurda bronemaşyn, tank, wertolýot, uçarmansyz dolandyrylýan istrebitel, dron satsa, Eýranam öz gezeginde Russiýa dron we raketa satýar. Bütin dünýäniñ başyna howp abandyrýan ABŞ-nyñ hem-ä Ýakyn Gündogardan, hemem Ýewropadan kowulmagy dünýä parahatçylygyny we halklaryñ asudalygyny üpjün etmek üçin hökmanylyga öwrüldi. ÝB ABŞ-ny ara salmazdanam Russiýa bilen Ukraina boýunça ylalaşyga gelip, kontinentde parahatçylygy we asudalygy ýola goýup biler. Meniñ pikirimçe, iñ makul çözgüt - Ukrainantñ Günbatar bilen Russiýanyñ arasynda aralyk zona bolup galmagy we hiç bir bloga goşulman bitaraplygyny saklamagy. Iki tarapam Ukrainanyñ içerki işlerine goşulmaly däl we ýurduñ garaşsyzlygyna hormat goýmaly. Bular ýaly çykalga Günbataryñam, Russiýanyñam, Ukrainanyñam bähbidine bolar. ABŞ-nyñ dünýäniñ elini-aýagyny çekip öz ketegine çekilmegi Russiýa, Hytaý, Hindistan, Braziliýa ýaly ýurtlaryñ isleýän zady. Trampyñ isleýän zady-da - ABŞ-nyñ baýlyklaryny dünýäniñ problemalary üçin saga-sola sowurmak däl-de, ýurduñ täzeden gurulmagy üçin harçlamak. Trampyñ täzeden häkimiýete gelmegi, belki-de dünýäniñ amerikan, ABŞ-nyñam jöhit boýunturygyndan sypmagyna sebäp bolup biler. Ata-babalarymyz "Bir kösençlik müñ nesihatdan ýagşydyr" diýip ýöne ýere aýtmandyr. Gazada bolup geçen gandöküşikli gyrgynçylyklar dünýäni dolandyrýan bir gysym jöhit kapitalistiniñ nämelere güýjüniñ ýetýändigini görkezdi. Bütin dünýä Gazada öldürilen neresse çagajyklara enelere aglaýan wagty, jöhit kapitalynyñ dikmesi bolan günbatarly liderler kejeñeklik bilen gyrgynçylygy aklamaga synanyşdy. Bütin dünýä bilen birlikde Günbatar jemgyýetçiligi-de indi jöhit boýunturygyndan çykmagyñ hökmanydygyny duýdy. Şeýdibem Şwesiýa, Norwegiýa, Ispaniýa, Belgiýa, Irlandiýa ýaly birnäçe Günbatar ýurdy Palestina döwletini resmi taýdan ykrar etmegi makul bildi. ABŞ-nyñ Daşary işler ministri Antoni Blinken we ÝB-niñ komissiýasynyñ başlygy Ursula fon der Leýen ýaly Ysraýylyñ tarapyny tutýan ýolbaşçylar islendik şertde nägileliklere uçrady. Jöhit kapitalynyñ Jorj Oruelliñ "1984" romanyndaky "Uly gardaş" ýaly dünýäni dolandyrmagy Günbatar jemgyýetçiligini özünden ymykly irizdi. Adamlaryñ gözýetimi giñedi we Ysraýyla arka durýan öz hökümetlerini tankyt edup başlady. Günbatar mediýasy heniz agzamaga milt etmese-de, Ysraýylyñ ady indi Ýewropada we ABŞ-da köçedäki adamlaryñ añynda terror we gyrgynçylyk bilen utgaşykly söze öwrüldi. Gazada çagajyklaryñ tike-tike bolan jesetleri bu golaýda adamlaryñ ýadyndan çykmaz. Adamzat bu gandöküşikli gyrgynçylygyñ jogapkärläri Netanýahudyr Gallant serb gassaby Miloşewiç ýaly Halkara Gaaga sudunda sud edilýänçä ynjalyk tapmasa gerek. Şeýle-de, Halkara Gaaga sudunyñ Netanýahuny we Gallanty tussag etmek hakda karar kabul edendigini-de aýtmak gerek. Belki-de bu karar ýerine ýetirilesi-de ýok, ýöne munuñ bilen Ysraýylyñ eden genosidi resmi taýdan hasaba alyndy. Netanýahu bilen Gallant indi iñ bolmanda dünýäde arkaýyn gezip bilmezler, iñ esasysy-da gaçgak we etmişli jenaýatkäriñ gorky-howsalasy bilen ýaşarlar, tä ölýänçäler. Dünýä Trampa garaşyp durka, her bir ýurt ýaly Türkiýe hem iñ erbet ähtimallyklara garşy eserdeñ bolmaly. Elbetde, täze dünýä guruljak bolsa, Türkiýe hem öz ýerini almaly bolar. Ýöne taýýarlykly we sak bolsak, iñ gowy ýeri eýeleme mümkinçiligimiz bolar. Esedulla OGUZ, Germaniýada ýaşaýan türkiýeli türkmen žurnalisti. Çarşenbe, 27.11.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |