20:29 Siriýada kim üstün çykdy? | |
SIRIÝADA KIM ÜSTÜN ÇYKDY?
Publisistika
Fotosurat: Bakr Alkasem / AFP Makalanyñ adyndaky soragyñ jogabyny gürrüñimiziñ soñuna saklamak bilen käbir kesgitlemeleri bermäge synanyşalyñ. Ilki bilen-ä geçen aýlaryñ dowamynda, hatda birnäçe ýyllap Siriýa boýunça düşündiriş berip gelýän "professor", "doktor", "otstawkadaky general", "pensiýadaky ilçi", "howpsuzlyk hünärmeni" ýaly goşadyrnak içindäki hünärmensumaklaryñ birine-de ynanmaly däldigini bildik. Ençeme aýlap mawy ekranda lakgyldap otursalar-da, ýekesi soñky on günde bolup geçen wakalary öñünden çaklap bilmedi. Emma olar häzirem utanman-uýalman akyl satmaklaryny dowam etdirýärler, halk hem harby çinlerine ýa ýörite atlaryna seredip, olaryñ gepini diñlemelidir öýdýär. Ýogsam bolmasa, siriýalylaryñ halaýan iñ gowy aýdymçysy kim, ol ýurduñ Ažda Pekkany, Jüneýit Arkyny, Filiz Akyny kim, arap, dürzi, kürt, nusaýri, türkmen ýaly etniki toparlaryñ arasyndaky iñ esasy aýratynlyklar nämede diýseñiz, hiç biri dogry-dürs jogap berip bilmez. Elbetde, Google-de kän wagtyñy giderip dümtünip oturmazdan... Siriýada kimiñ ýeñlendigi hemmelere mälim. Elbetde, Esed režiminiñ iñ uly iki howandary Eýran bilen Orsyýet. Şonsuzam Eýranyñ soñky 100 ýylda we belki-de ondanam öñräkden bäri hiç bir uruşda ýeñen ýerini gören ýok. Esaslandyrylan 1979-njy ýylyndan bäri yzyjy üzmän "Ysraýyla ölüm!" diýip, gygyryp gelen Eýran Yslam Respublikasy ahyrynsoñunda jöhit döwleti bilen garşylaşmaly pursat gelip ýetende gumbaýrakdan ýasalan ýaly duw-dagyn boldy, frontda ýeñilmek beýlede dursun, öz ýerini, hatda paýtagtyny gorap bilmedi. Atly-owazaly generallaryndan başlap prezidentlerine çenli birnäçe ýokary wezipeli eýranly ýa teraktda ýa-da şoña meñzeş heläkçiliklerde wepat boldy. Orsyýet üçin-ä Şamyñ elden gitmegi soñky birküç ýylyñ içinde Daglyk Garabagdan soñ alan ikinji urgusy ýa-da ýeñilgisi. Ýadyñyza salyñ, ysraýyl istrebitelleriniñ gaýta-gaýta Şamy bombalamagyna sesini çykarmaýan Orsyýet biziñ uçarlarymyzyñ Siriýanyñ howa çäklerine girmegine rugsat bermeýärdi. Ýagny günortamyzda bize dost ýaly görnensiräp, ýeñiniñ aşagyndan Günbatar bilen işleşen Orsyýet bardy. Elbetde, Orsyýet bilen Eýranyñ Siriýadan el-aýagyny çekmegi bize gowy boldy. Ikisi-de "beýle dostdan duşman ýagşy" diýip boljak iki goñşymyz. Şoñ üçinem Russiýadyr Eýranyñ ýeñilmegi biziñ üstün çykandygymyzy añladýar. Tersine Siriýada häzir anygyny onçakly bilip bolmaýan ýagdaýlary başdan geçirýärdik. Hawa, ÝPG terrorçy topary Şama giren bolsa, "bu ABŞ-dyr Ysraýyl ikisiniñ işi" diýerdik. Ýa-da Şamyñ gapysyna gelip dirän Milli Siriýa Goşuny bolan bolsa, "arkasynda Türkiýe bar" diýerdik. Eýsem-de bolsa hiç kimiñ çaklamadyk, düýnki güne çenli ady-sory eşdilmedik topar orta çykdy. Hemmeler "El-Kaidäniñ galyndysy HTŞ-niñ boljagy boldy, zat galmady" diýip durka, toparyñ bir ýerlerden göbegine basylan ýaly herekete geçip, az wagtda režimi agdarmagy hemmeleri haýrana goýdy. Elbetde, sahnanyñ añyrsynda kim ýa-da kimleriñ bardygyny heniz bilemzok. HTŞ ýaly berk dinçi toparyñ Siriýada häkimiýeti eýelemegi ABŞ-nyñam, Ysraýylyñam, Türkiýäniñem, ÝB-niñem, asla hiç kimiñ bähbidine däl. Topar bary-ýogy on günüñ içinde Şamy ele salyp biljek güýji nirden tapdy? Hakykatdanam, jogabyny bilesim gelýän sorag. Siriýa on ýyldan agan graždanlyk urşundan soñ häzirki taryhy prosesine girdi. Bu ýerde iñ esasy üns bermeli zadymyz - Siriýanyñ territorial bitewiliginiñ goralmagy, ikinjisi bolsa ÝPG-niñ howply topar hasaplanmakdan çykarylmagy. Ýagny guk ýanymyzda elmydama partlamaga taýýar granat durmagyny islemeýän bolsak, ÝPG hiç bir ýagdaýda täze siriýa režiminde ýer almaly däl. Beý diýdigim, kürtler döwlet dolandyryşyna gatnaşmaly däl diýdigim däl. Türkiýä duşmançylyk beslemeýän, biziñ ýerlerimize göz dikmeýän kürt taýpalart elbetde täze hökümet düzümine girmeli, girmäge mynasyp hem. Türkiýäniñ iñ üns bermeli zady, togsanynjy ýyllaryñ başynda Yrakda goýberilen ýalñyşlygy ýadyna salyp, bu gezek oýlanyşykly hereket etmegi, hatda öñki ýalñyşlygyny gaýtalamazlygydyr. Birinji Pars aýlagy urşundan soñ Yrakda özygtyýarly Kürdüstan hökümetu gurlanda, Türkiýe ol ýerdäki kowumdaşlaryny, ýagny Yrak türkmenlerini ýatdan çykarypdy. Eýsem-de bolsa ilki bilen Erbilde ABŞ-nyñ goldawy bilen awtonom Kürdüstan hökümeti gurlanda, Türkiýäniñem Mosuldan we Kerkukdan ybarat zolakda Yrak Türkmen awtonom hökümetini gurmagy gerekdi. Ýöne nämüçindir beýdilmedi. Häzir Türkiýäniñ otuz ýyl öñ goýberen bu ýalñyşlygyny düzetmegiñ wagty geldi. Siriýada täze režim gurlanda, Türkiýe siriýaly türkmen kowumdaşlarymyzyñ arkasynda berk durmaly, gerek bolsa olar üçin özygtyýarly hökümet zonasyny gurmaly. Beýtmek, Türkiýänin territorial bitewigi, aýratynam serhet howpsuzlygy üçin zerur. Ýagny gapdalymyzda bize ýürekden we ruhy taýdan ýakyn adamlaryñ, kowumdaşlarymyzyñ dolandyrýan sebiti bolsa, bizem hatyrjem bolarys. Ata-babalarymyz "Öý alma, goñşy al" diýip ýöne ýere aýtmandyr. Siziñ bilen köñül ýakynlygy bolan goñşyñyz bolsa, ömürlik hatyrjem bolarsyñyz, özüñizi arkaýyn duýarsyñyz. Siriýa häzirkizaman döwlet hökmünde gurlan gününden bäri bize gowy göz bilen seretmedi. Uzak wagta çeken osmanly häkimiýetini göz öñüne tutsak, muña belli bir derejede dogry düşünse-de bolar. Şeýle-de bolsa, Siriýanyñ biziñ respublikan taryhymyzyñ dowamynda özüniñ dargamaga meýilli döwlet gurluşyna seretmezden bizden ýer talap edýändigini, Hataýy öz kartasynyñ içinde görkezýändigini ýatdan çykarmaly däl. Şonuñ üçin bu gezek Siriýada ýüpüñ bir ujy biziñ elimizde bolmaly. Onunam ýoly gapdalymyzda Özygtyýarly Türkmen hökümetini döretmekden geçýär. Beýtmek bilen iki okda bir towşan awlarys, hem-ä serhet howpsuzlygymyzy berkideris, hemem kowumdaşlarymyzyñ hak-hukuklaryny kepillik astyna alarys. Siriýada üstün çykan biri bar bolsa, ol hem siriýa halkydyr. Siriýalylaryñ ýarym asyrdan geçen ganly Esed režiminiñ agdarylyşyny gutlamaga añryýany bilen haky bar. Siriýa halkynyñ bu hakly ýeñişe bolan buýsanjy gursagynda galmaz diýip umyt edýäris. Bütin dünýäniñ umydy uzak wagtlap parahatçylyga, asudalyga zar bolan bu betbagt ýurtda hemmeleri gujaklaýan demokratik düzgüniñ gurulmagy we ýurtdaky ähli etniki toparlaryñ agzybirlikde hem-de asudalykda ýaşamagydyr. Esedulla OGUZ, Germaniýada ýaşaýan türkiýeli türkmen žurnalisti. Sişenbe, 10.12.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |