02:25 Türkiýede jemgyýetçilik eroziýasy | |
TÜRKIÝEDE JEMGYÝETÇILIK EROZIÝASY
Publisistika
Türkiýe soñky ýyllarda uly jemgyýetçilik eroziýasyny (opurylyşygy) başdan geçirýär. Gadyr goýýan gymmatlyklarymyz günüñ şöhlesine erän gar tozgajyklary ýaly ýitip-ýok bolup barýar. Arkamyzy dirän ruhy we ahlak gymmatlyklarymyz gumbaýrakdan gurlan ýaly pagyş-para pytrap barýar. Indi kime ynanjagyñy, kime bil baglajagyñy biler ýaly däl. Her kim biri-birine duzak gurmagyñ, biri-birini büdretmegiñ, biri-birini aldamagyñ ugrunda. Şonuñ üçinem jaý, awtoulag, iş ýeri satyn alanda, hatda bazardan söwda edeniñde-de örän seresaply çemeleşmeseñ bolmaýar. Jaý satuwçy binýady gowşak gurlan jaýy size ýer yranmasyna dözümli diýip sokup bilýär. Awtoulag satuwçysy nogsanly awtoulagy kemsiz-kössüz diýip "gulagyña depip" bilýär, gök bazarda oturan satuwçy zaýalanan pomidorlary bildirmän sumkañyza atyp bilýär. Bu ýurtda gündelik söwda gatnaşyklarynda adamlary sokmak, kişi hakyny iýmek söwdanyñ hökmany talaby we aýratyn ukyp-başarnyk hasaplanýar. Adam sokmak medeniýetimize şeýle bir ornaşypdyr welin, muña höweslendirýän aýtgylar-da dilimize ýerleşip, nakyllaryñ ornuny tutup barýar. Iñ mälimlerinden käbirleri: "Döwletiñ maly doñuz, iýip bilmeýän doñuz" ýa-da "Bal tutan barmagyny ýalar" ýaly sözler. Iñ yzagalagyndan iñ ösenine - birnäçe medeniýet şertlerinde boldum. Üç medeni şertde ulaldym, ýöne ynanaýyñ, hiç birinde kezzaplyga, ogurlyga, aldawçylyga beýle aç-açan höwespendirýän jemgyýetçilik gurluşyny görmändim. Türkiýedäki şeýle jemgyýetçilik çöküşligi we eroziýasy, gynansak-da, "Meniñ işgärim etmeli işini gowy bilýär" diýen merhun Turgut Özal bilen başlady we şu günlere gelindi. Öñler, ýagny Özaldan öñki döwürde kimdir biri (ogurlyk, aldawçylyk ýaly) jemgyýetçilik we ahlak gymmatlyklaryna ters iş edende, goñşy-golam onuñ bilen salam-heligi keserdi, ony ýaşaýan ýerlerine goýmazdylar. Adamlar "göz haky" diýip, ýoldan geçip barýan ötegçilere hödür-mürähet ederdi, goñşular "ysy gidendir" diýip täze bişiren naharyndan bir jam nahary goñşusyna ugradardy (goñşokara). Ýa-da täze göçüp gelen birine "hoş geldiñ" manysynda nahar bişirilip äkidilerdi. Gynansak-da, bularyñ barsy geçmişde galdy... Türk jemgyýetçiligi çagşap barýar, munuñ bilen birlikde edara-kärhanalarymyzam çagşaýar. Birnäçe döwlet edarasy düýp funksiýasyndan gyşaryp, kommersiýa dükanyna öwrülip barýar. Iñ başynda-da saglygy goraýyş we bilim edaralarymyz bar... Hususy hassahananyñ ýa saglyk öýüniñ gapysyndan girip göräýiñ, ýöne kelläñiz agyryp barsañyz-da, gerek däl onlarça dermanlary ýazyp berip, jübiñizden müñlerçe lirañyzy goparmasalar yzyñyza goýbermeýärler. Lukman däldigiñiz üçin bu dermanlaryñ gereginiñ ýokduguny, ony diñe siziñ puluñyzy soýmak üçin edilýändigini subut edip bilme mümkinçiligiñiz ýok. Şonuñ üçin hususy hassahanalar şu meselede gaty arkaýyn hereket edýär. Ýöne kelleagyryñyzyñ ýönekeýje aspirin bilenem geçendigini göreniñizde ýagdaýa düşünersiñizem welin, edip biljek zadyñyz ýok. Hususy mekdeplerdir kolležleriñem köpüsiniñ şondan tapawutly ýeri ýok. Çagañyzy şeýle ýerlerde okatmak üçin birgiden pul töleýänsiñiz. Emma bilim berlişiniñ derejesi şeýle bir pes welin, çagañyz matematikadan ýönekeýje mysaly-da işläp bilýän däldir. Bilim edaralarynyñ arasynda iñ erbedi-de ýaşaýyş jaýlarynyñ arasynda açylan ýokary okuw jaýlary. Professor tanyşlarymyñ haýyşy bilen birnäçe ýyl mundan öñ şeýle ýokary okuw jaýlarynyñ birinde Owganystan boýunça çykyş edipdim. Şonda Owganystanda kimiñ kimdigi barada iki sagatlap gürrüñ berenimden soñam, iñ öñde oturan mini awtobusyñ sürüjisi ýaly eli tesbili, kelte boýly, dykyz biri: "Halypa, Talibanam türkmi?" diýip sorapdy. Menem jogap hökmünde "Biri iki sagatlap Leýli-Mejnunyñ kyssasyny gürrüñ beripdir, diñleýjileriñ biri iñ soñunda "Ýaşuly, Mejnun diýýäniniz gyzmy ýa oglan?" diýip sorapdyr. Señ soragyñam şoñka meñzeýär" diýenimde, zalda oturanlar wakyrda beripdi. Häzir teleýaýlymlar ýeke temada doly we dogry maglumatlary bilmeýän, muña garamazdan hemme temada pikirini beýan edýän professorsumaklardan, doktorsumaklardan, pensioner ilçisumaklardan, otstawkadaky generalsumaklardan, howpsuzlyk hünärmensumaklaryndan doly.... Düýn biri-birleri hakda agza alynmajak paýyş sözleri ýagdyran syýasatçylarymyz häzir gol tutuşyp gezýär. Düýn "hojaependi" diýip öñünde iki epilen, hatda adyny eşidende penjegini iligini urýan atly-owazaly žurnalistlerimiz we kommentatorlarymyz häzir oña "terrorçy" diýip agzyndan gelenini sögünýär. Ýa-da düýn "terrorçy", "watan dönügi" diýip näletlän adamlaryny indi "gahryman" yglan edýär. Bütin bu zatlara syn edip duran jemgyýetimiz bolsa sahnada kim bolsa, şoña el çarpýar. Hiç kim "Eý-ho, sen düýn bu adama "gahryman" diýip durduñ-a, indem "dönük" diýýäñ. Düýn "ak" diýeniñe bu gün "gara" diýýäñ... Nämüçin?" diýip soramaýar. Hiç kim "Sen, maşgalañ we ülpetleriñ baýap barýar, biz nämüçin diñe garyp düşýäs?" diýip soramalydyr öýtmeýär. Şeýle soraglary bermeýändigimiz, berip bilmeýändigimiz üçinem hiç birinji derejeli ösen ýurtlaryñ hataryna goşulyp bilemzok. Az sanly ýokary hilli uniwersitetlerimizde ýetişen müñlerçe ýaş oglan-gyzymyz ýurtda oñlulyk görmänsoñ, daşary ýurtlara gidýär, edaralaramyz galplygyñ, harsallygyñ, hili pesligiñ girdabynda urunýar. Bir ýanda harby-goranyş senagatynda, teleserial we kinomatografiýa pudagy ýaly sungat-döredijilik ugurlarynda dünýäni agzyna añkardyp bilen önümleri çykarýan parlak Türkiýe bar. Beýleki bir ýanda bolsa, aldawçylykda, hilegärlikde Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen ýaryşýan, hemme ýerinden peslik we harsallyk pürkülip duran Türkiýe bar. Bu ikisiniñ arasynda aldym-berdimli göreş gidýär. Haýsysynyñ üstün çykjagynu wagt görkezer. Biziñ paýymyza birinjisiniñ ýeñmegi üçin işlemek düşýär. Raýat hökmünde biziñ her birimiziñ öñünde şu mesele boýunça borjumyz we edip biljek köp işimiz bar. Geliñ, gowsy, ýurdumyzyñ birinji derejeli ösen ýurtlaryñ hataryna goşulmagy üçin egin-egne berip işläliñ. Esedulla OGUZ, Germaniýada ýaşaýan türkiýeli türkmen žurnalisti. Çarşenbe, 04.12.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |