20:01 Türkmenleriñ dil baýramy we Magtymguly buýsanjy | |
TÜRKMENLERIÑ DIL BAÝRAMY we MAGTYMGULY BUÝSANJY
Magtymgulyny öwreniş
Türküstanda türkmen dili we edebiýaty diýlende birinji ýada düşýän at XVIII asyr klassyky türkmen edebiýatyñ şahyry Magtymguly Pyragydyr. Magtymguly diýlende, uludan-kiçä her bir türkmeniñ gözleri uçganaklaýar, her kim beýik şahyrdan ýatda galan setirlerini we beýtlerini aýtmaga başlaýar. Başgaça aýdanda, Magtymguly diýlende akyp barýan suwlar durýar. Geçen sişenbe güni Zeýtunburnydaky türkmen jemgyýetçilik toparlary bir ýere jemlenip, hem-ä dil baýramyny hemem Magtymgulynyñ doglan gününiñ 300 ýyllygyny dabaraly belläp geçdiler. Dil baýramy diýmek bilen men 2001-nji ýyldan soñ Owganystanda gurlan respublikan režimi wagtynda türkmen diline berlen resmi statusyñ gürrüñini edýärin. Dabaraly medeni çärä Türküstanyñ her ýerinden gelenler bar bolsa-da, çäräniñ esasy gurnaýjylary Owganystan türkmenleridi. Çykyp geplänleriñ birnäçesi Magtymgulynyñ türmenleriñ durmuşyndaky orny, we roly, onuñ ene dilini gorqp saklamakdaky ähmiýetiniñ üstünde durup geçdi. Geplänleriñ arasynda iñ ünsi çekeni türkmen jemgyýetinde aýal-gyzlara has köp we has aktiw orun berilmelidigini öñe süren doktorant talyp Zeýnep Altyn Dahi boldy. Ýogsa-da, Magtymguly kim bolupdyr we ol türkmenler üçin näme sebäpden beýle möhüm ähmiýete eýe? 1733-nji ýylda Eýranyñ häzirki Türkmensähra welaýatynda Etrek-Gürgen derýalarynyñ arasyndaky Hajygowşan obasynda doglan Magtymguly diýseñ kyn döwürde ýaşady. Bir ýanda Hywa hanlygynyñ basyşlary, beýleki ýanda Eyran şasynyñ türkmenleriñ üstüne guraýan ýörişleri, şeýle-de türkmen tire-taýpalarynyñ arasyndaky agzalalyklar we özara dawa-jenjeller. Şeýle kynçylykly we galagoply döwürde Magtymgulynyñ iñ esasy üns beren meselesi türkmeniñ agzybirligi we jebisligi boldy. Magtymguly "haramhor mollalar" diýip, mal-mülküñ ýesiri bolan işan-mollalara we süýthorlara garşy-da göreşipdir, garamaýak ilatyñ hak-hukuklaryny gorapdyr. Zalym hökmürowanlary, dini öz bähbidi üçin ulanýan bihaýa din söwdagärlerini gazaply tankyt edipdir. Şol bir wagtyñ özünde hakyky yslamyñ tarapyny tutup, adamlara ýygy-ýygydan kyýamaty, hasap gününi ýatladypdyr. Adalatly, dogruçyl, wyždanly bolmagy ündäpdir. Geñ galaýmaly, sowet döwründe Türkmenistanda kommunistik ideologiýanyñ peýdasyna bolandygy üçin Magtymgulynyñ "orramsydan bolan haramhor begleri", mugthor işan-mollalary tankyt edýän şygyrlary öñe çykaryldy. Arassa yslamdan, kyýamat gününden söz açýan beýtleri bolsa ýaşyryldy. Magtymguly çagalygynda başlangyç bilimini ussat şahyr bolan kakasy Döwletmämmet Azadydan alypdyr. Orta bilimini Lebapdaky "Idris baba" medresesinde, ýokary bilimini bolsa Buharadaky "Gögeldaş" we Hywadaky "Şirgazy"medreselerinde alan Magtymguly arap-pars, çagataý dillerini öwrenipdir. Nyzamy, Fuzuly, Horezmi, Faraby, Biruny, Ibn Sina, Omar Haýýam, Möwlana Rumy, Nowaýy ýaly öñki döwrüñ şahyrlarynyñ we alymlarynyñ eserlerini düýpli öwrenipdir. Magtymguly medresede okap ýörkä öz obasyndan Meñli diýen gyza aşyk bolupdyr. Şol döwür Magtymgulynyñ ýañy goşgy ýazmaga başlan wagtlary eken. Inçemik, uzyn boýly, akmeñiz, ala gözli türkmen gözeli Meñliniñ jerene meñzeş näzikligi we ürkek hereketleri bilen ýaş Magtymgulyny otdan alyp oda salypdyr. Ýöne Meñliniñ agalary galyñ üstünde oñuşman Meñlini Magtymgula bermändir. Ýaş şahyr çeşmäniñ başynda we derýanyñ gyrasynda görüp, ogryn-ogryn sözleşen Meñlisinden jyda düşüpdir. Şonuñ üçinem ýygy-ýygydan düýşüne girýän Meñlisiniñ zaryny "Gözüme Meñli han görüner" diýen şygyrynda çekipdir. Magtymguly Meñlä gowşup bilmändir. Adata eýerip aradan çykan agasynyñ aýaly bilen goş birikdirmäge mejbyr bolupdyr we ondan doglan iki çagasy-da bäbejikkä aradan çykypdyr. Magtymguly Eýran şalygy bilen Hywa hanlygynyñ türkmen ýurdynda basybalyjylykly ýörişleri guraýan, türkmen tire-taýpalarynyñ arasynda ganly çaknyşyklaryñ bolýan, söweşde ýesir alynan müñlerçe türkmeniñ gul bazarlarynda satylýan, ezýet görýän, türkmen obalarynyñ ýakylyp külüniñ göge sowrulýan aşa muşakgatly döwürde ýaşapdyr. Şahyr halkynyñ başdan geçiren külpetlerini şygyrlarynda ajaýyp çeper beýtler bilen beýan edipdir. Başdan geçiren kynçylyklaryna garamazdan her dürli adalatsyzlyga garşy döş gerip garşy çykypdyr, ýöne hiç wagtam bugdaýreñk türkmen meñzindäki buýsanjyna, mertebesine çirk ýetirtmändir. "Magtymguly, sözle her ne bileniñ, Özüñe kemlik bil aýtman öleniñ" - diýip, her meselede pikirini beýan eden, elmydama hakykatyñ tarapynda durupdyr. Anyk maglumatlar bolmasa-da, Magtymgulynyñ 1783-nji ýylda aradan çykandygy çaklanylýar. Monumental gubura öwrülen soñky soñky aramgähi Eyranyñ Aktokaý şäherinde ýerleşýär we her ýylyñ maý aýlarynda müñlerçe türkmen tarapyndan zyýarat edilýär. Magtymguly häzir Orta Aziýadaky, Eýrandaky, Owganystandaky türkmenleri birleşdirýän iñ möhüm ähmiýetli umumy gymmatlyk bolsa gerek. Magtymgulynyñ şygyrlar diwanynyñ türkmenleriñ arasynda Gurhandan soñ iñ köp okalýan we başlarynyñ täjine deñelýän kitapdygyny aýtsak, öte geçdigimiz bolmaz. Türkmen jemgyýetinde okumyşyndan jahylyna, dindaryndan döwrebabyna, ýaşyndan garrysynda, başgaça aýdanda ýedi ýaşlysyndan ýetmiş ýaşlysyna uçdantutma hemmesi Magtymgulynyñ goşgularyndan birnäçe bendi ýatdan bilmeýäni ýokdur. Munuñam sebäbi beýik şahyryñ söýgiden sosial adalatsyzlyga, ýagşylykdan kyýamatdaky hasap gününe, beýik ýeñişlerden taryhy yza tesişliklere çenli hemme temada ýazanlygydyr. Başgaça aýdanda şahyr goşgularynda dürli temalarda gozgaýan pikirleri bilen hemmeleriñ göwnüni awlamagy başarypdyr. Jemgyýetiñ ählu gatlaklary tarapyndan halanmagynyñ sebäbi-de şu. Şeýle bolanlygy üçinem Magtymgulynyñ käbir şygyrlary gaýtalana-gaýtalana halk köpçüliginiñ arasynda nakyla öwrülip gidipdir. Dogrusyny aýtsak, Türkiýe respublikasyny türkmenlere ýat ýurt hasaplap bolmaýar. Şeýle-de bolsa ata watanlaryndan müñlerçe kilometr daşlykda ýaşaýan babadaşlarymyzyñ öz şahyrlaryny we akyldarlaryny hatyralap dil baýramlary uly joşgun bilen belläp geçmekleri, milli medeniýetlerine eýe çykmaklary gutlamaly ýagdaý. Ýaşasyn Türkmen dili we Magtymgulynyñ ölmez-ýitmez setirleri! Esedulla OGUZ, Germaniýada ýaşaýan türkiýeli türkmen žurnalisti. Penşenbe, 26.09.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |