17:47 Birinji derejä göterilmek gury hyýalmy? | |
BIRINJI DEREJÄ GÖTERILMEK GURY HYÝALMY?
Publisistika
Illýustrasiýa: Joui Gidone Içerde millionlarça adam ilkibaşda gün-güzeran derdi, soñam ýaşaýşyñ gymmatlygy, yzy üzülmeýän gymmatlaşyklar, ýaşaýyş jaý tölegleriniñ artmagy, täze salgytlar, okuw harçlary ýaly müñ dürli mesele bilen gidişip ýörkä, biz daşardan seredende düýbünden başga hili Türkiýäni görýäris: Günbatar ýaranlygyndadygyna garamazdan ýeri gelende we gerek bolanda ABŞ-dyr ÝB-niñ gañryşyna gaýdýan, Russiýa bilenem Ukraina bilen gatnaşyk saklaýan, ondan gowrak ýurtda harby baza we goşun saklaýan, soñky ýyllarda harby-goranyş senagatynda öñegidişligi bilen hemmeleri agzyna añk eden, Afrikada Fransiýadyr Angliýa ýaly ýurtlaryñ öñüni kesen we olardan rol ogurlaýan, regional güýjüñ ýetjek derejesine ýeten Türkiýe... Türkiýe üç ugurda hakykatdanam dünýäni agzyna añk eden we haýran galdyran sepgide ýetdi. Bulardan birinjisi soñky birnäçe ýylda harby-goranyş senagatynda bolup geçen üýtgeşmeler. Türkiýäniñ bu ugurdaky ýeten üstünligi häzir hemmeleriñ dilinde. Amerikan guramalarynyñ biriniñ çap eden soñky habarnamasynda Türkiýe uçarmansyz istrebitelleri (UI) we dronlary eksport etmekde Hytaýdan we ABŞ-dan ozup dünýä boýunça birinji orna ýetipdir. Ýadyñyza salyñ, mundan 15 ýyl öñem Türkiýe dron satyn almak üçin ABŞ-dyr Ysraýylyñ gapysyny kakýardy. Häzir bolsa UI-ler we dronlar, raketalar, tanklar, bronemaşynlar, wertolýotlar ýaly harby-goranyş senagatynyñ önümlerini otuzdan gowrak ýurda özi satýat. Ikinji üýtgeşme saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan ösüşler. Häzir Türkiýede saglyk turizmi pajarlap ösýär. Ýewropadan, Russiýadan, Arap ýurtlarynda saglyk turizmi üçin ýolagçy uçarlary hyryn-dykyn dolup Türkiýä gelýär. Gelýänleriñ kimsi saç ekdirýär, kimsi dişinu bejerdýär, kimsi-de estetiki operasiýa etdirýär. Bu boýunça işi düşüp gelen myhmanlar baha taýdanam, hyzmat edişleri taýdanam ýurdumyzdan göwnühoş bolup gaýdýarlar. Üçünji ugur bolsa kinomatografiýa we serial pudagy. Häzir Türkiýe 100-den gowrak ýurda serial satýar. Meksikadan Braziliýa, Päkistandan Gazagystana, Dubaýdan Liwiýa çenli birnäçe ýurtda türk seriallaryna tomaşa edilýär. Hatda köp ýurtda adamlar agşamky iş režimlerini we dynç alýan wagtlaryny türk seriallarynyñ ýaýlyma berilýän sagatlaryna görä kesgitleýär. Ýadyma düşýär, 2020-nji ýylda Owganystanda oba arçynlarynyñ biri "WhatsApp" toparyndaky ýazyşýan tanyşlaryna şeýle sms ýazypdy: "Şu gün agşam meni hiç kim bimaza etmesin, "Direliş. Ärtogrulyñ" täze seriýasyna tomaşa etjek". Bu üç ugurda gazanylan üstünlik türk raýatlaryny buýsandyrmazça däl. Diýmek, eger Türkiýe islese dünýä derejesinde alkyş okamaga mynasyp gowy işleri oñaryp bilýän eken. Käşgä, Türkiýe hemme ugurda şular ýaly bolaýsady... Gaýtam tersine, "ýa demrinden ýa kömründen" diýlişi ýaly dogry-dürs ýöredip bilmeýän, has takygy elimize-ýüzümize bulaşdyran birgiden ugur bar Türkiýede. Elbetde, bularyñ başynda hukuk gelýär. Türkiýe respublikasynyñ gurulmagynyñ üstünden ýüz ýyldan gowrak wagt geçendigine garamazdan şindizem hakyky manydaky demokratik hukuk döwleti bolup oñaranok. Kagyz ýüzünde hemme zat gülala-güllük ýaly, emma oña gyşarnyksyz amal edýän hukuk döwletinden welin atgaýtarym daşda gezip ýörüs. Göräýmäge hemmeler kanunyñ öñünde deñ, emma köp iş bu ýurtda tanyş-biliş, jañ, garyndaşlyk gatnaşyklary bilen bitirilýär. Şonuñ üçinem Türkiýede ýönekeý raýatlar häkimiýeti elinde saklaýan, wezipeli adamlar bilen ýakyn gatnaşyk saklamaga ymtylýarlar. Sebäp olar birdenkä başlaryna iş düşende özüni halas etjegiñ hereket edip duran kanunlar däl-de, wezipeli-ygtyýarly adamlar bilen açan gatnaşyklary we dostluklary boljakdygyny bilýärler. Şeýdibem pul berip wezipe satyn almak we tanyş-bilişparazlyk bu ýurtda hemmeleriñ bilýän, makullaýan hemişelik däbine öwrülip barýar. Häkimiýetde haýsy partiýa otursa oturybersin, bu däp hemme döwürde eserdeñlik bilen we üstünlikli dowam etdirilýär. Türkiýäniñ özüni juda ýaramaz görkezýän ikinji ugry ykdysadyýet. Gynansak-da, Türkiýe ençeme ýyl bäri inflýasiýa bilen gidişýär we güzeran gaýgysy bu ýurtda hroniki problema öwrüldi. Munuñam sebäbi önümçilige esaslanýan ykdysady syýasatynyñ ýoklugy, kök uran pul berip işiñi bitirtmek we wezipe satyn alma keselinden ýaña işiñ işbaşarjañ adamlara tabşyrylmaýandygy, munuñam netijesinde önümçiligiñ we hiliñ pese düşmegi we girdeji paýlanyşygynyñ bozulmagy. Häzir Türkiýede döwletiñ buýurýan gurluşyk we beýleki taslamalarynyñ köpüsini ýa-da hemmesini il arasynda "bäşli banda" diýlip tanalýan bäş uly firma alýar. Häkimiýet bilen ýakyn gatnaşyk saklaýan firmalaryñ-a jübüsi galñaýar, beýlekilerem batman-etmän zordan işleýär. Gazanany bezenenine ýetmän batýanlary we firmany ýapýanlary-da az däl. Munuñ özi baýlygyñ belli-belli adamlaryñ elinde jemlenmegine we ýurtda ykdysady deñagramlylygyñ bozulmagyna getirýär. Türkiýäniñ kemçilikli üçünji ugry bilim sistemasy. Ýurtda täze-täze mekdepleriñ we hususy uniwersitetleriñ açylýandygyna garamazdan bilimiñ hili barha pese gaçýar. Edil häzir Türkiýede 200-e golaý ýokary okuw jaýy bar. Bularyñ arasynda lap urup çaklanymyzda ona golaý uniwersitet Günbatar ülñüsinde, galanlary bolsa Päkistan we Bangladeş ülñülerinde bilim berýär. "Doktor", "dosent", "professor" ýaly atlar dagy çem gelene berilip ýör. Binalaryñ arasyndaky kiçi jaýlarda gysga wagtlaýyn we dil kurslarynyñ açylyşy ýaly uniwersitetler açylýar. Bu uniwersitetleri tamamlan ýaşlaryñ 95%-i harp ýalñyşsyz ýeke sahypa ýazgy-da ýazmagy oñarmaýar. Ýakynda hususy uniwersitetleriñ birinde doktorlyk dissertasiýasyny goran daşary ýurtly tanşymdan türk dilinde ibaly gepläp bilmeýändigine garamazdan nädip okuwy tamamlandygyny soranymda, ol köpmanyly ýylgyryp "Emeli añyñ jany sag bolsun, islän zadymy öz dilimde ýazýaryn, emeli añ terjime edip berýär. Soñ türk tanyşlarymyñ biriniñ eline berýärin, ol hem ownuk-uşak düzedişlerini girizýär. Şeýdibem işimi bitirýärin" diýdi. Gaty köp adam Türkiýäni gör nähili ýurtdyr öýdýär. Hawa, hawa, ol hakykatdanam pikir edilişi ýaly ýurt: bir ýandan-a käbir ugurlarda görkezýän adatdan daşary üstünlikleri bilen dünýäni agzyna añkardýar, daşary ýurtlularyñ göwnüni awlaýar we alkyşyny gazanýar, bir ýandanam akla-huşa sygmajak bolgusyzlyklary bilen Owganystan, Päkistan, Bangladeş ýaly üçünji derejeli ýurtlary ýada salýar. Eýsem-de bolsa, Türkiýe Atatürküñ kesgitlän ösen medeniýet derejesiniñ üstüne çykmak, has dogrusy Germaniýa, Ýaponiýa ýaly dünýäniñ birinji üç-dört ýurdunyñ hataryna goşulmak üçin näme etmeli? Aslynda etmeli zat belli. Ýoluñ ugrundaky päsgelçilikleri aradan aýyrmaly. Päsgelçilikleri aradan aýranyñyzda barmaly menziliñize gaty çalt ýetip bolýar. Ýeke pursatlyk üçin ýazgymyñ başynda aýdyşym ýaly harby-goranyş senagatynda, kinomatografiýa-serial sungatynda, saglygy goraýyş ulgamynda ýeten üstünligini hukuk, ykdysadyýet, bilim ulgamynda hem ýetilendigini göz öñüne getirip görüñ. Başgaça aýdylanda Türkiýede-de edil Germaniýada bolşy ýaly hemmeler kanunyñ öñünde berjaý edilişinde hem deñ bolsun, tanyş-bilişsiz iş ukybyna görä iş tapsyn, iş oñaryşyna görä aýlyk alsyn, bilim edaralary-da edil Şwesiýada ýa-da Norwegiýada bolşy ýaly ýokary hilli bilim bersin. Şeýle bolan ýagdaýynda Türkiýäniñ häzirki önümçiligi on esse ýokarlanar, adamlar edil Günbatarda bolşy ýaly has bol-elin we bagtyýar durmuşda ýaşamaga başlar. Suratda: Dünýä belli türk alymlary (çepden saga) Halil Inaljyk, Ugur Şahin, Özlem Türeji, Aziz Sanjar Ýatdan çykarmañ, eger biz çynymyz bilen islesek, iñ ösen ýurtlardanam has gowy üstünlige ýetip we dünýäni özümize añk edip bilýäris. Dünýäniñ dürli ýurtlarynda işleýän türk alymlary adamzada peýdaly oýlap tapyşlary edýär, ylmy-barlag işlerini geçirýär, munuñ üçin Nobel baýragyna mynasyp bolýar. Diýmek, gerekli tagallany edip bilenimizde we dogry ýoldan ýöränimizde bizem käbir zatlary edip bilýäris. Bir etmeli zat bar, olam - dogry işleri edip we hemmelerden köp işläp kemçiliklerimizi düzetmek, agsaýan ýerlerimizi bilmek we hemişe yzyndan içimizi çekip atman bilen seredýän birinji derejeli ýurtlaryñ yzyndan ýetmek. Beýle bolýan bolsa, nämä durus?!. Esedulla OGUZ, Germaniýada ýaşaýan türkiýeli türkmen žurnalisti. Duşenbe, 11.11.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |