00:34 Türkiýe Ýakyn Gündogaryñ Hytaýy bolubilermi? | |
TÜRKIÝE ÝAKYN GÜNDOGARYÑ HYTAÝY BOLUBILERMI?
Publisistika
Mälim bolşy ýaly, Hytaý häzir dünýäniñ haryt önümçilik merkezine öwrüldi. ABŞ-dan Germaniýa, Fransiýadan Italiýa çenli birnäçe Günbatar ýurdy awtomobil pudagyndan başlap gaty köp ugurda Hytaý bilen diñe bu ýyrtda önüm öndürip bäsdeşlik edip bilýär. Olam häzirlikçe. Ýakynda onam edip biljekleri belli däl. Günbatarlylaryñ Hytaýda önüm öndürmekleriniñ sebäbi - taýýar hünärmenleriñ köplügi, arzan işçi güýji, portlar, howa menzilleri, demirýollary, gara ýollar, fiberoptiki kabeller bilen ýurduñ çar künjüni gurşap alan güýçli internet aragatnaşygy ýaly sagdyn infrastrukturanyñ bolmagy we döwletiñ daşary ýurtly telekeçilere salgyt ýeñilligi ýaly birnäçe ýeñillikleri etmegi. Aslynda Hytaýda bar bolan zatlaryñ köpüsi Türkiýede hem bar. Millionlarça adamdan ynarat ýaş we taýýar hünärmen ordasy, arzan işçi güýji, zamanabal howa menzilleri, portlary, gara ýollart, demirýollary. Internet infrastrukturamyz-da diýseñ sagdyn we daşary ýurtly telekeçileriñ talaplaryny kanagatlandyryp bilýär. Dogrusy, demirýollarymyz Hytaýyñky bilen deñeşdirip bolmajak derejede yzda, emma ony-da 5-10 ýaly gysga wagtda talabalaýyk derejä ýetirip bileris. Biziñ iñ esasy meselämiz maýa goýumlaryny goýmaga höweslendiriş işleri. Daşary ýurtly telekeçilere Hytaý, Hindistan, Braziliýa ýaly biziñ bilen deñ hörpdäki ýurtlaryñ edýän ýeñilliklerinden has köp şertleri ýeñillikleri bermeli. Kanunlarymyza we mümkinçiliklerimize ýygy-ýygydan üýtgeşme girizip, daşary ýurtly telekeçileri ürküzmekden el çekmeli, tersine olara sagdyn kanuny infrastrukturany hödürlemeli we halkara kepillikleri bermeli. Şeýdip bilen ýagdaýymyzda Günbataryñ Ýakyn Gündogardaky maýa goýumlary bize tarap akyp başlar. Munuñ şeýle bolmagynyñ bir sebäbi-de - Aziýa bilen Ýewropanyñ arasyndaky köpri ýagdaýynda bolan Türkiýäniñ geografiki ýerleşiş şertidir. Günbatar kompaniýalary şobada guk ýanlaryndaky Türkiýä maýa goýumlaryny süýşürip, hem-ä geografiki hemem ykdysady taýdan birnäçe sebite arkaýyn we añsat aralaşyp bilýär. Aralygyñ gysgalmagy önümçiligiñ çykdajylaryny-da azaltjakdygy üçin kompaniýalaryñ bäsdeşlik güýjüni-de artdyrar. Ýeke pursatlyk üçin şeýle zady göz öñüne getiriñ: Mersiniñ Şanhaý ýaly uly haryt önümçilik merkezine öwrülendigini we bütin Ortaýer deñzi ýurtlartna gämiler bilen haryt ugradyşyny pikir ediñ. Antalýa uly turizm merkezi bolsa, Mersin bilen Adana-da bütin Ortaýer deñzine we ondanam añyrsyna öndüren harytlaryhy eksport edýän uly söwda merkezi bolsun. Birmeñzeş görnüşde Samsunyñam edil Dubaý ýaly Garadeñziñ kenarynda merjen deýin lowurdaýşyny we goñşy ýurtlara göz gypyşyny göz öñüne getiriñ. Samsun häzirki Stambul ýaly uly önümçilik, söwda, sungat we turizm merkezine öwrülsin. Ruslar, ukrainler, rumynlar, bolgarlar, gürjiler we beýlekiler gämiler bilen Samsuna günin gelip, söwda etsin, dynç alsyn. Söwdagärler, işewürler haryt almak üçin gelsin. Aslynda bularyñ barsy mümkin, özem gaty gysga wagtyñ içinde. Ýöne biz gerekli üýtgeşmeleri girizmeli we ýurdumyzy daşky maýa goýumlaryna amatly ýagdaýa getirmeli. Eýýämden Hytaý bilen düşünişip bilmedik gaty köp sanly günbatar firmasy zawod-fabriklerini göçürmäge amatly ýer gözleýär. Käbirleri Hytaýyñ ýakyndaky Wýetnam we Filippinler ýaly ýurtlara göçýär. Emma olaryñ infrastrukturalary biziñki ýaly sagdyn däl. Eger biz gerekli kanuny üýtgeşmeleri çaltlyk bilen girizip, bäsdeşlerimizden has a.atly maýa goýum ýeñilliklerini berip bilsek, milliardlarça dollarlyk daşary ýurt kapitalyny özümize çekip bileris. Bu bolsa millionlarça raýata çörek berer, iå berer. Türkiýäniñ ykdysadyýeti on, gatda on bäş esse güýçlendirer. Biziñ özümizem şeýle bolmagyny islemeýäsmi näme? Onda biz nämä durus? Elbetde, hiç zat şumatky aýdyp oturyşym ýaly añsat däl. Gynansak-da, Türkiýede durnukly syýasy we ykdysady şertler ýok. Kararlar ýygy-ýygydan we gündelik kabul edilip ýa-da üýtgedilip dur. Başlangyç bilim berýän mekdebiñ okuwçysynyñ garalama depderi ýaly gaty köp iş başdansowma edilýär. Bu bolsa daşary ýurtlylaryñ arasynda ynamsyzlyk döredýär. Muny ýeñip geçmek biziñ elimizde elbetde. Munuñ üçin ykdysadyýetimizi sagdyn binýatlara oturtmaly, işde öndümlilige we işbaşarjañlyga goldanmaly, wezipeli orunlara tanyş-bilişiñi we garyndaşyñy oturtmak ýaly Ýakyn Gündogara mahsus zyýanly ýörelgeleriñ soñuna nokat goýmaly. Dünýäde birinji derejeli ýurt bolasymyz gelýän bolsa, birinji liganyñ düzgünlerine laýyklykda işlerimizi ýola goýmaly bolarys. Onuñam ýoly hukuk döwletinden we demokratiýalaşmakdan geçýär. Stambul bilen Ýewropanyñ belli-başly şäherleriniñ arasynda göni otly gatnawlaryny açmaly. Gijäniñ ýarynda Sirkejiden ugran ýokary tizlikli otlynyñ ertesi irden Wenada, Berlinde ýa-da Parižde durandygyny göz öñüne getiriñ. Ýewropadanam islese daşary ýurtdaky ildeşimiz, islese ýewropaly raýat bolsun, islän wagty otlyñ biline münüp, Stambula gelip bilsin. Turizm, söwda ýa-da öz işi üçin. ÝB bilen gatnaşyklarymyzy düzeldip bilsek, bularyñ barsyny edip bolýar. Aslynda bütin bu zatlaryñ barsy edil häzidem belli bie derejede bolup geçýär. Stambulyñ täze howa menziline ýa-da Sabiha Gökçen adyndaky howa menziline giden wagtyñyz näme diýjek bolýanyma gowy düşünersiñiz. Iki howa menzili-de elmydama toý märekesi ýaly hyryn-dykyn, aýratynam Ýakyn Gündogarly we Balkan ýolagçylaeynyñ köp bolýan Sabiha Gökçen adyndaky howa menzilinde iññe zyñsañ ýere düşmeýär. zallar şeýle bir gelim-gidimli welin, kämahal dagy dem alar ýaly bolmaýar. Gaty köp adam (wiza ýaly) birnäçe emeli päsgelçilikleriñ goýlandygyna garamazdan uly höwes bilen Stambula gelýär. Kimsi gezmäge, kimsi saglygyny bejertmäge, kimsi söwda etmäge... Meniñ teklibim bolsa, muny ýokary tizlikli demirýoly bilen hasam añsatlaşdyrmak. Şeýdilende birnäçe sagat öñünden howa menziline gitmek, 2-3 sagatlap howa menzilinde garaşmak, şeýle kynçylygy gonanyñdan soñam başdan geçirmek gerek däl. Özümden mysal bereýin: Ýaşaýan şäherim Mýunhenden Stambula uçar ýolagçylygym iki ýarym sagat dowam edýär, emma bu meniñ aslynda 10 sagadymy alýar. Öýden howa menziline barýançam azyndan bir sagadym gidýär. Üç sagat öñünden howa menzilinde bolmaly bolýaryn. Iki sagadymam uçara münýänçäm geçýär, ýol iki ýarym sagat dowam edýär. Stambula gonanymdan soñam howa menzilinden çykýançañyz azyndan bir sagadyñyz, metro bilen gitmeli ýeriñize barýançañyzam ortaça iki sagadyñyz geçýär. Beýtmäñde sagatda 200 kilometr aşýan ýokary tizlikli otly bilen 10 sagatda Stambula baryp bolýar. Özem has rahat we keýpihon ýolagçylyk bilen. Türkiýede Ýakyn Gündogaryñ Hytaýy bolmak, ýagny sebitiñ haryt önümçilik we tehnologiki merkezi bolmak üçin gerekli şertleriñ köpüsi bar. Bärde bir etmeli zat bar, olam - muny durmuşa geçirip biljek güýç-kuwwat. AKP häkimiýeti gaty köp adamyñ pikir-oýuna gelmejek adatdan daşary taslamalary durmuşa geçirdi. Prezident Erdogan 2028-nji ýyla gelmänkä muny-da etse, ýagny ýurda 400-500 milliard dollarlyk daşary ýurt maýasyny çekip, Türkiýäni sebitiñ iñ uly önümçilik merkezine öwrüp bilse, ýurda soñky uly hyzmatyny-da edip gitdigi bolardy. Esedulla OGUZ, Germaniýada ýaşaýan türkiýeli türkmen žurnalisti. Duşenbe, 18.11.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |