19:37 Bir Erdogan galdy, birem Putin | |
BIR ERDOGAN GALDY, BIREM PUTIN
Publisistika
Siriýada esasy üstünlik gazananyñ Ysraýyldygyny ýanjan rus lideri Günbatara täsin "raketa atyşmagy" teklip etdi Näme diýipdi prezident Erdogan Gaziantepdäki "Ýaşlar bilen duşuşyk" gepleşiginde: "Dünýäde liderleriñ arasynda iki bolup galdyk. Häzir biri men, biri-de Wladimir Putin. Muny özümiñ bolandygy üçin aýdamok, bolan zady aýdýaryn. 22 ýyllap bu pukaranyñ işlän möhleti bar. Hem şonçarak-da ýoldaş Putiniñki bar. Galanlarynyñ hemmesiniñ yzyny ýel süpürdi". Bu "taryhy aýyklamadan" soñ "T24"-de alyp barýan hepdelik "Demirgazyk maglumatnamasy" wideoprogrammamda aýdanlarymy şu ýerdenem tekrarlaýyn. Erdogan käbir dostlarynyñ göwnüne degen bolmagy-da mümkin. Uzak wagtlap häkimiýetde oturybam “yzyny ýel süpürmedik" başgalar-da bar. Meselem, Ylham Alyýew Azerbaýjanda 2003-njj ýyldan bäri otyr. Erdoganyñ gowy görüşýän belarus lideri Lukaşenko otuz ýyl bäri häkimiýetde. Täjigistanda otuz iki ýyl bäri Emomali Rahmon kürsüsini hiç kime bermän gelýär. Elbetde, olardan has bek oturanlaram bar. Ekwator Gwineýasynda Teodoro Obiang Nguema 81 ýaşynda we häzirem "mähek daşy" ýaly 44 ýyllap otyr. Kamerunda Paul Bianyñ 41 ýyllap “yzyny ýel süpürmedi…" Erdogan uzak wagtlap häkimiýetde galmagy başaran (elbetde diñe şol nukdaýnazardan däl, ajaýyp ýolbaşçylyk ukyplary taýdanam) özi bilen Putini iñ ýokarky orna goýmak bilen, ABŞ-da köp bolanda iki möhlete saýlanyp bilýän liderlere-de ýokardan seredýärdi. Hany, nirde indi öñki liderler! Putiniñ öññin dört ýarym sagat dowam eden ýyllyk metbugat ýygnanyşygynyñ bir bölüminde Erdoganyñ sözlerini gülümsiräp ýatladym. Russiýanyñ prezidenti-de hamana öñki liderleriñ arasynda özi bilen deñ deprenişip bilmeýän hiç kim galmandygyny aýtjak bolýan ýaly geçmişiñ gatlarynda galan käbirlerini öwýärdi: Germaniýaly Gelmut Kol, fransiýaly Žak Şirak, italiýaly Silwio Berluskoni! Wah, nirde ol günler, nirde galdy şol liderler!.. Hä, birem Germaniýanyñ gowy görýän öñki kanslerini agzady: Gerhard Şrýoder... Täsin ýeri, Şrýoder Erdoganyñ kalbynda-da aýratyn orny bardy: "Gowy görýän ýene bir liderim Şrýoderdi. Şrýoderiñ bize bolan hormaty juda üýtgeşikde. Oraza aýynda meselem meniñ oturan stolumda piwo içmezdi. Şolar ýaly sylagly adamdy". Hiç kim ýalñyş düşünmesin, ýöne şu ýerde Putiniñ Erdogana garanda ýakynlygyny has gowy görkezen dostdugyny aýtmasam bolmaýar. 2005-nji ýylyñ 22-nji noýabrynda wezipesinden aýrylan Şrýoderi 2005-njj ýylyñ 9-njy dekabrynda ýokary aýlyk bilen "Gazproma" belledi. • Siriýada üstün çykan Ysraýyl Rus lideri metbugat ýygnagynda bir döwür Erdogan bilen yzygiderli aragatnaşykda bolandygyny we Türkiýäniñ Siriýada öz howpsuzlygyny ýola goýmak bilen birlikde millionlarça siriýaly bosguny yzyna ugratmak üçin iş geçirendigini aýtdy. Şeýlelikde soñky döwürlerde Russiýada käbir syýasatçylaryñ we žurnalistleriñ Siriýadaky şowsuzlyk sebäpli Ankara bildiren berk tankydy belliklerinden tapawutly pikirleri orta atdy. Putin Esadyñ agdarylmagy bilen soñlanan wakalary "asla Russiýanyñ ýeñlişi hasaplamaýandygyny", gaýtam "Moskwanyñ Siriýanyñ terror mesgenine öwrülmeginiñ öñüni alandygyny" aýdyp, birnäçe kommentatory haýrana goýdy. "Esad režimi bilen (Putinden "Esad režimi" sözüni ilkinji gezek eşitdik -H.A.) uruşýan toparlar içerki üýtgeşmeleri başdan geçirýär. Ýewropa ýurtlary bilen ABŞ-nyñ olar bilen aragatnaşyk açmagy ýöne ýere däl. Eger olar terrorçy bolsa, siz ol ýerde näme gözleýäñiz?" Şeýle-de, Putiniñ sözleriniñ arasynda Siriýada bolup geçen wakalaryñ düýp üstün çykanyñ kimdigini anyk görkezmegi-de, möhümdi: "Ysraýyl"! • Geliñ, "raketa atyşalyñ" Uzaga çeken ýygnanyşygynda Ukrainadaky harby hereket dowam edýändigi üçin indi ýüzüniñ gülmeýändigini we oýun etmeýändigini aýdan Putin urşuñ tamamlanmagy üçin tegelek stoluñ başyna oturmaga taýýardygyny tekrarlady. Emma käbir şertlerini agzap geçmegi-de ýatdan çykarmady. Kremliñ eýelän ýerlerinden çykmak pikiriniñ ýokdugyny bilýäris. Rus lideri öññin Zelenskiniñ prezidentlik möhletiniñ dolandygy üçin resmi duşuşyklarda Ukraina wekilçilik edip bilmejekdigini-de sözüniñ üstüne goşdy. Meseläni belki-de soñky wagtlarda özüni iñ köp begendiren orta aralykly "Oreşnik" raketasyna getirende heýjanlanýandygy duýulýardy. Şunuñ ýaly raketanyñ başga hiç kimde ýokduguny ýene bir gezek nygtandan soñ garaşylmadyk teklibini orta atdy: "Günbataryñ howa-goranyş ulgamlary bilen "tehnologiki duele" çykyp bileris. Mysal üçin Kiýewde ýa-da başga bir ýerde obýekt saýlap alalyñ. Biz "Oreşnigi" şol ýere göndereliñ, Günbataram ellerindäki ähli howa-goranyş ulgamlary bilen ony urmaga synanyşsyn. Urup bilmezler!" Russiýanyñ prezidentiniñ döwletiniñ harby-tehnologiki artykmaçlygyny mazamlamagyna, hatda muny Günbataryñ içini ýakmak isleýän ýaly edip aýtmagyna düşünmez ýaly zat ýok. Ýöne ol muny "Kiýewde bir obýekte gönükdirip raketa atma-urma synagy" ýaly edip orta atmagy, dogrusy uruşjañly kompýuter oýunlaryny ýada saldy. Hakan AKSAÝ. @AksayHakan aksayhakan@gmail.com "T24" internet gazeti, 21.12.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |