00:11 Oppozisioner bolmak üçin mertebeli we sylag-sarpaly bolmak ýeterlikmi? | |
OPPOZISIONER BOLMAK ÜÇIN MERTEBELI we SYLAG-SARPALY BOLMAK ÝETERLIKMI?
Publisistika
Okyjylaryñ birinden gelen gödek, ýöne manyly hat meni onlarça ýyl mundan öñ yza dolady. Grek mifologiýasynda Sizif gaýany dagyñ çürbaşyna çykarmaga höküm edilýär Bilýärin, sözbaşydaky sorag hem-ä kyn, hemem çynlakaý. Türkiýedäki ýagdaý we oppozisiýa barada aýdasym gelýär. Ýöne ilki Russiýanyñ ýagdaýyna ser salalyñ. Çünki "T24" kanalynda Russiýa we beýleki öñki sowet respublikalary barada gürrüñ berýän "Demirgazyk maglumatnamasy" wideogepleşigime diñleýjileriñ birinden gödek, ýöne manyly hat geldi. Hatyñ çykan ýeri meniñ soñky gepleşigimde aýdýan zatlarymdy. Telim gezek aýdyşym we ýazyşym ýaly Russiýada oppozisionerleriñ aglabasy ýa "içerde", ýagny türmede, ýa-da "daşarda", ýagny daşary ýurtda gaçgak ýagdaýda. Parlamentiñ içindäki gözlük üçin işleýän oppozisioner partiýalar (Kommunistik partiýa we wagtynda nasionalist Žirinowskiniñ guran partiýasy-da şuña degişli) häkimiýete garşy gidýän ýaly bolup görünýär, emma "pyçak sygryñ guýrugyna gelip dirände" hemişe Kremliñ aýdanyny goldaýar. Munuñ üçin olara "sistemanyñ içindäki oppozisiýa" ýa-da "dekoratiw partiýalar" diýýänlerem bar. Prezident Putin eýýäm 25 ýyl töweregi wagt içinde ädimme-ädim şular ýaly "oppozisiýany" dizaýnlamaga synanyşdy. Munuñ hötdesinden gelmegi-de başardy. Daşary ýurtdaky oppozisionerleriñ ýagdaýy-ha meniñ pikirimçe öwerlik däl. Göräýmäge olaryñ pähim-paýhaslary-da, sowat-bilimleri-de, tejribeleri-de, maddy mümkinçilikleri-de ýerbe-ýer ýaly bolup görünýär. Emma olar durman-etmän öz aralarynda dawalaşýarlar. Dört adam bir stolyñ başyna üýşse, şol ýerden az salymyñ içinde bäş fraksiýa çykýar. Soñky gezek geçen fewralda türmede ölen (ýa-da öldürilen) Nawalnynyñ tarapdarlary bilen wagtynda on ýyl türmede ýatyp çykan işewür Hodorkowskiniñ hereketi biri-biri bilen garpyşdy. Menem "oppozisiýanyñ göz-gülban ýagdaýyna" seredip, olaryñ agzyny alartma we ulanma babatda Putiniñ üstünligine berekella diýmeli diýdim. Diñleýjilerimiziñ biri Russiýadaky basyşlaryñ we ezýetleriñ, şübheli ölümleriñ üstünde durup geçip, bular ýaly diýdimzor hökümete garşy oppozisioner bolmagyñ "mertebeleriñ iñ beýigidini" ýazypdyr. Dogrusy, bu sözler göwnüme ýaraman durmady we meni mazaly pikirlendirdi. * * * Birnäçe ýyl yza gaýtdym. Entek 18 hem ýaşamankam dürli howp-hatarlara göwüs geren "rewolýusioner" bolup, edil türme-de ýatyp çykmasam-da, birnäçe gezek polisiýanyñ eline düşüpdim. Gyzgyn güllelerden, bombalardan saý-sebäp bilen halas bolan ýerlerimiñ bardygyny-da sözümiñ üstüne goşup, bu babatda nesibämiñ çüwendigini aýdyp bilerin. Ýitiren egindeşlerimiz boldy. Olar özlerini gaýduwsyzlyk bilen pida etdiler. Bizem gaýduwsyzdyk. Köpimiz... Ýolbaşçylarymyz bizi ýüreklendirmek üçin bu gaýduwsyzlygymyzyñ we pidakärligimiziñ uly ähmiýetinin bardygyny ýanjardy. Birnäçe fraksiýa, her dürli partiýalara we hereketlere bölünipdik. Her birimiz hakykaty diñe özüniñ bilýändigini öñe sürerdi, özüne iñ ýakyn durýanlary-da tankyt topuna tutardy. Gojaman düzgüne garşy jeñ yglan etme gaýduwsyzlygyny görkezip bilýändigimiz üçin özümizi mertebeli we hormata mynasyp adamlar hasaplardyk. Şeýle-de bolsa, garşysyna göreşýän häkimiýetimiz diñe howpsuzlyk güýçleri we syýasy-ykdysady mümkinçilikleri taýdan däl, "syýasy üşük" taýdanam bizden öñdedi. Üstesine, biziñ ugrunda gurban bolmaga taýýar halkymyzy-da bizden has gowy tanaýardy. Biziñ dilimiz we özümizi alyp baryş terzimiz-de halkdan üzñedi. Şular ýaly kyn şertleriñ içinden diñe gaýduwsyzlyk, mertebe, wyždan ýaly ýokary gymmatlyklarymyz bilen çykmak mümkin däldi. Oñarmadyk... Ýyllar, hatda onlarça ýyllar geçdi. Türkiýäniñ birnäçe nukdaýnazardan üýtgän zady bolmady. Gynansak-da, hemme zada garşylyklaýyn - oppozisiýasy-da... Bir bölegi şindizem ýetmişinji ýyllaryñ nutuklaryny dowam etdirermen. Käbirleri täzelenmäge synanyşýar, ýöne tagallalar heniz netijelere täsir etjek derejede täsirli däl. Käbirleri oppozisiýany gözboýagçylykly beýanatlary bermek we bäş-ýç sany tankydy bellik etmekdir öýdýär. Ýagdaý şeýle bolansoñ häkimiýet onlarça ýyl öñ edişi ýaly wagtal-wagtal tank mysaly, buldozer mysaly oppozisionerleriñ üstünden geçýär. Köp sanly oppozisioner türmede. Käbirleri daşary ýurtda. Oppozisiýa ýyldyza ýörän ýaly. Häkimiýetiñ aşygy alçy gopýar. Oppozisiýanyñ häkimiýeti ýeñmegi üçin entek kä-ä-änn işlemeli we tamdyr-tamdyr çörek iýmeli. Häzir döşlere gaýduwsyzlyk, pidakärlik, hormat nyşanlaryny dakmagyñ wagty däl. Bu aýratynlyklara uly hormat goýsam-da, ýitgilere we her dürli zyýana çynym bilen gynansam-da, ýokarda dykgatyñyza ýetiren tankydy belligim göwnüme ýaranam bolsa, meniñ pikirim-ä şeýle. Hakan AKSAÝ. @AksayHakan aksayhakan@gmail.com "T24" internet gazeti, 28.09.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |