23:00 Daşardaky rus oppozisionerleri: Daşary ýurtdan gygyrsañ, ýurduñ içi eşidýärmi? | |
DAŞARDAKY RUS OPPOZISIONERLERI: DAŞARY ÝURTDAN GYGYRSAÑ, ÝURDUÑ IÇI EŞIDÝÄRMI?
Publisistika
Russiýada oppozisiýanyñ hakyky wekilleri ýa "içerde", ýa "daşarda". Eýsem, ýurduñ daşyndakylar nähili syýasy göreş alyp barýarlar? Soñky tapgyry 1-nji awgustda Ankaranyñ "Esenboğa" howa menzilinde bolup geçen uly tussag çalşygy netijesinde azatlygyna gowşan oppozisioner Ilýa Ýaşin ertesi gün Kýolnda geçirilen metbugat ýygnanyşygynda şeýle diýdi: "2022-nji ýylda tussag ediljegimi bilip durkamam daşary ýurda gitmezligim meniñ öz saýlap alan çykalgamdy. Häzirem türmedäki işler dowam edip durka türmede-de bolsam, ýurdumda ýaşamagy saýlap alandygymy dilden we hat üsti bilen degişli ýolbaşçylaryñ dykgatyna ýetirdim. Talabyma we konstitusion hukugyma gulak asmazdan meni zor bilen ýurdumdan kowdular. Indem oýlanyp oyyryn welin... Daşary ýurtda nädip oppozision göreş alyp barmalydygyny hakykatdanam bilemok". Geñ ýeri, iñ soñky jümle soñky ikiýarym ýylda daşary ýurda çykmaga mejbur bolan oppozisioner ruslaryñ arasynda birdenkä uly seslenme döretdi oturyberdi. Hakykatdanam, Russiýa we Türkiýe ýaly ýurtlardan daşary ýurda çykmaga mejbur bolan adamlar, aýratynam ýurduñ içindekä eden işleri we çykyşlary bilen düýpli seslenme döreden oppozisionerler alyslarda ýaşanda nämeleri edip bilerler? Meselem, kitap okamak, dil öwrenmek, şahsy kämilligiñi ýokarlandyrmak bilen meşgullanmak, täze işe girmek bolup bilermi? Ýok, ýok, esasy üns munda däl. Ýygnanyşyklar, çekeleşmeli gürrüñdeşlikler, YouTube çykyşlary we başga sosial mediýa işjeñlikleri? Hawa, köpüsi şonsuzam şeýdýär. Ýöne munuñ täsiri nähili bolýarka? Muny biljek bolýan barmy? Ýaşaýan ýurtlarynda (aýdaly, Germaniýada bolsalar, ol ýerdäki türkiýeli ildeşlerine we nemeslere)? Şol sanda ençeme ýyllap dowam edýänem bolsa, hemişe "wagtlaýyn gaçybatalga" hökmünde seredilýän daşary ýurt we halky bilen näderejede integrasiýalaşyp bilýärler? Ýa bolmasa taşlap gaýtmaga mejbur bolan ýurtlaryna näderejede täsirlerini ýetirip bilýärler? Meselem, ýokardaky sözleri aýdýan 41 ýaşly Ýaşin YouTube kanallarynda çykyş etmegiñ ussady. Emma edil häzir Russiýada döwlet YouTube kanallarynyñ tizligini mazaly haýallatdy, ýakynda doly ýapybam biler. Beýleki birnäçe sosial mediýa platformalary-da gadagam. Wah, VPN bilenem haçana çenli günüñi görjek?.. Düýp ähmiýetliisi-de şu bolsa gerek: Ýaşin türmeden ýollaýan hatlary bilen (bizdäki Selahatdin Demirtaş mysalynda bolşy ýaly) ýurt syýasatynda eýdip-beýdip bir görnüşde seslenme getirip bilerdi. Emma daşary ýurtlarda ýaşaýan liderleriñ sözi jemgyýetde hiç hili seslenme döretmeýär diýen ýaly. • Ýurduñ daşynda syýasy göreş alyp barma ýörelgesi Russiýanyñ taryhy oppozisionerleriñ, intelligensiýanyñ daşary ýurtlarda ýaşamak we göreş alyp barmak mysallaryndan doly. 1917-nji ýylyñ Oktýabr rewolýusiýasynyñ serdary Wladimir Iliç Leniniñ özem 14 ýyl çemesi daşary ýurtda ýaşamaga mejbur bolupdy (1900-1905-nji we 1908-1917-nji ýyllarda). Ol häkimiýete gelen wagty-da ýüz müñlerçe rus (eger dogry bolsa, "Gyzyl haçyñ" maglumatlaryna görä üç ýylyñ içinde iki million adam ýurtdan çykyp gitmäge mejbur bolupdy (bularyñ agramly bölegi Gara deñziñ üstünden gämilerde Türkiýä aşyp, sürgün durmuşynda ýaşapdy). Şol ýerden başlap, Saharow, Solženysin ýaly şahslara çenli köp sanly adam daşary ýurtda ýaşamak bilen ýurduna dolanyp barmagyñ arasynda birnäçe ýyllap göreşdiler. Uzak wagtlap dürli Günbatar ýurtlarynda ýaşaýan birnäçe köne sowet raýatlary bardy we häzirem bar. Buleyñ birem 2013-nji ýylda Putine aç-açan garşy gidip daşary ýurda çykan meşhur küştçi Garri Kasparow. Ol birnäçe ýyl bäri ABŞ-daky we Ýewropadaky gatnaşyk saklaýan liniýalaryny ulanmak ýaly synanyşyklara ýüz urýanam bolsa, ýurdunda bütinleý ýatdan çykaryldy. Ýene bir esasy adamam wagtynda Russiýanyñ iñ baý adamy bolan Mihail Hodorkowskidir. Putin bilen wideokameralaryñ öñünde jedelleşip biljek derejede "öte geçen" meşhur biznesmen 2003-2013-nji ýyllaryny türmede geçirenden soñ prezident tarapyndan bagyşlandy we daşary ýurda ugradyldy. Hodorkowskiý internetden dürli çykyşlaryñ edilmegine ýolbaşçylyk edýänleriñ we oppozisiýany birleşdirmäge synanyşýanlaryñ biri. Emma ruslar baýlary halaýan halk däl. Onuñ hem-ä baý bolmagy, hemem oppozisioner bolmagy bolsa barypýatan bişowluk. 2022-nji ýylyñ 24-nji fewralynda Russiýa-Ukraina urşunyñ başlamagyndan soñ käbiri oppozisioner, käbiri zor bilen harby gulluga alynmagyndan gorkan rus raýaty Gazagystan, Ermenistan, Ysraýyl, Türkiýe ýaly ýurtlara gaçdy. Käbir maglumatlara görä, bularyñ sany bir milliona ýakynlapdyr, käbirleri bolsa mundanam köpdügini aýdýar. Ýakynda rus neşirleriñ biriniñ geçiren barlagynda bularyñ agramly böleginiñ belli bir wagtdan soñ ýurda dolanandygyny, emma 650 müñ raýatyñ daşarda ýaşamagyny dowam etdirýändigi ýazylypdy. Bularyñ arasynda syýasatçylar, aktiwistler; ýutuber Maksim Kats, Leonid Wolkow, Mariýa Pewçih, Iwan Ždanow, Gennadiý Gudkow, Wladimir Milow ýaly birnäçe meşhur şahslar bar. 2024-nji ýylyñ 16-njy fewralynda türmede aradan çykan Alekseý Nawalnynyñ aýaly Ýuliýa Nawalnaýa hem möhüm adamlaryñ biri. Nawalnyý bütin rus oppozisionerleriniñ arasynda esasy ýolbaşçy hökmünde atgaýtarym öñe saýlanan adamdy. Onuñ ölüminden soñ birnäçe topardan we gatlakdan Ýuliýanyñ oppozisiýanyñ başyna geçmek haýyşlar edildi. Emma geçen aýlaryñ içinde Nawalnaýanyñ syýasy göreşe işjeñ gatnaşandygyny öñe sürmek kyn. Daşary ýurydaly oppozision ýolbaşçylaryñ kerwenine indem "Esenboga operasiýasy" netijesinde azat galanlardan Ilýa Ýaşiniñ we Günbatarda örän täsirlidigi bilinýän Wladimir Karamurzanyñam goşulandygyny aýdaýyn. Fraksiýa dawalary we ego söweşleri Russiýada edil häzir düýpli güýç eýesidigini aýdar ýaly oppozision topar galmady. Dumadaky ownukly-irili sözde oppozision partiýalar (Kommunistik partiýa-da munuñ içinde) Kremle garşy çykýan ýaly bolsa-da, strategiki meselelerde elmydama hökümeti goldaýar. "Mäkäm oppozisioner" hasaplanýanlar bolsa ýa "içerde" (türmede), ýa-a "daşarda" (daşary ýurtda). Daşardaky oppozisionerleriñ täsiriniñem diýseñ çäklidigini aýdypdym. Bular wagtal-wagtal ýurtda demokratiýanyñ ýagdaýy, korrupsiýa ýaly meselelerde käbir barlaglary, kinofilmleri, sosial mediýa çykyşlaryny berýär. Oppozision teleýaýlymyñ ("Дожд ТВ") we birküç gazetiñem ("Новая газета" ýaly) ýeriniñ indi Ýewropa bileleşiginiñ ýurtlarydygyny aýdaýyn. Günbatar döwletleriniñ hökümetleri bilen gowy gatnaşyklarda bolmak daşary ýurtdaky oppizision ýolbaşçylaryñ nukdaýnazaeynda iñ esasy mesele. Hususanam özleriniñ häzirki ýaşaýan ýerleri bolandygy üçin. Megerem, olaryñ käbiri diñe ýaşamaga rugsat däl, maddy goldaw hem alýar. Mundan başga-da oppozisionerler rus hökümetine edilýän basyşlaryñ we ykdysady sanksiýalaryñ dowam etmegi üçin lobbilik hem edýärler. Eýsem olaryñ hemmesi "günbatarçymy" we ABŞ-nyñ, ÝB-niñ, NATO-nyñ jansyzymy? Elbetde däl. Emma şolar ýalysy-da bar bolup biler. Hem Günbatara garşy nähili syýasat ýöretmeli, hem-de "Putinden soñky Russiýa nähili ýurt bolmaly?" meselesinde oppozisionerleriñ pikirleri biri-birinden tapawutly. Syýasy aýlawyñ sagyna ýakynlary-da bar, çepine ýakynlary-da. Russiýanyñ Ukrainadaky çozuşyna hemmesi garşy çykýanam bolsa, birnäçe meselesde dürli pozisiýada durýany bar we köpüsi ukrainalylar bilen onçakly düşünişip bilenok. Daşary ýurtdaky oppozisionerler öz aralarynda hiç oñşup bilenoklar we köplenç dawalaşyp durýarlar. Özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça birrnäçe gezek ýygnanyşandyklaryna garamazdan, hiç dil birikdirip bilenomlar. Hemmesi-de öz pikiriniñ iñ dogrusydygyny öñe sürýär. Elbetde, ego söweşleri-de az däl. Aldym-berdimli meselelede (meselem, "Russiýa saýlawlarynda näme etmeli?" ýaly sorag orta atylanda) boýkot etmelimi ýa-da Putinden başga kandidatlar goldanmaly?" ýaly soraglarda) agzybir hereket etmekde kynçylyk çekýärler. Bu nukdaýnazardan seredende, ýagdaýyñ, fraksiýa dawalarynyñ köp bolýan Türkiýe syýasatynyñ çep ganatyndaky bölünişikleri ýatladýandygyny aýdyp bileris. Daşary ýurtdaky rus oppozisiýasynyñ arasynda "bir zatlar bolup, birden Moskwa bulaşaýsa" özlerine amatly pursat döräp biljekdigini, hatda bolup biläýjek Kreml agdarylyşygyndan soñ özlerine ýeñillikli ugyr açylyp biljekdigini pikir edýänlerem az däl (käbir oppozisionerler geçen ýylky Prigožin gozgalañynyñ goldanmalydygyny hem öñe sürmäge milt edip bilipdi). Birem elbetde, Putiniñ aslynda örän ýarawsyzdygy we ýakynda Kremldäki kürsiniñ boşajakdygy hakdaky myş-myşlar bilen göwnüni awlaýanlar bar. Biz nalajedeýin oppozisionerleriñ "meseläni ýa-da umydy Hudaýyñ etjegine goýmagy" mysaly bilen ilkinji gezek gabatlaşmaýan bolsak gerek, şeýle dälmi? Hakan AKSAÝ. @AksayHakan aksayhakan@gmail.com "T24" internet gazeti, 08.08.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |