23:53 Nähili erbet adamlar kän bu ýurtda we dünýäde | |
NÄHILI ERBET ADAMLAR KÄN BU ÝURTDA WE DÜNÝÄDE
Publisistika
Meniñ üstüme biraz çöwjediler. Şonuñ üçin men biraz wagt gitjek... Ne adamy söýýär, ne haýwany, ne ösümligi... Hakyky manyda mähir-şepagat duýgusyndan binesip... Agressiýa, gara güýje, hökmürowanlyga we "täsirli tanalýanlar zynjyryna" çokunýan... Ynanç we ahlak sistemalaryny wyždan we dogruçyllyk testinden saplap, arzan çykyşlara öwren... Adalat beýlede dursun, iñ maýda merhemet kriteriýasyna-da eýe çykyp biljek oñurgasy bolmadyk... Puly we maddy baýlygy iñ belent mertebe hökmünde kabul edýän (ýantorbañyzda näçe ýylyñyz galdy we munça puly niräñize dykyp äkitjegiñize-de düşünmek mümkin däl)... Her dürli tapawutlylyk kabul etmesini (восприятие) eline gamçy alyp ýok etmäge samsyklaçlyk bilen öwrenişen... Ýüzüni görenimde we sesini eşidenimde öz durmuşymyñ kölegelendigini duýdugym... Haýsydyr bir bähbitlerde dil tapyşyp bilerin düşünjesinden ("haýwan" ýa-da "adam" bolmak", galyberse-de bir yurtda ýa-da umumylyklarda bolmakdan) gaty erbet halda biynjalyk boldugym... Garyp, gorkunç we biçäre jandarlarsyñyz. Bu ýurtda we bu dünýäde... Şeýle bir köp siz, aýdar-diýer ýaly däl! Dogrusyny aýtmak gerek bolsa, meselem, kosmoslylar, köçede iýmäge bir döwüm çörek gözleýän bitli-büreli it, iñ alys ýurduñ düýbünden nätanyş, dilini-de bilmeýän, diñe az-kem ahlakly saýýan adamym, dag başyndaky agaç, hatda deñziñ düýbündãki moh hem maña sizden has ýakyn... Siz hakda has kän zatlary aýdyp bilerdim (megerem eýýäm düşündiñiz we ussatlyk bilen oñarýan zadyñyza, ýagny zäher pürkdürtmäge girişdiñiz öýdýän)... Gepimi uzaldyp oturmaýyn. ... Meniñ üstüme biraz çöwjediler. Şonuñ üçin men biraz wagt gitjek. Diñe biraz wagtlyk. Sentýabrda görüşýänçäk. Hakan AKSAÝ. "T24" internet gazeti, 15.08.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |