15:20 Ýurt bolup beýle "dünýä liderine" mynasypmykak? | |
ÝURT BOLUP BEÝLE "DÜNÝÄ LIDERINE" MYNASYPMYKAK?
Publisistika
Biz batjagymyzy batdyk, ýöne aramyzdan bir "taryhy şahsyýet" çykaryp dünýäni agzymyza añk etmegi başardyk Her gün irden birmeñzeş säheri garşylaýaýan ýaly bolýarys. Durmuş öz guýrugyny kowalaýan it ýaly şol bir döwräniñ içinde aýlanyp dur. Rehim-şepagatsyzlyk, wyždansyzlyk, gopbamsylyk jedelsiz hökmürowanlygyny ýola goýupdyr. Yzda galanlar bu hökmürowanlygyñ kölegesine-de howp salmazdan özüne berilen maýda-çüýde rollar bilen oññut edýär. Gorky-ürki, hetdiñden aşmaklyk, ownuk bähbitlere kowalaşmak köpçüligiñ durmuşynyñ esasy ugurlaryna öwrülipdir. Bokurdagyna çenli batga batan adamlaryñ hemme zady bolaýmaly zat ýaly kabul etmegi, garşylyk görkezmezligi, hatda bolýan geñ-tañsylyklara indi hiç hili geñ galmazlygy şu günümizi düýne we öñki günlere dönderýär. "Şu gün aslynda düýndi" ("Groundhog Day") atly çeper filme tomaşa edipmidiñiz? Teleýalymda howa ýagdaýyny mälim edýän Fil Konnors iş üstünden şäherdäki medeni çäreleri tomaşa etmäge gidende duzsuz-tagamsyz pursatlary başdan geçiripdir. Ertesi gün irdenem, ondan soñky günlerem oýananda ýene şol bir günüñ üýtgemän-etmän gaýtalanyp durandygyny duýupdyr. Bizde-de şeýle. Bisydyrgyn geçip duran saýlawlar, geljegi çaklap orta atylýan pikir soralşyklaryñ netijesi, köçe reportažlary, dygysyz gaýtalap duran habarlar hiç zady üýtgetmeýär. Gaýtam özümizi welosipedli haýdap barýarka ýeke ädimem öñe gidip bilmeýän hamster ýaly duýýarys. Munuñ özi biziñ muşakgatly we garañky durmuşymyz. * * * Birem reñkli we badyhowa uçary bar durmuşyñ. Biz batjagymyzy batdyk, ýöne aramyzdan bir "taryhy şahsyýet" çykaryp dünýäni agzymyza añk etmegi başardyk. Ine, şu günler gözümize ýaş aýlap tomaşa etdik: Prezident Erdogan BMG-da jümle-jahana sapak berýär, eksplutatirlrnen halklaryñ tarapynda durup, planetamyzyñ ketdelerine tankydy synlaryny we gaýtawul signallaryny berýär. "Dünýä lideri" bolmak maksady gowy zat welin, "seniñ öz ýurduñda ýagdaýlar nähili?" diýip soralar-a. Türkiûe 2024-nji ýylyñ iýun aýyndan bäri 71,6%-lik inflýasiýa bilen bütindünýä inflýasiýasynyñ iñ ýokarda bolan üçünji ýurdy. Tebigy betbagtçylyklar boýunça 193 ýurduñ girizilen indeksinde Türkiýe "örän ýokary howply" ýurtlaryñ kategoriýasynda iñ kritiki 35-nji ýerde ýer alýar. Mobil tizligi boýunça 147 ýurduñ arasynda 68-nji, waý-faý internet tizliginde bolsa 181 ýurduñ arasynda 111-nji orunda ýer alýarys. Türkiýe Halkara Aç-açanlyk guramasynyñ mälim eden korrupsiýa boýunça indeksinde 180 ýurduñ arasynda 115-nji orna düşen ýagdaýda. Bagtly durmuş boýunça bütindünýä maglumatnamasynyñ 2024-nji ýylyñ netijesi 143 ýurduñ arasynda Türkiýäniñ 98-nji ýerdedigini görkezdi. Halkara Garaşsyz žurnalistler guramasynyñ taýýarlan 2024-nji ýylyñ bütindünýä metbugat azatlygy indeksinde bolsa 180 ýurduñ arasynda 158-nji. Şindi soragy tersden soralyñ: "Dünýä liderine mynasyp ýurtmyka bi? Bizde heý utanç-haýa diýen zat galdymyka beri?" Hakan AKSAÝ. @AksayHakan aksayhakan@gmail.com "T24" gazeti, 26.09.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |