21:12 Russiýa-Günbatar çaknyşygy bütin dünýä ýaýraýar | |
RUSSIÝA-GÜNBATAR ÇAKNYŞYGY BÜTIN DÜNÝÄ ÝAÝRAÝAR
Publisistika
Ukrainada, Moldawiýada, Gürjüstanda, Litwada, hatda Koreýa ýarymadasynda-da Russiýa bilen Günbatar garşyma-garşy gelýär Ukrainadaky uruş dowam edýär. Moldawiýada we Gürjüstanda saýlawlar geçirildi. Koreýa ýarymadasy bulaşmaga başlady. ABŞ-daky saýlawlara az wagt galdy... Şu we şunuñ ýaly halkara üýtgeşmelerde yz goýan meseleleriñ birem Russiýa-Günbatar garpyşygy. BRICS forumynda "BBC"-niñ korrespondenti Russiýanyñ döwlet ýolbaşçysy Putine şeýle sorag berdi: - Siz ýygy-ýygydan döwlet howpsuzlygynyñ we durnuklylygyñ gürrüñini edýärsiñiz. Ukrainadaky harby operasiýañyzdan öñ Russiýa garşy kiber we dron hüjümleri, dürli hüjümler we rus territoriýasyna çozulmagy (Kursk oblastynyñ bir bölegi 6-njy awgustdan bäri ukrain goşunynyñ okkupasiýasy astynda -H.A.) ýaly zatlar bolmazdy. Mundan üç ýyl öñ Russiýanyñ döwlet howpsuzlygy taýdan şertler häzirkisinden has gowy dälmidi? Russiýanyñ prezidenti: - Hawa, öñ dron hüjümleri ýaly zatlar bolmazdy - diýip başlan jogabyny şeýle dowam etdirdi: - Ýöne ýagdaý şu günküsinden has erbetdi. Çünki Günbatar bizi äsgermeýärdi. Bizi ikinji synply döwletiñ derejesine düşürjek bolýardy. Bu bolsa Russiýanyñ at-abraýyna garşy ylalaşyp bolmajak ýagdaýdy. Russiýa bular ýaly zada razy bolup bilmez, özüniñ at-abraýyna çirk ýetirtmez. Şeýle ýagdaýdan baş alyp çykmagymyz gerekdi. Soragyñ özi ýaly berlen jogabam täsin we möhüm. Munuñ düşündirişini her kim özüçe ýorýar. Käbir pikirlerimi soñrak ýazmakçy. Ýöne ondan öñ birnäçe wawwaly täzelikleriñ üstünde durup geçeliñ. • Öñki sowet respublikalary bulaşýar Saýlawlar bilen geçen 2024-nji ýylyñ soñky aýlaryna girip barýarkak gözler öñki birnäçe sowet respublikasyna dikildi. Moldawiýa we Gürjüstan saýlawlary diýseñ çekişmeli geçdi. Çekişmelerde zol-zol Russiýa meselesi öñe saýlandy. Hatda Litwadaky saýlawlarda oppozision Sosial-demokratik partiýanyñ üstün çykmagyna-da şunuñ bilen baglanyşyklylykda baha berildi: Eýsem-de bolsa täze hökümet ÝB-niñ we NATO-nyñ Moskwa garşy pozisiýasyny öñküsi ýaly dowam etdirip bilermi? Ýa bolmasa köp sanly rus oppozisioner migrantyna garşy nähili hereket eder? Moldawiýa hakda bir hepde öñ ýazypdym. Günbatarçy prezident Sandu prezident saýlawlarynda-da, ÝB-niñ düzümine goşulmak boýunça geçirilen konstitusion referendumda-da garaşan netijesini gazanyp bilmedi. Referendumda ÝB-niñ tarapdarlary "burun tapawudy" bilen öñe saýlananam bolsa, gowur ýatyşmady we bu mesele indiki ýylyñ parlament saýlawlarynda-da birinji derejeli meseleleriñ biri bolup galjaga meñzeýär. Prezident saýlawlarynda bolsa Sandunyñ russiýaçy oppozisioner Stoýanoglonyñ garşysyndaky 26%-den 42%-lik öñdeligi 3-nji noýabrda geçiriljek ikinji tapgyr saýlawlarda arkaýyn üstün çykmagyna ýetmän biler. Antigünbatarçy ähli kandidatlaryñ gatlagy birleşse, kyndygyna garamazdan häkimiýeti ýeñlişe uçradyp biler. Moldowan oppozisiýasy Sanduny saýlawlarda galplyk etmekde aýyplasa, olam öz gezeginde Russiýanyñ saýlawlara täsirini ýetirmek üçin ummasyz pullary harç edendigini öñe sürýär. Görnüşinden dawa ula ýazjaga meñzeýär. Gürjüstandaky parlament saýlawlarynyñ bolsa 12 ýyldyr häkimiýetdäki "Gürji arzuwy" partiýasynyñ (54% ses bilen) ýeñişi bilen gutarandygy mälim edildi. Emma oppozisiýa aslynda özüniñ üstün çykandyguny we russiýaçy Iwanişwiliniñ öñbaşçylygyndaky häkimiýetiñ netijeleri çalşyrandygyny öñe sürýär. Üstesine oppozisiýany goldaýan häkimiýet ganatynyñ oña garanda az ygtyýarly adamy prezident Zurabişwiliniñ özem saýlawyñ netijelerini ykrar etmeýändigini mälim etdi. Ýurtda protest demonsyrasiýalary başlady. Nirä çenli dowam etjegi belli däl. Käbirleri 21 ýyl öñki "Gül rewolýusiýasyny" ýatladyp, Gürjüstanda gandöküşikli üýtgeşmeleriñ bolup biljekdigini öñe sürýär. Bu iki öñko sowet respublikasyndaky iki zenan ýolbaşçy we olaryñ yzyna eýerýän gatlaklar bilen olara garşy çykýan Russiýanyñ goldawyndaky güýçler... Kimiñ üstün çykjagyny görübermeli bor-da. Emma Russiýamyñ bu ýurtlardaky täsirliliginiñ soñky döwürde artýandygy-da boýun almaly hakykat. Täsirliligiñ tapawutly ýene bir tarapy bar: Gürjüstanda pikir soralşyk anketalary halkyñ aglaba böleginiñ ÝB-ne agzalygyñ tarapyndadygyny görlezýärdi. Häzir muña goşmaça ýene şol halkyñ hakyky pikir-düşünjesi nähili bolanda-da, 2008-nji ýyldaky ýaly Russiýa garşy uruşmakdan gorkýandygy we Ukrainada bolup geçen weýrançylykdan ýiti täsirlenip Moskwanyñ gaharyny getirmek islemeýändigi barada hem düşündirişler berilýär. Şeýle-de Russiýanyñ Demirgazyk Koreýa bilen strategiki hyzmatdaşlygy ýola goýmagy we harby ýaranlygy pugtalandyrmagy garşydaş frontda nägilelikleriñ döremegine getirýär. Soñky hepdelerde Demirgazyk Koreýaly esgerleriñ Russiýa gelip düşendiginiñ ýüze çykmagy ilki bilen Günorta Koreýany alada goýdy. Şol bir wagtyñ özünde Ýaponiýany, hatda Hytaýy ynjalykdan düşürdi. Strategiki hyzmatdaşlyk baradaky şertnamasy daşyndan howp abanan ýagdaýynda biri-birini harby taýdan goldamak borçlulygyny getirýär. Koreýaly esgerleriñ Kurskiniñ Ukrainadan azat edilmeginde ulanyljakdygy öñe sürülýär. Birden Koreýa ýarymadasyndaky dartgynlylyk çaknyşygyñ döremegine getiräýse, rus esgerleri-de ol ýerik gidäýermikä? Bu ýagdaý Russiýa-Ukraina urşunyñ Uzak Gündogara ýaýramagyny we Üçünji jahan urşuna öwrülmegini añladýarmy? Ýagdaý diýseñ gorkuly... • NATO hasam güýçlendi Indem ýene ýazgymyñ başyndaky gürrüñe gaýdyp geleliñ. Russiýa Günbataryñ ykdysady sanksiýalarynyñ garşysynda dyza çökmedi. Rus ykdysadyýeti ýykylmady. Gaýtam goranyş bady güýçlenen ykdysady ösüşiñ bolandygy aýdylýar. Bu ýagdaýyñ we sanksiýalaryñ öñümizdäki ýyllarda üýtgejegini öñe sürýänler bar bolsa-da, şu günüñ ýagdaýy şeýle. Eýse Russiýanyñ Ukraina çozan 2022-nji ýylyñ 24-nji fewralyndan bäri Russiýanyñ howpsuzlygy öñküsinden has güýçli ýagdaýa geldimi? Russiýa bir ýana, sebitleýin howpsuzlyk meseleleri (Ýewropada, Garadeñizde, Balkan ýurtlarynda, Ýakyn Gündogarda, Uzak Gündogarda we başga ýerlerde) taýdan dünýä has howpsuz şertlere ýetdimi? Edil muny öñe sürüb-ä bolmaz. Tersine, birnäçe sebit we umuman alanda dünýä öñküsinden has howply hala geldi. Mundan 33 aý öñ näçe adam Russiýanyñ goñşulary Finlandiýanyñ we Şwesiýanyñ NATO-nyñ düzümine girjegini aýdyp bilerdi? Dartgynlylygyñ möwjemeginiñ netijesi hem-ä bu döwletlerd Moskwa gorkusy bilen NATO-nyñ eteginden ýapyşma mätäçligini duýdurdy (ýa-da birnäçe faktoryñ täsiri bilen şeýle ýoly saýlap almaga mejbur edildiler) hemem ABŞ-NATO ülpetligi "şertlerden ussatlyk bilen peýdalanyp" bu ýurtlary harby pakta goşma üstünligini görkezdi. Diñe hataryny güreltmek däl, 2022-nji ýyldan öñ birküç ýylyñ ićinde mazaly tapdan gaçan Günbatar frontynyñ we fransuz prezidenti Makronyñ (2019-njy ýylda) "beýin ölümi boldy" diýen NATO-nyñ konsolidasiýasy we ABŞ-nyñ öñbaşçylygynda täze hüjümlere taýýarlanmagy taýdanam möhüm üstünlikleri öz hasaplaryna ýazdylar. Ýewropa gitdigiçe howply yklyma öwrülýär. Okeanyñ añyrsynda ýagdaý başgaça. Uruş başlany bäri gazanan milliardlarça dollary bilen amerikan ýarag öndürijileriniñ we söwdagärleriniñ soñky ýyllaryñ iñ bagtygelen aktýorlarynyñ arasynda ýer alandygyna şübhe ýok. Olar üçin sebitleýin howplaryñ möwjemeginiñem, ukrainaly we russiýaly ýaşlaryñ ölmeginiñem bildirýän ýeri ýok. Has yza saramaly bolsa, Sowet Soýuzynyñ we Gündogar blogunyñ, şeýle-de bularyñ harby guramalary bolan Warşawa paktynyñ dargamagyndan soñ NATO-nyñam dargadylmagynyñ gerekdigini aýdanlara Waşingtondan hiç ymykly jogap berilmedi. Gaýtam tersine, ABŞ SSSR-iñ ep-esli bölegini tutup duran Russiýa Federasiýasynyñ daşyny gurşamak, ony we Hytaýy duşman yglan edip ýaraglanmak we NATO-nyñ agzalaryny artdyrmak syýasatyny ýöretdi. Şeýlekin şertde rus ýolbaşçylary Ýelsiniñ we Putiniñ Russiýany NATO guramasyna almak hakdaky tekliplerinden ýüz öwrüldi. Nämemiş, "gojaman Russiýanyñ pakta alynyp, uýgunlaşdyrylmagy kynmyş". Häzirki bolup geçýän we dünýäni ýok bolma howpy bilen başa-baş goýan üýtgeşmeler hamana juda añsatmyş ýaly... Taryhy imperiýa, ýer-ýurt basybalyşlar, ýurduñ içinde we daşynda birgiden uruşlar bilen geçen Russiýanyñ parahatçylykly we durnukly syýasaty ýöretmek taýdan ezberdigini öñe sürmek-de kyn. Kreml hem-ä Günbatara, hem-de özüne ýakyn saýyp biljek ýaranlaryna we goñşularyna garşy güýjüni görkezmek bilen öñe saýlanmaga öwrenişen. Ýagdaýyñ şu günki hala gelmeginde esasy faktorlaryñ arasynda ýolbaşçylaryñ täsiriniñ bardygyny aýratyn belläp geçeliñ: Meselem Brežnewiñ, meselem Gorbaçýowyñ, meselem Ýelsiniñ döwründe Russiýa-Günbatar gatnaşyklary şumatkysy ýaly dartgynlylyga ýetermidi? Dogrusy, bilemok. Emma Putiniñ geçmişi, häsiyeti, döwlet howpsuzlygy we watansöýüjilik garaýşy, wakalaryñ şular ýaly görnüşde özgermeginde inkär edip bolmajak rol oýnady. Hakan AKSAÝ. @Aksay Hakanaksayhakan@gmail.com "T24" internet gazeti, 31.10.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |