16:26 Ömür we ölüm hakda azajyk pessimistik oýlanma | |
ÖMÜR WE ÖLÜM HAKDA AZAJYK PESSIMISTIK OÝLANMA
Oýlanmalar
Almodowaryñ ölüme razy bolmak hakdaky "Gapdaldaky otag" çeper filmi we "T24"-iñ habary hakda Ölüm ýaşaýşyñ we ömrüñ iñ uly syry ýaly bolup görünýär. Bu sözüm ýerine düşmedi öýdýän. Hiç bir ýagdaýda "görünýän" zat däl-ä ol... Üstesine "ömür" we "ölüm" - biri beýlekisiniñ içine sygyp biljek iki düşünje däl ýaly, gaty gitse elipbiý tertibinde biri-biriniñ yzynda durup bilerler. Aý garaz, bilemzok-da, bilmezlikdenem beter ynanmansoñ, gerdejigi doly ýuwdup goýberýäs. Elimizde diñe bilesigelijilik galýar. Şol bilesigelijilik bilen birgiden zat okadym, tomaşa etdim. Iñ köp ýadymda galanam Artur Şopengauer diýen alyjenap boldy. Olam diýseñ pessimist. Pessimistlige tankydy göz bilen garaýan ýaly bolup görünsem-de, aslynda realizmdir pähim-paýhas bilen baglanyşygy taýdan oña gizlin ilteşigimiñ bardygyny boýnuma alaýyn. * * * Öññin Pedro Almodowaryñ ölüme razy bolmak we oña taýynlanmak temasynda düşürilen soñky kinofilmi "Gapdaldaky otagyna" tomaşa etdim. Žulianna Mur we Tilda Swinton ýaly ýyldyzlaryñ ussatlyk oýnaýan, ussatlarça düşürilen epizodlardan doly çeper film. Elbetde, ömür we ölüm boýunça jogapsyz goýlan sorag kän, ýöne şonda-da ýatda galjak epizodlary bilen wagt ýitirip göreniñe degýär. Syrkawlygy bilen ýakyn wagtda ölümi gutulgysyz eden aýal we birnäçe ýyllap görmese-de, ýakyn jorasy bolup galan başga bir aýal, tebigat bilen eriş-argaç bolan ajaýyp öýde birnäçe gününi geçirende geçmişi, şu güni we çözüp bilmedik käbir meseleleri hakda gürrüñ edýärler. "Gapdaldaky otag" kinofilminden Ýakyn adamyñyzyñ ölüm ýassygynda ýatandygyny bileniñizde näme edersiñiz? Ýa-da az wagtdan soñ öljegini bilseñiz? Ömrüñ manysyny onuñ iñ soñky pursatynda bolsañyz-da, çözmäge synanyşarsyñyzmy? Gündelik durmuşyñyzyñ uly bölegini tutýan hysyrdyly işler, pul gazanma aladalary, ego söweşleri, söz bilen beýan edip bolmaýan sözler we ýüze çykaryp bolmaýan duýgular taýdan täze karara gelip bilersiñizmi? Ýa-da galan wagtyñyzy diñe özüñize gynanyp we aglap geçirersiñizmi? * * * "Apple" kompaniýasynyñ düýbüni tutujy direkgory Stiw Jobsyñ ölmezden öñ aýdan soñky sözlerini azajyk gysgaldyp dykgatyñyza ýetireýin: "Biznes dünýäsiniñ çürbaşyna çykdym. Başga adamlaryñ gözünde meniñ durmuşym üstünlige ýetmegiñ hakyky mysaly. Edil häzir ölüm ýassygynda ýatyrkam ýaşan ömrümi gözden geçirýän welin, buýsanýan ähli baýlygymyñ we şan-şöhratymyñ ölümiñ garşysynda jinnek ýaly manysynyñ ýokdugyna düşünýärin. Iñ wajyp zatlar - belkäm dostana gatnaşyklar, belkäm sungat we döredijilik, belkäm-de ýaşlyk ýyllarymyzda eden arzuw-umytlarymyz... Hakyky baýlykdan, söýgüden doly ýatlamalarymyz... Maşgalañyzyñ, ýanýoldaşyñyzyñ, dogan-garyndaşlaryñyzyñ we dostlaryñyzyñ söýgüsini ezizläñ. Özüñize gowy serediñ, özüñizi sylañ. Başga adamlara mähir-şepagatly boluñ!" * * * Şular ýaly baý adamyñ ömrüniñ soñunda söýginiñ we dostlugyñ gymmatyna göz ýetirmegi diýseñ oýlandyryjy. Ýazgymy şeýdip gutarsam gowy bolardy. Ýöne edil şumat gowy ýazgy ýazmagyñ pikirini edemok, gaýtam okyjylarymy azajyk biynjalyk edesim gelýär. Düýn irden "T24"-i açanymda sözbaşylaryñ başynda gorkunç fotosurata we habara gözüm düşdi: "Ýürek gyýyjy kartina: Türkiýede kömege mätäç garyp çagalaryñ sany 10 milliona ýetdi". Ýazgymyñ başynda adyny agzan alyjenabym Şopengaueriñ belkäm azajyk akyl satýan ýaly bolup görünse-de, dogry aýdan sözüni ýatlasym geldi: "Adamlaryñ köpüsiniñ ömri şeýlebir hary-zelil, hor-homsy, şeýle bir ähmiýetsiz welin, ölenlerinde haýsydyr bir zat ýitirendikleri aýdylmaýar". Ony garyplary ähmiýet bermezlikde aýyplamaga synanyşmañ-da, şu gysgajym ömürde şol naşyja çagalaryñ paýyna düşen eleşan eşiklere, aýakgaplara (has dogrusy aýakgapsyzlyga), ýyrtyklara we ýamalara oñ bolmanda birküç sekunt serediñ! Hakan AKSAÝ. @AksayHakan aksayhakan@gmail.com "T24" internet gazeti, 16.11.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |