19:09 Bu ýerde uruş ýok, ýagny ýok ýaly, ýagny bar, ýöne... | |
BU ÝERDE URUŞ ÝOK, ÝAGNY ÝOK ÝALY, ÝAGNY BAR, ÝÖNE...
Publisistika
Ruslara urşuñ täsiriniñ ýetmeýändigini aýdýanlaram bar, tersini pikir edýänlerem Russiýadan täsin başdan geçirmeler bilen gaýdyp geldim. Käbirleriñize üýtgeşik ýeri ýok ýaly-da bolup biler, ýöne birini şumat dykgatyñyza ýetirmek isleýärin. Uzak wagtlap görmedik köne rus dostum bilen görüşdim. Birnäçe temadan gürrüñ etdik. Gürrüñimiziñ arasynda oña sorag berdim: - Russiýa-Ukraina çaknyşyklary seniñ we ýakynlaryñ durmuşyna täsirini ýetirýärmi? Aýratynam Kursk wakasyndan soñ? Ol birnäçe sekuntlap dymdy. Soñra maña sorag berdi: - Kursk wakasy diýende nämäni göz öñüne tutýarsyñ? Bu gezek säginme gezegi mendedi. Bu soragy nämüçin berendigime düşünmändim. - Ukraina 6-njy awgustda Kursk şäheriniñ bir bölegine çozd-a! Şony soraýan elbetde. Gözleri mölerdi. Kellesini burdy. Bu gezek köpräk dymandan soñ ýene sorag bilen ýüzlendi: - Hakan, hakykatdanam näme diýýäniñe düşünmedim. Kurskda näme bolupdyr eýse? Men oña jogap berip ýetişmänkäm, sözüniñ üstüni ýetirdi: Men uzak wagt bäri habarlara seretmesem näme. Uruş barada hiç zat eşdesim gelenok. Ýöne Kurskda tanyş-bilişlerim-ä bardy. Sen aýtdyñ welin, olary alada etdim. Onuñ aladaly ýüzüni görüp menem näme diýjegimi bilmän galdym. Tanşym elli ýaşlaryndaky, iki ýokary okuw jaýyny tamamlan, 4-5 dil bilýän, bilimli adam. Meniñ pikirimçe "bütin dünýäniñ bilýän" zadyny ol Moskwada ýaşabam nädip bilmeýärkä! * * * Soñky duşuşygym syýasat dünýäsine ýakyn rus tanşym bilen boldy. Bile kofe içip otyrkam oña ýokarky gürrüñimi aýdyp berdim. Muny aýdyp durkam endam-janymy düýnki geñ galyjylygymyñ gurşap alandygyny duýýardym. Ol bolsa özüni diýseñ arkaýyn alyp barýardy. Soñra maña sowukganlylyk bilen açyk-aýdyñ düşündirdi: - Seniñ gije-gündiz habarlary sypdyrman görýän biri bolandygyñ üçin muña düşünmekde kynçylyk çekýäniñi bilýärin. Ýöne ynanaý, bular ýaly millionlarça adam bar biziñ ýurdumyzda. Olaryñ uruş baradaky habarlara gözleri we gulaklary ýumuk. Munuñ sebäbini soramazdan başga içýakgyç sorag beresim geldi: - Ruslaryñ tradision taýdan syýasatdan daşda durma we häkimiýete ynanma häsiýetiniñ netijesimi bu? - Olar ýalam diýip bilersiñ. Ýöne meñ pikirimçe bular ýaly ýagdaýlara başga ýurtlarda-da gabat gelip bolýar. Bir ýerlerde uruş bolup durka, başga ýerlerde durmuş öñküsi ýaly dowam edýär. Munuñ özi belli bir derejede çäkleri gorama meselesi. Durup bilmän sorag berdim: - Çäkleri goramak diýýäñmi? Iki ýarym ýylda iki tarapdan bir milliondan gowrak adam öldi we ýaralandy. Üstesine näçe gezek Moskwa dron atyldy. Bir aýal öldi... - Bilýän, bilýän, ýöne şonda-da aýdýanlarymyñ dogrudygyna ynanaý. - "Lewada" ylmy-barlag merkeziniñ pikir soralşygynyñ netijesine görä, rus halkynyñ ýarsyna golaýy "indi ýaraşyk şertnamalaryny baglaşmak üçin duşuşyklar geçirilsin" diýenmiş. Ýagny uruşa garşy... Ol sözümi kesdi: - Metbugatda çap edilýän şular ýaly pikir soralşyklaryñ ýekesine-de ynanyp bolmaýar. "Lewada" kimden sorapdyr, nähili sorapdyr? "Urşa garşymyñ?" ýa-da "Ýaraşyk baglaşylsynmy?" diýilse, bolmanda-da köp adam "hawa" diýer... Dymdym. * * * Makalalarymda we wideoprogrammalarymda rus jemgyýetiniñ aglaba böleginiñ uruş meselesinde sesini çykarmaýandygyny, durmuşlaryny öñküsi ýaly imisala dowam etdirýändiklerini aýdypdym. Emma wagtal-wagtal menem geñ galýaryn. Elbetde, adamlaryñ dymmalarynda gorkynyñam paýy paýy bar. Russiýada ýaşaýam käbir okyjylar we tomaşaçylar kämahal esasly ýagdaýda meniñ aýdýanlaryma garşy çykýarlar, meni tankyt edýãrler. Çünki olar uruşdan ýaramaz täsirlenen köp sanly adamlary tanaýar. Ukrainada garyndaş-dogan ilteşigi bolan azyndan millionlarça rus bar. Heý-de täsirlenmän bolarmy! 2022-nji ýylyñ fewral aýyndan bäri mobilizasiýada harby gulluga alynan we fronta ugradylan esgerleriñ ene-atalarynyñ bildiren protestlerinden başga barmak büküp sanaýmalyja demonstrasiýalar boldy. Uruşyñ parahat durmuşa täsirini ýetirýändigini görkezýän wakalaram gaty kän däl. Hususanam Moskwada we Peterburgda şeýle. Çünki bu iki şäheriñ aýratyn möhüm ähmiýeti bar. Häkimiýet bu iki şähere aýratyn üns berýär. Bu ýerlerden fronta ugradylýanlaram, uruşda wepat bolanlaram juda az. Ýitgiler köplenç garyp respublikalardan we şäherlerden. Birnäçe wagt bäri Russiýa ep-esli pul töläp, goşuna hakynatutma esgerleri alýar. Bu boýunça baglaşylýan şertnamanyñ umumy bahasy iki million rubla golaýlady. Aýlyklar 200 müñ rubl töweregi. Soñky wagtlarda käbir rus ýaşlarynyñ "urşa gidip hem-ä pul gazanaryn, hemem hormatlanýan adamlaryñ biri bolaryn" diýýändigi gulagyma ilýär. Bular geñ, gussaly, gynançly üýtgeşmeler. Adam hemişe hemme zada düşünmeýär. Üstesine bu ýagdaý diñe "daşardan seredilende" şeýle däl. Iki aý öñ häzir adyny aýdyp bilmejek bir tanşym şeýle diýipdi: - Halkyñ ullakan garşylyk görkezmejegini öñem bilýärdim. Ýöne dogrymy aýtsam, bular ýaly uzaga çeken çaknyşyklarda beýle dymyşlygy göz öñüne-de getirmändim. Gaýtadan soñky duşuşygyma gaýdyp geleýin. Tanşyma berjek bolan soragym şudy: - Siz ýygy-ýygydan taryhyñyz hakda aýdanda: "biz ruslar uzak wagtlap ümsüm durup, soñam birden aýaga galaýmamyz bar" diýen ýaly magtanmalary gowy görýärsiñiz... Ol sözümi tamamlamaga pursat bermedi: - Bu zatlar barada hiç zat aýdyp biljek däl. Ol pessaý gülümsireme bilen töweregine göz aýlady-da, sessizje kofesini owurtlady. Hakan AKSAÝ. @AksayHakan aksayhakan@gmail.com "T24" internet gazeti, 12.10.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |