16:16 Teraktlar, raketa hüjümleri we gümanaly ýaraşyk umydy: Tramp | |
TERAKTLAR, RAKETA HÜJÜMLERI WE GÜMANALY ÝARAŞYK UMYDY: TRAMP
Publisistika
Atyşygy bes etmegiñ ylalaşygy eger zerre ýaly-da imrinmeýän adamym Tramp arkaly amala aşjak bolsa, oña-da üns bermäge mejbur ýagdaýa düşdük. Russiýanyñ Ýadro, biologiki we himiki goranyş güýçleriniñ serkerdebaşysy Igor Kirillowyñ we onuñ kömekçisiniñ Moskwada öldürilen ýeri Moskwada uly terrorçylykly hadysa bolup geçdi. 17-nji dekabrda ir sagat 06:00-da öýünden çykan Russiýanyñ Ýadro, biologiki we himiki goranyş güýçleriniñ serkerdebaşysy general-leýtenant Igor Kirillow we onuñ kömekçisi Ilýa Polikarpow uzak aralykdan dolandyrylýan bomba bilen howa uçuryldy. Kirillow Russiýanyñ Goranmak ministrliginiñ iñ esasy adamlarynyñ biridi. Bular ýaly ýokary düzümli ýolbaşçynyñ öldürilmehi birnäçe çekişmäniñ, tankydy belligiñ we howp-hataryñ orta atylmagyna getirdi. Rus generaly mundan öñ telim gezek ABŞ-ny Ukrainadaky laboratoriýalarda çar künjege howply wiruslary ýaýradýan "hapa biologiki bomba" öndürmekde aýyplapdy. Ukraina bolsa uruş dowam edýärkä öz çäklerinde bäş müñ çemesi himiki hüjüme uçrandygyny, munuñ jogapkärleriniñ biriniñ Kirillowdygyny öñe sürüpdi. Britaniýa şu esasda rus generalyna geçen oktýabr aýynda sanksiýa beriljekdigini mälim edipdi. Ahyrynda terrorçylykly aktyñ bolup geçmeginden bir gün öñ 16-njy dekabrda Ukrainanyñ Razwedka uprawleniýesi Sergeý Kirillowy ýurduñ gündogar we günorta frontlarynda himiki ýarag ulanmakda aýyplapdy. Şeýle ýagdaýda tebigy taýdan Moskwadaky terrorçylykly hadysany Ukrainanyñ gurnandygy hakdaky çaklama güýçlenýär (muny prezident Zelenskiniñ geñeşçisi Podolýak hernäçe boýun almasa-da, mediyada alternatiw kanallardan käbir ukrainaly ygtyýarlylaryñ çapraz beýanatlary berýän habarlary ýüze çykmaga başlady). Aýratynam düýn Moskwada ele salynan we ukrainaly ygtyýarlylardan alan 100 müñ dollar pul sylagy we "Ýewropada ýaşamaga rugsatnama almak" wadasy bilen bu jenaýaty edendigi mälim eden özbegistanly raýat Ahmet Gurbanowyñ "mediatik gymmatynyñ" ikinji orunda galmagy her niçik-de bolsa düşünip boljak hakykat. Ahmet Gurbanow • Uruş Russiýanyñ içlerine ýaýraýar Russiýa bilen Ukrainanyñ arasyndaky uruş eýýäm üç ýyla golaý wagt bäri dowam edýär. 2022-nji ýylda islän netijesini almasa-sa, ep-esli ýeri basyp alan Russiýa 2023-nji ýylda onçakly öñe süýşüp bilmändi. Şu ýyl, aýratynam soñky aýlarda rus goşun bölümleri Ukrainada barha tizleşýän öñe süýşme içine girdi. Günbataryñ hemişe ýarag we maddy ýardamlarynda "hemişe gijigendigini we çäkli galandygyny" aýdyp gelen rus hökümeti bu şertlerde uruşyñ Russiýanyñ oblastlaryna syçramagynyñ öz nukdaýnazaryndan möhüm ähmiýetli üstünlik boljagynyñ kararyna geldi. Dürli wagtlarda köp sanly dron Russiýanyñ dürli şäherleriniñ üstünde gaýmalady. Bir gezeginde şeýle dronlaryñ birini Kremliñ üstündekä atyp aldylar. Başga bir dron hüjüminde Moskwa oblastynda bir aýal wepat boldy. Dürli ýerlerde, harby obýektlerde düýpli ýykgynçylyklar emele geldi. ABŞ we onuñ ýaranlarynyñ gysga wagt öñ Ukraina ýollan uzak aralyga arýan raketalar bilen Russiýanyñ jümmüşlerini urmaga razylyk bermegi-de şu babatda ädilen ädimdi, emma häzirlikçe ýetiren täsiri az boldy. Şeýle hem Ukrainanyñ Ýaragly Güýçleri 2024-nji ýylyñ 6-njy awgustynda garaşylmadyk hüjüm edip, Russiýanyñ Kursk oblastynyñ bir bölegini okkupirläpdi. Edil häzir olar basyp alan ýerleriniñ aglabastny elden giderdiler, ýöne Kursk çaknyşyklary häzirem dowam edýär. Muña derek dürli terrorçylykly hadysalar öñe saýlandy. Ukraina garşy berýän gazaply beýanatlary bilen wagtal-wagtal dile düşýän Aleksandr Duginiñ gyzy Darýa Dugina 2022-nji ýylyñ 20-nji awgutlsgynda (belki-de aslynda kakasyna garşy gurnalan bolmapy) terrorçylykly aktyñ netijesinde öldürildi. Onuñ bilen birmeñzeş pikirleri öñe sürýän harby blogger Wladlen Tatarskiý 2023-nji ýylyñ 2-nji apdelinde Peterburgda Ýewgeniý Prigožine degişli kafede geçirilen ýygnanyşykda partladylan bomba bilen aradan çykdy. Russiýanyñ tarapdarlygyny edýän ukrain deputaty Ilýa Kiwa 2023-nji ýylyñ 6-njy dekabrynda Moskwanyñ ýakynlarynda öli ýagdaýda tapyldy. Mundan alty gün öñem rus raketa hünäeni Mihail Şatskiý ýene Moskwa oblastynda oka tutulyp öldi. Gaýtalap aýdýaryn, Kirillow çini iñ uly ýitgi bolandygy üçin bularyñ hemmesinden has köp gowur turuzdy. Igor Kirillow • Ýaraşyk umydy Trampa garaşýar Amerikan çeşmeleri 2022-nji ýylyñ 24-nji fewralynda başlan uruşda häzire çenli bir million adamyñ ýitirilendigini aýdýar. 600 müñ russiýaly, 400 müñi ukrainaly ("ýitirildi" diýenimde ölenleriñ we urşup bilmejek derejede düýpli ýaralananlaryñ hem göz öñüne tutulýandygyny aýdyp geçeýin. Rus hünärmenleriniñ biriniñ aýtmagyna görä ortaça her üç ýitginiñ biri ölüm, beýleki ikisi ýaralanma manysyny berýär). NATO-nyñ baş sekretary Rutte ýakynda "Ukraina boýunça her hepde 10 müñden gowrak adam ölýär ýa-da ýaralanýar" diýdi. Hu gorkunç gyrgynçylygyñ we urşuñ indi soñlandyrylmagy gerek. Araçäkleriñ eýle ýa-da beýle görnüşde çekilmegi-de derwaýysdyr welin, şunça adamyñ ömrüniñ ýanynda meniñ pikirimçe araçäkleriñ näme manysy bolup biler? Hem atyşygy bes etmegiñ ylalaşygy eger zerre ýaly-da imrinmeýän adamym Tramp arkaly amala aşjak bolsa, oña-da üns bermäge mejbur ýagdaýa düşdük. Hernäçe Trampyñ sagy-soly belli bolmasa-da we ertir haýsy meselede nähili ädim ätjegini çaklap bilmesek-de. Syýasy we ideologiki saýlawlara yñdarmalar deýin baglanan "diwan awtoritarlarynyñ" çemeleşmeleriniñ tersine, mesele indi Russiýanyñ ýa-da Ukrainanyñ üstün çykmagyna däl-de, her gün ýüzlerçe, müñlerde adamyñ ölmeginiñ öñüni almaly. Şeýdilmedik ýagdaýynda Ukrainanyñ çäklerindäki uruş böreñ-böreñ gan akdyrmagyny dowam etdirer. Dron se raketa hüjümleri bilen terrorçylykly aktlar her ýere ýaýrar. Gysgaçasy, bu uruş indi soñlandyrylmaly. Haýsy lideriñ syýasy bähbidi nähili bolsa şo hili bolsun! Haýal etmän! Hakan AKSAÝ. @AksayHakan aksayhakan@gmail.com "T24" internet gazeti, 19.12.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |