17:28 "Esenboga" operasiýasy: Baýden üstünlik, Putin ýeñiş gazandy | |
“ESENBOGA” OPERASIÝASY: BAÝDEN ÜSTÜNLIK, PUTIN ÝEÑIŞ GAZANDY
Publisistika
Halkara Sud tarapyndan garşysyna tussag etmek barada karar çykarylan Putin bu çalşyk bilen birdenkä Günbataryñ "deñdeşine" öwrüldi duruberdi Ankaranyñ "Esenboğa" howa menzilinde 2024-nji ýylyñ 1-nji awgustynda 26 adamyñ ykbaly özgerdi. Duşman lagerlerden getirilen on adam beýleki lagerdäki 16 adam bilen çalşyldy. Ol on adam Russiýada prezident Putin tarapyndan howa menzilinde dabaraly garşylandy. Beýlekileri Germaniýa bilen (yzysüre olaryñ üçüsi ABŞ-na) äkidildi. Günbatara gidenleri garşylanlaram premýer-ministr Şols, prezident Baýden we prezidentiñ orunbasary Kamala Harrisdi. Liderler hemişe we hemmeleri garşylamaýar. Diýmek, bu wakanyñ juda möhüm ähmiýeti bar. Hatda 1985-nji ýyldan bäri bular ýaly uly möçberli tussag çalşygy bolmandygy sebäpli taryhy ähmiýetiniñem bardygyny aýdyp bolar. "Uly çalşyga" gatnaşanlar diñe Russiýadan, ABŞ-dan, Germaniýadan ybarat däldi. Olara goşmaça Norwegiýa, Sloweniýa, Polşa, Belarus hem operasiýanyñ bir bölegidiler. Türkiýe bolsa diñe soñky tapgyryñ bolup geçen sahnasyny däl, eýýäm 1,5 ýyl dowam edip gelen taýýarlyk döwründe rus we amerikan ýörite gulluklarynyñ başlyklarynyñ duşuşan we prosesiñ koordinasiýasyny ýola goýan ýurdy boldy. Şu nukdaýnazardan seredilende, üstünlik gazananlaryñ arasynda Ankarany sanamagam ýalñyş bolmasa gerek. Dogrusyny aýtmaly, Türkiýe urşuñ durzulmagy ugrunda iñ esasy ädimleriñ ädilen 2022-nji ýylyñ martyndaly Stambul gepleşikleriniñ guramaçysy (BMG bilen birlikde), şol bir wagtyñ özünde şol ýylky ýesir çalşygynyñ we has soñra "Däne koridory" şertnamalarynyñ baş aktýorydy. Bularyñ hersi aýratyn üstünde durlup geçilmeli üstünlikdir. 2022-nji ýyldan soñ aradadurarlykda güýç ýitirilenem bolsa, bulary aýtsak gowy bolar. (“Esenboğa” operasiýasy bilen gazanylan utuklaryñ ertesi gün Instagramyñ gadagan edilmegi zerarly ýitirilmegi-de ýene häkimiýetiñ günäkärçiligidir). • Baýden gidip barýarka şowly urgy etdi ABŞ-nyñ prezidenti Baýden bu çalşyk üçin mazaly der dökdi. Ýokarda ady agzalan ýewropaly döwletleriñ ýolbaşçylary bilen kän gepleşikleri geçirdi. Aýratynam bu çalşygyñ geçirilmeginiñ öñündäki päsgelçilikleriñ birini - Germaniýanyñ gaýtawulyny aşmak üçin jan etdi. Nemes lideri Şols 2019-njy ýylda çeçen emigranty Hangoşwilini öldürendigi üçin ömürlik tussaglyga höküm edilen KGB-niñ jansyzy Krasikowy boşatmagyñ mümkin däldigini, ýurdundaky hukuk sistemasynyñ muña ýol bermeýändigini aýdýardy. Baýden bolsa bu çalşygyñ juda möhüm ähmiýetiniñ bardygy bilen birlikde Belarusda terrorçylykly akt amala aşyrmakda aýyplanyp ölüm jezasyna höküm edilen nemes raýaty Krigeriñ janynyñ halas edilmeginin diñe şeýdilende mümkin bolup biljekdigini öñe sürýärdi. Şeýle-de uzak wagta çeken taýýarlyk döwründe çalşygyñ iñ möhüm adamy hökmünde sanawyñ başyna ýazylan rus oppozisiýasynyñ öñbaşçysy Nawalnynyñ 16-njy fewralda türmede ölmegi ýagdaýyñ näderejede howpludygyny düşündirmek üçin Baýden tarapyndan ulanyldy. Amerikan prezidenti Günbatar ýurtlarynyñ hökümetleri bilen bu meseledäki soñky duşuşyklaryny noýabr aýyndaky prezident saýlawlaryna gatnaşmajakdygyny aýtmagyna birnäçe sagat galanda gutardy. "Esenboğa" howa menzilinde hemme zadyñ ugruna bolmahy bilenem muny hamana öz gazanan üstünligi ýaly ulandy, hatda öz partiýasyndan prezidentlige kandidat görkezilen Harris bilenem bu üstünligi paýlaşasy gelmedi. Netijede eýdip-beýdip Demokratik partiýanyñ agzalary tussag çalşygynyñ geçirilmegini-de saýlaw kampaniýasy üçin öz peýdalaryna ýazdyrdylar. Şu nukdaýnazardan Trampyñ "ABŞ ýeñildi, ýene Putin ýeñiş gazandy" diýmeginiñ we çalşyk üçin rus liderini mazamlamagynyñ edil häzir onçakly ähmiýeti ýoga meñzeýär. • Putin "deñdeş" bolmagyñ keýpini görýär Baýden we Tramp diýlende, Putiniñ bu çalşygy amerikan saylawlarynyñ öñüsyrasynda etmegi-de gözden sypdyrylmaly däl. Görnüşi ýaly, Trampyñ öñünden çaklap bolmaýan we ynamsyz adam bolmagy diñe Ukrainany däl, Russiýany-da gorkuzman duranok. Emma rus lideri üçin has möhüm ähmiýetli mesele bar. Ýañy-ýakyna çenli käbirleriniñ "mafiýa we garakçy döwletiñ başy", "Ukrainada çagalaryñ gandary" diýil gelen, şeýle-de Halkara Sud tarapyndan garşysyna tussag etmek barada karar çykarylan Putin bu çalşyk bilen birdenkä Günbataryñ "deñdeşine" öwrüldi duruberdi. Şu tarapdan alanda gürrüñi gidýän çalşygyñ Baýdene üstünlik, Putine bolsa ýeñiş gazandyrandygyny öñe sürýänleriñ pikirini menem goldaýaryn. Birnäçe synçyny goldaýan başga bir pikirimem bular ýaly çalşykladyñ mundan sonam dowam edip biljekdigi. Günbatar türmelerinde Moskwanyñ gaýdyp almak isläp biläýjek onlarça rus ygtyýarlysy bar. Rus türmelerinde bolsa ýüzlerçe syýasy tussag. Günbatar Kremliñ 1-nji awgustda boşadylan amerikan žurnalisti Gerşkowiç ýaly başga günäsiz adamlary-da "ýesir çalşygy" kerwenini döretmek üçin tussag edilip bilinjeginden aladalanýandygyny aýdýar. Netijede kimiñ bu operasiýadan has köp utuşly çykandygy barada dürli pikirleri orta atyp bilerler, emma meniñ pikirimçe iñ esasy zat hiç kimiñ zyýan çekmän çykanlygydyr. Syýasy liderler we döwletler owarram, bärde, çalşyk edilen 26 adam, olaryñ maşgalasy, garyndaş-doganlary, dost-ýarlary, ýakynlary gazandy. Adamyñ ömri gazandy. Galyberse-de, bu dünýäde hiç bir zat, ol ne pul bolsun, ne syýasat, ne geosyýasy hakykatlar bolsun, ne ideologiýa, ne-de din bolsun, adamyñ ömründen, adamyñ janyndan gymmatly däldir! Hakan AKSAÝ. @AksayHakan aksayhakan@gmail.com "T24" internet gazeti, 10.08.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |