01:08 Wunderkindler ýa-da üýtgeşik zehinler | |
WUNDERKINDLER ÝA-DA ÜÝTGEŞIK ZEHINLER
Geň-taňsy wakalar
Taryhy maglumatlara görä, dünýäniň dürli ýurtlaryndan, dürli wagłda täsin zehinli çagalaryň, ýagny, wunderkindleriň 400-den gowragy hasaba ainypdyr. Olaryň arasynda dünýä belli, meşhur şahsyýetler bolan Gýote, A.Puşkin, A.Blok, Bethowen... dagylar bar. Özüniň beýik eserleri bilen meşhur bolan Wolfang Mosart hem täsin zehinli şahsyýetlere degişlidir. Ol ýaňy dört ýaşyndaka fortepiano üçin çylşyrymly klawir ýazypdyr. Wolfangyň çyny bilen kagyzyň ýüzüne bir zatlar ýazyp oturanyna gözi düşen kakasy onuň ýazgylaryny alyp okapdyr. Harsallyk bilen ýazylan agyr saz eserini gören kakasy: «Bu klawir şeýle bir çylşyrymly hem agyr, muny hiç kim çalyp bilmez-ä» diýip, oglunyň ýüzüne geň galmak bilen seredipdir. Wolfang sonda närazylyk bilen: "Ony in bärkisi çaga-da çalyp biler, kaka» diýipdir. Ol alty ýaşynda Ýewropanyň dürli şäherlerinde özbaşdak konsertler bilen çykyş edip başlapdyr. Häzirki döwürde ýaşayan wunderkindler barada bilmek hem gyzyklydyr. Alty ýaşly Maksimiliano Arellano de la Noe Meksikanyň Metek şäherçesinde yaşaýar. Onuň kakasy lukman. Zehinli oglanjyk hem, esasan, lukmançylyga degişli örän köp eserleri, kitaplary ýatdan bilýär. Onun bu täsin ýatkeşliği üç ýaşynda ýüze çykýar. Üç ýaşyndaka onuň otagynda dünýä kartasyny asyp goýýarlar. Maksimiliano bir hepdeden soň karta seretmezden, ähli ýurtlaryň paýtagtlaryny ýekeme-ýeke atlandyryp bilipdiz Häzir hossarlary Maksimilianonyň bu täsin ukybyny ösdürmek üçin ony Meksikanyň Lukmançylyk uniwersitetine okuwlara gatnaşdyrmak ugrunda çalyşýarlar. 2009-njy ýylda bu uniwersitetde üýtgeşik leksiýa geçdi. Leksiýany yaşajyk Maksimiliano okady. Mikrofona boýy ýetmeýändigi üçin bolsa, ol oturgyja münmeli boldy. Täsin zehinli oglanjyk güýçli professorlar ýaly bolup, ýokary ýyl talyplaryň öňünde osteoporoz we diabet keselleriň aýratynlygy hem-de alamatlary hakynda anyk gürrüň berdi. Bu waka dünýä jemgyýetçiligini haýran galdyrdy. Dünýä belli wunderkindleriň ýene biri 11 ýaşly Ernesto Ýewgeniý Sançes Şaýdadyr. Ernestonyň zehini 2 ýaş 7 aýlykka ýüze çykyp başlapdyr. Ol şol wagt sakynman okap bilipdir. Ol zehinli ýaşlaryň arasynda geçirilen "Altaýyň geljegi" atly bäsleşigiň ýeňijisi bolup, ýörite diplom bilen hem sylaglandy. Altaýyň politehniki uniwersitetinde geçirilen ylmy konferensiýada hem Ernesto özüniň birnäçe ylmy açyşlaryny hödürledi. Onuň döreden sowadyjy enjamy alymlaryň ünsüni çekdi. Bu sowadyjy enjam kompressorsyz bolansoň elektrik toksuz işledilýär. Şeýle-de ol üç ölçeg şekilli telewizory hem döredipdi. Häzir Ernesto 9-njy synpda okaýar. Orta mekdebi tamamlap, okuwyny Nowosibirskiniň ýa-da Moskwanyň ýokary okuw mekdeplerinde dowam etdirmek isleýär. Ol matematikadyr fizika sapaklaryny aýratyn gowy görýär. Hytaýly 10 yaşly Çžan Sinýan hem ýokary okuw mekdebiniň giriş synaglarynda 505 ball toplamagy başarýar. Synaglardan üstünlikli geçen oglanjyk Týanszin şäherindäki Politehniki institutynyň maglumaty seljeriş tehnologiýasy fakultetinde matematika hünäri boýunça bilim alyp başlaýar. Çžan bilen bagly bu waka Hytaý Respublikasynda täze rekord hasaplanylýar. Ondan ozal, 2000-nji ýylda Hunan şäherçesinden 12 yaşly Fen Hau hem ähli giriş synaglaryndan üstünlikli geçip, ýokary okuw mekdebinde okapdyr. Taýýarlan ALTYN GAJYMOWA. Surat: "Wunderkind" kinofilminden (2011 ý). | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |