12:45 Gýugonyñ "Ölüm jezasyna höküm edileniñ iñ soñky güni" powestinden jümleler | |
GÝUGONYÑ "ÖLÜM JEZASYNA HÖKÜM EDILENIÑ IÑ SOÑKY GÜNI" POWESTINDEN JÜMLELER
Sözler
Ýakynda ýaş şahyr, dostumyz Taýmaz Seýidow dünýä belli fransuz ýazyjysy Wiktor Mari Gýugonyñ "Ölüm jezasyna höküm edileniñ iñ soñky güni" atly kitabyny sowgat beripdi (kitap ber diýseñ husytlykdan ýaña gañşyrawugy ýygrylyp bir topbak bolýan we tersine; özi kitap alsa wagty bilen yzyna beresi gelmeýän Taýmaz dädemiz nädip birdenkä beýle joşdy, bilmedim. :) Powesti bir demde okap çykdym we ady tanyşam bolsa öñ okamanymamy näme, üýtgeşik täsir etdi. Şonuñ üçin aýratyn täsir galdyran pelsepewi manyly jümleleri özüme bellik edişdiripdim. Eden belliklerim göwnüñize ýarar diýip umyt edip, siziñem dykgatyñyza ýetirýärin. Eliñi ýuwmak gowy zat. Emma ganyñ akmasyny togtatmak ondanam gowy. * * * Ölüm jezasyny ýatyrmak baradaky meselä halkyñ talaplary boýunça däl-de, biziñ, ýagny ministr wezipesine ýetmegi arzuwlaýan deputatlaryñ islegleri nazarda tutulyp seredilýändir... Hemmeleri hoşnut edýän bolsa neneñ ajap, emma biziñ öz bähbitlerimizden başga bilýän zadymyz ýok. * * * ...Egoizme ýugrulan dürüşde iñ oñat jemgyýetçilik sazlaşygyny-da üýtgedip we bozup taşlaýar. * * * Ynkylap döwründe birinji bolup togalanan kellä üns beriñ. Ol mähelläni barha-da gylawlandyrýandyr. * * * Hakykaty aýtmaly bolsa, kellekeser jellady uly gorky gaplap alypdyr. Ol kanun çykaryjylaryñ ynsanperwerlikden, "adamsöýüjilikden", "kämilleşmekden" söz açýandyklaryny bilen badyna, özüniñ mundan beýläk gerek bolmajagyny duýupdyr. Gizlenipdir. Adamlaryñ özünii ýatdan çykarmasyna garaşyp, gulagyny ýapyp, hatda dem almaga-da gorkup, gündiziñ günortany iýul güneşiniñ astynda keýpsiz halda müzzerip duran ýarganat ýaly gilotininiñ astyna bukulypdyr. Alty aýlap hiç kime görünmändir. Ölüdigi diridigi bilinmändir. Assa-ýuwaş gaýgy-aladadan saplanyp ugran jellat daş-töwerege doñuz diñini salypdyr. Öz adynyñ tutulmaýandygyna magat göz ýetiripdir... Adamlar başga zatlar bilen, başga-başga jemgyýetçilik bähbitler bilen, ýa-da 150 millionlyk gorkunç býužetdäki 100 müñ franklyk zelel bilen başagaýmyşyn. Hiç kim onuñ - haýsydyr bir kellekeseriñ pikirini etmändir. Ol muny görüp arkaýynlaşypdyr, kellesini deşikden çykarypdyr, dört tarapyna seredipdir, Lafonteniñ basnýasyndaky syçan ýaly öñe bir ädim ädipdir, soñ ikinjisini. Iñ soñunda daşary çykma töwekgelçiligini edipdir. Düýbüne bukulyp oturan kelle kesiji enjamyny syryp-süpürişdiripdir, arassalapdyr, ýalpyldadypdyr. Näçe wagtlap işlemändigi sebäpli poslap giden enjamy ýaglapdyr. Soñra birdenkä gäbi azan ýaly, türme tussaglygyna umyt bilen garan betbagt adamlaryñ biriniñ saçyndan tutaga-da özüne çekipdir, elini-aýagyny baglap, boýnundan halkany geçiripdir. Şeýdibem ölüm jezasy täzeden möwç alypdyr. * * * Jemgyýetiñ ony bu ýol arkaly dönük hasaplamasyndan ötri, ölüm jezasyna höküm edilmek nähili gorkunç zat! * * * Bir garamañlaýyñ eden etmişinden, oña berlen jezadan, gynamalardan, iñ soñky deminde urunmalaryndan çörek iýýärler, bir teññä kagyz satýarlar. Gandan ýaña poslap giden bu teññelerden has gorkunç zadyñ bolup biljekdigini pikir edýäsmikä beri? Kim toplaýar olary? * * * Jemgyýetçilik tertibine zyýan berýän we geljekde-de zyýan berip biläýjek synanyñ kesilip aýrylmagy gerek. Ýöne ýagdaý şuña gelip dirän bolsa, ömürlik tussag ýeterlik dälmi näme? * * * Näme üçin diñe öldürmeli diýip dursuñyz? "Türmeden gaçmagy ahmal" diýen bahanany öñe tutýarsyñyzmy? Sizem özüñize bekje boluñ. Eger gözenekleriñ berkligine ynanmaýan bolsañyz, näme üçin onda şular ýaly "haýwanat bagyny" gurmaga milt etdiñiz? * * * Gözegçiniñ ýeterlik bar ýerinde jelladyñ geregi ýok. * * * Öç almak adama mahsus, jezalandyrmak - Hudaýa. * * * "Öç almak üçin jezalandyrmak" ýolundan gitmeli däl. "Gowulandyrmak üçin düzeltmeli". * * * Biz turuwbaşdan "başgalara göz etme" diýen düşünjäni inkär edýäris, günäkäri köpçüligiñ öñünde jezalandyrmak arkaly garaşylýan netijäni alyp bolýandygyna garşy çykýarys. Bu halkyñ añyny bulaşyklyga salmakdan has beter, adamlaryñ batyrgaýlygyny, duýgylaryny, aýratynam erkeklik duýgusyny öldürýär. * * * Ýogsa-da siz, biçäre adamy çola bulwarlaryñ iñ garañky burçunda damagyny çalanyñyzda, munuñ başgalara sapak bolýandygyna tüýs ýüregiñiz bilen ynanýarsyñyzmy? * * * Sizden öñem başgalar ölüm jezasyny kän beripdi. Ýöne olar özlerini hak ýoldadyryn, dogry işi amal edýändirin öýderlerdi. Žuwenel de Ursen, Eli de Torret, Laubardemont, La Reni, Laffema dagylaram özlerini kazy saýardylar. Ýogsa-da sizem öz wyždanyñyz bilen ikiçäk galanyñyzda, ganhor däldigiñize doly kepil geçip bilersiñizmi? * * * Owadan sözler, gözýaşlar... bularyñ barsy biderek! Ýylmanak sözleriñ añyrsynda diñe doñýüreklik, ikiýüzlilik, wagşylyk, özüñi görkezjek bolma, pul gazanma ýaly zatlar bar. Lal boluñ, ähli intelligentler! Kazynyñ mymyjak elleriniñ aşagynda jelladyñ dyrnaklary görünýär. * * * Garalawjynyñ nämedigine sowukganlylyk bilen düşünmek kyn bolsa gerek. Ol işigaýdan adamlary dar agajyna ugradyp, şamlygyny gazanýan adamdan başga hiç kim däldir. * * * Mundan beýläk ogurlyk, talañçylyk we ş.m agyr jenaýatlara seredilende, ýolbaşçynyñ oturdaşlara: "Jenaýatda aýyplanýan bu işi endige öwrüleni üçinmi ýa-da zerurlyk duýanlygy üçin etdimi?" diýen soragy bermesi gerek. * * * Aýny wagtynda ölüm jezasy Parižiñ daşyna çykdy. Şuny aýratyn nygtap geçmek isleýärin: Parižden çykmak - siwilizaziýadan çykmak diýmekdir! * * * Ol masgaralaýjy enjam (gilotin -t.b.) Fransiýadan ýok bolup gider, biz muña ynanýarys. Hudaý ýol berse yzyna garaman gider. Sebäbi biz ony aýgytly zarbalar bilen urmaga synanşarys. * * * Geçmişiñ jemgyýetçilik gurluşy üç sütüniñ üstünde durýardy: ruhanylar, patyşalar, jellatlar. Ep-esli wagt geçensoñ bir ses çykdy: "Hudaýlar gümüni çekip gitsin!" Soñ ýene bir gün ýene-de bir ses çykdy: "Patyşalar gümüni çekip gitsin!" Indi üçünji bir sesiñ "Jellatlar gümüni çekip gitsin!" diýip gygyrmagynyñ wagty geldi. Şunuñ bilen jemgyýet pagyş-para bolup pytrar, şeýdip Hudaýyñ takdyry geçmişiñ çöküşini tamamlar. Hudaýlary küýseýänlere ýeke Hudaý bilen oñuber diýse bolar. Patyşalary küýseýänler Watan bilen mydar etsin. Jellatlary küýseýänlere aýdara söz ýok. Dünýä jellatlaryñ ýok bolany bilen düzeler öýtmäñ, muña hiç haçanam ynanmañ. Gelejekki jemgyýetiñ üçegi şular ýaly gorkunç açary bolmandygy üçin çöker öýtmäñ. Siwilizasiýalar biri-birine sepleşip barýan zynjyr halkasyndan başga zat däldir. Ýagdaý şeýle bolsa nätseñiz gowy bolar? Jenaýata kesel kimin garalar. Keseliñ, kazylaryñ ýerine tebipler, katorgalaryñ ýerine keselhanalar bolar. Azatlyk we saglyk birleşer. Demiriñ we oduñ ulanylan ýerlerine mazdyr ýag döküler. Ýigrenç bilen seredilen näsaga hoşniýetlilik bilen çemeleşiler. Bu gutarnykly we mukaddes düşünje bolar. Dar agajynyñ ýerine haç dikiler. Wessalam! * * * Adamlar... Haýsy kitapdan okandygym ýadyma düşenok, ýöne diñe gowy zatlardan söz açýan şol kitapda: "ähli adamlaryñ başynda güni näbelli ölüm bardyr" diýen jümle bardy. * * * Meniñ hökmümiñ okalan wagtyndan başlap, kim bilýär, uzak ýaşaryn diýip umyt eden nijeme kişi ölendir! * * * Bu durmuşda soñ göresim geljek derejede meni gynandyryp biljek näme galdyka?!. * * * Adam - sen nähili gorkunç zat! * * * Serediñ! Gün, ýaz pasly, gül-gunçadan doly meýdanlar, säher çagy saýraşýan guşlar, bulutlar, agaçlar, tebigat, azatlyk, ýaşaýyş... Gynansak-da bularyñ hiç biri indi meñki däl! * * * Ah! Halas edilmeli adam men aslynda! Ertir, belki-de, şu gün ölmelidigim hak. Heý, munuñ başga çykalgasy ýokmuka? * * * Men ölenden soñ ogulsyz, ärsiz we kakasyz galjak üç zenan: aýry-aýry üç ýetim, kanunlaryñ döreden üç duly galar. Dogry, inkär edip biljek däl, men bu jezany almaga mynasyp. Emma bu bigünä adamlaryñ näme günäsi bar? Näme tapawudy bar? Bu biçärleriñ mertebesini kirledýärler, olary öldürýärler. Ynha, adalat diýilýäni şu!! Aslynda meni gaýga goýan gartaşan ejem däl. Ol eýýäm altmyş dört ýaşynda. Üfleseñ jany çykjak. Ýene biraz ýaşaýanda-da meniñ hasratymdan ýaña örtener-bişer, barybir çydar. Aýalymam meni zerre gaýga goýanok. Samsyjagyñ saglygy o diýen gowam däl. Olam uzak ýaşaman öler gider. Ýöne şoña çenli däliremese. Dälilik adamyñ ömrüni uzaldýar diýýärler. Eger aklyndan azaşsa dagy, iñ azyndan hasrat çekmän-ä ýaşardy. Ýatar-tutar, öli ýaly ýaşar ýörer-dä. Ýöne gyzjagazym... Oýnap-gülüp, edil şumat aýdyma hiñlenip ýörenje we hiç zada düşünmeýän kiçijik Mariýam... Ynha, meniñ ýüregimi ezim-ezim edýän bar gaýgy şol! * * * Başujumdaky diwaryñ ýüzüne içinden parran ok geçip we ýanyp duran iki sany ýüregiñ suraty çekilipdir. Ýokarsynda-da: "Ýaşamaga bolan söýgi" diýen ýazgy bar. Neressäniñ umydy kän dowam etmedik bolarly... * * * Düýşmi, hyýalmy ýa hakykat? Eger garaşylmadyk duýgy meni aýny wagtynda oýarmadyk bolanlygynda, aklymdan azaşaýmalydym. Ýalañaç aýagymyñ üstünde gybyrdap ýören buz ýaly garyn we tüýjümek aýaklaryñ bardygyny duýanymda arkanlygyna ýykyljak bolup duran ekenim. Aýagyma ýapyşan janawer ýañyrak höwürtgesini dagadyp, öldürjek bolanymda gaçmaga synanyşyp ikiýana urunan möý bolsa näme... * * * Ölüler ölüdir. Olar mazarlarynyñ içine mäkäm salnyp goýlanlardyr. Ol ýer gaçyp sypar ýaly türme däl... Mazaryñ gapagy içinden açylanok. * * * Eý, Hudaý! Türme diýilýän ýeriñ nähili ýigrenji ýerdigini! Ol ýerde barça zady hapalap taşlaýan zäher bar... Ol ýerde eliñize bir guş gonsa, ganatyna serediñ - laý bar. Owadan güli eliñize alyp, ysgap görüñ - porsy ys kükär. * * * Ýok, ylgamaly däl. Ylgasañyz adamlaryñ ünsüni özüñize çekersiniz. Gaýtam tersine, assa-ýuwaş ýöräp ýol aşmaly. Başyñyzy dik tutmaly we aýdyma hiñlenmeli. * * * Ah, betbagt hyýalbent diýsäni! Ilki seni bendilikde saklaýan şü üç aýagyñ galyñlygyndaky diwary ýyk! * * * Mylaýym ýylgyryşy, hoşamaý sözleri, hiç zady sypdyrman seredýän mähir doly gözleri, gatañsy we ýognas elli ak ýürekli zyndançy - ete-süñke bürenen türmeden başga zat däl. Töweregimdäki hemme zat meniñ üçin türmedi. Gözenekleriñ ýa-da kilitleriñ astynda bolşy ýaly, her şekiliñ, her adam keşbiniñ añyrsynda türmäniñ sudury görünýärdi. Daşdan salynan türme - diwarlar, gapylar. Türme gözegçileri - et-süñkden ýasalan türmäniñ edil özi. Ýigrenji görnüş: göze görünmeýän, ýarym öý, ýarym adam - bularyñ barsy bitewi bir türme. Men onuñ gurbany... * * * Meniñ ölümim ony bagtyýarlyga ýetirjek öýdýän, çünki ol şeýlekin islän ölümine biperwaý garasa maña agyr degjekdi. * * * ...Gapynyñ öñünde öljek bolup ýatan bir adam maña bakyp: "Ýene-de görüşýänçäk!" diýip gygyrýardy. * * * Ýollar suw-sildi. Howly palçykdyr laý suwdan dolupdy. Nämüçindir batga batan jemendäni görenimde meni begenç duýgusy gaplap aldy. * * * Men indi bu gije hiç haçan oýlanyp bilmejegimi oýlanaryn. * * * Men sizden has garry. Geçip giden sagadyñ her çärýegi meni bir ýyl garratdy * * * Gorkmañ. Sizi ýigrener ýaly wagtym galmady. * * * Giriş pajynyñ tölenýän ýerinde araba birnäçe minut durdy. Gümrükçiler arabany gözden geçirdi. Eger arabada gassaba soýdurmak üçin sygyrdyr goýun alnyp barylýan bolsa, onda paç töläp geçmelidi. Adamyñ kellesi üçin welin, ýeke şaýy tölenmeýärdi... # Wiktor GÝUGO "Ölüm jezasyna höküm edileniñ iñ soñky güni". Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |