13:03 Gyzylaýak halypa | |
GYZYLAÝAK HALYPA
Taryhy şahslar
1992-nji ýylyñ aýaklarynda Trabzon şäherine baranymyzda Türkiýe respublikasynyñ Tokat iliniñ Ýeşilýurt ilçesinde Owganystandan gelen türkmenleriñ ýaşaýandygyny eşidipdim. Soñra maña 1994-1996-njy ýyllarda bu ýerdäki türkmenlerde myhman bolmak miýesser etdi. 1996-njy ýylyñ iyun aýynda bu türkmenleriň öñbaşçysy Abdylkerim Mahmyt meni öz öýüne alyp gitdi. Men meşhur Gyzylaýak halypanyň agtygy Abdylkerim Mahmydyň öýünde birnäçe günläp boldum. Men bu söhbetdeşlikden peýdalanyp, ondan öz atasy barada aýdyp bermegini haýyş etdim. Hakyky ady Abydnazar bolan Gyzylaúak halypa milady 1869-njy (hijri 1246-njy ýylda) Kerki etrabynyň Tutly Gyzylaýak obasynda dünýä inipdir. Abdylkerim aganyň bu maglumatyndan tapawutlylykda "Ihlas" žurnalistika hususy kärhanasynyñ (Stambul. 1992 ý.) çykaran "Öwlüýäler ensiklopediýasyň" 6-njy tomundaky "Halife Kyzylaýak» bölüminde bolsa Gyzylayak halypanyň doglan wagty milady 1877-nji (hijri 1294-nji ýyl) diýlip görkezilýär (Meniň pikirimçe, alym şahsyýet bolan Abdylkerim aganyň öz atasy barada beren maglumatlary hakykata has ýakyn bolsa gerek). Abydnazar halypa ilkinji sowady alym şahsyýet bolan-kakasy Baýnazar halypadan öwrenip, Tutly Gyzylaýak obasyndaky arapça harply türkmen mekdebini tamamlapdyr. Sonra ýaşdygyna garamazdan, Buhara gidipdir. Gadymy döwürler Buhara gidipdir. Gadymy dowurierden bäri "Kubbetül-Yslam" atlandyrylan Buhara şäherinde örän meşhur alymlardan dürli dersler alypdyr. Kitaplarda onun esasan, döwrüniň meşhur alymy Ebul Fazly Syretiden örän köp ders alandygy aýdylyar. Abydnazar halypa bu şäherde Gögeldaş medresesini tamamlap, otuz yyl gowrak bu medresede arap grammatikasyndan, şerigat kanunlaryny öwrenyän fykh ylmyndan, Kuran teswirinden, tasawwufçylyk boyunca (sopuçylyk) uly işler edip, şol döwrün akademiklik derejesine deň bolan dahyeg lakamyny alypdyr. Gyzylaýak halypa Buhara emiri tarapyndan Buhara kazylygy teklip edilipdir. Emma halypa bu teklibi kabul etmän, öz Watanyna gaýdyp gelipdir. Watanyna gelenden soň, döwrüniñ meşhur akyldar-sopularynyň biri, öz ýakynlaryndan bolan Hudaýnazar halypa şagirtlik edipdir, tasawwuflyk bilen meşgullanypdyr. (Tasawwufda onuñ silsilesiniñ (şejeresiniñ) Hajy Muhammet Seýit Müjedidä baryp direýändigini belläp geçmegimiz gerek). Gyzylaýak birneme wagt geçeninden soñra Hudaýnazar halypa bilen Haja ugrapdyr. Ýaşy birçene baran Hudaýnazar halypa ilki Mekgä baryp, soñra Medine şäherine baranlarynda wepat bolupdyr. Mugallym hojasyny şol ýerde jaýlanyndan sonra dogduk mekanyna dönüpdir. Türkmen topragynda gapma-garşylyklaryň ýüze çykmagy netijesinde Gyzylaýak halypanyň ýolbaşçylygynda türkmenler eden-etdiligiñ garşysyna aýaga galypdyrlar. Onun harby güýçleri Buhara emirligi bolşewikleriň eline geçeninden soň hem söweşmegini dowam etdiripdir. Olar bäş ýyl söweşenlerinden sonra yarag we iýmit ýetmezçiligi sebäpli, Owganystana geçmäge mejbur bolupdyrlar. Abdylkerim aganyň aýdyşyna görä, hatda Owganystan döwletiniñ mekdeplerinde okadylan 9-njy klasyň "Owganystan taryhy" okuw gollanmasynda: «Halypa Gyzylaýagyň ýolbaşçylygynda iki ýüz müñ gowrak atly türkmen esgeri Owganystana sygyndy» diýlip berlipdir. Ol ilki Andhoý etrabynyň Altybölek obasynda, sonra bolsa Jüzjan welaýatynda ýerleşipdir. Bu ýerde bir türkmen obasyny gurup, oña Gyzylaýak adyny beripdirler. Obanyñ adynyñ manysy gyzyl we aýak gyzyl we aýak «gyzył okara» diýmegi añladypdyr. Olar bu obada bir metjit-medrese we hanaka gurupdyrlar. Owganystanda ýaşayan her bir milletden bolan ynsanlar, Gyzylaýak halypa örän uly hormat goýupdyrlar. Halypa kiçigöwünli, ynsanperwer adam eken. Ol özüne goýulýan uly hormata guwanmak bilen garamandyr, buýsanmandyr, özüni uly tutmandyr. Özüne erbetlikde bakanlara-da ýumşak hem merhemetli bakypdyr. Çagalara çenli ilki özi salam berer eken. Näçe janyksalar-da hiç kim ona öňürti salam berip bilmändir. Ol kişini ynjytmajak bolup jan edipdir. "Çagalygymda sapan bilen bir serçäni urupdym. Muny ýatlamda kalbym titreýär" diyer eken. Halal we arassa iýmäge örän dykgat edipdir. Çagalary örän gowy görüpdir. Halypa Gyzylaýagyň dergähinde her agşam uly gazanlarda nahar bişirilip, halka dadyrylypdyr. Pukara maşgalalara şol ýerden iýmek-içmek äkidilipdir. Ýetmezi bolan kişiler ýa ýere gelip ýardam tapypdyrlar... Gyzylaýak halypa hezretleri 1958-nji milady (1335-nji hijri) ýylynda wepat bolupdyr. Kitapda onuñ ölen ýyly milady hasaby boýunça agzalan 1955-nji (hijri hasaby boýunça 1375- nji) ýyl diylip görkezilýär. Onuñ wepat bolan şaban aýynyň bir güni tomus möwsümi bolmagyna garamazdan, asmanyň ýüzünı bulut tutup, uzyn gün ýagyş ýagypdyr. Abydnazar halypa Gyzylajak Jüzjan welaýatynyň paytagty Şybyrgan şäheriniň demirgazyk tarapynda 22 kilometr uzaklykda ýerleşýän Gyzylaýak gyşlagynda, metjidin günbatar tarapynda jaýlanypdyr. Medresäniñ howlusynda ýerleşýän mazarynyň üstüne, halypanyň öz islegine görä, gümmez gurulmandyr. Gyzylaýak halypanyň türkmençe we parsça çap edilen "Farzly Aýn" atly risalasy bar. Bu risale her kimiň bilmesi örän wajyp bolan ygtykat bilimlerini özünde jemleýär. Türkmenleriň parasatly şahsyýeti Gyzylaýak halypa wepat bolandan soň, onuň ikinji ogly Syrajeddine Möwlana Seýit Abyt tarapyndan halypalyga ak pata berlipdir. Emma köp wagt geçmänkä, Syrajeddin Magtym zäherlenip öldürilipdir. Ol hem kakasynyň ýanynda jaylanypdyr. Kakajan BAÝRAMOW, Türkmenistanyň Taryh institutynyň Türkmen halkynyň ruhy we medeni mirasynyň taryhy bölüminiñ ylmy işgäri. "ADALAT" gazeti, 28.01.2000 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |