05:32 Türkmenleriñ ýenjiji ýaraglarynyñ nusgawy görnüşleri | |
TÜRKMENLERIÑ ÝENJIJI ÝARAGLARYNYÑ NUSGAWY GÖRNÜŞLERI
Taryhy makalalar
Türkmen halkyndan çykan hanlar, serkerdeler, begler we alp ýigitler, şonuň ýaly-da hatynlar taryhyň uzak asyrlarynyň dowamynda harby hünär ugrunda ägirt ussatlygy görkezip, dünýä halklaryna nusga bolup gelipdirler. Bu asylzadalar harby hünäre ezber eýe bolmaklyklary bilen, harby çaknyşyklarda döwletine şan getiren taryhyň beýik ýeňişlerini gazanypdyrlar, Ýewraziýanyň we Demirgazyk Afrikanyň dürli künjeklerinde ululy-kiçili döwletlerini gurup bilipdirler. Olaryň öz döwrüniň diýseň kämil nusgawy ýaraglarynyň eýesi bolandyklaryna taryhy ýazuw çeşmeleri, arheologik gazuw agtaryşlaryň netijesinde çykarylan tapyndylar hem şaýatlyk edýärler. Hormatly Prezidentimiziň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda hem ildeşlerimiziň taryhy ýaraglary barada maglumat bar [1. 84-115 s.s.]. Bu makalamyzda ildeşlerimiziň harby kär-mesleginde ulanan ýenjiji ýaraglary barada söhbet etmekçi. Söweşler, harby çaknyşyklar amala aşyrylanda duşman esgerini ýakyn aralykdan urup seňseletmek ýa-da ýok etmek maksady bilen ulanylan harby gural-enjamlara ýenjiji ýaraglar ýa-da urulýan ýaraglar diýilýär [7. 4 s.]. Kütek başy bolan ýenjiji ýaraglar ynsanoglunyň ulanan iň gadymy ýarag nusgalarydyr. Taryhyň has irki döwürlerinde ulanylan ýenjiji ýaraglar — ujy tommaryp duran agaç böleginden edilen ýa-da uzynyrak agaç sapyň deşilen daşyň içine geýdirilip berkidilmegi bilen ýasalan ýönekeý nusgalardan ybarat bolupdyr. Ilkidurmuş adamlary bu ýaragy ilki aw haýwanlaryna garşy aw ýaragy hökmünde, şonuň ýaly-da, ýyrtyjy haýwanlara garşy goranmak maksady bilen ulanan bolsalar, soňraky zamanlarda garşydaş adam toparlaryna garşy uruş çaknyşyklarynda hem ulanyp başlapdyrlar. Munuň sebäbi, ýenjiji ýaraglaryň ulanmak üçin örän amatly ýönekeý ýarag bolanlygydyr. Taýak şekilli urulýan ýarag mallar bakylanda hem giňişleýin ulanylypdyr. Soňraky döwürlerde ýenjiji ýaraglar kämilleşdirilip berk özenli bürünçden, demirden ýasalyp başlanypdyr. Ýenjiji ýarag, kesiji ýa-da çapyjy ýarag nusgalarynda bolşy ýaly, tygly we tygsyz taraplarynyň ýoklugy, belli bir tarapyny (mysal üçin, kesýän ýa-da çapýan tarapyny) ulanmaklygyň zerursyzdygy sebäpli, ýagny eliňe nähili alsaň şol hili garşydaşyň gabat gelen ýerine urmaga örän oňaýly bolanlygy bilen tapawutlanypdyr. «Däde Gorkut kitaby» atly oguznamanyň Drezden nusgasynyň 4-nji sahypasyndaky: «...Çalyp keser uz gylyjy muhannesler çalynja çalmasa ýeg, Çala bilen ýigide ok ile gylyçdan bir çomak ýeg, Gonugy gelmeýän gara öýler ýykylsa ýeg...» [9.9s.] görnüşli ýazgyda, kesiji ýarag bolan gylyjy we ýaýa salyp atyp uçurylyp goýberilmek bilen çümdürilmesi amala aşyrylýan oky ulanmaklygy çala bilýän, ýagny ezber ulanyp bilmeýän ýigit üçin ýenjiji ýaraglaryň biri bolan çomagyň beýleki ýaraglardan ulanyşdaky aňsatlygy anyk görkezilýär. Belki bu ýerde «ok» diýilmek bilen, adam penjesiniň daş ýüzüne deri bölegi bilen berkidilen gezligiň uzynlygyndaky we peýkam şeklindäki dürtülýän myh göz öňünde tutulan bolmagy-da mümkin. Biziň ata-babalarymyzyň taryh menzilleri içinde ulanyp gelen ýenjiji ýaraglarynyň hatarynda şu aşakdaky ýarag nusgalaryny agzap geçmek bolar: • Çomak Çomak ýenjiji ýaraglaryň meşhur görnüşidir. Çomaklar «jeň çomaklary» we «dabara çomaklary» diýlen iki görnüşde bolupdyr. Has gysga saply, gymmat bahaly daşlar bilen bezelen hökümdarlyk çomagy bu agzalanlardan has tapawutlanypdyr we ýokary derejelilik, häkimlik nyşanlarynyň biri hökmünde ähmiýetliligi özünde saklapdyr. Çomak sapynyň ýokarky tommuk başy topuň (pökgüniň) sudurynda bolan urulyp ulanylýan ýaragdyr. «Jeň çomaklarynyň» togalanyp duran başynda «çümekler» diýlen çiş tikenler ýa-da çişi bolmadyk tokgaja çykyntgylar çykyp durupdyr, käbirinde hiç çykyntgysy bolmandyr. Çomaklaryň başlary has irki döwürlerde agaçdan ýa-da daşdan ýasalan bolsa, soňra olar demirden ýasalyp başlanypdyr. Tutuşlaýyn haşamly demir çomaklaryň başydyr sapynyň umumylykda demirden guýlan nusgalary-da bolupdyr. Dabara çomaklary demirden edilip, altyn çaýylyp ýa-da beýleki gymmat metallardan edilip, başy dürli zergärçilik daşlary bilen bezelipdir [7. 4 s.]. Edebiýatlarda bu sowuk ýaraga şeýle kesgitleme berilýär: «Çomak demir topuzly taýak, bir jeň enjamy, bir hüjüm ýaragydyr» [12. 102 s.]. Meşhur «Däde Gorkut kitabynyň» Drezden nusgasynyň 129-njy sahypasynda: «Gaba çomak astynda bogra daýym seniň üçin» [9.58s.] diýilmek bilen, çomagyň başynyň togalak-gaba bolýandygy ýazylýar. Ýene şol nusganyň 236-njy sahypasynda: «Dädem Gorkut himmet gylyjyny (Begiliň-K.B) biline baglady, çomagy omzuna atdy, ýaýy garysyna geçirdi» [9.101 s.] diýlen ýazgy bar. «Gorkut ata» eposynda ýokarky setirler şeýle berlen: «Gorkut ata gylyjy ol ýigidiň (Bekeliň-K.B) biline baglady. Çomagy omzuna atdy, ýaýy garysyna ildirdi» [2.134 s.]. • Gürzi Gürüz (gürüzi, gürz, gürzi) garşydaşy urup heläklemek üçin ulanylýan ýaraglaryň iň meşhur görnüşleriniň biridir. Türkmende ilat arasynda köp ulanylan «gür» sözi bar, bu bir zadyň köplükde mydamalyk üýşen ýerine, mesgenine, nokadyna aýdylýar. Mysal üçin: «gür tut», «gür baglyk», «gür tokaý», «gür jeňňel», «gür çybyk», «gür gamyş» we şuňa meňzeş sözler. Bu sowuk ýaragyň adynyň türkmeniň «gür» kelemesinden gelip çykandygy anyk, sebäbi onuň ujy, üýşen gür dilimlerden emele getirilen tokga demirden ybaratdyr. Şeýle-de bolsa, Garaşsyzlygymyzy almagymyzdan ozalky döwürleriň käbir sözlüklerinde bu sözüň gelip çykyşy barada şeýle diýilýär: «Gürzi pars-çagorz bulawa, palissa sözündendir». [5. 36 s.] Ildeşlerimiz bu demire,«gür»+«üz» şeklinde, sözi we goşulmany birikdirmek bilen «gürüz» adyny beren bolmaly, soňra «gürüzi», «gürzi» ady giňişleýin ulanylypdyr. Halkymyzyň bu nusgawy sowuk ýaragyna «urulýan böleginde gür perli, ýagny dilimleýin çykyntgyly demirden edilen tokga başly we berk agaçdan ýa-da demirden edilen gysga uzynlykly saply ýarag» [7.4 s.] şeklinde kesgitleme bermek mümkin. Edebiýatlarda we sözlüklerde bu sowuk ýaraga şeýle kesgitleme berilýär: «Gürz (Bozdogan): — Saply, agyr (demir ýa başga metal K.B) magdandan edilen topuz. Urujy ulanyşly bir ýaragdyr. Sapy agaç ýa-da demirden bolardy. Topuz bölegi demirden ýa-da başga magdanlardan ýasalardy».[10.893 s.; 12.102 s.] «Gürzi—1. Gadym wagtlarda sowuk ýarag hökmünde ulanylan, ujy diş-diş, tommarçakly, kelte boýly, ýogyn taýak. 2. Demir süýülýän, ýasylanýan ýeke dabanyň bir görnüşi».[5.36 s.] Geçmişde ildeşlerimiz başyndaky demiriň dilim sanyna görä «on iki perli», «on perli», «sekiz perli», «alty perli» we başgaça atlandyrylan gürzüleri giňişleýin ulanypdyrlar. Togalak demiriň bedenindäki arasy paralanyp dilinen bu perlere «para» hem diýlipdir. Mysal üçin: «on iki perli» — «on iki paraly». Parsçada ähli perli gürzülere «şeşper» diýilýär, aslynda, bu at alty perli gürzä diýilmeli. «Görogly» şadessanynda: "Şeşper aýdar, meniň işim, On iki paradyr başym, Tuwulga bilen söweşim, Süýr depeden inen çagda" [4.395 s.] - diýilmesi hem, has soňky döwürlerde ildeşlerimiziň käbir ilat toparynyň arasynda «şeşperiň» dürli perli gürzüleriň umumy adyna öwrülip başlandygyny görkezýär. Gürzüleriň «dabara gürzüleri» we «jeň gürzüleri» diýlip atlandyrylan iki görnüşi bolupdyr. Gürzä «dilimli çomak» hem diýlipdir, beýle diýilmegi ikisiniň hem ýenjiji ýarag bolanlygy üçindir. Bu sowuk ýarag meşhur «Däde Gorkut kitabynda» hem agzalýar. Bu kitabyň Drezden nusgasynyň 64-nji sahypasynda we Watikan nusgasynyň 67-nji sahypasynda: «Sol tarapdan Bugajyk Melike Kara Göneogly Däli Budak(a) garşy geldi, alty perli gürzile depesine gaty tuta urdy, dünýä älem gözüne garaň(k)u oldy, at boýnyn gujaklady ýere düşdi (ýykyldy)». [9.33 s.] Ýene Drezden nusgasynyň 177-nji sahypasynda: «Ýüwrük atyn ýüwürdip Kan Turaly (Han Tugraly ýa-da Töreli K.B) gürzin göge atar, inip ýere düşmeden garwar tutar». [9.78 s.] Bu kitabyň Watikan nusgasynyň 86-njy sahypasynda we Drezden nusgasynyň 203-nji sahypasynda: «Ol altmyş batman gürz (b) ile Kazylyk Kojaýa depere tutup (depesine çeneläp K.B) çaldy. Ýalan dünýä başyna dar (b)oldy, düdük gibi (tüýdük gibi ses edip-K.B) gan şorlady». [9.89 s.] • Degenek Degenek sapyna birikdirilen zynjyra ýa-da ýüpe demirdir beýleki zatlardan ýasalan ýeke tokgaryp duran baş dakylan, salyp urulýan ýaragdyr. Bu ýaragyň ady bilen baglanyşyklylykda zynjyrdan sallanyp duran demir enjamyna hem «degenek» diýlipdir.[7.4 s.] «Däde Gorkut kitabynyň» Watikan nusgasynyň 56-njy sahypasynda, Karaçuk çopan: «...Gyzyljak degenegimçe gelmez maňa».[9.24 s.] diýip, özüniň gyzyl saply degenegini garşydaky ýagynyň gönder naýzasyndan özüne has möhümdigini bildirýär. Çaga wagtymyz halk oýunlarynyň birinde, içine tokgaja daş ýa kesek salynan matany düwüp, bir uzynja ýüpüň ujuna dakyp pyrlap, «Degenegi özüm pyrlaýan, çekiliňä çekiliň, degenim özüň, menden däl!» diýşip, gygyryşýandygymyz ýadyma düşýär. Käbir edebiýatlarda bu ýaraga «degnek» hem diýilýär.[12.102 s.] • Salyk Salyk sapyna birikdirilen zynjyra ýa-da ýüpe birnäçe togalak degenekler dakylan salyp urulýan ýaragdyr. Bu ýarag ulanylanda kütek urguly degenekler garşydaşyň beden agzalaryna yzly-yzyna baryp degmek bilen, duşman esgerini ýaralapdyr. [7.4 s.] Salygyň «çomak-salyk» diýlip atlandyrylan görnüşi taýagyň ujunda çomagyňky ýaly urulýan togalak demir baş bolup, ondan hem ujy tokgaja degenekli ýedä çenli zynjyr sallanyp çykýar. [8.160 s.] Salygyň «topuz-salyk» diýlip atlandyrylan görnüşi hem bar. [8.166 s.] • Gamçy Gamçy, gyrbaç saýgylap ýençmeklikde ulanylan enjamlaryň biri gamçydyr. Türkmenler iki görnüşli gamçyny ulanypdyrlar. «Gyrbaç» diýlip atlandyrylan uly gamçy örän uzyn bolup, gaýyşdan örülip ýasalypdyr. Ujunda, degse ýaralaýan kiçijik demir bolupdyr we gyrbaç saýgylanyp goýberilende birnäçe metr uzaklykdaky duşman esgerini seňseledip bilipdir. Kiçi gamçy at we ulag haýwanlary münülende sürmek üçin ulanylypdyr we gaýyşdan edilip, örülipdir. Tutawajy üç çüý bilen berkidilipdir, sapy nepis bezelipdir. Kiçi gamçy bilen gyssanmaç gerek bolan mahalynda garşydaşyň özüni we atyny saýgylamak (gamçylamak) mümkin bolupdyr. [7.4 s.] «Däde Gorkut kitabynyň» Drezden nusgasynyň 73-nji sahypasynda Bamsy beýrek «Atyn gamçylady, ýola girdi» [9. 36 s.] görnüşli jümleler oguz-türkmen ýigitlerinde oglanlykdan gamçysynyň bolandygyndan habar berýär. Ildeşlerimiz şu agzalyp geçilen ýaraglardan başga-da, külüň, ýekedaban, tokmak, çekiç ýaly gurallary hem gerek ýerinde urulýan ýarag hökmünde ulanypdyrlar. Kakajan BAÝRAMOW, Türkmenistanyň YA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |