10:34 Haja we pygamberimiziñ gubruny zyýarat etmäge gitdi | |
HAJA we PYGAMBERIMIZIÑ GUBRUNY ZYÝARAT ETMÄGE GITDI
Oýlanmalar
Bizde haj parzy diñe şahsy-magnawy amal däl, ondanam zyýat hajynyñ daş-töweregindäki garyndaş-doganynyñam we ýakynlarynyñam dahylly jemgyýetçilik amalydy... "Haja we pygamberimiziñ gubruny zyýarat etmäge gitdi" diýip, obalarda hajylaryñ öýüniñ gapysyna ýazylardy. Suratkeşler, hatdatlar hajylar öýünden çykyp ýola rowana bolan badyna olaryñ öýüniñ diwarlaryny bezemäge başlardylar. Hajy maşgalasynyñ we belki-de, tutuş obanyñ köpçülikleýin magnawy ýolagçylygy "öýüniñ aklanmagy" diýilýän zat bilen, ýagny öýüñ diwarlarynyñ täzeden ak reñke boýalmagy bilen başlardy. Munuñ özi günälerden saplanmagyñ we täzeden dünýä inmegiñ nyşanydy. Öýüñ alnyna Käbäniñ diwar suraty çekilip, adamlar surata añk bolup sereder durardylar. Haja gidenler gaýdyp gelýänçä suratkeşem işini dynardy. Şular ýaly gündelik jemgyýetçilik atmosferasynda käbirleri magnawy ýolagçylyga çykan hajyny gije düýşünde görendiklerini aýdardylar. Şeýle ýagdaý diñe hajylary däl, onuñ daş-töweregindäkileriñ hemmesini gurşap alardy. Haj syýahatyny Mekgä sary ýola rowana bolup, tegelek bir aýdan soñ dolanyp gelmek üçin öýden çykmakdan ybaratdyr öýdüp bilersiñiz. Emma şeýle düşünýän bolsañyz, ýalñyş pikir edýärsiñiz we biziñ bilen, biziñ dünýämiz bilen, urp-adatlarymyz bilen hiç hili ýakynlygyñ ýoklugyny añladýar. Biziñ birnäçe aý öñ başlaýan haj bijesine ýüz tutan günümizden bäri haj ýolagçylygymyz başlaýar. Zülkade aýynyñ ortasynda ýa-da golaýlanda hajylaryñ bijesi çykanda, adamlar olary gutlamak üçin öýlerine gidýär. Islendik zatdan, hemme zatdan şübhelenýänem bolsak, döwlet edaralarynyñ korrupsiýa batgasyna batan ýagdaýyndaky pyssy-pyjurlyklaryny görüp duranam bolsak, bijäniñ adalatly çekilendigine hiç hili şek-şübhämiz bolmazdy. Bijäni hudaýtarapyn saýlaw hasaplaýardyk we göz bilen görülmegi gutulgysyz "mañlaýa ýazylan wada" hökmünde baha berýärdik. Hawa, haj ýolagçylygy haj parzynyñ başlaýan bir aýyndan has öñ başlap, bir aý soñ ýa-da haj parzyndan soñam dowam edýärdi. Bu ýerde Jenaby-Allanyñ "Haj bilinýän aýlardadyr" buýrugyny tefsirläp berjek birine mätäçlik duýamzokdyk. Çünki käbirleriniñ ruhy argynlygy bilen tapdan düşen we kalby durgunlaşan hal bilen Allaha gelenlerden başga dogabitdi ylmy bolmadyk şerhçilere mätäçlik duýmazdan oýlanyşygymyz aýatyñ manysyny añlapdy. Bizde haj parzy diñe şahsy-magnawy amal däl, ondanam zyýat hajynyñ daş-töweregindäki garyndaş-doganynyñam we ýakynlarynyñam dahylly jemgyýetçilik amalydyr. Şol sebäpli günälerden ýülünme we öýüñ daşynyñ aga boýalmagy şahsy ahwaldan has giñiş bolup, tutuş obany gurşap alýar. Arzuw-hyýallary, umytlary we sünnet-batyl ynanjy garym-gatym bolan dindarlyklary bilen obalylary içine alýan otag şeýle giñ bolmak bilen birlikde haj parzy hakda gürlemek şahsy hereket bolup, her haja görä üýtgeýärdi. Beýtul-Haramy zyýarat eden we şäheri dolduran hajylar gaýdyp gelende gören-eşden zatlaryny we özlerine gelen yşaratlary gürrüñ bererdiler. Bu ýerde şaýatlyk etmek hökmünde baha beren haj parzymyñ şular ýaly sosial tarapy bilen hemişe gyzyklanyp geldim. Töweregiñdäkiler seniñ ýülünendigiñi, arassalanandygyñy, üýtgändigiñi görmese, duýmasa we saña bolan garaýyşlary üýtgemese, meñ pikirimçe haj parzy doly tamamlanmadygy bolýar. Şonuñ üçin şeýle arzyly ybadaty ýeke özüñiziñ amal edip geleniñiz ýeterlik däl. Bu ybadaty kän gezek berjaý etdim, emma öýümiñ daşy aga boýalmandygy, gapyma suratkeşleriñ gelmändigi, aýal-gyzlaryñ däbe öwrülen aýdymlary aýtmandygy, kakamda bolşy ýaly ýola ugratma we garşylama üýşmeleñleriniñ bolmandygy üçin şaýatlar bilen ýa-da ýaşlygymda başdan geçiren formamda doly tamamladygym bolmaýar. Göwnüme bolmasa her haja gidenimde kemterlik edýän bir zatlar bardy. Ilki bilen-ä bir bije we "mañlaýa ýazylan wada" duýgusy (Rebbimiz bize wada berýär-ä!) ýok. Hemişe haj parzyny däp bolan ýollar bilen berjaý etmek arzuwy bilen ýaşadym. Ak eşik geýip ata atlanyp, yzymda-da hajylaryñ däbe öwrülen aýdymyny ("Üç günden soñ, eý gözel Nebi, üç günden soñ") aýdýan adamlar... Ine, şeýle, aýallaryñ gam-gussa we şatlyk gatyşykly mukama ýanap aýdýan aýdymlary şindizem añymda at salýar. Ol aýdymlarda gäh doga, huh aýralyk hasraty bolardy. Aýal haja gidende, yzyndan aýallaryñ aýdýan aýdymlaryny eşiderdi: "Hüww, hajy hanym, mahmal geýnip nirä barýañ? Nebini görmäge, hem Käbä zyýarata..." Añymda janlanan haj ýolagçylygy şeýle: obamdan gatnap orta mekdebi okan Kina welaýatynyñ Kus şäherine we ol ýerdenem marokkoly hajy Seýit Ebul-Hasan eş-Şazeliniñ aradan çykan Humeýsera jülgesine… Şazeli Kusdan Humeýserä, ol ýerdenem Aýzeb portuna we Jiddä sary ýola rowana bolupdy. Fatimileriñ golastyndaky Kus Müsür gury ýeriniñ iñ esasy söwda we ylym ojagydy. Ebul-Hasan eş-Şazeli Şeýhe Mekgä ýetmek nesip etmän, Humeýserada aradan çykypdyr. Marokkodan Mekgä bakan ýola çykanda, halypasy oña "Humeýserada görersiñ" diýen eken. Aýdyşy ýalam bolupdyr! Sufi ussatlarymyzyñ aýdyşy ýaly... Şazeliniñ Humeýseraky gubruna zyýarat etmek biziñ halkymyzyñ adatynda ýarym hajy bolmak hasaplanýar. Haj ýoly şeýledir. Kufi haty bilen hajylaryñ öýüne çekilýän we dünýämizi Käbe bilen pygamberimiziñ gubruna örkläp goýýan gizlin ýüp mysaly. Mundan başga-da, meniñ üçin haj ýolagçylygy abstrakt synagdyr. Ol owadan matematiki deñlemelere haýran bolmak ýa-da abstrakt sungat eserine maýyl bolmak ýaly bir zat. Mümkingadar şahsy we şaýatlaryñ bolmaýan işi. Men "Eşhedü en la ilahe illallah" diýenimde töweregimdäkiler tamamlady: "eşhedü enne Muhammeden abdühü we resulühü." Memun FENDI. Sişenbe, 27.06.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |