22:49 Medeni Balfur deklarasiýasy: Baýdeniñ sionizmine näme boldy? | |
MEDENI BALFUR DEKLARASIÝASY: BAÝDENIÑ SIONIZMINE NÄME BOLDY?
Publisistika
Prezident Jo Baýden sionizmiñ ýumşak ýüzi Şimon Peres ýa-da Balfur deklarasiýasy, hatda milli aýratynlyk gözlegi we Isa pygamberiñ patyşalygyny gurma edebiýatynyñ döreden medeni Balfur deklarasiýasy döwründe galypdyr. Fotosurat: Ariel Şalit / AFP Iñlis ýazyjysy Jorj Eliot (ony tanamaýanlar üçin Jorj Eliot şol döwürde aýallaryñ roman ýazmagy öwrenişilmedik zat bolandygyny üçin erkek at-familiýasy bilen kitap ýazan zenan ýazyjydyr. Hernäçe biziñ ýurtlarymyzda käbirleri munuñ beýle däldigini öñe sürseler-de, Angliýada aýal-gyzlara Jorj ady dakylmazdy) 1876-njy ýylda soñky "Daniel Deronda" romanyny ýazanda, kitap medeni "Balfur deklarasiýasyny" añladýardy. Ýa bolmasa sionistik düşünje medeniýet bilen hyzmatdaşlyk edende çeper edebiýatyñ içinde Balfur deklarasiýasynyñ ilkinji kerpijini ören medeni tor gurşawynda ýer alýardy. Bu hyzmatdaşlyk Uilýam Wordswort we Jorj Baýron ýaly XVIII asyrdaky romantizm akymynyñ wekilleriniñ eserleri bilen, ýagny Jorj Eliotdan onlarça ýyl öñ başlady. Eýsem-de bolsa bu makalanyñ adyndanam görnüşi ýaly Jorj Eliot bilen Jo Baýdeniñ arasyndaky baglanyşyk näme? Jorj Eliotyñ romany medeni Balfur deklarasiýasynyñ aýdyñ kartinasyny çekip, edil XX asyryñ altymyşynhy ýyllarynda "BBC"-niñ çykaran kinofilmleri we spektakllary ýaly populýar medeniýete öwrüldi. Roman ene-atasyny we añyrsyny bilmeýän, ogullyk alynan baş gahryman Daniel Derondanyñ özüni gözleýşiniñ we şahsy halas boluş düşünjesiniñ töwereginde bolup geçýär. Deronda jöhit gyzy Mirah bilen tanşyp, onuñ jemgyýetine goşulansoñ, öz jöhitligini we etniki gelip çykyşyny tanaýar. Bular romanyñ ikinji kitabynda bolup geçýär. Birinji kitapda bolsa maşgalasynyñ baýlygyny ýitirmeginiñ yzyndan baý, ýöne doñýürek we zalym adam bilen nikalaşyp halas boluşa ýeten Gwendoleniñ obrazy suratlandyrylýar. Bu adam bilen nikalaşandan soñ Gwendolen onuñ bilen erbet durmuşda ýaşaýar (bu ýerde J.Eliotyñ "feminist" tarapy orta çykýar) we yzyndan halas boluşy Danieldir Mirahyñ elleri bilen amala aşýar. Şol döwür Danieliñ özüni gözleýän wagty. Ol jöhitler üçin watan gurmagy arzuw edýän we ondan bu prinsipi oñlap, özüniñ oruntutary bolmagy isleýän Mordekaý bilen tanyşýar. Halas boluş indi ýekebara isleg-hyýal bilen çäklenmeýär, gaýtam tersine, romantiki baglanyşyklylykda köpçülikleýin halas boluş üçin Isanyñ patyşalygynyñ gurulmagynyñ baglanyşyklylygynda iñ uly we iñ giñ gerimli arzuw-hyýalyñ amala aşyrylmagyna öwrülýär. Romany ABŞ-nyñ prezidenti Jo Baýdene baglanyşdyrýan ýeri-de şu ýeri. Jo Baýden bu medeni sionizmiñ ýa-da kakasynyñ özüne aýdyşy ýaly ideologiki hristian sionizminiñ bir parçasydy. ABŞ-nyñ prezidenti bolmanka prezident Baýden bilen dürli wagtlarda birnäçe sagatlap oturyşma mümkinçiligim bolupdy. Men onuñ medeni sionizmini gönüden-göni özünden diñledim we şol wagtlar munuñ hristian romantizminiñ çägindedigini pikir etdim. Belki-de, sionizm bir wagtlar şeýledi. Ýöne Baýdeniñ duýman galan bir zady - sionizmiñ özüni tanama hyýallaryndan, Günbatardaky jöhitlerden, hristian sionizmine eýerýän käbir protestantlar bilen az sanly katolikden halas bolmaga synanyşýanlaryñ usuly bilen watan gurma tapgyryna geçende başdan geçiren öwrülişikleridi. Bu öwrülişikleriñ soñunda sionizm Russiýadan we Gündogar Ýewropadan gelen sionistler üçin ilatly nokatlary gurup, giñelme tapgyryna geçdi. Jo Baýdeniñ bilýän sionizmi Şimon Peresiñ we Izak Rabiniñ formasyndaky sionizmdir. Bu özüniñ imperializmine we agressiýasyna garanazdan "kibbutz" (sosialistik oba hojalyk jemgyýetleri) we kapitalizmden zyýada sosializme has ýakyn jemgyýet gurmak ýaly medeni häsiýete eýedi. Bular Ysraýylyñ döwlet we jemgyýet gurma prosesiniñ başlangyjydy. Nämüçindir bular gurlandan soñ "Sowuk uruş" döwründe we gutarandan soñ Russiýadyr Gündogar Ýewropadaky jöhitleri özüne çekmäge synanyşdy. Ine şol wagtam sionizm öñki döwlet gurma arzuwyndan täze göçüp gelýänler bilen birlikde gelen guramaçylykly jenaýatçy toparlary we agressiw jenaýatlary arkaly basybalyjy ilatly nokatlary gurma tapgyryna geçdi. Onlarça ýylyñ dowamynda ysraýyl sionizmi ösüp-özgerip geldi. Maliýe ministri Bezalel Smotriç we Döwlet Howpsuzlygy ministri Itamar Ben Gwir ýaly ektremistik sagçy syýasatçylary kemala getirdi. Bu ikisi göçüp gelýänler tarapyndan wekilçilik edilýän guramaçylykly jenaýatçy toparlaryñ syýasy frontyny düzýärler. Prezident Jo Baýden sionizmiñ ýumşak ýüzi Şimon Peres ýa-da Balfur deklarasiýasy, hatda milli aýratynlyk gözlegi we Isa pygamberiñ patyşalygyny gurma edebiýatynyñ döreden medeni Balfur deklarasiýasy döwründe galypdyr. Garradygyça täze ysraýyl jemgyýetiniñ içinde sionizmiñ Frans Kafkanyñ "Öwrülme" powestindäki öwrülmelerden (metamorfoz) geçýändigini bilenok. Hudaýyñ ýer-ýurt wada beren halkynyñ romantiki watan gurmagyndan Hudaýyñ wadasyny ýa-da Balfur deklarasiýasyny piñine almaýan, gaýtam jenaýat etme ýoly bilen gara güýje baýrynýan jenaýatçy toparlara öwrülendiginiñ tapawudyny bilmedi. Bu makala Ysraýylda döwlet gurmakdaky öwrülmeleriñ medeni köklerine degişli ýazylan ilkinji makaladyr. Şeýle öwrülmeler Karl Marksyñ kapitalizm üçin aýdyşy yaly, öz ölüminiñ tohumyny ýüregine ekýändigini bilmezden, Ysraýyly ýuwaşlyk bilen jenayatlaryñ batgasyna iterýär. Memun FENDI. Duşenbe, 10.06.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |