20:50 Hakykatyñ gözleginde | |
HAKYKATYŇ GÖZLEGINDE
Edebi tankyt
– Şahyr, publisist Allaýar Çüriýewiň eserlerini bütin halk köpçüligi höwes bilen okaýar. Onuň «Ömür kyssasy» atly kitaby bizde uly täsir galdyrdy. Allaýar Çüriýew öz taryhy oçerklerinde köpbilmişlik edip, forma kowalaşyp, mazmuny kesip-biçip ýörenok. Ol her bir oçerkiň tebigy, original çözgüdini tapmagy üçin tapmagy ussatlyk bilen başarýar. Ylaýta-da, taryhy, arhiw dokumentleri hem-de şol döwrüň adamlary bilen awtoryň pozisiýasyny sepleşdirişinden göwnüň suw içýär. Ýene-de bir gowy ýeri, ol her oçerkinde gahrymanlaryň bolşuny, olaryň bitiren işlerini öz sözleri bilen uzaltjak ýa-da ulaltjak bolup duranok. Allaýar Çüriýew uly sogap iş edýär. Onuň öz temasy, öz ýörelgesi bar. Ol nähak köýdürilen ykballaryň ruhuny dikeldýär. Biz öz hakyky taryhymyzy entek doly bilemzok. Sebäp, taryhymyzy bir taraplaýyn, dogrusy, synpy nazarýetden öwrenildi. Hatda şu golaýda bolup geçen wakalaryň nähili we nädip bolup geçendigini köpimiz entek aňymyzda aýlap bilemzok. Allaýar Çüriýew taryhymyzyň «ak tegmillerini» doldurmak üçin uly yhlaslylyk görkezmäni başardy. Okyjylar onuň taryhy-publisistik oçerklerini ykrar etdiler. Onuň hormatly baýraga hödürlenýän «Ömür kyssasy» atly kitabynda ömür ýollary bize bagly bolmadyk adamlaryň ykballary hakda ilkinji gezek ynandyryjy söhbet açylýar. Stalinçilik döwründäki eden-etdilikleriň üsti açylýar. Muny biz awtoryň edermenligi diýip hasap edýäris. Şu çaka çenli türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň arasynda bu temany yzygiderlige we düýpli öwreneni ýokdy. Muny diňe Allaýar Çüriýew ilkinjileriň biri bolup ýola goýdy. Ol şeýdip müňlerçe-müňlerçe adamlaryň alkyşyny aldy. Şunuň özem Allaýar Çüriýewiň Magtymguly ýaly geniniň adyny göterýän halkara baýraga mynasypdygyna güwä geçýär. Eger halkyň halaýan eserine adalatly baha beriljek bolsa, onda Allaýar Çüriýewiň «Ömür kyssasy» atly kitabyna berilse ýerine düşerdi. Ol muňa sözüň doly manysynda mynasyp adam. Sebäbi diýeniňde, Allaýar Çüriýew halkymyzyň merdana ogullary Gaýgysyz Atabaýew, Nedirbaý Aýtakow, Halmyrat Sähetmyradow, Çary Wellekow, Anna Muhammedow, Batyr Ataýew, Hajy we Öwezgeldi Atabaýewler, Oraz Täçnazarow, Hojanepes Çaryýew, Ata Nyýazow... ýaly adamlaryň ykballaryny halkymyza dogruçyllyk bilen aýan etdi. Allaýar Çüriýew häzirem öz temasyna ygrarly. Ony irginsizlik bilen dowam edýär. Allaýar Çüriýewiň talantynyň muşdaklarynyň ençemesiniň biziň bilen pikirdeş boljakdygyny men gaty ynanýaryn. Nedir KULYÝEW, filosofiýa ylymlaryň doktory. # Efire giden wagty 1992-nji ýylyň 3-nji apreli, «ÇAR TARAPDAN» informasion aýdym-sazly programmasy. | |
|
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |