23:21 Hamza Ýusuf kim we nädip Şotlandiýanyñ ilkinji musulman lideri boldy? | |
HAMZA ÝUSUF KIM WE NÄDIP ŞOTLANDIÝANYÑ ILKINJI MUSULMAN LIDERI BOLDY?
Publisistika
Päkistandan Şotlandiýa göçen maşgalada önüp-ösen 38 ýaşly Hamza Ýusufyñ iñ esasy maksady täze garaşsyzlyk referendumyny geçirmek. 38 ýaşly Hamza Ýusuf maşgalasyna syýasata girmek pikirini aýdan wagtynyñ ömrüniñ iñ gorkunç pursatlaryndan biri bolandygyny aýdýar (Reuters) Beýik Britaniýa "üstünde gün batmaýan imperiýa" titulyny gazandyran Hindistandaky we Päkistandaky häkimiýeti 75 ýyl öñ soñlandy, ýöne Günorta Aziýadan gelýän göç akymy Britaniýanyñ gelejeginde täsirli rol oýnamagyny dowam etdirýär. Hamza Ýusuf hem soñky ýyllarda Birleşen Korollygyñ premýer-ministri Rişi Sunak, Içeri işler ministri Suella Brawerman, London munisipalitetiniñ başlygy Sadyk Han bilen dowam edýän zynjyryñ soñky halkasy bolup taryha girmegi başardy. Nikola Sturgeondan boşan Şotlandiýanyñ Döwlet partiýasynyñ (SNP) başlygynyñ kürsüsije birinji tapgyrda sesleriñ 48%-ni, ikinji tapgyrda bolsa sesleriñ 52%-ni alyp saýlanan H.Ýusuf Şotlandiýanyñ etniki azlykdan bolan birinji lideri bolmagy başardy. Partiýanyñ ýolbaşçylygy üçin geçirilen saýlawda üstün çykmagynyñ yzysüre çykyş eden Hamza Ýusuf şeýle diýdi: - Gynansak-da, häzir aýatda diri däl garry eneme we atama minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Altmyş ýyl öñ Penjapdan Şotlandiýa göçüp gelendikleri üçin elmydama olara alkyş okap gezerin. Bu ýurduñ iñlisçäni çalasowat bilýän migrantlarynyñ agtygynyñ Şotlandiýanyñ premýer-ministri bolmagynyñ öñüsyrasynda duran gününi ýatsa-tursa oýlaryna-da getirmezdiler. Oglunyñ SNP-niñ ýolbaşçylygyna saýlanmagynyñ yzyndan metbugat serişdeleriniñ ünsüni çeken H.Ýusufyñ ejesi başlyk oglunyñ özüni diñläp-diñlemejegi soralanda, henek gatyşykly "Bilýäñiz-ä, men şindizem onuñ ejesi. Sözümi diñlemejek bolsa gulagyndan towlaryn" diýip jogap berdi. • Penjapdan we Nairobiden Glazgowa uzaýan kyssa Özi Glazgowda doglan SNP-niñ täze ýolbaşçysy Hamza Ýusufyñ kakasy Päkistanyñ Penjap welaýarynda, şeýle-de asly penjaply ejesi bolsa Keniýanyñ paýtagty Nairobide dünýä indi. Iki maşgala hem altmyşynjy ýyllarda Şotlandiýa göçdi. 2018-nji ýylda beren bir reportažynda H.Ýusuf ejesiniñ maşgalasynyñ Keniýada duçar bolan milletparazçylykly hüjümlerinden söz açyp, garry enesine palta bilen topulanlaryndan soñ ýurtdan çykyp gaýdandyklaryny gürrüñ beripdi. Şol döwür britan hökümeti Iñlis Milletler jemgyýetiniñ agzasy bolan ýurtlaryñ raýatlaryny Angliýa gelip, zawod-fabriklerde işlemäge çagyrdy welin, maşgala Şotlandiýa sary ýola düşdi. Ýusufyñ atalarynyñ biri fabrige işe girip tikin maşynyny ýöreden bolsa, beýlekisi awtobuslarda petekçi bolup işledi. Hamza Ýusuf 1985-nji ýylda maşgalanyñ Şotlandiýada guran täze durmuşynyñ bir parçasy bolup dünýä indi. Başlangyç bilim berýän mekdebe gatnap başlanda özüniñ etniki azlykdan bolan iki çaganyñ biridigini aýdýan Ýusuf "11-nji sentýabr teraktynyñ" diñe dünýäni däl, özüniñem durmuşyny boýdan-başa özgerdendigini aýdýar. "11-nji sentýabr teraktyndan" bir gün öñem futbol we başga zatlar hakda gyzyklanýan deñ-duşlarynyñ özüne jogap tapmasy kyn soraglary berendigini aýdýan Ýusuf 2018-nji ýylda "Holyrood"-a veren interwýusynda şeýle diýýär: - Menden "musulmanlar näme üçin Amerikany ýigrenýär?" diýip soradylar. Erbet niýet bilenem soramadygam bolsalar, muña jogap berip bilerin öýdýärdiler. Men şonda has köp zatlary öwrenmelidigimi pikir edendigim ýadyma düşýär. Şeýdibem şol pikirim meni köp derejede şumatky ýeten derejäme getirdi. Çünki maşgalam hakda has köp zatlary soramalydym, dinleri, medeniýetleri, bärik näme sebäpli gelendikleri hakda köp soraglaryny bermelidim. Maşgalqsynyñ özünden lukman, aklawjy ýa-da buhgalter bolmagyna garaşandygyny aýdýan Ýusuf, olara syýasata girmek pikirini aýdan wagtynyñ ömrüniñ iñ gorkunç pursatlaryndan biri bolandygyny aýdýar. • Parlament assistentliginden ministrlige çenli beýgeldi Glazgow uniwersitetinde syýasat boýunça bilim alandan soñ Şotlandiýanyñ parlamentinde işläp başlan Ýusuf 2007-nji ýylda SNP-niñ deputaty Beşir Ahmediñ assistenti boldy. Özü-de altmyşynjy ýyllarda Päkistandan Şotlandiýa göçen B.Ahmet awtobus sürüjisi bolup başlan Şotlandiýadaky durmuşyny ýurduñ akýagyz bolmadyk ilkinji deputaty bolup dowam etdirýärdi. B.Ahmet ýüregagyry zerarly aradan çykansoñ, şol wagtyñ premýer-ministri Aleks Salmond partiýanyñ içinde işbaşarjañ ýaş ýigit hasaplanan Ýusufy öz toparyna goşdy. 2011-nji ýylda ilkinji gezek halk deputatpygyna saýlanan Ýusuf şotland parlamentine Pakistan mahsus milli eşikleri bilen gelip urdu we iñlis dillerinde kasam içdi. 2018-nji ýylda Sturgeonyñ geçiren wezipe çalşygy wagtynda Adalat ministri wezipesine bellenen Ýusuf 2021-nji ýyla çenli şol wezipesinde oturdy. Hamza Ýusuf 2021-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli bolsa Saglygy goraýyş ministri bolup işledi. • Hamza Ýusuf Şotlandiýa üçin nämäni wada berýär? SNP-niñ basgançaklaryna çalt dyrmaşan 38 ýaşly täze ýolbaşçy partiýanyñ adminstrasiýasy tarapyndan "dowamlylyk talaşgäri" hökmünde görülýärdi. Birnäçeleri ony Sturgeon döwründe ýöredilen syýasy ugurlary dowam etdirjek adam hasaplasa, goldawçylary diýseñ galmagally geçen liderlik ýaryşynyj yzyndan Ýusufyñ partiýany birleşdirmek bilen birlikde "Şotland Ýaşyllary" bilen gurlan ýaranlygy dowam etdirmek üçin mynasyp adamdygyny öñe sürýär. Ýusuf Sturgeon hökümetimiñ jynsyýet kanuny reformasyny goldanlaryñ biridi. Dekabr aýynda geçen kanun gözden geçirilişi raýatlaryñ resmi jynsyýetlerini üýtgetmegini añsatlaşdyrýardy, emma London hökümmeti tarapyndan weto edildi. Hamza Ýusuf bu düşünişmezlikde üstün çykmak üçin hukuk konsultasiýasyny Alan ýagdaýynda Birleşen Korollygyñ hökümetiniñ wetosyny suda bermegiñ pikirini edýär. Asly päkistanly şotland lideri garaşsyzlygyñ gazanylmagy üçin partiýanyñ "öñdebaryjy gymmatlyklar" üçin has köp göreşmeli boljakdygyny we jynsyýet kanuny reformasynyñam munuñ bir böleginini öñe sürýär. 1-2 ýaşly çagalara edilýän döwlet kömegi, BMG-nyñ şertnamalaryny öz içine alýan täze adam hukuklary, gjñden ýaýran narkotiki ölümlere garşy göreşmek hem Ýusufyñ beren wadalarynyñ başyny çekýär.. • Hamza Ýusuf Şotlandiýany garaşsyzlygyna gowuşdyryp bilermi? Şotland syýasatynyñ sanawynyñ başyny mydamalyk çekip gelýän garaşsyzlyk meselesi Ýusufyñ halypasy Sturgeondan tapawutlanýan arasyny açýan meselerden biri bolup ünsüñi çekýär. Ikisi-de garaşsyzlygy gazanmagyñ tarapdary bolsalaram, Ýusuf Sturgeonyñ soñky saýlawlary garaşsyzlyk üçin açyk referenduma öwürmek syýasatyna goşulmaýandygyny aýtdy. Ýusuf munuñ ýerine garaşsyzlygy goldaýan "saldamly köpçülik" döretmek isleýändigini we garaşsyzlyga berilýän goldawyñ 50-51% çemesi bolmagynyñ heniz ýeterlik däldigini nygtaýar. Şeýle-de liderlik ýaryşy wagtynda garaşsyzlygy gazanmaga sabyrsyzlanýan raýatlaryñ goldawyny almak isleýän Ýusuf garaşsyzlyga berilýän goldawy synap görmek üçin referendum geçirilip bilinjegini aýdypdy. SNP-niñ lideri ofisdäki birinji gününden başlap garaşsyzlyk üçin kampaniýa başlajagyny we partiýanyñ bu meselede "bäşinji mehanizmada" hereket etjekdigini wada beripdi. 2014-nji ýylda geçirilen garaşsyzlyk referendumynda şotland haljy Birleşen Korollygyñ düzüminde galmagy makul bilipdi. Emma 2016-njy ýylda Birleşen Korollygyñ Ýewropa bileleşiginden (ÝB) çykmagynyñ yzyndan Şotlandiýada garaşsyzlygyñ tarapdarlary barha köpeldi. Şotlandiýada halkyñ 62%-i "Brexit" referendumynda ÝB-de galmaly diýip ses beripdi. Bäş ýylyñ dowamynda täze garaşsyzlyk referendumynyñ geçiriljegini aýdan Ýusuf ilkinji musulman lideri bolan Şotlandiýasyny Birleşen Korollykdan goparybilen şahsyýet hökmünde taryha girme mümkinçiligini elinde saklaýar. Emma Britaniýanyñ galan bölegi ýaly Şotlandiýa-da garaşsyzlykdan has köp gündelik meseleler bilen başagaý bolanyny gowy görýär. Ýusufyñ ýolbaşçylyk etjek SNP saýlawçylarynyñ içinde-de garaşsyzlygy baş mesele hasaplaýanlar zordan 30%-e ýetýär. Şol saýlawçylar toparynyñam 65%-i ýaşaýşyñ gymmatlygyny, 58-i saglygy goraýyş ulgamyny, 31%-i ykdysadyýeti üns berilmeli iñ wajyp meseleler hasaplaýar. Birnäçe hünärmen Ýusufyñ halypasy Strugeon ýaly gündelik meseleleriñ deregne, ýetmesi kyn maksat bolan garaşsyzlyga üns bermegiñ syýasy duzakdygyny pikir edýär. Peýdalanylan çeşmeler: Holyrood, BBC, iNews, The Herald Scotland, Scotsman, CNN, The Conversation Baryş KAÝGUSUZ, @barisyak Sişenbe, 28.03.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |