23:04 "Wagneriñ" adyny goýan Dmitriý Utkin hakda näme bilýäris? | |
"WAGNERIÑ" ADYNY GOÝAN DMITRIÝ UTKIN HAKDA NÄME BILÝÄRIS?
Publisistika
Prigožiniñ sag goly hökmünde tanalan Utkin on ýyllap ors kontrrazwedkasynda işläpdi. Utkiniñ "Wagneriñ" Siriýada geçiren operasiýalary ýöreden adamdygy çak edilýär (AFP) Ysraýylyñ "Times of Israel" gazeti Russiýada heläkçilige uçran uçarda gurban bolan "Wagneriñ" başlygy Ýewgeniý Prigožiniñ sag goly Dmitriý Utkin hakynda giñişleýin durup geçdi. Jemgyýetçilik tarapyndan 2015-2016-njy ýyllarda "Wagneriñ" serkerdesi hökmünde tanalyp başlan Utkin heläkçilige uçran uçarda Prigožin bilen bile barýan ýolagçylaryñ biridi. Bir döwür rus harby kontrrazweda gullugy ГРУ-da gulluk eden Utkiniñ öñki aýaly Ýelena Şerbinina serkerdäniñ 1970-nji ýylda doglandygyny we rus goşuny bilen bile çeçen uruşlaryna gatnaşandygyny aýtdy. Ýelena Şerbinina Gazeta.ru saýtyna interwýu beren Şerbinina öñki adamsynyñ front meýdanyndan aýrylasy gelmändigini aýdyp, "Uýgunlaşmak oña kyn düşýärdi. Söweşsiz gezmek ony ynjalykdan düşürýärdi. Penjek-jalbarly, boýny galstukly kabibetde oturandan, söweşjeñ ofiser bolup gyzgyn frontda gulluk edenini gowy görýärdi" diýdi. 2012-nji ýylda goşunyñ hataryndan çykyp, hususy howpsuzlyk kompaniýasyny guran Utkin 2016-njy ýylyñ dekabrynda Kremlde "Siriýada söweşen rus gahrymanlary" ady bilen berlen resepsiýasynda Putin bilen bile görlende, köpçüligiñ ünsüni çekdi. • Prigožin bilen nähili tanşandygy belli däl Dmitriý Utkiniñ Prigožin bilen nähili tanşandygy we 2014-nji ýylda "Wagneriñ" gurulyşynda nähili rol oýnandygy hakda anyk maglumat ýok. Emma "Wagner" adyny Utkiniñ dakandygy we bu ady Adolf Gitleriñ uly hormat goýan nemes kompozitory Rihard Wagnerden alandygy we boýnunyñ iki ýanynda-da nasistik tatiurowkalaryñ bardygy welin belli. 2014-nji ýylda Ukrainanyñ Donbass oblastynda bölünişikçi gozgalañ turanda, Russiýa bu ýerde ynanyp bolaýjak we şol bir wagtda Kremle garaşlydygyny boýun almajak güýçlere mätäçlik duýupdy, munuñ üçinem "Wagnere" ýüzlenipdi. Donbasa sürlen "Wagneriñ" harby operasiýalaryna jogapkär şahs Utkindi. Prigožin bolsa toparyñ maliýe işlerine seredýärdi we rus döwleti bilen gatnaşyklary dolandyrýardy. • Prigožin tanymal boldy, Utkin göze ilmedi Aradan geçen ýyllaryñ dowamynda "Wagner" Merkezi Afrikada, Liwiýada, Siriýada, Ukrainada iş geçirdi. Topar gizlinlik bilen ýöreden her bir urşunda adam hukuklaryny gödek bozmakda we wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplandy. Ukrainanyñ urşuñ ilkinji aýlarynda-da ýagdaý şolar ýalydy. Emma 2022-nji ýylyñ güýzünde rus goşunlary gündogar-günorta frontlarda yza çekilmäge mejbur boldy welin, Prigožin jemgyýetçiligiñ esasy figurasyna öwrüldi. Birnäçe ýyllap bardygy boýun alynman gelen "Wagneriñ" bardygyny we frontda hereket edýändigini boýun alyp, rus türmelerindäki tussaglary günäsini geçmek şerti bilen hatarlaryna goşup başlady. "Wagneriñ" Bahmutda birnäçe aýa çeken urşy toparyñ Ukrainada iñ täsirli rus harby güýji statusyny gazanmagyna sebäp boldy. Bularyñ barsynda Utkin göze ilmän gezmegini dowam etdi. Hiç bir wideoda görünmedi, Prigožiniñ tersine ýeke wideo paýlaşmady. Emma onuñ iýun aýyndaky ýaragly gozgalañа gatnaşandygy we Moskwanyñ üstüne edilen ýörişe goldaw berendigi öñe sürülýär. Şu günler "Wagner" bilen ilteşikli "Telegram" kanallarynda "gahryman" yglan edilen Utkiniñ ady Prigožin ýaly köp tutulýar. Arasynda Prigožiniñ we Utkiniñem bolan uçary 23-nji awgustda Tweriñ golaýynda heläkçilige uçrapdy. Uçarda Prigožindir Utkin bilen bile Waleriý Çekalow, Ýewgeniý Markarýan, Sergeý Propustin, Aleksandır Totmin, Nikolaý Matuseýew, pilotlar Alekseý Lewşin, Rüstem Karimow bilen kabina işgäri Kristina Raspopowa hem wepat bolupdy. "Times of Israel" gazeti, 26.08.2023 ý. Taýýarlan Baryş KAÝGUSUZ. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |