23:58 Putiniñ Prigožiniñ ýerine bellän adamy: Andreý Troşew | |
PUTINIÑ PRIGOŽINIÑ ÝERINE BELLÄN ADAMY: ANDREÝ TROŞEW
Publisistika
Troşew Owganystanda, Demirgazyk Kawkazda, Siriýada gulluk etdi. "Седой" lakamly Andreý Troşew "Wagneriñ" düýbüni tutujylardan Ýewgeniý Prigožin hakynatutma harbylardan, magdan gazyp çykarýan kompaniýalardan, syýasy geñeşçilerden, dezinformasiýa ýaýradýanlardan ybarat giñ möçberli we çylşyrymly tor bilen ýerini hiç kimiñ dolduryp bilmejek lideri hasaplanýardy. Topar Afrika ýurtlarynyñ hökümetleri bilen gatnaşyklary ýola goýmak bilen bir hatarda ýarag ulanmak arkaly Moskwanyñ bähbitlerine hyzmat etmegi gazandy. Emma mundan iki aý öñ ýakyn dosty Wladimir Putine garşy gozgalañ turuzmaga synanyşnagy Putini Prigožiniñ ýerine bellejek adamyny gözlemäge iterdi. Prigožiniñ ölüminiñ yzyndan Putin onuñ ýerine "Седой" ("Çalsaç") lakamly Andreý Troşewi belledi. Putin birwagtlar Troşewi "Wagneriñ" hakyky serkerdesi hasaplapdy. Rus çeşmeleri Troşewiñ 1962-nji ýylyñ 5-nji aprelinde Leningrad (häzirki Sankt-Peterburg) şäherinde dünýä inendigini aýdýar. Günbatar ýurtlary tarapyndan oña berlen sanksiýalarda geçýän maglumatlarda doglan ýyly 1953-nji ýylyñ 5-nji apreli diýip görkezilýär. Ýöne munuñ sebäbini bilýän ýok. Sowet goşunynyñ hatarynda Owganystanda boldy. Sowet Soýuzynyñ dargamagynyñ yzyndan bolsa rus goşunynyñ hatarynda Demirazyk Kawkazda boldy. Soñra Içeri işler ministrliginiñ düzümindäki Ýörite birligiñ (ОМОН и СОБР Главного управления МВД России) serkerdesi bolup işledi. Troşewe Owganystanda eden birkemsiz gullugy üçin iki gezek "Gyzyl ýyldyz" nyşany berildi. Munuñ bilen birlikde 2016-njy ýylda Siriýanyñ Palmira (Tedmur) şäherinde YŞYD-a garşy geçirilen harby operasiýalar wagtynda gazanan üstünlikleri netijesinde Russiýanyñ iñ ýokary sylagy - "Russiýanyñ Gahrymany" ady berildi. Beýleki bir ýandan Russiýanyñ Goranmak ministriniñ orunbasary Ýunusbek Ýewkurow Prigožiniñ uçar heläkçiliginden bir gün "Wagner" agzalarynyñ diñe Moskwanyñ gözegçiligi astynda ýurtda galjakdygynyñ kepilligini bermek üçin Liwiýa gidipdi. Liwiýaly ygtyýarlynyñ aýtmagyna görä, Russiýanyñ Goranmak ministriniñ orunbasary Ýunusbek Ýewkurow geçen sişenbe güni Liwiýanyñ gündogaryndaky ýaragly güýçleriñ baştutany Halife Hafter bilen Bingazi şäherinde duşuşdy. Liwiýaly ygtyýarly Ýewkurowyñ Hafter bilen geçiren gepleşiginde "Wagneriñ" täze serkerdäniñ ýolbaşçylygy astynda boljakdygyny aýtdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |