09:56 Prigožiniñ ölüminden soñ "Wagnere" näme bolarka? | |
PRIGOŽINIÑ ÖLÜMINDEN SOÑ "WAGNERE" NÄME BOLARKA?
Publisistika
"Wagner" harby kompaniýasynyñ başlygy Prigožiniñ ölümi kompaniýanyñ Ýakyn Gündogarda we Afrikada alyp barýan işlerini bulaşyklyga salyp biler. Prigožin ölmezden öñ Afrikada paýlaşan soñky wideosynda mundan beýläk ähli materiklerde Russiýanyñ täsirini artdyrmak üçin hereket etjekdiklerini aýdypdy (Reuters) "Wagneriñ" başlygy Ýewgeniý Prigožiniñ ölüminiñ yzyndan hakynatutma harby toparyñ Ýewropada, Ýakyn Gündogarda, Afrikada eýelik edýän toruñ we ýöredýän operasiýalarynyñ geljegi nämälimligine galýar. Urşuñ başyndan bäri Ukrainada Russiýanyñ iñ täsirli güýçlerinden bolan "wagnerçi" urşujylaryñ Siriýadaky, Liwiýadaky graždanlyk uruşlaryna gatnaşyp ýörendigi we Merkezi Afrika Respublikasy bilen Malide hem iñ täsirli güýçdügi mälim. Bu ýerlerdäki altyn känlerini we nebit ýataklaryny elinde saklaýan "Wagneriñ" Kremliñ daşarky syýasatynyñ guraly bolup hyzmat etjekdigi bolsa heniz şübheli. Prigožin hakda kitap ýazan amerikan derñeýji-žurnalisti Jon Lehner, "Reuters"-a bu barada beren beýanatynda: "Wagner" häzirem gaýgylandyrman duranok. Dowam edip duran şertnamalar bar we bular dowam etmeli. Howpsuzlyk taýdan "Wagneriñ" işleriniñ" öñküsi ýaly dowam edýändigi we häzirem ynamly hyzmatdaş bolup galýandygy görnüşini bermek islärler" diýdi. ABŞ-nyñ "Washington Post" gazeti bolsa, "Wagneriñ" gysga wagtyñ içinde dargajakdygyny we beýle ýagdaýda toparyñ Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlarynyñ hökümetleri bilen baglaşan ylalaşyklaryny Kremle ýakyn adamlar tarapyndan dowam etdirjekdigini ýazdy. "Wall Street Journal" gazetine interwýu beren Angliýanyñ Ekseter uniwersitetinden Dewid Lewis bolsa, "Rus goşuny bilen gatnaşyk saklaýan dürli-dürli toparlar bu düşewüntli işi almaga we täze wekil güýçleri döretmäge synanyşarlar. Prigožjn dürli ýurtlara ýaýran bu tory dolandyrmak işi boýunça tejribesi ýetikdi, emma ýerini dolduryp bolmajak biri-de däl" diýdi. Käbir "wagnerçileriñ" maşgalalary bolsa, toparyñ dargama ähtimallygyny alada edýär. Bir "wagnerçi" urşujynyñ hossary "Telegram" hasabyndan ýazan pikirinde "Wagner" başsyz galdy. Indi bize näme bolarka? Hernä kompaniýanyñ başyna mynasyp adam gelewersin" diýdi. Rus türmelerinde ýatan raýatlaryñ hak-hukuklaryny gorap çykyş edýän "Gulagu" toparynda Wladimir Oseçkin bolsa, "wagnerçi" urşujylaryñ ýagdaýy hakda, "Hemmesi şokda. Serkerdeler näme etjegini we garamagyndaky esgerlerine näme diýjegini bilenok. Hemme zat Prigožiniñ we onuñ kontaktlarynyñ töwereginde şekillenýärdi" diýdi. • Kreml bilen Hafteriñ arasyndaky "Wagner" gatnaşygy Arasynda "Wagneriñ" başlygy Prigožiniñem bolan uçar heläkçiliginden bir gün öñ ýokary düzümli rus ygtyýarlysynyñ Liwiýada gepleşik geçirip ýörendigi aýdyldy. "Reuters"-iñ beren habarynda, Russiýanyñ Goranmak ministriniñ orunbasary Ýunusbek Ýewkurow Bingazide Liwiýanyñ gündogaryna gözegçilik edýän güýçleriñ serkerdesi Halife Hafter bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda "Wagner" güýçleriniñ başyna Kremliñ kontrolyndaky täze serkerde bellenjekdigini aýdandygy öñe sürülýär. Duşuşygyñ kesgitlenen wagty tötänlikdigini ýa däldigini heniz bilýän ýok. Angliýanyñ Korollygyñ ýanyndaky Birleşen hyzmatlar institutynyñ Liwiýa boýunça barlagçysy Jelal Harçou "Ýewkurowyñ iş sapary Liwiýadaky rus täsiriniñ ýok bolmakdan geçen, gaýtam öñküsinden-de giñeljekdigini we çuñlaşjakdygyny görkezýär" diýdi. Russiýanyñ Liwiýada resmi taýdan harby pozisiýasynyñ ýokdugyny nygtan Harçou şol sebäpli Kremliñ sebitdäki güýjüni şoña meñzeş topar bilen dowam etdirmek islejekdigine ünsi çekdi. Garaşsyz hünärmenleriñ we Adam hukuklary boýunça Gözegçilik öýüniñ berýän habarnamaryna görä, 2019-njy ýyldan bäri Liwiýada iki müñ "wagnerçi" urşujy bar. Hafter güýçleriniñ 2020-nji ýyldaky ýaraşyga çenli Tripolä gönükdiren operasiýalaryna goldaw beren "wagnerçiler" şol bir wagtyñ özünde sebitdäki harby toparlar bilenem nebit känleriniñ goragyna jogap berýär. • Merkezi Afrika "merhum lideriñ ýerini doldurar" "Wagneriñ" iñ işjeñ hereket edýän ýurtlaryndan Merkezi Afrika Respublikasynda-da Prigožinden soñky dörän boşlugy doldurmak meselesi ara alyp maslahatlaşylýar. Döwlet ýolbaşçysy Fosten-Arkanž Tuaderanyñ geñeşçisi Fidel Guandjika Prigožiniñ ölümine "çuññur gynanç" bildirýändiklerini aýdyp, bu pajygaly ýagdaýyñ Russiýa bilen gatnaşyklaryny agsatmajagyny nygtady. Russiýa bilen döwletara ylalaşyklarynyñ bardygyny we hakynatutma urşjujylaryñ ýurtda galmagyna dowam etjekdigini nygtan Guandjika "Prigožin indi merhum lider, onuñ ýerini doldurmaly bolar" diýdi. Emma ýurtda altyn känlerine-de gözegçilik edýän kompaniýanyñ ykdysady gatnaşyklaryny nähili dowam etdirjekdigi şübheli. Afrikada magdan işläp çykarmak işlerini gönüden-göni Russiýanyñ kontrolyna almagyñ kyndygyny aýdýan Jon Lehner "Bir kompaniýany satyn alyp, ähli işgärlerini kowandan soñ işleri öñküsi ýaly dowam etdirip bilmersiñiz. Belki-de, üwmeji nähili paýlaýyşlary üýtgär, emma üwmeç şindizem öñki ýerinde" diýdi. "Wagner" güýçleri baý magdan känleriniñ bardygyna garamazdan, dünýäniñ iñ garyp ýurtlaryndan biri bolan Merkezi Afrikada 2012-nji ýylda başlan graždanlyk urşuna 2018-nji ýylda goşulyp, gozgalañlaryñ basylyp ýatyrylmagy üçin hökümet bilen bile hereket edipdi. "Wagneriñ" ýurtda 1900 urşujysy bar. • Amerikan kontrrazwedkasy: Prigožiniñ uçary "bilkastlaýyn partladyldy" ABŞ-nyñ kontrrazwedka gullugynyñ elinde bar bolan häzirki maglumatlara görä Prigožin bilen bile barýan dokuz adamyñ oturan uçary "bilkastlaýyn partladyldy". Atlarynyñ mälim edilmegini islemedik amerikan we günbatarly ygtyýarlylar garamagyndaky hakynatutma urşujylar bilen 24-nji iýunda rus hökümetine garşy ýaragly gozgalañ turzan Prigožiniñ bolan uçarynyñ Russiýanyñ Twer oblastynda heläkçilige uçramagy netijesinde ölmegi boýunça kontrrazwedka maglumatlaryna salgylanyp beýanat berdiler. Çeşmeler Prigožiniñ "uly ähtimallyk bilen" didiwana mündürilendigini we hadysanyñ Russiýanyñ döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putiniñ "özüni tankyt edenleriñ agzyny ýumdurmaga gönükdiren uzak geçmişi bilen" sazlaşýandygyny aýtdy. Pentagonyñ press-sekretary Pat Raýder bolsa, "birinji gelen netijämiz Prigožiniñ öldürilen bolmagynyñ mümkindigini görkezýär" diýdi. Ygtyýarlylar partlamanyñ sebäbi boýunça jikme-jiklik bermezden kontrrazwedka netijenamasynda Putiniñ uçardaky adamlaryñ maşgalalaryna "yzy ýarasyn" diýendigini we Prigožiniñ "gödek ýalñyşlyklaryna" yşarat edendigi agzaldy. Baryş KAÝGUSUZ. Anna, 25.08.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |