HAN AKYNYÑ SUNGAT SÖÝEN BALASY, TÜRKMEN HAS ZEHINLI GULBABASY
Hawa, Gulbabajyk hakynda ozalam kän-kän gezekler söhbet edilipdi, bu ýene-de dowam eder. Çünki Gulbabajyk ýaňy 4 ýaşly çagajyk döwründen öz ýaşyndan has ululara mahsus sungaty bilen haýrana goýan zehinli aýdymçydyr.
Islendik halk hem asyrlaryň dowamynda yzygiderli öz milli gahrymanlaryny orta çykarýar. Bu gahrymanlar hakynda soňlugy bilen dürli-dürli rowaýatlar il içine ýaýrap başlaýar. Ine, Gulbabajyk hakynda hem şeýle rowaýatlar halkymyzyň hakydasynda orun alypdyr.
Halypa sazanda Han Akyýewiň körpe perzendi Gulbabajyk dünýä inmezinden ozal düýşüne ýagşyzadalar girip, oglunyň dünýä injekdigini, onda-da şol oglanjygyň juda gysgajyk ömründe ägirt uly işler bitirjekdigini aýdypdyrlar diýen gürrüň bar. Han Akyýew bu düýşüni Gulbabajyk dünýä inýänçä hiç kime gürrüň bermändir.
Ýurdumyzyň ussat halypalary Sahy Jepbarowdan, Çary Täçmämmedowdan «Berekella!» bilen ak pata alan Gulbabajygyň çalmasy has agyr türkmen halk sazlaryny hem juda ýokary derejeli ussatlyk bilen ýerine ýetirip bilendigini soň-soňlar kän ýatlaýarlar. Onuň «Urup çykdy» diýen uçursyz kyn halk sazyny çalyp, Çary Täçmämmedowyň gözlerine ýaş aýlap bilenligi hem taryhy hakykatdyr.
Gulbabajyk dört ýaşynda mahaly öýlerine gelen Sahy aga «Galmanam», «Ak maýa gerek» ýaly halk aýdymlaryny aýdyp berýär. Sahy aga şonda «Tüweleme jigim! Sen ynha nesip bolsa türkmen halkynyň atly bagşylaryndan bolup ýetişersiň! Maňa-da ýetginjekkäm «oglan bagşy» diýerdiler...» diýip, entek has kiçijik hem bolsa eýýäm aýdym-saz ýoluna ynamly gadam basan Gulbabajygyň arkasyna kakypdyr.
Hakyky şahsyýet, hakyky halkyň perzendi bolmak üçin ýaşyň tapawudy ýok. Ine, ady rowaýata öwrülen, sungat dünýäsinde özboluşly ýol goýmagy başaran Gulbabajygyň hatyrasy häzir hem ýurdumyz-da belent derejede goýulýar. Her ýyl Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi ta- rapyndan ýurdumyzyň sungatda, bilimde öňdebaryjy çagalaryna, aýdym-saz toparlaryna berilýän Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy hem ýokarda aýdanlarymyzyň aýdyň mysalydyr. Gulbabajygyň birnäçe suratlary çekildi. Ine, şolaryň biri hem Çary Öwäýewiň «Gulbaba» atly eseridir. Diýmek, sungat ugurlarynyň ählisi hem biri-birinden üzňe däldir. Sungatda yz goýan şahsyýetleriň ömri bolsa baky dowam edýändir...
Yklym BABANYÝAZOW,
Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy.
Aýdym-saz sungaty