22:59 Harabaçylykdan çykan gahryman | |
HARABAÇYLYKDAN ÇYKAN GAHRYMAN
Sport we turizm
"Men hemişe Hudaýa ynanýaryn. Olam hemişe meni goraýar. Hudaý meniñ şu ýerde bolmagymyñ hemem ýaşaýyş üçin göreşmegimiñ sebäpkäridir". Edison MIRANDA. Edison Miranda... Bu Kolumbiýanyñ Buenawentura şäherinde dünýä inen bir çagajygyñ adydyr. Edison Miranda adatça betbagt hasaplanýan çagalar ýaly ýarlykly garybyñ maşgalasynda doguldy. Edisonyñ ejesi oña göwrelikä 14-15 ýaşlaryndady. Olar betbagtlygyñ düýp sebäbini Mirandadan görýärdiler. Jana-jan hossarlary tarapyndan çagyrylmadyk myhman kimin garşylanan Mirandadan halas bolmak üçin her hili çykalga gözlendi. Şonuñ üçin doglanna ýañy iki aý bolandan oglanjygy Kolumbiýanyñ Tumako şäherinde ýaşaýan garyndaşlaryna äkidip taşladylar. Emma bu ýerde-de oglanjyk halanylmaýan adam ýaly garşylandy. Ony bu şäherde basketbol topy mysaly birnäçe maşgala elden-ele geçirdi. Olaryñ her biri çagany bir müddet saklap, soñ seretmek islemän başga maşgala berýärdi. Netijede eýesiz galan çaga dokuz ýaşyna ýetýänçä birnije maşgalanyñ elinden geçdi. Miranda dokuz ýaşyna ýetende bütin bu bolýan zatlara çydap bilmän bolýan ýerinden gaçmaly boldy. Ol hakyky ene-atasyny tapmagy ýüregine düwýär. Ençeme kynçylyklary başdan geçirenden soñra Miranda ahyryn ejesini tapýar. Ýöne ol eýýäm oglanjygyñ kakasy bilen aýrylşan eken. Edisonyñ ejesi döwlet gullugynda işleýän biri bilen nikalaşypdyr. Mirandany gören badyna onuñ täze adamsynyñ jyny atlanýar. Sal-sal eşikli we göziýyrtyk dilegçi çaganyñ oña geregi ýokdy. Ýüzüne gapy ýapylan Mirandajyk üçin ýene köçeki durmuş başlaýar. Günläp aç galýar. Eger şoña "iýmit" diýip bolýan bolsa, zir-zibilliklerden iýmit dörjeläp, tapan-tupanyny iýip oññut edýär. Köçede-de hezillik bolmandyr. Öýsüz-öwzarsyz entäp ýören ykmandalar sataşaýsa dagy, ony suwasalma ýenjipdirler. Miranda gijelerine köçede açyk howada, gözlerini asmana dikip, Alladan ýardam isläp ýatypdyr. Durmuş onuñ üçin rehim-şepagatsyz ganym duşmana öwrülipdi: kül bolan çagalygy, howp-hatardan doly bolan şu güni, näbelli gelejegi... Bir gün Miranda telewizorda boksçylaryñ garpyşygyna tomaşa edýär. Iki pälwan biri-birini ýetişibildiginden ýumruklaýardy. Üstün çykana köp mukdardaky pul sylagy, şan-şöhrat, köpçüligiñ alkyşlamasy garaşýardy. Miranda öz ýanyndan bu mümkinçiligini barlap görýär, görse, ol bu durmuşda uruşmakdan başga zady oñarmasa näme. Ömürboýy iýen kötekleri, eşiden sögünçleri we köçeki durmuş onuñ erkini polada öwrüp taşlapdy. Ol köçede günüñ gününe özüni goramagyñ, ýeri gelende garşydaşynyñ üstüne topulmagyñ mazaly abyny-tabyny alypdy. Mahlasy, Edison Miranda boksçy bolmagyñ kül-külüne düşýär. On üç ýaşynda tötänlikden diýen ýaly Kolumbiýanyñ Barrankil şäherine düşýär. Ol şäheriñ boks zallarynyñ birini gözläp tapýar. Içeri girýär. Ol tälimçiden özüne tälim bermegini haýyş edýär. Tälimçi aýda tölegini tölemek şerti bilen oña garşy bolup durmaýar. Olam öz gezeginde agşamlarynda zalda ýatmaga rugsat soraýar. Tälimçi süpürijilik etmegi boýnuna goýup, oña türgenleşik zalynda ýatyp-turmaga rugsat berýär. Tälimleriñ aýlyk tölegini tölemek üçin köp pul gazanmak hökmanydy. Munuñ üçin ol gündizlerine gan beriş merkezlerinde gan berýär, köçe garpyşyklaryna gatnaşýar, hatda hakynatutma günlükçi işlerde-de işleýär. Ol her edip-hesip edip, näçe gymmada düşse-de, köçeki durmuşdan halas bolmak isleýärdi. Miranda on alty ýaşyna ýetende, dowamly bäş aý dowam eden tälimlerden soñ özüniñ ilkinji ýaryşyna çakylyk alýar. Ol garşydaşyny bir minutdanam az wagtyñ dowamynda nokaut edýär. Bu garpyşykdan hasam ruhlanan boksçy soñky duşuşyklaryny-da ýeñiş bilen tamamlaýar. Miranda höwesjeñler kategoriýasynda 132 duşuşyk geçirip, olaryñ diñe dördüsinde asgyn gelýär. 1998-1999-njy ýyllarda bassyr iki gezek Kolumbiýanyñ çempiony bolýar. Munuñ yzysüre, ýagny 2000-nji ýylda ol "Kolumbiýanyñ Milli oýunlarynyñ çempiony" diýen ada mynasyp bolýar. Gazanan şan-şöhraty Mirandanyñ özüne bolan ynamyny hasam artdyrýardy. Ýöne ol bular bilen çäklenmek islemän, hasam belent sepgitlere ýetmek isleýärdi. Onuñ professional boksçylaryñ arasynda ýaka tanadasy gelýärdi. Şeýdip, belli bir wagtdan soñ Miranda Amerikanyñ Birleşen Ştatlaryna gelip, professional boksçylaryñ arasynda güýjüni synamaga başlaýar. Ol özüniñ professional karýerasynda kyrk iki duşuşyk geçirip, olaryñ otuz bäşinde ýeñiş gazanýar. Bu ýeñişleriñ otuzy nokaut arkaly gazanylan ýeñişlerdir. Miranda şeýle diýerdi: "Men başgalara kömek edesim gelýär... gijelerine ýatmaga ýeri ýok öýsüz-öwzarsyz çagalara ýardam etmek we şol bir wagtyñ özünde olara görelde bolmak isleýärin". Miranda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip ýaşapdyr, spirtli içgileri datmandyr. Ir ýatypdyr we esasan ýönekeý görnüşli maşklary ýerine ýetiripdir. Miranda öz ýeñişlerini Hudaýa we özüne bolan ynamyna, janypkeşligine baglapdyr. Iñ çykgynsyz ýagdaýlarda-da, ýalñyz we hiç zatsyz galan pursatlarynda-da Hudaýa bolan imanyny we özüne bolan ynamyny ýitirmändi. Hemişe sowukganly hereket edipdir we haçanam bolsa bir wagt bagtly durmuşa ýetjekdigine ynanypdyr. Miranda psihologiki sarsgynlaryñ ählisini başdan geçiripdir. Çagalyk ýyllary adamyñ ruhy dünýäsine iñ köp zeper ýetýän döwri bolup durýar. Ol heniz çagajykka her hili howp-hatarlar bilen ýüzbe-ýüz bolupdy. Hiç bir hemaýatsyz, kömeksiz, goldawsyz başyny dik tutup başarypdy. Miranda urlup-söglüp ýörlen, kemsidilen, öýden kowulan, ene-atasy tarapyndan hyýanata uçran, ähli garyndaşy ýüz öwrüp köçä zyñylan, zir-zibilleriñ içinde ýatyp-turan we ol ýerden iýmitleriñ hapa galyndylaryny iýip oñan we görmedigi görde galan çagady. "Sen betbagt, gereksiz. Sen haýwan, ykmanda, keselli. Bizden uzak dur, porsy ysyñ añkap durandygy üçin jemgyýete geregiñ ýok, ýigrenji mahluk..." ýaly sözler onuñ gulagynda ene hüwdüsi ýaly çagalygyndan bäri ýañlanyp gelýärdi. Bu adamyñ başyna gelenleriniñ has beterlerini bolsa onuñ diñe özi bilýär. Edison Miranda ýaly şahsyýetler bütin bu kynçylyklary aşyp üstünligiñ çür depesine çykmak bilen, "kynçylyklaryñ diñe emelsiz we nalajedeýin adamlaryñ toslap tapýan bahanasydygyny we her bir adam ýaradylyşyñ oña beren ylahy güýji arkaly iñ belent derejelere her bir ýagdaýda ýetip bilýändigini" hemmelere subut edýär. # Azerbaýjan ýazyjysy Röwşen Abdylla oglynyñ "Kyn bolsa-da durmuş dowam edýär" kitabyndan. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 5 | |||||
| |||||