RÖWŞEN ABDYLLA OGLY
Röwşen Abdylla ogly Abdyllaýew, tanymal azerbaýjan ýazyjysy, filosof-gündogarşynas, psiholog, teolog.
Röwşen Abdylla ogly 1978-nji ýylyñ 28-nji sentýabrynda Bakuda polisiýa işgäri maýor Abdylla Abdyllaýewiñ we buhgalter Gülnara Abdyllaýewanyñ maşgalasynda dünýä indi. (Abdylla Abdyllaýew häzirki wagtda ýurist bolup işleýär, G.Abdyllaýewa bolsa pensiýada).
Röwşeniñ doganlary Altaý Abdyllaýew pediatr-neotaolog, pedagog Perhat Abdyllaýew bolsa “Qədim Qala” ("Gadymgala") neşirýatynyñ ýerine ýetiriji direktory bolup işleýär.
Röwşen Abdylla ogly maşgalaly, üç çagaly.
Röwşen Abdylla ogly 1995-nji ýylda Bakunyñ 116-njy orta mekdebini tamamlandan soñra Azerbaýjanyñ Döwlet Ykdysadyýet uniwersitetine okuw girdi.
Ýokary okuwy tamamlan badyna Azerbaýjan respublikasynyñ serhetýaka goşunlarynda çagyryş boýunça harby gulluga gidýär. Üstünlikli gulluk eden Röwşen harby gullugy tamamlanda harby bölümiñ serkerdesi tarapyndan sylaglandyrylýar.
Röwşen Abdylla ogly arap-pars dilleri, teologiýa, sholastika, arap edebiýaty, Gündogar we Günbatar filosofiýasy boýunça sekiz ýyldan gowrak wagt dürli ylmy-barlag institutlarynda, uniwersitetlerde işledi.
2013-njy ýylda Moskwanyñ Pozitiw tehnologiýalar we Konsalting institutynyñ Psihologiki konsultasiýa fakultetinde geştalt-terapiýasy metody boýunça psiholog-konsultant hünärini okap gutardy.
Röwşen Abdylla ogly azerbaýjan, rus, arap, pars we türk dillerini suwara bilýär.
Röwşen Abdylla ogly döredijilik dünýäsine mekdep ýyllarynda gadam basýar. Ol 1990-njy ýyllarda sporta bolan höwesinden täsirlenip, göreşiñ dürli görnüşleri we akrobatikasy hakynda ilkinji kitabyny ýazýar.
Soñra golýazma nusgasyny ýitiren bu kitabynda Abdylla ogly sportyñ teoretiki we pelsepewi taraplaryndan söz açýardy, kämil türgen bolup ýetişmegiñ ýollaryny salgy berýärdi, köp sanly sport emelleriniñ gatyşygyndan dörän täze sport görnüşini taryp edýärdi.
Talyp ýyllary sosial şertleriñ psihologiýa edýän täsirleri barada ilkinji makalalaryny ýazýar. Şeýle-de ewolýusion taglymaty goldaýan we inkär edýän delillere seljerme geçirdi.
2010-njy ýylda ýazan "Nebisden saplanmagyñ ylmy esaslary" (“Nəfsi təzkiyənin elmi əsasları” /«Завесы Света и Тьмы») kitabynda şahsyýetiñ ruhy galkynyş we çöküş faktorlaryndan, kalbyñ aýratynlyklaryndan, kalpdaky tümlük we nuranalyk sypatlaryndan söz açýar.
2011-nji ýylda Ibn Sinanyñ Gündogar bilen birlikde Ýewropany-da haýrana goýan "Buýruklar we taglymatlar" ("Kitap el-işarat wet-tenbihat" / «Указания и наставления») kitabyny azerbaýjan diline terjime edip başlady. Terjime bilen birlikde Röwşen Abdylla ogly Ibn Sinanyñ mantygyna (logikasyna) we metafizikasyna degişli täze pikirleri öñe sürdi. Eser iki tomluk görnüşinde neşir edildi.
2012-nji ýylda "El-Mizan" atly köptomluk kitabyñ awtory, meşhur alym, filosof Muhammet Hüseýin Tabatabaýynyñ "Adam" traktatyny terjime etdi. Traktatyñ terjimesi we şerhi üç bölüme bölnüp çap edildi.
Şol ýyl yslam dünýäsinde ilkinji kitap hökmünde tanalýan kitabyñ terjimesine hem başlaýar. Kitabyñ "Ilkinji kitap" diýip atlandyrylmagy-da, şundan gelip çykýar. Bu kitapda yslam jemgyýetiniñ şekillenen irki döwürlerinde bolup geçen taryhy wakalardan we syýasy bulagaýlyklardan (pitnelerden) söz açylýar.
Röwşen Abdylla oglynyñ soñky ýyllarda döreden eserlerine psihologiki motiwasion çemeleşme hasam mahsus. Onuñ soñky "Yzda galan köprüleri ýakyñ" ("Arxadakı körpüləri yandırın" / "Сожгите пройденные мосты") "Her bir adam hökümdardyr" (“Hər bir insan hökmdardır” / "Каждый человек – правитель"), "Kyn bolsa-da, durmuş dowam edýär" ("Çətin olsa da, həyat davam edir" / "Жизнь продолжается, несмотря ни на что" "Nägilelik" ("Üsyan" / "Протест"), "Howsala" ("Qorxular" / "Страх") atly bäş kitaby Gündogar we Günbatar psihologiýasyna ýüzlenýär, şahsyýetiñ maddy we ruhy taýdan baýlaşmagy üçin teologiko we psihologiki çemeleşmeleriñ jeminiñ peýdalylýan täze motiwasion usullaryny açyp görkezýär.
Röwşen Abdylla ogly Azerbaýjanda meşhurlyga eýe bolan ýazyjydyr. Onuñ "Bu şäherde hiç kim ýok" (“Bu şəhərdə kimsə yoxdur” / «В этом городе никого нет») atly psihologiki romany 2016-2017-nji ýyllarda Azerbaýjanda iñ köp satylan kitap boldy. Ýazyjynyñ "Relsleriñ üstünde ýatan adam" ("Relslər üzərinə uzanmış adam" / «Человек, лежащий на рельсах») romanynyñ ilkinji neşiri hem iki hepdäniñ içinde satylyp gutaryldy.
Psihologoki mazmunly bu iki roman älemiñ ruhy gymmatlyklaryna hormat goýmaga, haýsy milletdendigiñe, haýsy dine uýýandygyña we haýsy ýurtda ýaşaýandygyña garamazdan töweregiñdäkiler bilen adamkärçilikli we sabyr-takatly gatnaşmaga, durmuşda gabat gelýän kynçylyklaryñ öñünde ýan bermän durmaga, esasanam hantamaçylyksyz we çyn ýürekden söýmäge çagyrýar.
Üstümizdäki 2018-nji ýylda intellektual psihologiki detektiw žanrynda ýazylan "Abaddon" romany garaşylşyndanam gowy garşylandy. Gyzgyn seslenme döreden roman bary-ýogy üç sagadyñ içinde satylyp gutaryldy. "Gadymgala" neşirýaty sanlyja günüñ içinde romanyñ ikinji neşirini taýýarlap, satuwa çykardy.
Röwşen Abdylla oglynyñ häzirki wagta çenli Azerbaýjanda ýigrimi dört kitaby çykdy. Olaryñ köpüsi iñ köp satyn alynan kitaplaryñ sanawyna girýär. Şeýle-de ýazyjynyñ eserleri, rus, iñlis we türk dillerine terjime edildi.
Ýazyjy eserlerinde psihologiýanyñ, filosofiýanyñ, yrfanyñ, durmuş pelsepesiniñ, epistemologiýanyñ, ontologiýanyñ, teologiýanyñ meselelerini ussatlym bilen gozgamagy başarýar.
Şeýle-de, Röwşen Abdylla ogly telewizion gepleşiklere-de yzygiderli gatnaşyp durýar, filosofiýadan onlaýn (online) sapaklar berýär we dürli edebi portallarda makalalary paýlaşylýar.
■ Abdylla oglynyñ eserleri:
1). "Yzda galan köprüleri ýakyñ" ("Arxadakı körpüləri yandırın");
2). "Her bir adam hökümdardyr" ("Hər bir insan hökmdardır");
3). "Kyn bolsa-da durmuş dowam edýär" ("Çətin olsa da, həyat davam edir");
4). "Nägilelik" (Üsyan");
5). "Howsala" ("Qorxular");
6). "Bu şäherde hiç kim ýok" ("Bu şəhərdə kimsə yoxdur");
7). "Relsleriñ üstünde ýatan adam" ("Relslər üzərinə uzanmış adam");
8). "Nebisden saplanmagyñ ylmy esaslary" ("Nəfsi təzkiyyənin elmi əsasları"
9). "Hydaýat traktaty" ("Hidayət risaləsi");
10). "Durmuşyñ möhüri" ("Həyatın imzası");
11). "Ölüleriñ häkimiýeti" (Ölülərin hakimiyyəti");
12). "Wagty nähili sarp edeliñ?" ("Zamanı necə yeyək?")
13). "Abaddon" ("Abaddon");
14). "Aýratynlyklar" ("Xüsusiyyətlər")
15). "Ilkinji kitap" ("Ilk kitab");
16). "Dünýäden owalky adamzat" ("İnsan dünyadan əvvəl");
17). "Dünýäden soñky adamzat" (İnsan dünyadan sonra")
18). "Dünýäden soñkudan soñky adamzat" (İnsan dünyadan sonradan sonra");
19). "Hikmet döremezden öñ" (Hikmətin əvvəli");
20). "Ol" ("O");
21). "Magryfat ("Mərifət")
22). "Keşpler" ("Görüntülər")
23). "Aryflaryñ yrfany derejeleri" ("Ariflərin irfani məqamları").
24). "Bela we sabyr".
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly