18:25 Harari häzirkizaman ynsanyny halas edip bilermi? | |
HARARI HÄZIRKIZAMAN YNSANYNY HALAS EDIP BILERMI?
Publisistika
Ýuwal Noý Harari / Fotosurat: Oliwer Middendorp Ýuval Noý Harari "Ýigrimi birinji asyr üçin ýigrimi bir sapak" atly 336 sahypalyk kitabynyñ çap edilen gününden bäri aktiwligini ýitirmän, okyjylaryñ gyzgyn seslenmesine mynasyp boldy. Uly akyldarlar, işewürler we alymlar dowamly diýen ýaly geljegi çak etme we şoña görä işler etme tagallasynda. Ýaşaýşy has gowulandyrylan dünýä döretmek maksadyny öñe tutýan bu ýagşy niýetli tagallalar wagtal-wagtal maglumatlary elinde saklaýanlaryñ şahsy maksatlaryna görä zyýanly netijeleri döredip bilýär. Emma bu maglumatyñ özi bilen baglanyşykly mesele däl. Bu boýunça kelle agyrdýanlaryñ arasynda Elwin Toffler, Reýmond Kursweýl, Ilon Mask, Mitio Kaku ýaly adamlar hem bar, ýene-de biri alym Ýuwal Noý Hararidir. Adamzat taryhy boýunça beren düşündirişleri bilen tanalýan Harari "Sapiens", "Homo Deus" ýaly eserlerinde adamzat taryhyny we geljegini şekillendiren esasy dinamikalaryñ üstünde durup geçdi. Bu eserleriñ dowamy hökmünde ýazan "Ýigrimi birinji asyr üçin ýigrimi bir sapak" işi bolsa has aktual meseleler bilen gyzyklanýar. "Ýigrimi birinji asyr üçin ýigrimi bir sapak", Ýuwal Noý Harari / "Kolektif Kitap" neşirýaty, Terjime eden: Selin Siral Harari asyrymyzyñ esasy meselelerini derñeýär we dünýämiziñ garşyma-garşy bolup duran dürli tehnologiki, syýasy, sosial problemalarynyñ üstünde pikir alşyp, şu günüñ adamynyñ geljege nähili taýýarlanmalydygy barada gözýetimimizi giñeldip biljek gyzykly maglumatlary berýär. Global temalarda kelle döwýän Harari XXI asyryñ getiren nämälimlikelriniñ hötdesinden nädip gelmelidigi barada dürli çözgütli tekliplerini orta atýar. Kitapda emeli añ, tehnologiýa, syýasat, etika ýaly birnäçe ugry öz içine alýan 21 bölüm bar. Bölümleriñ esasy durup geçýän ugurlary şular: Tehnologiki kynçylyk, umyt we umytsyzlyk, hakykat, gaýtawul. Eýse Harari bize nähili sapaklary bermäge synanyşýar? Kitap tehnologiki ösüşiñ adamzada ýetiren täsirlerini derñäp söze başlaýar. Harari emeli añ, robotlaşma ýaly ugurlardaky ösüşleriñ adam bolmagyñ manysyny nähili üýtgedip biljekdiginiñ üstünde pikir alyşýar. Bular ýaly tehnologiýalaryñ iş dünýämizde we gündelik durmuşymyzda döredýän öwrülişikleri etiki problemalary-da öz ýany bilen getirýändigine ünsi çekýär. Harariniñ pikiriçe bu täze enjamlar adam eli bilen gözegçilik edip durka, şol bir wagtyñ özünde ulanylýan formalary bilen adamzat taryhyny täzeden ýazma mümkinçiligine-de eýe. Kitapda üstünde durlup geçilen ýene bir möhüm ähmiýetli tema - inmormasiýa döwründe ýalan habarlaryñ we maglumat hapalygynyñ giñden ýaýramagy. Biziñ günlerimizde maglumat elýeterliligi añsatlaşýanam bolsa, alýan maglumatlarymyzyñ dogrulygyny anyklamak barha kynlaşýar. Harari bu ýagdaýyñ demokratiýalara ýetirýän täsirleriniñ we jemgyýeti nezdinde maglumatyñ nädip manipulirlenip bilinjekdiginiñ üstünde durup geçýär. Harari okyjylaryna tankydy pikirlenme, ukyp-başarnyklaryny ösdürme, dürli çeşmeleri deñeşdirip okama ýaly gymmatly maslahatlary berýär. Harari şeýle-de uly maglumat we gözegçilik tehnologiýalarynyñ ösüşine ünsi çekýär. Tehnologiýa kompaniýalarynyñ we hökümetleriñ raýatlary yzarlarma mümkinçilikleriniñ artmagy şahsy azatlyklar we pynhan syrlar boýunça uly howplary abandyrýar. Bu ýagdaý soñky günlerde adam beýnisine çipleriñ oturdylyp, adamlary öz erk-ygtyýarynyñ çäginden çykaryljakdygy baradaky myş-myşlary ýatladýar. Kitap şeýle gözegçilik we ugrukdyrma enjamlarynyñ jemgyýetçilik ylalaşygyna nähili garşy gidýändiginiñ we şahslaryñ bu täze reallykda azatlyklarlaryny nähili gorap biljekdikleriniñ üstünde pikir alyşýar. Sosial-ykdysady deñsizlikler boýunça-da Harati kapitalistik sistemanyñ güýjüni tankyt astyna alýar. Global ykdysadyýetdäki deñagramsyz ösüş, klimat üýtgeşmeleri, tebigy baýlyklaryñ soñuny saýman ulanylmagy we gutarylmagy ýaly problemalaryñ hötdesinden nähili gelmelidigi barada möhüm soraglary orta atýar. Awtor nasionalizmiñ we populizmiñ bu problemalara çözgüt bolup bilmejekdigini, jemgyýetleriñ has adalatly we dowamly aýdyñ geljek üçin haýsy strategiýalary kabul etmelidigini derñeýär. "Ýigrimi birinji asyr üçin ýigrimi bir sapak" Ýuwal Noý Harariniñ baý tejribesi we sagdyn analiz etme ukyby bilen baýlaşdyrylan, oýlandyryjy we gözýetimiñi giñeldiji ylmy iş. Kitap häzirkizaman dünýäsiniñ buýr-bulaşyklygynyñ, çylşyrymlylygynyñ hötdesinden gelmek üçin gerekli zatlary we maglumatlary hödürlemek bilen birlikde, şol bir wagtyñ özünde geljegi şekillendirme babatda-da aktiw rollary boýnumyza almaga çagyrýar. Pedagoglar, syýasatçylar, esasanam ertirki günüñ gaýgysy bilen gezýän her bir adam üçin gymmatly çeşme bolup duran bu kitap kyn wagtlarda ýol görkezip biljek soraglary we analizleri bilen ünsi çekýär. Kitapdan alynan bir sitata bilen sözümi jemleýärin: "Ýerlikli-ýerliksiz maglumat ýagmyryna tutulan dünýäde saýyrdañ bolup duraýmak juda kyn". Behçet DARGYN / behcetdargin@gmail.com Duşenbe, 22.04.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |