19:27 Eýran syýasatynyñ gizlin kodlary: Buýsançly taryha duýulýan teşnelik | |
EÝRAN SYÝASATYNYÑ GIZLIN KODLARY: BUÝSANÇLY TARYHA DUÝULÝAN TEŞNELIK
Publisistika
Aso Hajy 1973-nji ýylda Erbilde (Hewlêr) dünýä indi. Mediýa ugry boýunça ýokary bilimi we magistrligi tamamlady. Häzire çenli birnäçe kitap ýazdy. Ol Kürdüstan Žurnalistler birleşiginiñ we Bütindünýä Žurnalistler federasiýasynyñ agzasydyr. Aso Hajynyñ "Ymama garaşýan Nejep" kitaby Mehmey Salih Bedirhanyñ kürt dilinden türk diline eden şowly terjimesi bilen 2024-nji ýylda "Avesta" neşirýatynda çapdan çykdy. Kürk dilindäki ady "Necef le Çawerwani İmam da" bolan kitap kürt dilinde birinji gezek 2019-njy ýylda Erbilde çap edilipdi. Kitapda şaýy ynanjy, şaýy ýarymaýy, Eýranyñ häzirki syýasy ugrunyñ tutynyñ añyrsyndaky meýilnamasy, ABŞ-nyñ, Eýranyñ, Yragyñ, Yrak Kürdüstany Sebitleýin hökümetiniñ arasyndaky gatnaşyklar we syýasy ugurlar barada gymmatly maglumatlary berýär. Aso Hajy Kitabyñ meniñ üçin gymmatly tarapyny şular ýalyrak düşündirip bilerin: Žurnalist, ýazyjy, syýasy analitik Aso Hajy Yrak Kürdüstany Sebitleýin hökümetinde (YKSH) žurnalistlik etdi we bir döwür syýasat bilenem meşgullandy. Ol şonda Ýakyn Gündogardaky ABŞ, Eýran, Yrak, YKSH, "Haşdi Şabi", YŞYD ýaly aktýorlary we olaryñ işlerini ýakyndan synlama mümkinçiligini tapdy. Bu bolsa Haha sebit we aktýorlar hakynda birinji elden maglumat edinme ýeñilligini döretdi. Şeýle-de, Hajy Eýran, Günbatar dünýäsi we olaryñ syýasy ugurlary hakynda maglumat berende yslam we dünýä taryhyndan, çeper filmlerden mysallara salgylanyp gürrüñ berýär. Şonuñ üçin "Ymama garaşýan Nejep" Ýakyn Gündogar we Eýran hakynda ýazylan beýleki kitaplardan tapawutlanýar, şu meselede degişli gollanmalarda göze ilip duran kemçiligiñem ýerini doldurýar. Kitaby okanda, Eýran we şaýylyk hakda has öñ edinen maglumatlarym bilen täze öwrenenlerimi deñeşdirenimde arasynda ep-eslije tapawudyñ bardygyny duýdum. Aýratynam mukaddes ýerler, Eýranyñ Mekgä bolan garaýşy, "Şaýy ýarymaýy" ýaly temalar ünsümi çekdi we diýseñ gyzykly gördüm. Eýran Ýakyn Gündogarda düýpli geçmişe we imperiýa mirasyna eýe, syýasy tradisiýasy güýçli döwlet. Şol bir wagtyñ özünde yslam dünýäsinde ynanç taýdanam aýyl-saýyl bolup duran tapawudyny-da gorap saklaýar. Ýakyn Gündogardaky we sebitdäki üýtgeşmeleriñ üstünde durlanda, Eýranyñ syýasy ugruny gözden salmak geçirilen ylmy-barlag işlerinde ýalñyş ýa-da kemter netijelere getirip biler. Şonuñ üçin Eýranyñ gündelik syýasatyny taryhy taraplary bilen birlikde düşünmek uly ähmiýete eýedir. Eýran 1979-njy ýylda Yslam Respublikasyny yglan edip, özüni şaýy yslamyñ wekili hökmünde öñe çykardy: ölüm jezasy, mejbury bürenjek, jedelli ýadro maksatnamasy, ABŞ-Ysraýyl bilen dowam edip gelen dartgynlylyklar bilen elmydama dilden düşmän gelmegi başardy. Soñky wagtlarda Ysraýyl bilen bolup geçen ýekme-ýek harby çaknyşyklar Eýrany halkara arenasynda hasam öñe çykardy. Şonuñ üçinem Eýranyñ regional syýasatyna we içerki dinamikalaryna düşünmek global syýasat bilen ýakyndan gyzyklanýan islendik kişi üçin wajyp talaba öwrüldi. Aso Hajynyñ bu eseri Eýranyñ üstünde has giñ perspektiwada durup geçýär. Şaýylygyñ pelsepesinden Eýranyñ şaýy toparlarynyñ üstündäki täsirlerine, içerki syýasatyndan goñşy ýurtlar bilen gatnaşyklaryna çenli giñ çarçuwada öwrenýär. Kitapda aýratynam Yrakdaky bolup geçen hadysalaryñ üstünde köp durulýar we Eýranyñ sebitleýin deñagramlylygyñ üstünde oýnaýan roluna ünsi çekýär. Kitabyñ käbir ýerine göz aýlalyñ: "Ymama garaşýan Nejep" Eýranyñ taryhy we günleik syýasatyny üç esasy ugurda berýär: - Şaýylygyñ ideologiki strategiýalary; - Eýranyñ serhetden añyrdaky işleri; - Eýran-ABŞ dartgynlygy. Şu ugurlar Eýranyñ adaty ýurt däldigini, global aktýordygyny görkezýär. Kitap eýran syýasatynyñ merkezinde ýerleşen şaýy ynanjynyñ ideologiki strategiýalaryny düşündirmek bilen başlaýar. • Şaýylygyñ mazlumyýet hakydasy Hezreti Aly we onuñ maşgalasy şaýy ynanjynda aýratyn orna eýe. Olaryñ we beýleki şaýy ymamlaryñ taglymatlary şaýy ynanjynyñ esaslaryny düzýär. Iñ soñky ymam bolan 12-nji ymam şaýylar tarapyndan "Mäti" ("Halasgär") hökmünde bilinýär we haçanam bolsa bir gün ýere gaýdyp geljegine ynanylýar. Şaýylaryñ pikirine görä, Hezreti Muhammetden (s.a.w) soñ Hezreti Alynyñ halyf bolmaga haky bar eken. Emma bu hak oña berilmändigi üçin Hezreti Aly yslam taryhynda haksyzlyga uçran ilkinji adam hasaplanýar. Şaýylar bu pikirlerini Teberiniñ Gurhan tefsirinde ýer alan 7-nji aýatyna baglanyşdyrýar: "Ol - diniñ hüjjetleriniñ, bakyýasy, ylahy pygamberleriñ halyflaryndan bir halyfdyr". (sah. 15). Şeýle-de, Hezreti Hüseýiniñ Kerbelada şehit edilmegine we munuñ yzysüre bolup geçen wakalara Ymam Mätiniñ ýer ýüzüne inmeginiñ yşaratlary hökmünde garalýar. Hezreti Hüseýiniñ arynyñ alynmagy şaýylar üçin uly ruhy güýç çeşmesi we şaýy ýaragly toparlaryñ göreşinde möhüm rol oýnaýar. Aso Hajy Muharrem aýynda guralýan aşyr güni rituallarynyñ, Hezreti Hüseýiniñ şehit edilmeginj ýatlamak üçin guralýan matam çäreleriniñ şaýy düşünjesi taýdan möhüm propoganda serişdesine öwrülendigini aýdýar: "Ymam Hüseýiniñ şehit edilmegi, mazlum görkezilmegi we onuñ ganyna galanlaryñ zalym görkezilmegi maksady bilen ýerine ýetirilýän bu özüñi köteklemeler, gynançly ýat etmeler we aglaşmalar şaýy pelsepesine görä müñ ýyldan bäri möhüm propoganda öwrülipdir, dünýädäki ähli şaýylara til kakmagyñ guralyna öwrülen ýatlama formasy bolupdyr. Bu matam we ýatlama çäreleri dünýädäji ähli şaýylarda natam hakydasyny emele getiripdir". (sah. 9). Bu matam we ýatlama çäreleri Eýranyñ ýolbaşçylygynda bütin dünýädäki şaýylaryñ arasynda umumy "şaýy hakydasyny" döredýär we taryhy-dini baglanyşykda raýdaşlygy orta çykarýar. Kitapda ünsi çeken ýene bir möhüm zat şaýylygyñ Eýranda nämüçin has köp ýaýranlygy. Hezreti Aly, Hezreti Hasan ýaly mukaddes saýylýan şahslaryñ Yrakda öldürilendigi üçin şaýylyk aslynda Yrakda has köp ýaýraýjak ýaly. Emma hakykatda Eýranda has köp ýaýrady. Awtor munuñ sebäbini şeýle düşündirýär: "Şaýylygyñ üçünji ymamy Hezreti Hüseýin Hezreti Ala, Hezreti Hasana garanda Eýranda has köp bilinýär". Dowamynda bolsa, käbir taryhçylaryñ Hezreti Hüseýiniñ nämüçin Eýranda tanalýandygy hakda pikirlerine salgylanýar: "Hezreti Hüseýiñ aýallarynyñ biri Bibi Şahbanunyñ gyzy sasany imperatorynyñ gyzy bolmagy Hezreti Hüseýine Eýranda aýratyn uly sylag-hormat we mukaddeslik gazandyrypdyr. Munuñ özi Hezreti Hüseýiniñ we aýratynam şaýylygyñ Eýranda has köp ornaşmagyna getiripdir. • Şaýy ýarymaýy "Şaýy ýarymaýy" adalgasy 2004-nji ýylda Iordaniýanyñ patyşasy Abdylla tarapyndan ulanyldy. Ýakyn Gündogarda şaýylaryñ gür ýaşaýan ýerlerini añlatmak bilen birlikde taryhy manysy-da bar. Ýemenden başlap Saud Arabystanyny, Yragy, Siriýany, Liwany öz içine alýan giñ geografiki meýdana yşarat edýär. Awtor bu düşünjäniñ düýp maksadynyñ taryhy Pers imperiýasyny täzeden janlandyrmakdygyny aýdýar. Aso Hajy muny "buýsançly taryha duýulýan teşnelik" diýen görnüşde añladypdyr. Şaýylaryñ şu maksada ýetmek üçin sebitdäki sünnileri we beýleki azlyklady ýer-ýurtlaryndan jyda düşürip, demografik gurluşy üýtgedendiklerini aýdýar. "Saddam Hüseýiniñ režimi ýykylan badyna Basrada şaýylar bilen sünnileriñ arasynda çaknyşyklar başlady. Saddam Hüseýiniñ döwründe mezhebini üýtgedip, şaýylykdan sünnilige geçen birnäçe maşgala öldürilip, jesetleri ýakyldy. Şol günden bäri sünniler üçin alnyp gaçylma, öldüfilme we dereksiz ýitme wakalary başlady". (sah. 26). Žurnalist Ýusuf Kaplan bu barada gyzykly kesgitlemäni orta atýar: 2023-njj ýylyñ 5-nji noýabrynda çap edilen "Türkiýäniñ Günbatarlylar we şaýylar tarapyndan ikitaraplaýyn gabawa salynmagy" atly makalasynda Kaplan Türkiýäni sünni yslamyñ, Eýrany bolsa şaýy yslamyñ wekili hasaplaýar. Kaplanyñ pikiriçe, Günbatarlylaryñ düýp matlaby Eýran bilen Türkiýäni biri-birine garşy uruşdyrmak. Makalada Kaplan şeýle diýýär: "Halyflygyñ soñuna nokat goýulmagy sünni dünýäniñ başdan geçiren iñ uly weýrançylyklarynyñ biri boldy. Sünni dünýäniñ çar ýanynda iýen urgularyndan soñ şaýylygyñ öñi mümkin boldugyndan açyldy. Öñümizdäki döwürde sünni dünýäniñ taryhy we añ-düşünje çuñlugyna wekilçilik edýän Türkiýe bilen şaýylygyñ wekili Eýran başa-baş goýulmaga, uly çaknyşygyñ gyrasyna iterilmäge synanyşylýar. Şu müddetde, bolmagyna garaşylýan şeýle çaknyşyk senarisinde Günbatarlylar şaýylary goldap, Türkiýä ölüm howply zarba urmak isleýärler... Şaýylaryñ öñi açylýar. Sünnilere garşy hemme ýerde uly gandöküşlikler bolup geçýär. Aso Hajy žurnalist Irfan Aktan bilen geçiren we 2024-nji ýylyñ 22-nji ýanwarynda çap edilen "Eýranyñ uly matlaplarynyñ öñündäki ýeke-täk päsgelçilik Kürdüstan" atly reportažynda Eýranyñ Erbile garşy möwjän hüjümleriniñ we Kürdüstandaky käbir yslamçy we sosialist partiýalaryñ üsti bilen Kürdüstan syýasatyny gowşatma tagallasynyñ sebäplerini düşündirýär Hajy Eýranyñ sebitdäki asyrlyk maksatlary nazara alyp hereket edýändigini nygtaýar. Eýranyñ Yrakda gözegçilik edip bilmedik ýeke-täk sebitiniñ Kürdüstandygyny, aýratynam Erbildigini aýdýar. Şeýle-de, Eýranyñ Basradan Süleýmaniýä çenli aralykda Yragyñ beýleki sebitleriniñ üstünde gönüden-göni täsiriniñ bardygyny sözüniñ üstüne goşýar. Hajy reportažynyñ dowamynda şeýle diýýär: "Eýran režiminiñ aktýorlary Pers imperiýasyny dikeltmegiñ hyýalynda gezýär. Demirgazykdan günorta, Oman deñizine çenli uzaýan "Şaýy ýarymaýynda" Pars agalygyny gurmak ahyrky düýp maksat. Eýran edil häzir Kürdüstan sebitini, Erbili şu maksadyñ öñündäki düwün hasaplaýar we bu düwüni çözjek bolýar. Eýran režiminiñ pikiriçe "Kürdüstan düwüni" çözülende, gürrüñi edilen zolak özüniñ nukdaýnazaryndan awtobana öwrülmeli. Eýran maksadynyñ öñündäki päsgelçilikleri aradan aýyrmak üçin yrak konstitusiýasynda jedelli sebitler diýip görkezilen Kerkuk, Mosulyñ bir bölegi we Şengal ýaly ýerleri eýran goldawly "Haşdi Şabi" tarapyndan gözegçilik astyna alynandygy we bu ýerleriñ Siriýa gara ýol arkaly Eýranyñ strategiki arzuwyny amala aşyrandygy aýdylýar. Şeýlelikde, "Şaýy ýarymaýy" meýilnamasy taryhda ilkinji gezek amala aşdy. • Mukaddes ýer Mekgä garşy Nejep, Kerbela, Babyl ýaly ýerler "mukaddes ýer" hasaplanýar. Bular şaýylaryñ mukaddes guburlarynyñ ýerleşýän ýerleri. Özem bu ýerler şaýy dini ýolbaşçylaryñ elinde. Hajynyñ pikiriçe, bu ýerler diñe dini ähmiýete eýe däl, şol bir wagtyñ özünde syýasy maksatlar üçinem ulanylýar. Şaýy ynanjynyñ ýaýradylmagynda merkezi rol oýnaýar we bu ýerlerdäki uly girdejiler şaýy merkezlere akdyrylyp, dürli maksatlar üçin ulanylýar. Awtor parslaryñ yslamyýeti öz milli bähbitleri üçin araplara garşy ulanýandyklaryny öñe sürýär we sünni bilen şaýy musulmanlarynyñ Mekgä bolan garaýyşlarynyñ biri-birinden tapawutlanýandygyna ünsi çekýär. Şaýylar Mekgäniñ arap okkupasiýasy astyndadygyny öñe sürýär we Ymam Mätiniñ ýere inip bilmegi üçin Mekgäniñ bu okkupasiýadan azat edilmeginiñ gerekdigine ynanýar. Şu maksat bilen Nejepdir Kerbelany dini taýdan güýçli merkezlere öwrüp, yslam dünýäsinde Mekge bilen bäsleşil biljek derejedäki pozisiýa çykarmak isleýär. • Eýran nämüçin halyflygy kabul etmedi? Pygamberimiziñ (s.a.e) aradan çykmagyndan soñ musulmanlary bir agza bakdyryp, döwlet işlerini dolandyryp biljek we onuñ ýerine geçmeli kişä halyf diýilýär. Halyfyñ wezipe borçlarynyñ arasynda yslamyñ hökümlerini ýerine ýetirmek, dini goramak, Hezreti Pygamberiñ (s.a.w) yzyndan ýöräp din we dünýä işlerini dolandyrmak bar. Eýranda amala aşan yslam rewolýusiýasy yslam dünýäsinde ullakan tolgunma döretdi. "Indi şerigat düzgünleri ýola goýulmaly" we "Allanyñ hökümleri ýer ýüzünde agalyk edip başlamalydy". Bu ýagdaý käbirleriniñ kellesine täze halyflygyñ gurlandygy pikirini getirip biler. Yslam rewolýusiýasyny amala aşyran Aýatolla Homeýni / Fotosurat: AP Yslam Rewolýusiýasyndan soñ birnäçe sünni yslam akymynyñ wekili Tährana gidip, Eýran Yslam Rewolýusiýasyna goldaw berýändiklerini mälim etdiler we Ymam Homeýniden dünýädäki ähli musulmanlary gyzyklandyrýan haýyşnama bilen ýüzlendiler. Aso Hajy yslam älemi üçin möhüm haýyşy we Homeýniniñ beren jogabyny şeýle beýan edýär: "Ymam Homeýniden halyflygyñ yglan edilmegi haýyş edildi. Emma Ymam Homeýni bu haýyşy eliniñ tersi bilen yzyna itip, 12 ymam ynanjyndaky we şaýy mezhebindäki japarylygy Eýran Yslam Respublikasynyñ resmi dini yglan etdi. (sah. 43). Munuñ özi Eýran döwletiniñ mezhep prinsipli gurulandygyny we musulmanlara kömek etmek ýa-da yslamy ýer ýüzünde hökmürowan güýje öwürmek ýaly niýetiniñ ýokdugyny görkezýär. Eýran adynda geçýän "Yslam" sözüni ulanyp sünni hem şaýy yslamçylaryny dini hem-de watansöýüjilik ýaly şygarlar bilen täsirini ýetirmäge synanyşýar. "Musulman doganlar", "Hamas", YŞYD, Taliban ýaly sünni toparlary bilen hyzmatdaşlyk edýän Eýran bu toparlary Günbatarly güýçlere garşy "alynyñ ala meýdanynda" ulanýar, olardan ýerleşen ýurtlarynyñ hökümetlerine garşy basyş guraly hökmünde peýdalanýar. Emma olara häkimiýetdr hiç hili paý bermeýär. Ýagny, aralaryndaky gatnaşyklary harby we howpsuzlyk sepgidinde saklap, syýasy derejä çykarmaýar. • Beýik Ýakyn Gündogar maksatnamasy Beýik Ýakyn Gündogar maksatnamasy (BÝGM) häzirki güne çenli birgiden komplimasiýa teoriýasyna tema bolup geldi. Bu teoriýalaryñ näderejede hakykata gabat gelýändigi hakda anyk bir zat aýtmak kynam bolsa, awtor bu temanyñam üstünde durup geçýär. BÝGM iñlis ýazyjysy we taryhçysy Bernard Lewisiñ pikirleri esasynda işlenip düzüldi we 1983-nji ýylda amerikan kongresi tarapyndan kabul edildi. Maksatnama laýyklykda Ýakyn Gündogardaky häzirki döwletleriñ ýerine etniki we dini prinsiplere esaslanýan otuz sany täze döwlet gurmak meýilleşdirildi. 2008-nji ýylda şol wagtyñ Daşary işler ministri Kondoliza Raýs BÝGM-nyñ we Bernard Lewis ylalaşygynyñ doeam edýändigini mälim etdi. Bu ýagdaýy gören Eýran dürli mezhepleri we ynanç toparlary bilen gatnaşyk açyp, ABŞ-dyr Günbataryñ meýilnamalaryny paltalamaga başlady. Eýran sünni toparlary-da öz içine alyp, dürli ynanç toparlary bilen hyzmatdaşlyk etdi. Munuñ özi eýran syýasatynyñ nähili pragmatiki (peýdakeş, bähbitparaz -t.b.) häsiýetdedigini görkezýär. • ABŞ we Eýran ABŞ we Eýranyñ arasyndaky gatnaşyklar hakda yzygiderli diýen ýaly "ABŞ Eýrana çozarmyka?" ýa-da "Haçan çozarka?" diýen soraglar orta atylýar. Käbirleri bu çaknyşygyñ gutulgysyzdygyny öñe sürse, käbirleri bular ýaly gep-gürrüñleriñ hakykata gabat gelmeýändigini öñe sürýär. Hakykatda metbugat organlarynyñ öñünde biri-birlerine haýbat atýan bu iki ýurduñ daşyndan görünişleri ýaly duşman däldiklerini öñe sürýänlerem bar. Bularyñ birem syýasy analitik we ýazyjy Serbest Ferhan Sindidir. Sindi "Yragyñ ýumşak garnyny mümkinçilige öwürmekde iñ edeni ugruna bolýan ýurt: Eýran" atly makalasynda şeýle gyzykly kesgitlemäni orta atýar: "Duşman saýylýan ABŞ-nyñ Yraga girmegi üçin her dürli ýeñilligi eden we kömegini ýetiren Eýran wagty gelende munuñ miwesini iýmegi-de bildi". Fotosurat: Reuters Aso Hajy ABŞ bilen Eýranyñ arasyndaky dartgynlylygyñ üstünde-de durup geçip, iki ýurduñam Yragy çaknyşyk meýdany hökmünde ulanýandygyny we wekilçilikli toparlaryñ üsti bilen çaknyşyklaryny dowam etdirýändiklerini, şeýle-de başa-baş ABŞ-Eýran çaknyşygynyñ bolmagynyñ mümkindigini-de aýdýar. ABŞ we Günbatar dünýäsi Eýrany "demokratiýanyñ öñündäki päsgelçilik" hasaplaýar. Eýran bolsa, ABŞ-ny we onuñ ýaranlaryny "gelmişek" hasaplap, olaryñ sebitden çykmagynyñ gerekdigini öñe sürýär. Eýran-Günbatar dartgynlylygyny konkretleşdirmek üçin 2006-njy ýylda surata düşürilen "300 spartaly" kinofilmine salgylanýar. Kinofilmde Eýranyñ imperatory Kserksiñ maýyl deñizlerdäki portlary eýelejek bolşuna garşy 300 spartalynyñ goranyşy we ahyrynda grekleriñ gatnaşmagy bilen Eýran imperiýasynyñ goşunynyñ agyr ýeñlişe uçramagynyñ we bu söweşiñ demokratiýa geçmekde möhüm rol oýnandygynyñ üstünde durlup geçilýär. Hajy şeýle-de ABŞ-nyñ Yrakda üstünlik gazanyp bilmegi üçin kürtler bilen hyzmatdaşlyk etmelidigini nygtaýar. Netijede, awtor Aso Hajy Eýrany Ýakyn Gündogardaky problemalaryñ sebäpkäri hasaplaýar we "Arap baharyna" belli bir derejede ýörite guralan oýun hökmünde baha berýär. Eýranyñ bu oýny guraýjylaryñ biridigini we "Arap baharyny" öz peýdasyna ulanyp, Yragy doly ele salandygyny, Siriýa, Liwan, Ýemen ýaly beýleki arap ýurtlarynda täsirini artdyrandygyny öñe sürýär. Şeýtmek bilen Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly bäsdeşlerine garşy derwaýys artykmaçlyklary gazanandygyny we beýleki bäsdeşlerini gowşadandygyny nygtaýar. Aso Hajynyñ "Ymama garaşýan Nejep" atly kitabyny Eýranyñ we onuñ syýasatynyñ düýp maksadyna düşünmek isleýänleriñ okamagyny isleýärin. Aso Haky Eýranyñ syýasatyna düşünmek üçin gerekli gizlin kodlary ýüze çykaryp, okyjysyna käbir möhüm sowallary berme mümkinçikigini-de döredýär. Eýranyñ hakykatdanam musulmanlary goramak ýaly niýeti barmy? Eger jogap "hawa" bolsa, dowam edip duran Ysraýyl-Palestina çaknyşygynda nämüçin döwlet güýji bilen göni urşa giräýenok, diñe birküç sany raketa atmak bilen çäklenýär? Eýran şaýy mezhebini yslamdanam öñde goýýarmy? Geljekde şaýy Eýran bilen sünni musulman döwletleriniñ arasynda uruş turup bilermi? "Ymama garaşýan Nejep" Eýranyñ taryhy we gündelik syýasatyna düýpli düşünmek isleýän islendik kişi üçin giñişleýin we aýdyñlaşdyryjy gollanma hödürleýär. Okyjylara Eýranyñ taryhyny, medeniýetini we sebitleýin täsirlerini giñ perspektiwadan hödürläp, global syýasatdaky ornuna has gowy düşünmeklerini üpjün edýär. Wagtyñy giderip okanyña degýän kitap, hemmäñize bu kitaby okamagy maslahat berýärin! Behçet DARGYN / behcetdargin@gmail.com Sişenbe, 21.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |