00:26 Frans Kafkanyñ boýun almalary | |
FRANS KAFKANYÑ BOÝUN ALMALARY
Edebi makalalar
Frans Kafka XX asyryñ dünýä edebiýatynyñ güýçli ýazyjylarynyñ hataryna girýär. Obaly we ortagürp synpdan bolan nemes jöhidiniñ maşgalasynda Pragada dünýä inipdir. Onuñ iñ köp bilinýän eserleriniñ arasynda "Milena hatlar", "Öwrülme", "Mülk", "Dawa" bar. Powestlerinde we hekaýalarynda adamyñ ýalñyzlygy, gorky-ünjileri, öz-özüne saýrylaşmagy, maşgala problemalary barada ýazdy. Bu temalaryñ iñ gowy durlup geçilen eserleriniñ birem "Kakama hat" bolsa gerek. Bu kitap Kafkanyñ iñ gyzykly boýun almalaryny öz içine alýan hatlardyr. Ýakyn gatnaşyk saklan aýallaryna ýazan hatlary bilen tanalýan ýazyjy bu eserde kakasy Germann Kafka bilen oñşuksyz we düşnüksiz gatnaşygynyñ üstünde giñişleýin durup geçýär. Hatynda kakasyna "Mähriban kakam" diýip ýüzlenen Kafka tutuş 57 sahypanyñ dowamynda kakasynyñ öz üstündäki psihologiki täsirlerini we oña garşy bildiren duýgularyny bassyr-bussyrsyz açyk göwünlilik bilen beýan edýär. Çagaka kakasynyñ aýdan sözüni Hudaýyñ buýrugy ýaly görendigini we onuñ aýdanlarynyñ durmuşyna nähili ugur görkezendigini ýañzydýan Kafka bu täsirleriñ ömrüniñ binýat daşlaryny nähili emele getirendigini açyk göwünlilik bilen gürrüñ berýär. Kafkanyñ bu haty ýazmagynyñ maksady kakasyna garşy duýýan gorkusy, nägileligi, ökünji, gahary, öýkesi ýaly duýgularyny açyk beýan edip bilmändigi üçin bulary hat üsti bilen dillenesiniñ gelmegidir. Kafkanyñ şu sözleri bu ýagdaýy gysgaça şeýle düşündirýär: "Hemişe bolşy ýaly saña berjek jogap hem tapmandym. Munuñ sebäbi saña garşy belli bir derejede duýýan gorkym, belli bir derejede-de gorkyny tutaryklandyrmak üçin gürlänimde köp jikme-jikligiñ gerek bolmagydyr". (1-nji sahypa). Kakasyna garşy iñ uly öýke-kinesi onuñ kemsidiji we gorkuzyjy abaý-syýasat bilen çagalygyndan özüne bolan ynamyna zeper ýetirenligi bolupdyr. Kakasy tarapyndan yzygiderli tankyt edilen we ulalyp oñalmadyk hasaplanan Kafka bu ýagdaýyñ özüne nähili täsir edendigi şeýle setirler bilen beýan edýär: "Señ göwnüñe ýaramaýan bir zat etmäge başlanymda we sen mebii emelsiz biri boljakdymy aýdyp gorkuzanyñda seniñ pikirine duýýan çuññur hormatym şeýle bir çäksizdi welin, belkäm, soñ bir gün amala aşaýan ýagdaýynda-da, şowsuzlyga uçramagym gutulgysyzdy". (15-nji sahypa). Bu hat Kafkanyñ kakasy bilen özara çaknyşygyndan has beter onuñ eserlerine-de täsirini ýetiren has çuññur ekzistensial meseleleri öz içine alýar. Kakasy bilen arasyndaky üzñelik we kesekileşme Kafkanyñ eserlerinde köp duş gelinýän temalaryñ biridir. Mysal üçin, "Derñew" hekaýasynda kakasy tarapyndan ölüme höküm edilen Jorj Bendemanyñ obrazy Kafkanyñ kakasyna bolan öýke-kinesini we göwnüçökgünligini mesaña bildirýär. Germann Kafkanyñ işi rowaç telekeçi hökmünde oglundan tradision rollary ýerine ýetirmegine garaşmagy Kafkanyñ bu garaşylan tamalaryñ astynda kösenmegine sebäp bolupdyr. "Kakama hat" Kafkanyñ içki dünýäsindäki galagoplyga we bu galagoplugyñ çeper eserlerine nähili ýañzydandygyna düşünmek üçin gymmatly eser bolup durýar. Kafkanyñ bu haty onuñ içki çaprazlyklaryny jemgyýetçilik we maşgala basyşlarynyñ garşysyndaky pozisiýasyny hem-de bütun bu zatlaryñ barsynyñ döredijiligine ýetiren täsirini öwrenmek isleýänler üçin gözden sypdyrmaly däl eserleriñ hataryna girýär. Kitap diñe Kafkanyñ durmuşy barada däl, şol bir wagtyñ özünde XX asyr edebiýatyñ umumy ruhy ahwalyna dahylly gyzykly maglumatlary-da berýär. Bu gysgajyk, ýöne agramly eser Kafkanyñ kakasy bilen oñşuksyz gatnaşygyna we munuñ ýazyjynyñ ruhunda açan bitmejek ýaralara düşünmäge kömek edýär. Kafka diri ýaşap ýörkä tanalman galan genial ýazyjy bolsa-da, aradan çykandan soñ dosty Maks Brod onuñ wesýetini ýerine ýetirmän çap etdiren eserleri arkaly, dünýä edebiýatynda hemişelik ornuny tapdy. "Kakama hat" - ataly-ogluñ gatnaşygy boýunça hemmeleriñ öz-özüne sorag bermegine sebäp boljak ajaýyp eser hökmünde garşymyza çykýar. Ene-ata bolmagyñ kynçylyklaryny, özüñem bilmezden sözleriñ we hereketleriñ bilen adamyñ ruhunda nähili çuñ ýaralary goýup biljekdigiñi açyp görkezýän eser. Behçet DARGYN / behcetdargin@gmail.com Duşenbe, 26.08.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |